07:55
Bürgüt / hekaýa
BÜRGÜT

Bahar soňunyň howasy yssydy.
Säher bilen awa çykan bürgüdiň awy oňup, penjesine, ýaz aýlarynyň aw bolçulygy zerarly, mazaly özüni tutan tilki ilipdi. Şonuň üçinem bu gün onuň iki sany etenelikden türpeklige saýlanyp ugran jüýjesem, höwrem, özem mazaly doýupdylar.
Bürgüdiň alkymy tilkiniň etinden gözelipdi. Indem ol iç-goşundan gelýän suwuklygyň şol alkymasty haltajygyndaky etlerini ykjam ölläp, olary ýuwutmaga ýaramly ederine garaşyp, gözlerini ýumjukladyp otyrdy. Ýöne ol, näme üçindir özüni birhili ysgynsyz duýýardy. Bedenindäki gowşajyk gyzgynlyk ony ynjalykdan gaçyryp, lapyny keç edýärdi.
Höwri bolsa entegem gezekli-gezegine, ala-gowur turuzýan bezzat jüýjeleriniň birini penjesine gysyp, onuň çüňküni öz çüňküne garşy öwürýärdi-de, oňat edip, läşi serlen we iç goşy arassalanan tilkiniň etinden inçejik lukmajyklary çekeläp alyp, jüýjäniň çüňküne dykýardy.
Arasynda-da uýasy bilen garpyşyp, sazakdyr-selinleriň, çeti-çerkezleriň şahalaryndan mäkäm edip dokalan giň höwürtgäniň gyrasyna barýan, alkymyndaky ýüpekden ýasalan ýaly ýumşajyk ak ýelejikleriň arasynda birlän-ikilän garamtyl ýelejik görünýän garagol jüýjesini kellesi bilen höwürtgäniň törüne tarap itiberip goýberýärdi.
Jüýgürip höwürtgäniň ortarasyna düşýän bezzat bolsa hiç zat bolmadyk ýaly, ýene-de dogumly garadangaýtmazlyk bilen doganjygynyň depesinden basalaşdyryp, höwürtgäniň erňegine dyrmaşyp ugraýardy.
Onuň beýleki jüýjäni arkaýyn iýmlemäge maý bermän, garagolluk yzyna garagolluk edip durmasyna ene guş gatyrganýardy. Diýen etdirip bolmaýan keçjal bezzady ýene-de kellesi bilen assaja hütüledip goýberýärdi.
Emma garamtyl tegmilli ak türpege, göýä hiç zat täsir etmeýän ýalydy. Ol awunsa-da ýene-de hötjetlik bilen enesine azar bermegini dowam edýärdi.
Ol jüýjeleriň iň birahaty hem bezzadydy. Öz kakabaşlygy sebäpli hemişe ene guşuň kötegini iýip ýören hem şoldy. Beýleki jüýjesi üçin ene guş ýeke sapar döşüne kellesi bilen ýuwaşja kaksa ýa-da demir penjeleri bilen az-mäz berkräk gysymlap, höwürtgäniň ortasyna oklasa, ýeterlikdi.
Esli wagtlap höwürtgäniň özüne çekiji erňegine ýakynlamaga milt etmeýärdi. Emma bezzat jüýjäniň welin awunany ýa-da enesiniň gatyrganany-beýlekisi piňine däl ýalydy.
Höwürtgäniň erňeginiň aňyrsyndan görünýän, täsinlikden we nämälimlikden doly giň jahan ony şeýlebir özüne çekýärdi.
Ol her gezek daň saz berende, doganjygy bilen bilelikde enesiniň yssy hem lezzetli ýakymdan doly ganatlarynyň astyna gysmyljyrap ýatyrka, ýarym ukuly halda, gözlerini açalak-ýumalak edip, kakasynyň ganatlaryny giň açyp, al-asmana göterilýändigini görýärdi. Her gezegem ukunyň arasynda keýerlip başyny göterýärdi-de, onuň yzyndan uly höwes hem gözigidijilik bilen garap galýardy.
Bezzat jüýjäniň bahymrak şeýdip al-asmana göterilip, tükeniksiz gök mawulygyň göwsünde pel-pelläsi gelýärdi. Şol gözýetmez belentlikde-de, gözýetimden gözýetime garşy ganat ýaýyp, höwürtgäniň aňyrsyndan zordanjyk kinniwanja bir çetjagazy görünýän jahanyň ähli zadyny synlap, görüp, doýup, özüniň täzelige bolan çensiz-çaksyz teşneligini gandyrasy gelýärdi.
Her gün onlarça gezek enesinden kötek iýmeginiň sebäbi hem, onuň iň bolmanda gözüniň bir çetjagazy bilenem bolsa, ýekeje gezek höwürtgäniň erňegine çykyp giň dünýäni dolulygyna görmäge bolan şol çensiz-çaksyz höwesi zerarlydy. Oňa düşünmeýän enesi bolsa ýeke sapar ony penjesine gysyp, al-asmana galdyryp, ümmülmez ýagtylygy synlamaga mümkinçilik bermegiň deregine, gaýta her gezek oňa temmi berýärdi.
Ene bürgüt, ýene-de höwürtgäniň gyrasyna tarap dyzap ugran dikdüşdisini gözüniň aýtymyndan sypdyrman durşuna, çüňki bilen penjesindäki jüýjesiniň çüňküne et bölejigini dykdy.
Soňra bir gyrada olaryň gündelik başagaýlygyna goşulman, biparh parahatlyga beslenip oturan höwrüne garşy, göýä oňa: “Sen bir şunyň-a haý-küş diýäýsene!” diýýän dek, närazy nazaryny aýlady.
Onuň göwnibir ýaly sarsman oturşyny görübem gatyrgandy-da, penjesindäki jüýjesini sypdyrdy. Soňam eýýäm höwürtgäniň erňegine ýetiberen gaýduwsyz hötjedi garbap penjesine gysdy-da, ony höwürtgäniň ters gyrasyna oklap goýberdi.
Agaç höwürtgäniň gyrasyna birneme gatyrak degip öňkülerinden öteräk awunan bezzat, ynjyly jüýgürdi-de, mana düşmez enesinden gaty görendigini görkezmek isleýän ýaly, ýykylan ýerinde çalam-çaş bolup ýatan boldy.
Emma, sähel salymdan enesiniň özüne asla üns bermeýändigini görüp, agyrysyny unutdy-da, şadyýan jüýgüldi bilen aýaga galyp, ýene-de höwürtgäniň daşyna çykmaga meýil etmän, imi-sama oturan uýajygynyň üstüne dyzap, ony depgilemegä başlady.
Ene guş garny doýrulanyndan soňam bezzadynyň bolup ýörşüne hiç düşünip bilmeýärdi. Ýogsa onuň bimazalygyna, eger-de ilki bilen şony naharlaýmasa, urşup-basalaşyp, dyzap, beýleki jüýjesini naharlamaga goýmajakdygyna beletdigi sebäpli, höwri awuny alyp, dolanyp gelen badyna ilkinji nobatda şonuň alkymyny et bölejiklerinden doldurýardy. Diňe bezzadyny doýrandygyny duýanyndan soňra onuň taýyny iýmlemäge girişýärdi.
Emma bezzat garny doýandan soň hem enesine-de, uýasyna-da maza bermeýärdi. Ol her gezek gözsüz batyrlyk bilen höwürtgäniň erňegine dyrmaşyp ugranda bir säwlik bilen jüýjesi uçut gaýadan başaşaklygyna gaýdar öýdüp, elheder alýan ene guşuň jany bokurdagyna gelýärdi.
Bezzat türpegiň bolup ýörşi ene guşy uly alada goýýardy. Bu mahal-a höwürtgede özi bar. Sak durup, olary ýalançynyň ähli howp-hatarlaryndan, bela-beterlerinden goraýar.
Emma, bu gün-erte özem höwri bilen bilelikde awa çykyp başlasa, şonda neneň-niçik bolarka?
Beýleki jüýjesinden-ä arkaýyn welin, garawsyz galan bezzadyň ikuçsyz bir belanyň üstünden barjakdygy köre hasa ahbetin.
Birsellemden soň ene guş jüýjelerini naharlap boldy.
Ol kanagatlanma bilen daş-töweregine garanjaklap höwürtgeden çykdy.
Höwürtge uçut gaýanyň öňe çykyp duran erňeginde ýerleşýärdi.
Onuň üstüne-de asman sary uzalyp gidýän gaýanyň, öňe çykyp, saýlanyp duran ýokarky erňegi howala bolup durdy. Bu tebigy üçek, bürgütleriň höwürtgesini ýelden-ýagmyrdan, süýr günortanda gyzyp, ýiti hanjara dönýän günüň şöhlelerinden goraýardy.
Diňe gün günortadan öýlä agýança birsellem olaryň höwürtgesine gün düşýärdi, galan wagt gaýanyň erňegi olary penalaýardy. Höwürtgäniň ýerleşýän kerdiniň gün düşýän böleginde iç-goşy tämiz edip arassalanan çöl alakalarynyň, syçanlaryň, atýalmanlaryň läşi serlip, güne kakap ýatyrdy. Olar horaz bürgüdiň awundan artanlarydy.
Isrip etmezlik üçin bürgütler olary kakadýardylar. Onsoňam bürgüt jüýjeleri üçin çöl gemrijileriniň eti iň ýokumly we ýaramly iýmitdi. Sebäbi olaryň näzik eti ýumşakdy. Bürgüt jüýjeleriniň alkymynda-da örän çalt ýeterlik derejede öllenip, ýumşaýardylar we olaryň içegelerinde çalt özleşip, içlerini geçirmeýärdi.
Ene guş gemrijileriň serilgi läşlerine tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Köpden bäri alys aralyklara uçmaýandygy sebäpli, birhili gowşan ýaly bolan ganatlaryny ýazmak üçin, olary giň açdy-da, pat-pat kakdy. Demir dyrnakly penjelerini gymyldatdy. Egri çüňki bilen döşüniň ýeleklerini daraýan ýaly, hereket etdi. Soňam mümkinçilikden peýdalanyp, az salym höwrüne gysmyljyramak üçin oňa tarap ýöneldi.
Ýakynyna bardy.
Horaz bürgüdiňkä garanyňda ene bürgüdiň gabarasy ep-esli uludy. Birek-birege ýakyn duranlarynda olaryň arasyndaky bu tapawutlyk göz-görtele bolup durdy.
Höwürler biri-birine gysmyljyraşyp ugradylar.
Ene bürgüt höwrüniň bedeniniň birhili adatdakysyndan has gyzgyndygyny syzdy.
Üstesine-de onuň başyny aşak salyp, keýpsiz oturyşy hem iňkise goýýardy.
Emma höwri babatdaky ünji onuň aňyny eýeläp ýetişmänkä, birdenkä, höwürtgäniň astyna düşelen ýelekleriň arasynda çommalyp meýdan edýän jüýjesiniň zaňyna (tezegine) ene guşuň gözi düşdi.
Gan gatyşykly zaňynyň suwuklygyndan jüýjäniň içiniň geçýändigi mese-mälim bildirýärdi. Ene guş howsala düşdi. Ol içgeçmäniň heniz düzüwli ganat-per hem örmedik, gowşajyk jüýjeleriniň birine degse, beýlekisine-de ýokaşjakdygyny, içiniň geçip başlamagynyň bolsa olar üçin ölüm howpy bilen barabardygyna düşünýärdi.
Öz ömründe eýýäm üçünji gezek jüýje ýetişdirýän tejribeli ene guş, haýal-ýagallyga ýol bermän, jüýjelerini ýeke-ýekeden penjesine gysyp, olaryň ikisinem eýýäm gün düşüp ugran höwürtgeden çykardy-da, kölegä, höwrüniň ýanyna geçirdi. Ene guş jüýjeleriniň içiniň geçmeginiň günüň gyzgyny sebäpli bolýandygyny bilýärdi. Sebäbi beýle ýagdaýlar ençeme gezek onuň özüniňem başyndan geçipdi.
Bürgüdiň alkymyndaky et onuň suwuklyk mäzlerinden, iç-goşundan syzylyp gelýän sülekeý bilen ýumşaýardy. Günüň gyzgynlygy bolsa şol suwuklygy guradýardy. Onsoň belli bir wagt geçenden soň bürgüt, alkymyndaky et mazaly ýumşandyr öýdüp ony ýuwudýardy. Onsoň şol oňat ýumşamadyk etem, içinde oňly özleşmän, onuň içini geçirýärdi.
Jüýjelerini günüň gyzgynlygyndan goramagyň alajyny görenden soňra, ene guş: “Olara göz-gulak bolaweri!” diýip höwrüne sargyt edýän mysaly, gödeksi hem bolsa, mähirden we türpekleri üçin aladadan doly, enaýy ses bilen jokurdady.
Adatça bürgütler gündiziň jokrama yssysynda öz mekanlarynyň salkyn saýasyndan çykmaýardylar. Awa-da diňe säher salkyn ýa-da agşam günüň gyzgyny gowşandan soň gidýärdiler. Ýöne ene guşuň bu wagt agşam salkynyna garaşmaga takaty ýetjek däldi. Ol ikirjiňlenip durman, asmana göterildi.
Esli uçanyndan soň ene guşuň ýiti gözleri hol aşakda ýel ýykan keýikokarany saýgardy. Ol pessaýlap aşak indi-de, keýikokaranyň köküniň ýanynda gondy. Demir gaňyrçaga çalym edýän ýiti çünki bilen çekeläp, keýikokarynyň aksowult gurçuga meňzeýän kökünden ep-eslini goparyp aldy-da, asmana galdy. Sähel salymdanam höwürtgesine dolandy.
Soňra çüňki, penjeleri bilen keýikokaranyň köküni bölüşdirip, ýeke-ýekeden jüýjeleriniň agzyna dykyşdyrdy. Türpeklerine em edeninden soňra ene guş, az-kem ynjaldy. Emma birdenem höwrüniň endamynyň gyzgynynyň bardygy onuň ýadyna düşdi. “Beýdip keseliň öňünde ýan berip, muňalyp oturma ahyry! Bar git-de, melhem tapynyp gel-dä!” diýýän ýaly ene guş, höwrüne garap närazy ses etdi.
Emma horaz bürgüt gymyldamady. Ol teniniň gyzgynlygyny az-owlagam bolsa köşeşdirjek bolup, sowuk gaýa döşüni berip otyrdy.
Onuň halynyň teňdigini gören ene guş, ýene-de höwrüne türpeklere esewan bolmagy tabşyrýan dek ses etdi-de, göge galdy. Ýöne bu gezek ene guş, belentden uçman, ýeri gyratlap diýen ýaly, çölüň gür sazak jeňňelleriniň üstünden uçup ugrady.
Özem bu sapar ene guşuňky ýaňkysy ýaly şowuna bolaýmady. Agtarýan zadyny tapmak üçin ol esli aýlanmaly boldy. Emma “yhlasa myrat” diýlişi ýaly, birhaýukdan soň ene guş ýitigini saýgardy.
Onuň yhlas bilen gözleýän “melhemi”, ýaşyl reňki günsaýyn gyzýan günüň şöhlelerine köýüp, solup-saralyp ugran sazagyň gür şahalaryna çykyp, salkyn ýerde “güne gargap” ýatan günesöwerdi. Ol asmandan üstüne abanýan howpdan bihabar, doňan ýaly, ýetişibildiginden asmanyň howurly Kuýaşy bilen “gep uruşdyryp” ýatyrdy.
