23:50
Käbäni togap eden guşlar
KÄBÄNI TOGAP EDEN GUŞLAR

"...Ol ýuwurda tagun durmana gelgeý"
Magtymguly Pyragy.


Dünýä ýurtlarynyñ aglabasyny aldym-berdime salan koronawirus howpy Allanyñ öýi hasaplanýan Mukaddes Käbäniñ zyýaratyna-da täsirini ýetirmän goýmady.
Aslynda bu birinji gezek bolýan zat däl. Taryhda uruşlar, talañçylykly wakalar, köpçülikleýin keseller Käbäniñ birnäçe gezek zyýarata ýapyk ýagdaýda durmagyna sebäp bolupdy.
Ybraýym pygamberiñ (a.s) bina eden döwründen bäri birnäçe gezek zyýarata ýapylan Käbe bu gezek täze koronawirus (kowid-19) keseli sebäpli Saud Arabystany patyşalygy tarapyndan wagtlaýyn zyýarata ýapyk diýip yglan edildi.
Mukaddes Käbäniñ zyýaratçysyz boş ýagdaýdaky fotosuratlary habarlarda we käbir internet sahypalarynda berilmegi taryhda öñ bolup geçmedik waka ýaly garaldy we uly seslenme döretdi.
Käbirlerimiz Käbäniñ boş durmagyna bolan gynanjyny we gorkusyny beýan etse, käbirlerimiz muña adaty ýagdaý hökmünde seredip, keseliñ öñüni alyş işleriniñ çäginde amala aşyrylmaly hökmany çäre hökmünde baha berdi. Gynansak-da, muña "musulmanlaryñ "Bakara", "Ankebut", "Kasas" sürelerinde Käbäniñ Allatarapyn goralýan howpsuz ýerdigi baradaky aýatlara ynanman, koronawirusdan gorkularyna Käbä barmagy gadagan edýärler diýen ýaly ýerliksiz düşündirişler bilen ýañsylamaga synanyşanlar hem tapyldy. Olaryñ pikiriçe, hamala "Allatagala öz öýüni gorap bilmeýärmişin, eger musulmanlar Käbäni Allanyñ gorajakdygyny bilýän ýa-da ynanýan bolsalar Käbäni ýapmaly dälmişin"
Taryhda Käbe uruşlardyr epidemiýalar ýaly dürli sebäpler bilen birnäçe gezek zyýarata ýapylypdyr. Ýöne tehnologiýanyñ ösen döwründen bäri şular ýaly waka ilkinji gezek bolup geçýär.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ direkory Tedros Adanom Gebreisus guramanyñ Ženewadaky ýygnagynda koronawirus keseline "Häzir bu kesel üçin kesgitlän ýörite adalgamyz bar, ol - Covid-19"[1] diýip, ylmy at berenem bolsa, biz muña türkmençeleşdirip zakguntäç diýsek has dogry bolar diýip hasaplaýarys.
Koronawirusa näme üçin zakguntäç diýendigimizi şu ýerde gysgajyk aýdyñlaşdyryp, soñ esasy gürrüñimize geçsek gowy bolardy.
Ýazyjy Serdar Ataýew bolsa ýazgylarynyñ birinde häzir dünýä ilatynyñ iñ köp gaýtalanýan söz bolan koronawirus sözüni zakguntäç diýip terjime edipdir (wirus - zakgun, korona - täç).[2]
Hakykaty sözlemeli bolsa, was-wasa düşüp ýörmegiñ geregi ýok, adamlary was-was düşürjek howsalaly gep-gürrüñleri ýañrap oturmagyñ-da hiç hili manysy ýok, käbir ýoknasyzlar tarapyndan ýaýradylýan şeýle gep-gürrüñlere gulak gabartmasak has gowy bolar. Munuñ özi gerekli öñüni alyş we düşündiriş işlerini geçirmek, lukmanlary diñlemek ýaly hökmany berjaý etmeli borçlarymyzyñ ünsden düşürilmelidigini añlatmaýar. Hawa, "Hudaýa ynansañ ynan, eşejigiñi berk duşa" diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Doga-dileg etmek üçin "özümizi, çaga-çugalarymyzy, il-günümizi, watanymyzy, külli musulmany, adamzady her dürli bela-beterden, howp-hatardan aman sakla" diýip ellerimizi asmana galdyrýarkak, hüşgärligi elden bermän arassaçylyk-gigiena düzgünlerini köstsüz ýerine ýetirmegi, lukmanlaryñ berýän peýdaly maslahatyna gulak salmagy, medisinanyñ talaplaryny doly we dogry berjaý etmegi ýatdan çykarmaly däl. Aslynda, musulmançylygyñ düzgünleri bilen ýaşaýan adam üçin munuñ hiç hili kynçylygy ýok. Ýönekeý bir musulman bäş wagt namaz parzyny berjaý etmek üçin günde bäş gezek ýuwunýar ahyryn. Lukmanlar hem şony, ýagny ýuwunyp, arassalanyp durmagy maslahat bermeýärmi näme?!
Şonuñ üçin bular ýaly zatlardan gorkmajak we göwnüñdäki sähel-mähel gorkyñy ile ýaýyp, ýanyñdakylary-da gorka düşürmejek bolmaly. Sebäbi musulman diýilýän adam bular ýaly zatlardan gorkmaýar. Çünki musulman Hudaýyñ birligine, ýagşy-ýaman hemme işiñ Hudaýdandygyna iman eden adamdyr.
Zakguntäç howpunyñ ýüze çykany bäri kitapçy saýtymyzda-da bu barada birki sany terjime makalamyzy okyjylaryñ dykgatyna ýetiripdik. Elbetde, şol makalarda aýdylýanlaryñ köpüsi çaklama teoriýalar. Olaryñ dogry bolup çykma ähtimallygy-da, ýalan bolup çykma ähtimallygy-da bar. Ýagny bolubam biler, bolmanam biler. Sebäbi haýsydyr bir X ýurduñ ýörite gullugy arasyndan Snowden ýaly biri çykyp, soñam Moskwa ýaly bir ýere gaçyp gelip paş edäýmese, beýle betniýet meýilnamalarynyñ bardygyny habar beriş serişdelerine aýan edip durasy ýok. Emma taryhda bolup geçen himiki we biologiki hüjümlerden çen tutanyñda gaty bir ähtimallyga-da paý berip bolmaýar. Bu gün käbir döwletler başga halklaryñ üstünden ketdelik sürmek üçin garşydaş hasaplaýan ýurdunyñ garşysyna elinde bar bolan her dürli mümkinçiligi ulanyp görýär.
Galyberse-de, zakguntäç baradaky gep-gürrüñler orta çykany bäri bu baradaky gündelik habarlary diñlänimizde bir zat gözümizden sypmady. Bu keseliñ syçran ýurtlary kartada gyzyl reñk bilen belgilenen bolsa, mundan aman galan ýurtlar ak reñk bilen belgilenip analiz edilýär. Ak reñkiñ içinde galanlar Mongoliýa we Orta Aziýa respublikalary. Orta Aziýa respublikalaryna, elbetde, Gazagystan, Özbegistan Gyrgyzystan we mähriban Watanymyz Türkmenistan girýär. Bir zada aýratyn üns bermek gerek. Şu agzalan ýurtlaryñ halkynyñ agramly bölegi sähraýy halk, olar geçmişde çarwaçylygy has öñde goýan halklar. Çarwa durmuşynda ýaşan halklaryñ bolsa özboluşly ýaşaýyş-durmuş şerti bar. Olaryñ iýip-içiş kadalary-da beýleki halklaryñkydan tapawutlanýar. Iýmitleri-de köplenç tebigy önümler. Merkezi Aziýanyñ ýowuz tebigy şertleriniñ asyrlaryñ dowamynda döredýän özboluşly aýratynlygyny hem nazara alanyñda, biziñ halkymyzyñ we ýokarda agzalan goñşy halklaryñ immuniteti zakguntäjiñ örç alyp ýaýran ýurtlarynda ýaşaýan halklarynyñkydan belli bir derejede ýokardadygyny kesgitlemek kyn däl. Özüñiz synlap görüñ. Bizde ýañy-ýañylaram kimdir biri synasynyñ bir ýerine sähel-mähelräk tyg ýarasy düşse-de ýa gum basar, ýa çaýyñ şemmesini basar-da gezer ýörerdi. Ýa bolmasa çalt bitirýär diýip çaganyñ peşewini çalardylar. Çagarak wagtymyz özümizem ot orýarkak orak bilen birnäçe gezek barmagymyzy