11:43
Sessiz sözli söhbet
SESSIZ SÖZLI SÖHBET

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde "Ylham“ seýilgähi açyldy. Soň şeýle seýilgähiň welaýat merkezinde hem açylmagynyň gerekdigini öňe sürdi. Elbetde, olarda welaýatda doglup edebiýatda, sungatda, medeniýetde yz goýan... tanymal adamlaryň ýadygärlikleriniň, býust-heýkelleriniň goýuljakdygy düşnükli. Özüm edebiýat wekili bolanlygym üçin Balkan welaýatynyň ýazyjylaryndan seni ýatlanymy duýman galdym, Agam!
Eserleriňi okuwçy döwrümden okap başlanam bolsam talyp wagtym içgin gatnaşyp başlapdym...
Maňa ýazan hatlaryň birnäçesi saklanyp galypdyr. Ilkinji ýazan hatyň (1986-njy ýylyň 8-nji awgusty) hem talyp döwrüme degişli. Men şol mahal Magtymguly adyndaky TDU-da türkmen dili we edebiýaty ugrundan okaýardym. Okuwyň daşyndan şol döwürde iki dilde çykan „Körpe“ -- „Malyş“ žurnalynda işleýärdim.
Ine, şol hatyň şeýle jümleler bilen başlanýar:

„Seýit inim, Salam!
Iş-güýç, saglyk gowumy?
Hatyňy aldym, köp-köp sag bol! Şeýt-de, ak ýürek bol!
Inim, öňem aýdandyryn, ýene-de maslahatym. Şol ýerde gal! Obany öň görensiň. Obada alan täsiriň--duýgularyň oýanar. Irkilen ýalydyr, oýanar.
S.Ýeseniniňkini hem göripler çykarmandyrlar. Onsoň, merkeze gelipdir.
Ýadyňda sakla. Özüňden başga (ynanma). Şugulçylyk etme. Sen entek ýaş, şonuň üçinem aýdýan. Gowy göremsoň aýdýan...“
Söhbediň ikimiziň aramyzda gidýänligi üçin başga ýagdaýlar baradalygy sebäpli hatyň dowamyny almaýyn.
Annatagan aga, men merkezde galmasam-da, henize deňeç sizçe-hä işläp bilemok... Ýogsam, ömürboýy obada ýaşadyňyz. „Bäş käkilik“, „Gaplaň çagasy“, „Bedew takdyry“, „Azat bilen atasy“, „Gara bi“ atly hekaýalar, powestler ýygyndylaryňyz, „Baýram han“ romanyňyz özbaşdak kitaplar bolup çykdy. „Çarhypelek“ romanyňyzy neşir etdirip ýetişmediňiz. Kitap görnüşine getirip bilmedik powestleriňizdir hekaýalaryňyzdan başga-da, başdan geçirmeler romanyňyzdan bölekleri-de metbugatdan okapdym.
Hawa, siz obada ýaşasyňyz hem işläp bildiňiz. Onda-da nähili işlediňiz?!... Mugallym bolup işleseňiz-de, obanyň arçyny bolsaňyz-da, suw edarasynda işleseňiz-de... esasy borjuňyzy edebiýatyň öňünde hasap etdiňiz.
Annatagan Nurgeldiýew bolduňyz.
Indi gysgaça „Çarhypelek“ romanyňyz hakynda. Ony üç nusgada öýdäkimiz Abadan maşynkadan geçiripdi. Şol mahal Sakar etrabyndan gelen aýal dogany Sadap hem oňa goşandyny goşupdy. Näme üçin gelendiklerini bilemok, şol mahal uly gaýynagam Öwlüýäguly-da bizde bolup ýördi. Deň-duş bolanyňyz üçin-mi, bilmedim, ikiňiziň ümüňiz alşypdy. Uzakly gün öýden çykman gürrüňdeş bolup oturyp bilerdiňiz...
„Goý, özüňde dursun“ diýip, „Çarhypelegiň“ üçünji nusgasyny mende goýup gidipdiňiz. Şol galşyna-da galdy.
Siziň bu romanyňyz taryhyň iň bir çylşyrymly döwrüni öz içine alýar. XVI asyryň ortalarynda Etrek-Gürgen türkmenleriniň Astrabat häkimliginiň zulumyna garşy gozgalaň Aba serdaryň gozgalaňy ady bilen taryha ymykla girdi.
Etrek-Gürgen derýalarynyň aşak akymynda, Astrabat welaýatynyň demirgazyk etraplarynda ekerançylyk hem-de ýarym çarwaçylyk bilen meşgullanýan gökleň, okly, ýemreli, eýmir... türkmen taýpalary ýaşapdyrlar. Olaryň ykdysady-syýasy ýagdaýlary örän agyr bolupdyr. Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna pul, mal görnüşinde agyr salgytlar töläpdirler hem-de Eýranyň ýerli, ýagny Astrabat häkimleri tarapyndan gysylyp, häli-şindi dürli talaňçylyklara sezewar edilipdirler. 1550-nji ýylda Astrabadyň täze häkimi Keçel Şahberdiniň türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşyk etmegi zerarly gozgalaň başlanypdyr. Okly taýpasynyň kethudasy Aba serdaryň baştutanlygy esasynda gozgalaňçylar Keçel Şahberdiniň garyndaşy, gözegçilik etmek hem-de salgyt ýygnamak üçin goýlan Şatyr begi öldüripdirler. Gahar atyna atlanan Keçel Şahberdi goşun çekip baranda, okly türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni-de öldüripdirler. Şondan soňra gozgalaň bütin türkmen obalarynyň gurşap alypdyr. Astrabadyň käbir beýleki etraplaryna-da aralaşypdyr. Bu ýerlerdäki şanyň dikmeleri gaçyp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Tahmasp şanyň (1524--1578) uly goşun iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden birnäçe synanyşygy başa barmandyr. Aba serdar Eýran şasy bilen ozaldan hem urşup gelen Ürgenç hem-de Durun welaýatlarynyň hökümdary Aly soltan bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Onuň aglabasy özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp, 1554—1558-nji ýyllaryň dowamynda birnäçe agyr söweşler edip, ajaýyp ýeňişler gazanypdyr. Türkmen atly goşunynyň şöhratly serkerdesi Aba serdaryň dabarasy çar tarapa ýaýrapdyr. Tutuş kenarýaka türkmenleri 10—12 ýylyň dowamynda Eýran häkimiýetlerine garaşsyz diýen ýaly bolupdyrlar. Gozgalaňy güýç bilen basyp ýatyrmak başartmanlygy üçin gajar hökümdarlary Aba serdaryň janyna haýynçylykly kast etmäge girişipdirler. Aba serdar ukuda ýatyrka öz aýalynyň guly, asly eýranly bir adam tarapyndan öldürilipdir. Onuň kellesi Astrabat häkimine sowgat hökmünde eltip berdipdir. Şondan soňra gozgalaň kem-kemden ýatyşypdyr.
Taryhçy alymlar Aba serdaryň gozgalaňynyň uly taryhy ähmiýetiniň bolandygyny nygtaýarlar. Gozgalaň şowsuz tamamlansa-da, türkmenleriň uly syýasy güýç hökmünde öz azatlygy hem-de özbaşdaklygy ugrunda keseki ýurtly edijilere garşy göreşmäge ukyplydygyny görkezipdir. Gozgalaň ýatyşandan soňra hem birentek wagtlap, Astrabat sebitlerinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Şa olaryň içki işlerine goşulyşyp bilmändir, salgyt salmandyr.
Annatagan aga, „Çarhypelek“ romanyňyz üçin siz şu taryhy wakany esas edip alypsyňyz.
Annatagan aga, „Çarhypelek“ romanyňyz üçin siz şu taryhy wakany esas edip alypsyňyz.
--Roman üçin maglumat kemterlik eden ýaly – diýipdim.
--Wah, inim, näsini aýdýaň, döwür bilen ara daş. Ýöne, Aba serdaryň ykbaly erkime goýmady. Şonuň üsti bilen türkmeniň ruhy dünýäsini, watansöýerligini, halksoýerligini açyp görkezesim geldi.
Gižželänim ýadymda:
--Agam, öňem-ä ýetmiş ýyldan gowrak wagtdan soňra goňşy ýurt bilen gatnaşyp başladyk. Taryhyň bu wakasyny agzamak...
--Aý, indi, goýsan-aý! Gajarlaň aňyrsy türkmen dälmi näme? Onsoň hem Aba serdaryň geňeşdary-da kürt ahyryn.Galyberse-de Tahmasp şanyň aňyrsynda-da türkmen gatanjy bar. Taryhy bilmeýäniňe men günäkär däl. Bolmasa-da Tahmasp şanyň gullugyndaky türkmen şahyry Ýusup begi alyp gör...
Ýylgyrdym. Gaşyňyzy çytdyňyz.
--Beýdip, garry agaňy oýnajak bolmagyn. Heniz oýnalýan ýaşa ýetemok – diýipdiňiz...
Şeýdip, bilgeşlin gaharyňyzy getirenime indi özüm ökünýän. „Çarhypelegi“ täzeden okap, adamlaryň haýsy halkdandygyna garamazdan, dost-doganlyga nähili uly sarpa goýýandyklary barada oýlanýaryn. Taryhy wakalaryň başga-başga ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygy barada pikir edýärin. Bu – Aba serdar babatda-da şeýle. Munuň şeýledigine „Çarhypelek“ romanyňyzy okan okyjylaryň göz ýetirjekdiklerine-de ynanýaryn.
Agam, eger rugsat berseňiz sessiz sözli söhbedimizi häzirlikçe tamamlaýaly...

Seýitmämmet HYDYROW,
şahyr, edebiýatçy.


Aşgabat—2011
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 136 | Добавил: Gurgencli | Теги: Seýitmämmet Hydyrow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]