Ene guş islegli oljasyny ürküzmezlik üçin biraz ýokarraga galdy-da, birdenem sazaklaryň şahalaryny gyratlap, günesöwere garşy düwdek bolup gaýtdy. Inçe beden jandarjyk heniz nämäniň-nämedigine düşünip ýetişmänkä-de ýyldyrym ýaly çaltlykda uçup baran ene guş, uçuşynyň badyny hem gowşatman, ony ýüzüniň ugruna penjeleri bilen garbap alyp, geçip ötägitdi.
Soňra ol höwürtgesine dolandy.
Bürgütleriň gyzgyny galsa, günesöwer şol gyzgynlygyň bire-bir emidi.
Bu janawerleri ekläp-saklaýanam, bejerýänem tebigatdy.

*****

Höwrüniň getiren günesöwerini iýeninden soňra bürgüdiň gyzgyny gaýdyşypdy. Indi döşüni uçut gaýanyň sowuk gyrasyna berip, kölegeleýän bürgüdiň kellesini boýnuna ýygryp durşy, ony keýpsiz hassa däl-de, dünýä we ondaky jandarlaryň hakykatlary barada oýlanýana meňzedýärdi.
Ol bürgütdi.
Bürgütleriň bolsa ýeke hakykaty bardy.
Ol hem erkinlikdi.
Özüne belet bolşy ýaly, ol daş-töweregini gurşaýan daglara-da, çöle-de, olaryň göwsünde ýaşaýan ähli janly-jandarlara-da beletdi.
Edil onuň özüniňki ýaly, olaryň her haýsynda-da birje hakykat bardy.
Daglar bilen çölüň hakykaty meňzeşdi.
Olaryň özleri diridiler, öz gursaklarynda ýaşaýan we nesil ýetişdirip, ösüp-örňäp dowam edýän ähli mahlukyýete hem dirilik berýärdiler.
Owalybeletde, dünýä döredilende, özlerinden has güýçli, has zabun, has gaharjaň edilip ýaradylan jandarlaryň awy bolmak üçin niýetlenen guş-gumursylar, alaka-syçanlar, towşanlar, umuman etleri süýji, ähli ownuk jandarlar hem birje hakykata eýelik edýärdiler.
Ol hem hemişe halas bolmaga bolan çäksiz ymtylyşdy.
Onuň ebedilik ýagylary, möjekleriň hem hakykaty ýekedi.
Zabunlykdy.
Janyna dalaş edilende bolsa, börüleriň şol ýeke hakykaty garadangaýtmaz mertlige öwrülýärdi.
Onuň gypynçsyz oljalaýan tilkileriniň tenha hakykaty mekirlikdi.
Eti porsy şagallaryň hakykaty bolsa ýöwsellikdi.
Umuman, onuň öz mülki saýýan, gözýetimden başlap gözýetime-de direýän awlagynda ýaşaýan ähli haýwan-u-guşlar özleriniň ýalňyz hakykatlaryna uýýardylar.
Olaryň öz hakykatlaryny köpeltjek ýa-da üýtgetjek gümanlary hem ýokdy.
Sebäbi ilkibaşda daglaram, çöllerem, ähli janly-jandarlaram, hakykat paýlaýan gudrat tarapyndan ýaradylanda, öz hakykatlary bilen bilelikde we bir wagtda ýaradylypdylar.
Ýöne bürgüdiň awlagynda setanda-seýranda peýda bolýan iki aýakly jandar – adamyň welin, ýagty jahanyň ähli jandarlaryndan tapawutlykda, iki hakykaty bardy.
Olaryň biris-ä rehimdi.
Beýlekisem birehimlikdi.
Onsoňam adamyň özge jandarlardan ýene-de bir üýtgeşikligi, ol özüniň iki hakykatynam bir wagtda ulanyp bilýärdi.
Sag eli bilen-ä rehim eýläp, berýärdi.
Sol eli bilen bolsa birehimlik bilen gaňryp, alýardy.
Alýardy.
Haýwan-u-guşlaryň halas bolmaga ymtylyşyny.
Möjekleriň zabunlygynydyr-mertligini.
Bürgütleriň bolsa erkinligini.
Akylly bürgüt, öz ömrüniň dowamynda jandarlaryň hakykaty barada ýene-de bir täsinligiň üstüni açypdy.
Adamyň gullugynda iki sany jandar bardy.
Olaryň birisi-ä mähnet inerdi.
Beýlekisem, adam tarapyndan guşlar bilen bilelikde aw etmek öwredilen tazydy.
Iner bilen tazynyň her haýsynyň özbaşyna hakykaty ýokdy.
Olaryň ikisine bir hakykat bardy.
Olam adama, onuň özüniň iki hakykatynyň haýsyna uýýandygyna garamazdan, wepaly hyzmat etmekdi.
Onuň adamlara beletliginiň sebäbi-de, şu gezek eýýäm ýigrimi sekizinji baharyny garşy alýan bürgüt, etene jüýjeliginden soňky on baharyny adamlaryň arasynda ýaşapdy. On sekiz bahar bärem ol özüniň ýeke-täk hakykatyna uýup, erkin ýaşaýardy.
Oňa öz hakykatyny, ony we onuň dogumlyja doganjygyny, heniz gyzyletene jüýje döwürlerinde özüniň ikinji hakykatyna – birehimlige uýup, enesinden hem doganlaryndan jyda düşürip, alyp gaýdan adam gaýtaryp beripdi.
Dana bürgüt hakydasynyň jümmüşinde ol adam hakynda iň ýakymly ýatlamalary aýap saklaýardy.
Elbetde ol adamyňam öz kowumdaşlaryna mahsuslykda iki hakykaty bardy.
Ýöne bürgüt öýünde ýaşan on baharynyň dowamynda, ol adamyň ikinji hakykaty – birehimlige uýanyny diňe ikije sapar görüpdi.
Birinji gezegi, ony we doganjygyny zalym aýralyga sezewar edip, mähriban höwürtgesinden alyp gaýdyp, öýüne getireninden soň aýagyna gaýyşdan salar bagyny salyp, bürgütleriň hemmesiniň uýýan hakykaty – erkinlikden jyda düşürende.
Ikinjisi bolsa, şondan birnäçe günden soň doganjygyny başga bir, özi ýaly iki hakykatly bigänä berip goýberende…
Galan ähli on bahar geçýänçä, bir bahardan indiki bahara çenli, onuň hemrasy, adamlaryň diňe ýekeje hakykatyna - rehime uýup gezipdi.
Köpi gören bürgüt, adamyň ikinji hakykatynyň bardygyny hiç haçan unutmasa-da, on baharlap jana-jan bolup, bilelikde ýaşan hemrasyny çyny bilen gowy görýärdi. Sebäbi ol hemrasynyň birinji hakykatyna aşyk bolupdy.
Häzirem, eger-de, ol dag etegini eýeläp ýatan ymgyr çölüň giň sähralarynyň üstünde ganat ýaýyp aw edýän mahaly, ho-o-l garagörnümde adamlaryň garasyny saýgarsa, näme üçin edýändigine özem düşünmän, olaryň depesinde pel-pelläp başlaýardy.
Şonda-da onuň göwnüne bolmasa, birdenkä, giň sährany ýaňlandyryp, hemrasynyň: “Häýt-häýt! Haýt gaýdaweri-ha-a-w, Begarslanym-m-m!” diýip gygyrýan, gulagyna siňip giden mährem sesi ýaňlanaýsa, ýa-da hol allaowarrada on baharlap özüne iýmit berlen gyzyl albaýyň bulanýandygy gözüne iläýse, ýeke pursadam säginmän, şol tarapa yňdarylyp gaýdaýjak ýaly bolup durdy.
Emma ol, özüniň hemrasynyň sesiniň indi giň sähralary ýaňlandyrmajakdygyny özüniň nähilidir bir düşnüksiz guş syzgyrlygy bilen duýýardy.
Sebäbi on sekiz bahar mundan ozal, zordan ýöreýän hemrasy – goja mürüşgär (aw guşlaryny eldekileşdirýän adam) özüni soňky gezek galyň matadan tikilen iki gat elligi geýen eline mündürip, olaryň ýaşaýan obalarynyň çetine çykaranda, bürgüt soňky gezek onuň gözlerine garapdy.
Şonda ol goja mürüşgäriň gözlerinde ýekeje hakykatyň – tükeniksiz, aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän rehimliligiň galandygyny, emma şol ýalňyz hakykatyňam onuň gözlerinden assa-ýuwaşdan eräp, ýitip barýandygyny görüpdi.
Bürgüt gözlerindäki hakykaty ereýän jandaryň uzak wagt geçmänkä ýagty jahanyň ýüzünden ýitip gidýändigine öz ömründe juda kän duş gelipdi.
Çünki hakykat bolmasa, ýaşaýyşam ýitýär.
Şonda hemrasy, uzaga çeken syrkawlygyndan soňra, halys ysgyndan gaçan elleri bilen onuň salar bagynyň ýüpüni çözüpdi. Ysgynsyzlykdan ýaňa ellerini titredip onuň injigine, ýüzüne nähilidir bir düşnüksiz nyşanlar çekilen kinniwanja kümüş halkajygy gysaç bilen assaja gysyp, ýerleşdirip durşuna, endirewük sesine zordan erk edip, eşidiler-eşidilmez hümürdeşdirip durupdy:
-Biler bolsaň, babalarymyzyň gadym dessury bu, Begarslanym!
Küren obanyň heýhatly urşuň yzynda galan naçarlarydyr oglan-uşagyny öz awlan awuň bilen açlykdan-horlukdan ýitgisiz alyp çykmaga hemaýat berip, diňe meniň-ä däl, tutus il-günüňem hyzmatyny etdiň, eziz janawerim!
Şonuň serpaýy – şu!
Gadym babamyz – Oguz hanam ine şeýdip, özüne wepadar hyzmat eden algyr guşlary, aýagyna kümüş tigregi – azatlyk bakanyny dakyp, erkinlige goýberer ekeni.
Her bir awçy-mergen, mürüşgär üçinem bu tigrek duýduryşdyr.
“Bu janawere zeper ýetirmäge milt edäýdigiň, başyňa lagnat insin! Ol janaweriň, külli ynsan tohumyna jinnek ýalyjagam bergi-borjy galan däldir. Gaýta adamzat ähliniň bu janaweriň öňündäki berg-borjuny üzüşmäge ýagdaýyň boldugyndan ýardam edip bilseň, enşalla, Taňry işiňi oňuna eder!” diýip, her görene habar berýändir, bu kümüş bakanjyk!
Onuň ýüzündäki nyşanjyklaram, atam aýtmyşlaýyn, düýp babamyzyň gadym haty bilen “Wepadara ak ýol!” diýen ýazgyny aňladýandyr.
Atam pahyr, bala döwürlem mürüşgärlik tälimini berende öwran-öwran: “Ömrüne ýedi guşy elin tutup, tälim berip, ol janawerleriň wepadarlygyna hem mähribanlygyna öz wepadarlygy hem mähribanlygy bilen mynasyp bolup, soňam olara şeýle ýazgyly kümüş bakany çyn ýürekden, halal serpaý etmegiň hötdesinden gelen mürüşgäriň gaýypda jaýy uçmahdyr!” diýip gaýtalardy.
Bu “Ak ýol!” diýen ýazgy bolsa, atam pahyr aýtmyşlaýyn, düýp babamyzlar zamanasynda halkymyzyň iň päkize, aňrybaşy ak ýürekden çykýan dilegi hem söweş çakylygy bolupmyş.
Şol ýagşy dileg bilenem ildeşlerimiz öz ýakynlaryny alys ýollara ugradypdyrlar.
Şol çakylyk bilen merdanalarymyz gandöküşikli jeňlere giripdirler.
Şol pata bilen merhumyň ruhunyň uçmaha barýan ýolunyň ak bolmagy dileg edilipdir.
Şol alkyş bilen täze dünýä inen bäbejikleriň görjeginiň gowy, ýaşynyň uzyn, janynyň sag bolmagy dilenipdir.
Şol sözlerden çykýan ýagşy umytlar bilen ýaş çatynjalaryň üstüne nogul-nabat seçilipdir…
Bu saňa dakýan tigregim bolsa, atam pahyryň maňa miras goýup giden ýedi bakanjygynyň iň soňkusy…
Diýmek, saňa-da ak ýol dileýär, bu kümüş tigrek, maňa-da…
Misli, özi dek ynsan bilen gepleşýän ýaly şol hümürdäp durşuna, goja mürüşgär, bürgüdiň kellesinden mata başlygyny aýrypdy.
Soňam göýä, hälden bäri gepläp-gepläp, geplemäge gepi galmadyk mysaly, böwrüni diňläp, oýurganyp, birsellem lam-jim bolup durupdy…
Birdenem:
-Uç, Begarslanym, uç! Maňa eden ähli hyzmatyň üçin Hak Perwerdigär, seniň nesliňi dowamat dowam etsin! Ähli hyzmatlaryň üçin, taňryýalkasyn! Ak ýol, saňa, janawerim! Ak ýo-o-l!-diýip, süýkdürip pyşyrdap, ony uçuryp goýberipdi.
Bürgüt özüniň näme üçin asmana goýberilýändigine, ilkibada hiç düşünmändi.
Sebäbi olaryň ýanynda bilelikde aw edýän tazysy-da, gojanyň ineri-de ýokdy. Bu bolsa olaryň awa çykmandyklaryny aňladýardy.
Sebäbi iner bilen tazysyz aw edileni bürgüdiň ýadyna düşmeýärdi. Onsoňam golaý-goltumda özüni yzyndan sypdyrar ýaly aw hem görünmeýärdi.
Ol, şol sapar yzyna gaýdyp geljek bolup, gojanyň depesinde ep-esli wagt ganat ýaýypdy.
Özem gojanyň: “Häýt, Begarslanym, gaýdaweri-ha-a-a-w!” diýip gygyrýan tanyş sesiniň aşakdan ýaňlanmaýandygyna juda geň galypdy.
Haçan-da özi üçin bu düşnüksiz ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmän, şemala yrgyldap duran hemrasynyň ikije ädim öňüne baryp gonanda, ömürbaky hakydasynda galan ynsanyň ikinji bir täsinligine duş gelipdi.
Goja hemrasynyň gözlerindäki ýalňyz hakykaty – adamlaryň rehimi, ýitip ýok bolup, onuň deregine bürgütleriň hakykaty – erkinlik peýda bolupdy.
Bürgüde öwrülen goja, öz kowumdaşlaryny hemişelik terk edip, nirededir bir nämälim alyslyklardanam aňyrda ýerleşýän, hemişe bahar höküm sürýän, bolelin awly awlaglara tarap uçmaga hyýallanýan ýalydy.
Şonda bürgüt, hemrasynyň özüne bürgütleriň hakykaty – erkinligi gaýtaryp berýändigine-de, özi bilenem hemişelik hoşlaşýandygyna-da düşünipdi.
Nähilidir bir ajy tukatlyk ýüregini mynçgalaýan ýyrtyjy guş, özüne ejir berýän göze görünmezek gussadan halas bolmak üçin soňky sapar närazy jokurdapdy-da, asmana göterilipdi…
Ol bulutlaryň deňesine ýetip barýarka-da, ho-o-ol aşakdan, megerem bolanja güýç-kuwwatyny jemläp, özüne zor salan gojanyň, şol öňki tanyş sesi bilen gygyrýan soňky haýkylygynyň, soňky patasynyň pessaý ýaňy gulagyna ilipdi:
-Ak ýol, Begarslanym-m-m! Ak ýo-o-o-l!...
Şondan bärem ol, arşyň-kürsüň ýeke mahlugynyň-da hakykatyna tabyn bolman, jahanyň islendik hakykaty herniçe güýçli bolsa-da, olaryň ýeke biriniňem öňünde ýan bermän, diňe öz hakykatyna – bürgütleriň hakykatyna uýup ýaşaýardy.
Ýöne her ýyl baharda, ol özüniň on bahary bilelikde geçiren hemrasynyň obasyna iň bolmanda bir gezegem bolsa, aýlanyp gaýdýardy.
Hemrasyny görmejekdigini duýsa-da, bärden uçup barýardy-da, çölüň göwsünde küren tutup ýatan obanyň depesinde halys ýadaýança şol pyrlanyp durýardy, şo-o-ol pyrlanyp durýardy…
Ol hemrasynyň mährem sesini küýseýärdi.
Onuň hemişekisi ýaly ineriň üstünde iki ýaňa assaja ýaýkyldap barşyna, mähre teşne ynsan kükreginden sogulyp çykýan, çölüň sähralary ýaly giň, mawy asman ýaly tükeniksiz, towşanyň tüýi ýaly ýumşajyk aýdymlara, goýazy sesi bilen keýpihon hiňlenişini diňläsi gelýärdi.
Gijelerine, ot başynda, hol beýleräkde gäwüş gaýtaryp duran inere üns bermän, tazy, ynsan hem özi, üç bolup, gündizki tutulan aw etini paýlaşyp iýesi gelýärdi…
…Emma, ilki öz erkine garşy ynsanyň hakykatyna tabyn bolup, soňra on baharyň dowamynda şol hakykata aşyk bolup gezen, wepaly guş obanyň üstünden näçe pyrlansa-da ne hemrasy gözüne ilýärdi, ne-de tazy bilen iner…

*****

...Günüň howry peselýänçä, monjuk gözlerini ýumjukladyp, käte bir gozganjyrap, daranjyrap outran horaz bürgüt, gün peýşinden agyberende ganatlaryny pat-pat kakyp, göge göterildi. Näme üçindirem, öz awlagynda aw agtaryp, aýlanyp ýörmän, on baharlap ýaşan obasyna ýüzlendi.
Obanyň ýerleşýän ýaýlasynyň günorta çetinden girende, onuň görgür gözleri hol aşakda, bir oglanjygyň owlak-guzy çekenesiniň yzyna düşüp ýörendigini saýgardy. Oglanjyk çekenäniň yzyndan dähedem-dessemläp barşyna, arasynda eglip, ýerden jümjümem-kömelekmi, nämedir bir zatlary alýardy-da, egnaşyr asylan sebetjigine salýardy.
Çekenedir-oglanjyk bürgüdiň gözüni ägindirmese-de, çaklaňja süriniň beýlerägindäki ýylgynlykda busurylyp, haýsam bolsa bir kakabaş owlagyň ýa-da mön guzynyň çekeneden çete çekilip, galaryny peýläp ýatan ogry şagal onuň gözüne ildi.
Bürgüt özüniň oljalan awuna dalaş edäýmeseler şagallary awlamaýardy.
Çünki, züwwetdin kümsükdiklerindenem beter, olaryň eti porsudy. Awlanyňa degmeýärdi. Halys guraklyk bolup, awlaglaryň guş-gumursydyr, janly-jandary teşnelikden gyrlyp, nijeme günüň açlygy başyňa düşäýmese, şagalyň etini mädäň çeker ýaly däldi. Şonuň üçinem bürgüt şagallary elin oljalamak mümkinçiligi bolaýan ýagdaýynda-da, göýä: “goý, maslykçy dazzarkeller sizi owkat edinsinler!” diýýän dek, tekepbirlik bilen olara üns bermän uçup geçýärdi.
Bu gezegem öňki edähetine eýermekçi boldy.
Emma, on ýyllap berlen täliminiň täsirindenmi ýa-da birmahal ýagty ýalançydan gaýyp bolan goja göwündeşiniň hatyrasynamy, belli däl, bujagaz oglanjygyň bakýan çekenesinden owlak-guzynyň bu kümsük şagal lukma bolmagyna hiç ýol beresi gelmedi.
Ol, şol belentlikden aşaklygyna şaglap indi-de, şagalyň gizlenip ýatan ýylgynlygyny gyratlap, zymdyrylyp uçup geçdi. Ýylgynlaryň şahalaryna degäýjek-degäýjek bolup, ok kibi atylyp barýarka-da, ýöwselligi zerarly mydama hüşgär şagalyň öz kölegesi üstüne düşen dessine, gözilmez çaltlykda gapdallygyna towsup, hol beýläk zyňlyp düşendigini, soňam ýekeje pursadam säginmän, gyrymsylygyň arasy bilen sapalak atyp ökjäni göterendigini görüp ýetişdi.
Bürgüdiň keýpi çag boldy.
