19:24
Sen bir daragt / goşgular
• Şahyrlar

Goşgy bolup dünýä inýär şahyrlar,
Aýdym aýdyp ýaşaýarlar ömrüni.
Owadan baharlar, süýt deý säherler,
Şapak bolup garşylaýar her güni.

Olar gökde torgaý bolup saýraýar,
Ak bulak deý şelpe kakýar ýazlarda.
Heser bolup ýüreklere ýaýraýar,
Ak gijeler läle kakýan gyzlar deý.

Ýere inýär çabga bolup, heň bolup,
Ýyldyrymlap, ak gül bolup baglarda.
Tüm gijeler ýarylýarlar daň bolup,
Bürgüt ýaly ganat kakyp daglarda.

Şahyr däldir başarmasa bulary,
Her ýürekde açylmasa gül bolup.
Dostum, olar juda meňzeş balara,
Ömürlere ömür goşýar bal bolup.

• Gadymy Nusaýda

Gadymýetden gelýär surnaýyň sesi,
Hyýalda ýaňlanýar söweş depregi.
Nusaýyň taryhdyr belendi-pesi,
Durşuna hazyna Watan topragy.

Ýurtda ylym-bilim ösen pajarlap,
Zikgelenip, dünýä ýaýran pullary.
Çyn-Maçyndan bu ýan gelen täjirler,
Kerwen gurap, söküp alys ýollary.

Munda kitap ýazyp pirler-derwüşler,
Gülledipdir dünýä ýaýyp sungaty.
Raýatlary ýaşap gowy durmuşda,
Gözel Nusaý ýatladypdyr jenneti.

Baharlarda çeşmeleri joş eýläp,
Dagdan inip suwarypdyr pelleri.
Buz deý çeşme mes topragy ýaş eýläp,
Gandyrypdyr daragtlary, gülleri...

Ýöne muny duşman bilmändir görüp,
Rahatlyk bermändir asuda ile.
Erkinligin gorapdyrlar jeň gurup,
Şonda Nusaý ýurdy raýaty bile.

• Sen bir daragt...

Sen bir daragt şirin-şeker iýmişli,
Miweleri bişen pasly baharda.
Olaň hoş ysyndan aýlanýar başym,
Olar biten muhabbetde-mähirde.

Sen bir daragt, almalary-narlary,
Güne däl-de, bişen yşkyň nuruna.
Ýüpek ýeller mejnun bolup ýazlarda,
Çolaşyp ýör syýa saçlaň taryna.

Sen bir daragt, saýa salýaň üstüme,
Ömrümi geçirýän seniň saýaňda.
Kamatyňda ak sähere duş bolýan,
Gije mahmal saçlaryňy ýaýaňda.

Sen bir daragt, ýyllaň ähli çagynda,
Gül açyp otyrsyň nur saçyp öýe.
Gujagyňda miweleriň ezizläp,
Gaý-tupanda bolup ömrüme söýe...

• Biýara

Zülpün towlap ýola çykyp biýara,
Öten-geçenlere bakdy näz bilen.
Taý tapmansoň duýgusyny oýara,
Gussa batyp, sagbollaşdy ýaz bilen.

Güýzi garşylady geýip begresin,
Diýip: «Gül kamatym saýry görmesin».
Biri görer öýdüp gorkdy, dogrusy,
Gök ýaprakda gizlän goşa ternesin.

• Watanym, jan Watanym!

Watan duzy mukaddes, keramatly-keremli,
Ak sabalar aýlanýar illerime erenler,
Gök daglary umgaly, ak çölleri jerenli,
Görmedikler armanda, aşyk bolýar görenler,
Sensiň sarsmaz sütünim, Watanym, jan Watanym!

Sähralara çagyrýar torgaýlaryň aýdymy,
Läle kakýar gyzlaryň gijeleriň aýdyňy,
Ýara ogşar ýazlary gül keteni geýdigi,
Baýdak edip namysyn eždatlaryň söýdügi,
Bu gün bagta ýetenim, Watanym, jan Watanym!

Gök ýylaklar tolkunyp, ýazda sygman düzlere,
Umman bolup gol bular geçip barýan gazlara,
Ýüregimde ýerleşýäň sygmasaň-da gözlere,
Yşk heseri joşanda bal gatylýar sözlere,
Tug deý tolkun atanym, Watanym, jan Watanym!

Ýüpek ýeller sypalap açýar gülleň leblerin,
Tez jerenler yzyna tirkän çagy owlagyn,
Baglar bakýar sülmüräp bürenip ak ýaglygyn,
Jemalyny güjeňläp aýlananda nurly Gün,
Kalba mähir gatanym, Watanym, jan Watanym!

Gijeleri mahmaldan, gündizleri ýüpekden,
Ak maýanyň ýoluny dakynýaryn guşak deý,
Daglar, baglar lowlaýyp, ot alanda şapakdan,
Ak säherler çaga deý oýanýarsyň gujakda,
Ak daňlary atanym, Watanym, jan Watanym!

Gök baýyrlaň tirsekläp, gökde uçýan guş bolup,
Ýene saňa dolanýan ykbalymdan hoş bolup,
Ýaşaýarsyň ganymda arzuwlarma baş bolup,
Nurun saçýar üstüňe Arkadag güneş bolup,
Başy göge ýetenim, Watanym, jan Watanym!

Ýazjuma AGAGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ýazjuma Agageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]