ýaralapdyk. Çep elimiñ başam barmagyndaky orak tygynyñ yzy-ha häli-häzirem düwün bolup dur... Bir gezegem lukmana görünenimiz ýa däri-derman çalanymyz ýadymyza düşenok. Emma Hytaýda bolup gelen käbir oglanlaryñ aýtmagyna görä, ol ýerde adamlar dyrnagyny sähel düýbüräginden kesse-de, iki günden barmak uçlarynyñ iriñläp ýatandygyny aýdýarlar. Rus we türk teleýaýlymlarynyñ berýän habarlaryna dagy syn edýärsiñ welin, olaryñ raýaty synasynyñ sähel bir ýerini çöp çyzsa-da, infeksiýa düşäýmesin gorkusy bilen dessine hassahana ylgaýar. Diýmek tebigy şertlerem bu ýerde rol oýnaýar. Şonuñ üçin bardy-geldi aramyzdan kimdir birine bu apat ýolugaýanda-da howsala düşmegiñ geregi ýok. Zakguntäjiñ çaltlyk bilen ýaýraýan ýurtlaryndaky ýaly biziñ ýurdumyzda giñden ýaýramaga bolan mümkinçiligi az. Galyberse-de, döwlet ýolbaşçylarymyzyñ, degişli edaralaryñ öz wagtynda geçiren öñüni alyş we ätiýaçlandyryş işleri hem-de gurak howa şertlerimiz bu nägehandan sowlup geçmegimize bireýýämden bäri giñden şert döredendir diýsek öte geçdigimiz bolmaz.
Zakguntäç keseliniñ ýolukma ähtimallygyny analizlänlerinde ýene bir zat aýratyn ünsümizi çekdi. Aýtmaklaryna görä bu nägehanyñ çagalara ýolukma mümkinçiligi ýok diýen ýaly. Bu-da bir gowy zat. Şahyryñ "Biz näme bolsak şol bolaly, bolsa bolýar eziz Watan" diýşi ýaly, adam pahyr çagalaryna zat bolmasa, öz başyna geljek hemme zada kaýyl. Ýöne bärde başga bir zat bar. Eger bardy-geldi zakguntäç belasy X döwletiñ ýörite gulluklary tarapyndan emeli ýagdaýda dörediläýenem bolsa, gaty oýlanyşykly we uzak wagtyñ dowamynda taýýarlykly edilen iş. Zakguntäç howpunyñ gartaşan adamlara has golaýdygyna seredenimizde, munuñ tötänlikde çykan bir zatdygyna asla-da ynanasyñ gelenok. Biziñ pikirimizçe ýaş çagalaryñ immuniteti pes bolaýjak ýaly, şoña görä hem olara kesel geçme mümkinçiligi-de has köpmükä diýýäris. Eger bu kesel çagalardan daşda bolup ululara ýokuşma mümkinçiligi has uly bolýan bolsa, onda munuñ arkasynda biziñ bilmeýän nämedir bir zatlarymyz bar. Ýagny, bärde zakguntäjiñ bakteriýalary uly adamlaryñ beden öýjüklerine laýyklanyp, dünýä ilatynyñ artyşyny emeli ýagdaýda kemeltmek üçin ýörite oýlanylyp tapylan zat bolaýmasa diýen pikir isleseñ-islemeseñ döreýär.
"Bidöwletiñ başyna gelen iş döwletlä sapak bolarmyş" diýýärler. Bu günki-gün il-halkymyzyñ şeýle beladan aman galmagy gelejekde şeýlekin howplaryñ üstümize abanmajakdygyny añlatmaýar. "Özbek özüne bek" diýleni edip, ätiýaçlygy elden bermeli däl. Adam gorumyzy, haýwanat we ösümlik fondumyzy, umuman tebigy dünýämizi aýawly gorap saklamaly, maddy mümkinçiliklerimizi artdyrmaga çalyşýarkak, ruhy dünýämizi-de baýlaşdyrmaly, raýdaşlyk we dostluk-doganlyk duýgusyny kemala getirmeli, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen emeli gök önümlerden mümkingadar gaça durup tebigatyñ goýnunda ýetişen önümlere ýykgyn etmeli, ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan eksport edilýän (esasanam düzüminde GMO bolan) azyk önümlerine ünsli çemeleşmeli.

• "Käbäniñ öz eýesi bar!"

Sözümiziñ başynda Mukaddes Käbäniñ zakguntäç howpundan ätiýaç edip wagtlaýynça zyýarata ýapylandygyny agzapdyk. Munuñ dogry we öz wagtynda edilen işdigini aýtmak gerek. Bu gün görer göze Käbäniñ daşy ýalazy-boş ýaly görnüp biler. Emma göze görünmeýän Güýç öz öýüniñ boş galmagyny islemeýän bolarly.
Munuñ şeýledigune hut özüm 2020-nji ýylyñ 12-nji martyndan 13-nji martyna geçilen gije türkleriñ "ATV" teleýaýlymynda gije ýarymdan soñ berilýän "Nihat Hatypogly bilen Dosta tarap" ("Nihat Hatipoğlu ile Dosta Doğru") gepleşiginde görkezilen wideoýazgyny görenimde göz ýetirdim.
Bilim we tehnologiýa institutynyñ rektory Nihat Hatypoglynyñ görkezen wideoýazgysynda bir ýerlerden guş sürüsi peýda bolup, Käbäniñ daşyndan aýlanýar, togap edýär. Gudraty, keramaty gadymy döwürleriñ fantaziýasy, kimdir birileriniñ döreden rowaýaty hasaplaýanlar gelsin görsün muny. Käbäniñ daşy kyýamat-ahyra çenli boş durmaz. Ony diñe görüp bilmek gerek. Adam bolmasa, guşlar bar. Guşlar bolmasa, perişdeler bar...
Şu ýerde mundan on dört asyr öñ Käbäni ýykmaga gelen ýemenli hökümdar Ebrehe bilen söýgüli pygamberimiziñ (s.a.w) atasy Abdylmuttalybyñ arasynda bolup geçen gürrüñi ýatlamazlyk mümkin däl.
Ebrehe Mekgä ýöriş edende goşunyñ öñünden talañçylyk etmek üçin ugradan adamlary mekgelileriñ nämesi bolsa, oljalap getiripdirler. Talanan mallaryñ arasynda Abdylmuttalybyñ ýüz sany düýesi bar eken. Mekgelileriñ ýaraşyk üçin ugradan toparyna Abdylmuttalyp ýolbaşçylyk edipdir. Gelenler, şol sanda Abdylmuttalyp hem Ebreheden özleriniñ mallaryny yzyna bermegi sorapdyr. Ebrehe geñ galyp:
- Men Käbäni ýykyp-ýumurmak üçin gelýärin. Maksadyma ýetmänem yzyma dolanmajagymy bilip goýaýyñ. Siz meni raýymdan gaýtarmak üçin töwella etmegiñ deregine düýeleriñizi dileýärsiñizmi? - diýipdir.
Şeýle diýmek bilen ol mekgelileriñ üstünden gülmek isläpdir. Şonda Abdylmuttalyp:
- Men düýeleriñ eýesi. Öz mallarymy bir yzyna alaýyn. Käbäniñ öz eýesi bar. Ol ony bizsizem gorar - diýip jogap beripdir.
Mundan soñky bolan wakalar belli. Abdylmuttalybyñ aýdyşy ýalam bolýar. Aşakda bu barada ýörite durup geçeris.
Mukaddes Käbe gadymy döwürlerden bäri taryhyñ dürli döwürlerinde betpygyl duşmanlaryñ we terrorçylaryñ hüjümine uçrap geldi. Olardan birnäçesini gysgaça ýatlap geçeliñ.

Ebrehäniñ hüjümi döwründe boş galdyrylan Käbe

"...Milady ýyl hasabyn(d)a 570-nji ýyl(d)a gaty uly wakalar tutaşyp..., ýemenliler Mekgäni basyp almagyñ kül-külüne düşüpdirler.
Takmynan, 569-570-nji ýyllarda ýemenliler Sananyñ häkimi Abrahanyñ baştutanlygynda Mekgä garşy ýöriş edipdirler. Abrahanyñ niýeti Käbäni ýykyp, ondaky keramatly zatlary äkitmek we öz paýtagtyny Arabystanyñ dini merkezine öwürmek eken. Bu ýörişe hebeşileriñ goşunam gatnaşyp, olaryñ söweş pili bar eken, pil bolsa heniz Arabystanda görlen jandar däl eken. Araplary haýrana goýan, arap şahyrlary tarapyndan jikme-jik suratlandyrylan şol pilem ýemenlilerdir hebeşileriñ Mekgä garşy ýöriş eden ýylynyñ "Pil ýyly" diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr.
Abrahanyñ güýji juda agdyk hem-de gelşi şeýle bir zabun eken welin, kuraýyşlar Mekgäni goramakdan el göterip, aýal, oglan-uşaklaryny alypdyrlar-da, golaýdaky daglara siñipdirler. Göräýmäge, Mekgäni indi halas edip biljek güýç ýok eken. Emma şol pursatda bir gudrat ýüze çykypdyr - kiçijik-kiçijik guşlar bulut ýaly bolup gelipdirler-de, Abrahanyñ leşgeriniñ üstünden owunjak daşlary ýagdyryp ugrapdyrlar, şol daşlaryñ bolsa degen ýeri ýara bolýan eken. Giden sülsat gyrgyna düşüpdir, onsoñ olar Mekgäni basyp almadan ellibizar, ýeñsäni öwrüpdirler. Şonuñ yz ýanyndan bolsa apy-tupan turup, jala gelipdir-de, Abrahanyñ leşgeriniñ galanjasynam syryp-süpürip, göni deñze gapgarypdyr. ...Mekge aman galypdyr, Mekgäniñ keramatly göwheri - Käbäniñ şöhraty has-da artypdyr."
[3][4][5]

• Ýigrimi ýyllap "Gara daşsyz" galdyrylan Mekge

Ilkibaşda yslamyñ ilkinji kommunistleri hasaplanan karmatlar şaýylygyñ binýadyndaky ysmaýylylaryñ esasy iki toparynyñ biri hökmünde IX asyryñ başlarynda orta çykypdyr. Karmatlar dini-syýasy hereket hökmünde yslam dünýäsine uly howp salypdyrlar. Olara sosial deñligi talap edip orta çykan Hamdan Karmatyñ hut özi ýolbaşçylyk edipdir. Özlerine daýhanlardan, arap beduinlerinden (çarwalardan), senetçilerden ep-esli tarapdar toplan karmatlara IX-X Bahreýnde öz döwlerini gurmak başardypdyr. Olar şol wagt yslam dünýäsiniñ syýasy häkimiýetini elinde saklaýan abbasy halyflygyna gönüden-göni duşmançylykly syýasat ýöredipdirler. Bular hem şaýylaryñ edil beýleki şahalary ýaly Hezreti Alynyñ tiresinden bolan on ikinji ymam Mätiniñ peýda bolup sosial deñligi dikeltjekdigine ynanypdyrlar.
Karmatlar Bahreýnde döwlet guransoñlar, ysmaýylylar bilen oñuşman başlaýarlar, olar ysmaýylardan bolan ýolbaşçylarynyñ garşysyna çykyş edip, fatimilerden arany açypdyrlar. Fatimilerden bölünen şaýy karmatlar 930-njy ýyldan öñ Mekgäniñ golaý-goltumyna we haj ýollaryny yzygiderli talañçylyk gurnansoñlar haja gelýänleriñ sany ýylba-ýyl azalypdyr. Şonuñ üçin 930-njy ýylda yslam alymlary jan we mal howpsuzlygynyñ ýokdugy sebäpli haja gitmegiñ hökman däldigi barada fetwa çykarýarlar. Şol ýyl karmatlaryñ galtamanbaşysy Ebu Tahyr el-Karmaty Mekgä talañçylyk gurnap on müñlerçe hajyny gylyçdan geçiripdir.
Aşaky Yrakda topalañ turzan karmatlaryñ gozgalañy 906-njy ýylda basylyp ýatyrylypdyr. Şol wagta çenli bahreýnli karmatlar güýçlenip, Omany basyp alypdyrlar, Yraga we Eýrana çozupdyrlar. Karmatlaryñ ýolbaşçylary soñabaka özlerini çakdanaşa azgyn alyp barypdyrlar. Hatda olar 930-njy ýylda Mekgäni basyp alanlarynda hajylary öldürenleri bilen çäklenmän Mukaddes Käbäni talamaga-da milt edip bilipdirler. Şonda karmatlar keramatly "Gara daşy" oljalap Bahreýne alyp gidipdirler. "Gara daş" ýigrimi ýyllap şo ýerde saklanypdyr. Soñra hijri ýyl hasaby bilen 337-nji ýylda abbasylar 120 müñ dinar töläp, ony gaýtaryp alypdyrlar.
Karmatlaryñ pikiriçe Käbäni togap etmek däbi araplaryñ yslamdan owalky jahylyýet döwründen galan wasanlara we betillere (daşdan, tagtadan ýasalan hudaýlara) çokunmak düzgüniniñ bir görnüşimişin. Şol pikirden ugur alyp, olar birnäçe ýyllap haja gitmegi gadagan edipdirler.
Karmatlaryñ bu gözdençykgynç hereketleri we rehim-şepagatsyz teraktlary olaryñ sosial deñligiñ tarapynda çykyş edýändiklerine bolan ynamy peseldipdir. Bular hakykatdanam adalatyñ, deñligiñ tarapdarydyr öýdüp, karmatlaryñ hereketine goşulan garyp-gasarlar olardan ymykly arany açypdyr.[6]
Elbetde, karmatlar öz-özünden ýok bolup gidibermändir. Taryhyñ dürli döwürlerinde yslamyñ goragçysy bolup gelen türkmenler olaryñ soñuna çykypdyr. Abbasy halyflary karmatlara garşy göreşmekden ejiz gelensoñlar, şol döwrüñ beýik türkmen soltany Mälikşadan kömek sorapdyrlar. Mälikşa "Direliş. Ärtogrul" teleserialynda hem keşbi janlandyrylan milli gahrymanymyz Artyk beg Türkmeni[7] Ahsa we Bahreýn sebitlerine ýaýran karmatlary ýok etmäge ugradypdyr. Birinji ýörişinde şowsuzlyga uçran Artyk beg ikinji ýörişinde olary ýeñip, boýunlaryna boýunturyk salmagy başarypdyr. Has soñra Bahreýniñ sünnileri karmatlara garşy abbasy we türkmen birlikleri bilen güýç birikdirip, Ahsa şäheriniñ demirgazygynda karmatlaryñ daşyny gabapdyrlar. 1078-nji ýylda bolup geçen aýgytlaýjy söweş karmatlary ýer ýüzünden doly syryp-süpürip taşlaýar.[8]
Netijede, XI asyryñ ahyrlarynda karmatlaryñ Bahreýndäki guran döwleti-de taryhyñ çañly sahypasyna garylýar.
Bu söweş taryhyñ iñ möhüm söweşleriniñ biri hasaplanýar, sebäbi ol iki asyrlap yslam dünýäsine, hususanam abbasy halyflygyna gorky beren terrorçy şaýy-karmat döwletiniñ ýok bolmagyna getiripdir. Şeýle bahasyz ýeñişiñ gazanylmagynda bolsa, türkmenleriñ - biziñ ata-babalarymyzyñ aýratyn uly hyzmatynyñ bardygyny biziñ her birimiziñ bilmegimiz gerek.

Tagun keselinden ätiýaç edip haja gidilmän galan ýyl

1814-nji ýylda Arabystan ýarym adasynda tagun (garahassa-çuma) keseliniñ ýaýramagy sekiz müñ adamyñ ölümine sebäp bolupdyr. Şonuñ üçinem şol ýyl haja gidilmedi. Has soñky ýyllarda 1837-nji ýylyñ haj möwsüminde gaýtadan ýaýran epidemiýa 1892-nji ýyla çenli dowam edipdir we günde müñden gowrak hajy ölüpdir.

• Käbe iñ soñky gezek 1979-njy ýylda on bäş günläp zyýarata ýapyk ýagdaýda galypdy

Medinede tanşan talyplaryndan "Täze ihwan" toparyny döreden reaksioner pikirli Juheýman el-Uteýbi hijri ýyl hasaby bulen on bäşinji asyryñ ilkinji güni bolan 1979-njy ýylyñ 20-nji noýabrynda ertir namazyna durlanda Mukaddes Käbä hüjüm edipdir.
Uteýbi häkimiýeti elinde saklaýan patyşalygyñ häkimiýetden çekilmegini, Saud Arabystanynyñ Günbatar Ýewropanyñ ösen ýurtlary bilen aragatnaşygy kesmegini, günbatar ýurtlaryna eksport edilýän nebitiñ bes edilmegini we daşary ýurt harby bazalarynyñ boşadylmagyny talap edipdir.
Saud Arabystanynyñ iñ möhüm edaralaryndan düzülen Ýokary alymlar mejlisi topalañçylara garşy ýaragly garşylygy oñlap fetwa çykarypdyr.
On bäş günläp dowam eden terakt Fransiýadan çagyrylan aýratyn toparyñ (spesnaz) kömegi bilen basylyp ýatyrylýar. Terakt döwründe Käbe iki hepdeläp zyýarata ýapyk ýagdaýda durýar.
Iki hepdäniñ dowamynda 127 saud esgeri, "Täze ihwan" toparynyñ 117 terrorçy agzasy we şol töwerege golaý ýerde ýaşaýanlaryñ ýigrimi altysy wepat boldy.
Juheýman bilen birlikde ele salnan 63 terrorçy ölüm bilen jezalandyryldy.
"Täze Ihwanyñ" ýolbaşçysy Uteýbi 1936-njy ýylda Saud Arabystanyñ Nejid diýen ýerinde dünýä inipdir. On sekiz ýyllap Saud patyşalygynyñ goşunynda gullk edensoñ, syýasy režime garşy gidip 1973-nji ýylda goşunyñ hataryndan çykdy.
Uteýbi saud režimi "ýoldan çykmak" bilen bir hatarda "günbatar ýurtlary bilen gereginden artyk içgin gatnaşýar we onuñ yslamyýete wekilçilik edip bilmeýär" diýen pikirde bolupdyr.[9]

• Esasy gürrüñimizden ep-esli daşlaşyp, munça taryhy maglumatlary näme üçin mysal getirdik?

Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Öwezdurdy Nepesowyñ "Zyýarat" trilogiýasynyñ "Kyýamat-magşara çenli" atly ikinji romanynyñ baş gahrymany Süleýman Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soñra ilkinjileriñ hatarynda Mukaddes Käbä zyýarata gidende, oña zyýarat döwründe ene-atasynyñ ruhlary boýdan-başa ýoldaş bolýarlar. Ol ilkibaşda birwagt dünýäden ötüp giden ene-atasynyñ ruhunyñ gözüne görünýänine ynanmajak bolýar, ýöne soñabaka munuñ hyýal däldigine göz ýetirýär.
Şu setirleriñ awtoryna Öwezdurdy aga bilen birnäçe gezek gürrüñdeş bolmak miýesser edipdi. Öwezdurdy aga şonda trilogiýanyñ baş gahrymanlary bolan Gurbangulynyñam, Süleýmanyñam, Ogulnyýazyñam durmuşda ýaşap ýören real şahslardygyny, özüniñem ilkinjileriñ hatarynda Mekgä gidenleriñ arasynda bolandygyny, hatda "Gyrnak" romanynyñ gahrymanlarynyñ öz ýaşaýan ýerine golaý-goltumda ýaşaýandyklaryny, gerek bolsa olary daşyndan görkezibem biljekdigini aýdypdy.[10]
Öwezdurdy aganyñ romanynyñ gahrymany Süleýman ýaly ýene nijeme kişiniñ Käbede şular ýaly ahwalatlary başdan geçirendigine şaýatlyk edýän onlarça mysallary bilýärin. Olardan biri:
"Ibnül Araby başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ berýär:
- Mekgede, Käbä eden bir zyýaratymda menden hiç kimiñ gözüne kaklyşmadyk bir "kişiden" onuñ kimdigini soradym. Adamdygyny aýtdy. Ýöne ol bize meñzemeýärdi!.. Ol: "Siziñ atañyz bolan Adam atanyñ neslinden däl men. Jenaby Hak siziñ atalaryñyzy ýaratmazdan öñ ýer ýüzünde başga-da ynsan nesillerini ýaradypdy we has soñra azandyklary üçin olary ýok edipdi. Şeýlelikde adam nesli ýedi gezek emele geldi. Hezreti Adam ata bu ýaradylyşlaryñ ýedinjisi bolup, siziñ nesliñiziñ atasydyr. Men bolsa öñki nesillerden galan biri" - diýdi..."
[11]
Ibnül Arabynyñ duş gelen ahwalaty dilden-dile geçip biziñ günlerimize ýeten rowaýat däl. Ibnül Araby muny hut öz ýazan kitaplarynda gürrüñ berýär. Ispaniýada doglup, Siriýada aradan çykan bu beýik alymy ýalançylykda aýyplamak araplary zakguntäçden gorkmakda aýyplamak ýaly däl bolsa gerek. Muña het etmek üçin ylym dünýäsinde iñ bolmanda Ibnül Araby ýaly adamyñ köwşüniñ basyp giden yzynyñ tozanyça agramyñ bolmaly.
Bu gün teleýaýlymlarda daşy boşlañ galan Käbäni görüp, "Hudaýyñ öýi zyýaratçysyz galdy - eger ol bar bolsa öz öýüni näme üçin epidemiýadan gorap bilenokka? Hudaý Käbäni boş goýmañ diýmedimi näme?" diýip heşelle kakýan käbir ýoknasyzlar öñ bir ýa-da birnäçe gezek Käbä gidip gören ýa-da öñ gitmedigem bolsa gelejekde gidip görmegi arzuwlaýan milliardlap musulmanyñ bardygyny ýatdan çykarmasynlar. Olar şol ýürek syzladyjy görnüşi synlap durkalaram, hyýallarynda-da bolsa Mukaddes Käbäniñ daşyndan aýlanyp togap edendirler, gara daşy öwran-öwran alynlaryna sylandyrlar. Ädimleriñ ädilmän, elleriñ uzaman galan ýerine birleşen göwünler, doganlaşan ruhlar barýar. Käbe siziñ akly-garaly mäzden ybarat gözleriñiziñ görüşi ýaly boş däldir!
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 278 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 10
0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
Äý @Haweran, men-ä ony bir oýun edip, kelläme geldi-de ýazyp goýberdim-le, welin, seniň özüň ony çynyrgadyp alaýypsyň. Ýöne, birhili jüpüne düşen jümle bolaýypdyrmy nämemi biggrin . Äý hawa-da, "däliniň müň gepi telek bir gepi gerek" diýleni. Ýa-da hasam mysapyrsyrap aýtsam: "Garybyň sözi ýerem tutmaz, ýerde-de ýatmaz" diýilýärmi, "Görogluda"?! :-). "Göroglynyň döreýşi" şahasynda Jygalybegiň agtygyna at dakmak üçin geňeşenlerinde "Röwşen" dakalyň-da Röwşen dakalyň boluşýarlar welin, çetde oturan bir garamaýak bende: "Bolgusyz zat oýlap tapmaň, onuň ady özi bilen geldi. Görogly bolar" diýýär welin, ony hiç kim diňlemeýär. Şol ýerde şu nakyl aýdylýar :-).

1
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Oýun-oýun bilen täze zakguntäç sözüni dolanşyga girizdiñiz ))

1
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýerlikli we gerekli düşündriş, agam smile

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Bu giňişleýin düşündirişli teswir nämä gerekdi?" diýen sowal öz-özünden emele gelmegi mümkin.
Ýaňy saýtyň pikirler bölüminde "zakgun" sözüniň "zäher" sözi bilen manydaşdygyna şübhe edilýän ýaly käbir düşündirişli pikirleri gördüm-de, nukdaýnazarymy beýan etmek dogry bolar öýtdüm. Ylmy işleri köp resmileşdirmäge gümra bolanymdanmy nämemi, "Afonýa" atly komediýadaky bir gahrymanyň "punktual däl" adamlary halamaýşy ýaly, menem haýsydyr bir maglumaty ýoýmakda aýyplamag-a beýle-de dursun, şeýle aýyplamany çala ýaňzytdyklaram, köz basylana dönüberýän ýalymy nämämi biggrin

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Türkmen dilinde "zakgun" sözi uzak wagtyň dowamynda transformirleşip, biziň dilimize has mäkäm ornaşyp "zäher", ýagny "awy" diýen söz bilen manydaş söze (sinonime) öwrülip gidipdir. Hut şonuň üçinem köp ýerde ulanylanda bu sözler tirkeş sözler hökmünde "zäher-zakgun" diýen görnüşde ulanylýar. Mysal üçin: 2016-njy ýylda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň 1-nji jildiniň 92-nji sahypasynda bu tirkeş söz "awy-zakgun" diýen görnüşde berilýär. Şol sözlügiň 2-nji tomunyň 580-nji sahypasynda-da bu sözüň 2-nji, göçme manysynda zäheri, awyny aňladýandygy bellenilýär. Hakykatda bolsa "zakgun" diýen söz "Zakkum" atly Kurany-Kerimiň äd-Dükan, as-Saffaat, al-Wakiýa sürelerinde ady agzalýan, Dowzah odundan köküni alyp gaýdýan we miweleri arwahlaryň kelleleri bolan, kyýamat-magşarda dowzahy günäkärlere miweleri iýdiriljek jeza agajynyň adydyr. Äd-Dükan süresinde bu barada şeýle bellenýär diýip terjimeçi ýazýar: "Hakykatdanam zakkum agajy günägabynyň owkady bolar. Edil ýagyň çökündisi kimin (ýa-da eredilen mis kibi) ol garynlarda şeýlebir gaýnar, edil gaýnag suw ýaly..."

0
5 Wirus   [Mowzuga geç]
Men gaty gorkulam dal-how beyle ))

0
4 Artogrul   [Mowzuga geç]
Allatagala kurany kerimde öz öyüniñ arassa, päk, tutulmalydygy barada aydyan ayatlary bolmaly. Men okapdym. Araplara gelenimizde, olar dagam Allanyñ öyüni olar yaly keselden goramak üçin düypli işleri geçirmeli bolarlarda...

0
3 Мylayym   [Mowzuga geç]
"Barsam, Käbäni görsem..." Hemmeleriň arzuwy bolsa gerek bu?!
Elbetde, ozalbaşda ätiýaçlygy elden bermeli däl. Ýöne boljak bolsa, Koronowirussyzam, aramyzda ýokanç keseller az däl ahyry . Adam nähili kysmat bilen dünýäden ötmelidigini diňe bir Alla bilýä. Şonuň üçin, Alla ählimizi öz penasynda aman saklasyn dp, dilegde bolalubermeli.
(Şular ýaly, geň bir zat eşitse, enem pahyr "Töbe, töbe , agyrzaman golaýlapdyr" diýýädi. Menem şu sözleri köp gaýtalaýan. Ejem aýtmyşlaýynam, Enesine gaty meňzeýän ýeketäk gyz diňe men ekenim...
Töbe, töbee! ))

0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Okap öz göwnümdäkileri özüm ýazan ýaly duýgulary başdan geçirdim.Beýle duýgulary başdan geçirjek diñe men däl bolsam gerek.
Sag bol Has Türkmen.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
[1] http://www.kitapcy.ga/news....1-10657
[2] Görkezilen ýerde;
[3] Seret: Eshabyl filleriñ (pil eýeleriniñ) agyr goşunyny taýran ebabilleriñ (uçar guşlaryñ) wer-tarham edişi Gurhanyñ "Pil" süresinde" beýan edilýär.
[4] Sitata W.F.Panowa we Ý.B.Wahtiniñ "Muhammet pygamberiñ ömür beýany" kitabyndan alyndy. Seret: agzalan kitap, Aşgabat, "Turan-1" neşirýaty, 1992 ý, 32-33-nji sahypa.
[5] Giñişleýin maglumat üçin seret:
http://www.kitapcy.ga/news....7-10563
[6] Seret: Nursähet Baýramsähedow "YSLAM. Gysga sözlük", Aşgabat "Magaryf" 1991 ý, 79-80-nji sahypa.
[7] Artyk beg Türkmen boýunça goşmaça maglumata seret:
http://www.kitapcy.ga/news/artyk_beg_turkmen/2020-03-04-10678
[8] Myrat Sewiji "Yslamyñ ilkinji kommunaçylary. Karmatlar";
[9] Giñişleýin maglumat üçin seret:
http://www.kitapcy.ga/news....6-10537
[10] Öwezdurdy Nepesowyñ romanlaryny özüñize ýükläp almak üçin saýtyñ kitaphanasyna giriñ:
http://www.kitapcy.ga/load/?page2
[11] http://www.kitapcy.ga/news....29-1622

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]