Hamana, şol bir mahallar endamynyň ýagy “damaýyn-damaýyn” diýip bylkyldap duran semiz togdaryny gabyrdadyp basandan soň, inerini säpjedip ýanyna gelen goja göwündeşi:
-Berekella, Begarslanym! Awuň ganly boldy, seni Alla ýalkasyn!-diýip özüni öwüp, tüýs ýürekden minnetdarlygyny hem hosallygyny bildirendäkisi ýaly…
Şeýle oljasy oňan gezeklerinde goja mürüşgär, onuň alan awuny derrew halallardy-da, togdarynyň bagrynyň bir-iki bölejigini onuň çüňküne dykardy. Birki bölejiginem bürgüdi penalan tazynyň öňüne oklardy: “Alyň, janawerlem! Noş bolsun!” diýip…
Bürgüdi ýene-de düşnüksiz tukatlyk basmarlady.
Ol göýä, bir demde süňňüni dolduran gussadan gaçyp sypmakçy bolýan ýaly, ýeri gyratlap uçup barşynyň badynam peseltmän dik gögüne galyp ugrady.
Birdenem…
Gözi kaklyşdy.
Dünýeden bihabar, daş-töweregine üns bermän jümjümedir-kömelek çöpläp ýören tokarja oglanjygyň on-on bäş ädim öňünde, ýüzi gaýdyşyp, az-kem saralyp ugran gür otlugyň içinde düýrlenip, çalymtyk-gara kepjebaş hatyrjem ýatyr.
Oglanjygam göni şonuň üstünden barýar…
Togrulyň ýeriň ýüzünde ýekinde ýigrendigi ýylanlardy.
Çünki, galan ähli janly-jandarlaryň, hatda, iň müjülje hažžyklardyr-syçanlara çenli, her haýsynyň özbaşyna hakykaty bardy.
Gaýyşpisint, ýürekbulanç marlaryň bolsa hiç hili hakykaty ýokdy.
Olar diňe çakýardylar.
Ýa-da ýuwudýardylar.
Özlerinden güýçlüler-ä assyrynlyk bilen alkymyna süýşüp baryp, näkeslik bilen çakyp, zäherleýärdiler.
Özlerinden ejizlerem ahmalyna galyp, garsa holtumlaryna gysýardylar-da, olaryň näzijek süňklerini owum-döwüm edip, bogup, heniz çalajankalar diriligine, hatap ýaly açylan bogazlaryndan ötürýärdiler.
Bürgüt dynnym ýalyjagam säginip ýa-da oýlanyp, ölçerip-döküp durmady.
Uçuşynyň badyny haýallatman dik göge galdy, şondan şaglap aşaklygyna indi.
Gelşine-de özünden bihabar, oglanjygy çakmaga peýläp ýatan allajynyň edil kellesiniň çykan ýerinden demir ýaly penjelerini geçirdi-de, mäkämligi polada gaýra dur diýýäne çalym edýän gyňrak çüňki bilen ýylanyň süýrdepesinden bir uranda onuň kelleçanagyny deşip, beýnine ýetdi. Ýylanyň uzyn göwresiniň janhowluna urnup, tozan turzup tarpyldaýşyny piňine almanam, oljasyny mäkäm gysdy-da, bir bökende göge galdy.
Henizem doly jany çykman, penjesinde bulam-delem bolup ýatan oljasyny girisinde pugta gysyp, ganat kakyp barşyna-da, ediljek bäş-alty ädim öňünde, göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçen hadysa-da, özüniň neneňsi bela-beterden halas edilendigine-de doly düşünip ýetişmän, agzyny öweldişine özüni synlap, doňup galan oglanjygyň üstünden bir ýola aýlandy. Soňam höwürtgesine tarap gaýtdy. Uçup barşyna-da, bürgüdiň göwnüne bolmasa, yzynda galan lemmer-lemmer bulutlar, başy silkme telpekli gojanyň keşbini emele getiräge-de myssa ýylgyryp, ilk-ä:
-Berekella, Begarslanym! Awuň ganly boldy, seni Alla ýalkasyn!-diýip, soňky gezek eşidenine on sekiz bahar geçse-de, henizem gulagyndan gitmeýän şol mähriban ses bilen pyşyrdaýan ýaly, soňam:
-Ak ýol, Begarslanym! Ak ýol!-diýip yzyndan pessaýja pata berýän ýaly boldy…
Süňňüne düşnüksiz ýeňillik aralaşan togrul, ganat kakyşyny hasam batlandyrdy…

Düşündiriş:

Tigrek – halka.
Gadymy oguz dessuryna laýyklykda erkinlige goýberilýän gullaryň gulagyna kümüş ysyrga dakylar ekeni. Şol ysyrga-da “azatlyk bakany (halkasy)” diýlip atlandyrylypdyr. Eýesine wepaly hyzmat eden awçy guşlar erkinlige goýberilende olaryň injigine kümüş tigrek (halka) – azatlyk bakany dakylypdyr.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 130 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Minnetdar, @937303taze!

0
3 937303taze   [Mowzuga geç]
Gyzygyp gozonumde janlanyp okadym yhlasynyza myrat tapyn agam gowy,ajayyp bolupdyr smile

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag boluň, taňryýalkasyn.

0
1 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
Kim öwredýän bolsa däl, kimden öwrenýän bolsalar şoňa mugallym diýýärler. Hemmetaraplaýyn öwrediji eser bolupdyr. A.P. Çehowyň aýdyşy ýaly: "Diňe çynlakaý zat ajaýypdyr"

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: