16:58
The material has been deleted by the copyright holder.
The material has been deleted by the copyright holder.
Просмотров: 194 | Добавил: Bagabat | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 16
0
16 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
Il gözi üçin ýaşaýan adam düýbi deşik isleg gutusyna meňzeýär. Bir zady arzuw edýär. Alýar. Isleg gutusynyň içine düşensoň gadyry düýbündäki deşikden syzylyp çykyp gidýär. Şol bada täze isleg döreýär. Eger muňa kesel diýip garasaň, diagnozy "Gandyryp bolmajak teşnelik", "doýmaz dolmaz", "Narsiss"(diňe özüni söýýän, bar ünsi diňe özünde jemlenen adam)... diýsegem bolardy. Üstesine-de günä eken.

0
15 ezizh764   [Mowzuga geç]
Men Aşgabadyñ çägi boýunça aýdýan, umumy baha däl bu, welaýatlaryñ yagdaýyny bilemok dogrusy.--düşnükli..

-1
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Dogry, agam. Şo sowallary ozûmize berip, jogaplaryny taýynlap barmaly. Pir Soltan Abdalyñ dowzahda ot ýok, onuñ odunyny kişi öz yany b.n äkidýär diýşi ýaly...

1
13 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

1
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Akjemal, ýok-la. Janygamok. Näşükürlig-ä edemok, sebäbi kem zadyma-a ýok, artykmaç zadym bolmasa-da. Ýöne görüp ýören zatlarym barada aýdýan.

1
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Men Aşgabadyñ çägi boýunça aýdýan, umumy baha däl bu, welaýatlaryñ yagdaýyny bilemok dogrusy.

0
10 ezizh764   [Mowzuga geç]
Mesçilikler, çäkden çykmalar.. öz özünden ýatyp galdy, yok diyerlik derejede azaldy... -- edil beýlede däl!

0
9 Akjemal   [Mowzuga geç]
Haweran koses. surprised gaty janygypsynyzla.

1
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Her bir gowulygyñam, bizi howatyrlandyrýan jemgyýete degişli derdeserleriñizem biziñ gözümize görünýän we görünmeýän peýdalary bar (elbetde, añlap başarana): Men bir zada öñden bäri syn edip gelýärin: on ýyllap dollar bank nyrhynda-da, gara bazarda-da 14.5-den üýtgemedi. Birsellem hezillik boldy. Adamlaryñ eli uzadan ýerine ýetdi, sähel gymyldasañ edinesiñ gelýän zady edip bolýardy. Soñabaka adamlar toý beýlede dursun, doglan günlerime kafede restoranda belläp başladylar. "Ak puly aýarlar, gara gün ü.n" edip kellesini işledenler-ä şol döwür kafe açdy, girdeji getirjek başga bir zatlaryñ ugruna düşdi. Birdenem dollar galdy, haýdan-haýlyk başlady. Wagtynda tarhandökerlik edenler indi şol kellesini işledenleriñ gapysynda güzeranyny dolamak üçin iş gözlediler, günlükçi boldular. Döwleti-de näme bir uly maşgala diýip göz öñüne getiriñ: maşgalanyñ gowy günleri bolýar, kyn günleri bolýar, aç wagtyñ bolar, dok wagtyñ bolar... hemişe birsydyrgyn saklap bolmaýar hiç zady. Bu dünýä boýunça alanda şeýle. Bizem bu dûnyaniñ bir bölegi, dunyade bolyp geçyän maddy kynçylyklaryñ, krizisleriñ bize täsir etmän sowa geçmegi mümkin däl...
Gepiñ keltesi, birden bahalar galyp gitdi, dollar gymmatlady welin, doglan günüñi restoranda bellemek beyle-de dursun, indi adamlar durmuş toýunam yagdaýyna göräräk gapysynda tutup başlady. Mesçilikler, çäkden çykmalar.. öz özünden ýatyp galdy, yok diyerlik derejede azaldy...

2
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kimler bir döwüm çöregiñ ugrunda haltyldap geçirmeli, kimler mesliginden pulyny nirä seçjegini bilmeli däl. Arada biri aýdýar: pylankes toý etdi, toýunda manat däl - 5-lik $ seçdi, elýaglyk däl - dollar ştampyl paýladylar diñe diýip gözügidijilik b.n gürrüñ edýär. Şular ýaly gözden çykmalar sosial ýagdaýy ýabugorlurak adamlary derde goýýar, olaram şol pylankesden kem galmajak bolup başlaýar, emma jemgyýetde welin, kömege mätäç ýetim-ýesirlerimizem kän, haýyr-sahawatyñy siñdirmäge ýerem kän. Bu zatlar barada pikir edýänler ýok...

1
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Onsoñ şonda-da birlän-ikilän şu zatlar barada pikir öwrüp bilseñ-ä ýene ýagşy, emma bu halk, giden bir jemgyýet, "ýer ala, ýurt ala..." diýlişi ýaly adamlaryñam her tüýslûsi bar. Bu derdeserlere tap getirip biljegi bar, bilmejegi bar. Her kim bir pikirde, her kim bir hyýalda, bu sansyz derdeserler her kime birhili täsir edýär... Bu tebigy - bolaýmaly zat. Başlaýar onsoñ çäkden çykmalar, göze düşmeler, açgözlükler, kanagatsyzlyklar...

1
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aýtsañ-a gep, aýtmasañam janyña dert...

-1
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Maddy baýlyk ruhy baýlygy ezdi geçdi, aýak astyna aldy. Dogry 10-15 ýyl öñem ýagdaý başgarakdy. Emma hut şol aýdýan wagtlaryñdan, belki ondanam ýene 5-10 ýyl öñüräk bu günki kanagatsyz günlerimiziñ düýbi tutuldy.
Dogrymy aýtsam, talypkam okaýan ýerimde döredijilik b.n meşgullanýandygymy aýtmaga utanýardym, oñarsam gizleýärdim. Ýöne metbugatdan käýarym döredijik duşuşyklaryna çagyryp jañ gelerdi welin, bar gizlin "aýbym" paş bolardy. Dogrusy, ýañsylaýanlaram az däl. Muny döredijilik b.n habary barlar düşündirmesizem gowy bilýändirler. Indi indem işde elime kitap alyp, ya kompýuterde elektron kitap okaýanymy görseler "bu döwürem kitap okaýan barmy?" diýip, geñ galyp señrigini ýygyrýanlar az däl.
Wagt az, sarp edijilik ýokarlandy, sarp edilýän önümleriñ hili pes we ýokary hillisini edinmek ü.n sözi geçginliräk, baran ýerinde eden işini oñarýanrak tanyş-bilişleriñ, jûbiñde-de pulyñ köp bolmaly, eklenç kyn... başga-da aýtmak isläp, emma aýdasym gelmeýän, aýdañda-da ömürylla düzelmeýän hemmä mälim zatlar zatlar bsr... bularyñ hemmesi üýşýär-de başyñy alyp ýatan derdesere öwrülýär...

1
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sarp edijiligiñ çakdanaşa ýokarlanmagy sosial şertlerimizi durky-düýrmegi bilen holtumuna düýrläp aldy, üstesine-de islendik sarp edilýän önümiñ beýleki sarp edijiñkiden has gowy hillisini ulanmak höwesi adamlarda kanagatsyzlygy, hatda eýeleýän wezipe ygtyýarlygyna baýrynyp beýlekileriñ elindäki zatlary kakyp alma meýlini oýardy.

1
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bir tanşym gürrüñ berýä düýn: şäheriñ 27-nji mekdebinde okaýan oglum "kaka telefon alyp ber" diýip günüme goýmady diýýä, "şuny alyp beräýseñ..." diýip barmagyny çommaldýan telefonlary azyndan 75-80 mln-lyk diýýä :), menem "oglum gapydaky ýöredip oturan dükanjygymyñ ähli zadyny satamda şo puly turuzjagy belli däl, ynsap et, beýtme" diýp zordan höre-köşe edip 16 mln-a telefon alyp berdim diyyä, onsoñ ýañky birki gün geçýä welin, "oglum, täze alan telefonyñy klasdaşlaryña görkezdiñmi?" diýsem diýýä, agzyny-burnuny gyşaryşdyryp "nädip görkezeýin men ony, papkamdan çykarmaga utanýan" diýýämişin.. )

0
1 Akjemal   [Mowzuga geç]
gowy makala hakyky aydylan zatlar. su dowrun wawwaly meselesi.
yene bir ilden galmazlyk zenanlaryn arasynda planyn gulyupegi planca millionlyk bambuk hokman solar yaly bambuk gornusini alynmaly smile

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]