08:08
Ýaşadýar meni / goşgular
■ ÝAŞADÝAR MENI

Özüm bilmän küýsedigim, aslynda
Ynamly gözleriň ýaşadýar meni.
Yşkyň güzerinden üzülip gaýdýan,
Dogaýy sözleriň ýaşadýar meni.

Kalbym nazaryňdan mähir içende,
Duýýan özüm bir üýtgeşik göçgünde,
Ömür menzilleri sap-sap geçse-de,
Saýalan ýyllaryň ýaşadýar meni.

Bir nurana kuýaş bolup dogan ýar,
Öýlänçiniň çabgasy dek ýagan ýar,
Bu bagtymy dowamata ýazan ýar,
Seň sähraýy yşkyň ýaşadýar meni.

Kirpiklermi gatman ýetsem-de daňa,
Söýgim baş berenok akyldyr aňa,
Bu syryň açary baglydyr saňa,
Dünýämde barlygyň ýaşadýar meni.

Keşbiň salgym atyp gitmesin uzak,
Gör, sensiz çarýanym durşuna duzak,
Zeýtun ýapragyna adymy ýazyp,
Keşdeläp goýuşyň ýaşadýar meni.

Bu ýyllardan aýap söýgi-mährimi,
Saňa taýlap goýdum köňül şährimi,
Ýyllar goýsun ebedilik möhrüni,
Sowulmaz ýazlaryň ýaşadýar meni.

■ HYÝAL

Ýene geldim gülälekli meýdana,
Ýaýlalar — owadan, sähralar — gözel,
Bu görnüş kalbymy saldy heýjana,
Dile geldi soňlanmajak bir gazal.

Alaýazyň howasyndan dem alyp,
Artyp gitdi ýüregimiň sanjysy.
Gijeleriň tümlüginden ýol salyp,
Dörän şygyrlarym — umyt damjasy.

Gyşdan aman galan gara baglaryň,
Ýaşyl kürtesini atyp başyna
Gam-gussany kowmak üçin başymdan,
Bahar ýene gaýdyp geldi gaşyma.

Öz-özümi heňe salyp daňa çen,
Aýdym aýtdym täze günüň şanyna.
«Al-asmandan ýüzüp barýan dolan Aý,
Äkit meni deň-duşlarmyň ýanyna!».

Müňýyllyk ýollaryn geçmişe paýlap,
Bahar ýene gaýdyp gelýär yzyna.
Gör, ol beleň berýär şahyr ýüregmiň
Şirwan perdelerden gopýan sazyna.

■ ÇAGALYGYMA SYÝAHAT

Gurşun ýaly agyr duýulýan eken,
Sähel zada yza çekse ýüregiň.
Derdiňe dert goşup, agralýan eken,
Şygyr ummanynda urýan küregiň.

Gamsyz çagalygym ýadymda mydam,
Keýpden çykyp oýnamagy söýerdik.
Ejemiň tamdyrdan çykaran nanyn,
Suwa basyp, hezil edip iýerdik.

Atam sünnäläpler tikerdi içmek,
Gojalary öz daşyna üýşürip.
Ejem ýasan hamyrynyň ujundan,
Orta goýar gyzzyrmajyk bişirip.

Ulgam-ulgam ak çägäniň üstaşyr,
Tokarja owlak dek böküp ylgardym.
Akmaýanyň botlanyny ilden öň,
Depä çykyp, atam jana buşlardym.

Gulpagyn tasadyp barýan gyzjagaz,
Atýar meni ýatlamalar kölüne.
Guba çägeleri ýassanyp bir geň,
Obam otyr meňzäp bahar gülüne.



Azatgül HOJABERDIÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 154 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Azatgül Hojaberdiýewa | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]