21:25
Syrdaş jigime hyýaly hat / oýlanma
SYRDAŞ JIGIME HYÝALY HATYM

Bu durmuşyň gurluşy juda çylşyrymly eken, jigim. Men bu hakykata bu gün düşünemok, ýöne men ýalňyşýandyryn diýen umyt bilen ýaşadym, ýaşaýarynam. Men ýaşlykda özümi derýa deý mesäp akýan suwa deňäpdim. Ýöne wagtyň geçmegi bilen men özümiň derýa däldigime düşündim, iň bärkisi kanalam däl, bir kiçijek ýapjagaz ekenim. Şol öňki ýerinden akyp ýatan a'ryk ekenim. Öňümde bolsa böwetler köp, ol böwetleri döredýän adamlaram dürli -dürli. Bir böwetden daşyp geçip akymymy dowam etdirsem, ikinji böwet päsgelçilik döredýär. Garaz meniň akyp barýan ugrumda eli pilli adamlar akymymy gowşatmak üçinmi, ýada öz isleýän ugrlaryna akdyrmak üçinmi köp gabat gelýärler. Men ýapjagaz bolanyma gynanmasamam bolardy, egerde men öz kiçijek kenarymda ösüp oturan daragtlary öz suwum bilen gandyrýanlygyma gözüm ýetse. Ýöne şol eli pilli adamlar meni öz akmaly hanamdan akdyrman, şol maňa teşne daragtlayň, geljekki daragtlaryň daşyndan aýlanyp geçmegim üçin täze ýol arçaýarlar. Wah, jigim, men näme üçin bu zatlary saňa aýdyp, seniň ýüregiňi çişirýän diýsene. Ýokarda aýdyşym ýaly men derýa bolmak isläpdim, häzirem isleýän. Öňümdäki böwetleri ýykyp -ýumuryp geçsem, joşup kenaryma bet päl bilen çykan ,diňe pilli däl, uly tehnikalary ulanyp maňa böwet boljak bolýan adamlary gark etsem, öz ugrym bilen erkana aksam, çöllükleri maýsaly meýdanlara öwürsem, päk ýürekli adamlary teşneliginden gandyrsam...
Ýöne derýalar men ýaly aryklardan jem bolup döreýärmiş, ýada häzirki döwürde derýalar bölünip men ýaly ownuk aryklara bölündimikä. .
Böwetler, eý, böwetler, belki siz meniň soňky akymlarymy hasda batlandyrmak üçin döredilensiňiz. Belki siz bolmadyk bolsaňyz men şu kiçijek arygyň hem hanasyny dolduryp bilmän, şildiräp öz ugruma akyp bir boşluga siňip ýitip giderdim, kim bilýär. Siz bolsa her menzilde maňa gabat gelip, meniň suwumyň çişip hanasyny doldurmagyna, soň bolsa hanasyndan çykman, sizi, böwedi syndyryp ýykyp geçmäge, hasda batly akyp ýolumy dowam etmäge ýardam beren bolmagyňyz mümkin. Belki böwetler ýamanlyk üçin gurulýan bolsada, ýagşylyga bat bermek üçin ýardam bolýandyr. Belki şeýledir. Ýok, bu hut şeýledir. Ýamanyň ýok ýerinde, ýagşyny saýgaryp bolmaz. Ösüş garşylygyň bar ýerinde döreýär. Dünýäniň gurluşy şeýle, ol bir terezi kybap närse, deňagramlylyk bolsa terezi bir durkunda durýar, ýöne ýaşaýyşyň dowam etmegi üçin hereket gerek, diýmek böwetlerem gerek, olary opuryp geçýän akymam. Şonda dünýä atly terezi yrgyldap ýaşayşyny dowam eder.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 188 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 5
1
5 Akjemal   [Mowzuga geç]
Menzetmesi yerine dusen. Okayan wagtyn goz oñuñe gelyan.

1
4 ezizh764   [Mowzuga geç]
Ajaýyp deñeşdirme...

1
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
"Ýamanyñ ýok ýerinde ýagşyny seljerip bolmaz" juda dogry. Ylhamyñyza bereket Azat aga

1
2 Мylayym   [Mowzuga geç]
Azat aganyň, goşgularyna siňdirýän özboluşly ýürek nagmalarynyň beýany boluşy ýaly, bu oýlanmasy-da üýtgeşik oý-pikirler bilen, durmuşda gabat gelinýän nogsanlary suw akymlarynyň beýany bilen meňzetmesini juda ýerlikli gördüm.
Okap, men-ä durmuş akymynyň ýollarynda böwet boljak "eli pilli adamlar" hiç kimiň öňünden çykmasyn diýip, oýlananymy duýman galdym.
Oýlanma oýlanmana mejbur edýän oýlanma bolupdyr.
Sizde öwrenere zat köp. Ýazgylarňyzdan ýetirip duruň, Azat aga!

1
1 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
Ýeňil, düşnükli dilde ýazylan, gysgajyk, emma bir kitabyň hötdesinden gelen ýaly, pikirleriňi uly syýahata iterýän, gündelik hysyrdyly dünýäňi ruhy dünýäň, hakyky durmuş bilen deňeşdirmäge çelgi bolup biljek oýlanma.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: