22:33
Ýazylmadyk goşgularym
ÝAZYLMADYK GOŞGULARYM

...Ýazylmadyk goşgularmyň ençesin,
Göterip gezdim men ejiz gursakda.
Olar bolsa öz ahmyrly penjesin,
Ýüregime urup dyrnagyn sokdy.
Diýýän deýin goýber bizi erkine,
Boşat gursagyňy giç dälkä şindi.
Kemçilikler hakda ýazmak her kime,
Başardyp duranok, kyn boldy ýazmak,
Ýöne ýazman gezmek, ondanam kyndy.

* * *

Bu neneňsi durmuş, bu niçik ahwal,
Ömür maňa berlen, ýöne meňki däl.
Özge birniň ýazan kada-kanunna,
Uýup ýaşamaklyk adatmy munda?
Eginlerňi gysyp, başyňy egip,
Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp.
Özgäň göwni diýip, öz göwnüň döwüp,
Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp,
Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir.
Ýaşamagam agyr, ölmegem agyr.

* * *

Belki-de bu zatlar meň göwnümedir.
Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir.
Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir?
Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur?-
- Diýsem-de, ynam ýok, pany pelekdir.
Onda näme üçin meniň kalbym hem,
Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly.
Nämüçin gussaly geldikä ylham?
Entek bir goşgy hem ýazmadym doly.
Wagt ber bir şygyr döreder ýaly...

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 268 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 7
1
7 Azady   [Mowzuga geç]
Bähhh... Ajaýyp goşgy. Gaýtalap okanyňy duýman galýarsyň.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Saña görübilmezlik edýäniñ gözi göz däldir, mäzdir ))

0
5 Мylayym   [Mowzuga geç]
"Görübilmeziň gözi çyksyn" biggrin

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Behh, nirde diñläp ýörsüñ, iller bela ýaly-aý

2
3 Мylayym   [Mowzuga geç]
Haweran, Azat aganyň öz okamagynda diňleseňizläň, goşgularyny. Hem täsin, hem täsirli. Basyrylgy ýatan eken, Azat aga smile

1
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýüregñe yakyn goren setirleñ hernäçe pessimistik ruhda ýazylsa-da, okañda, ayratyn ruhy lezzet beryar.

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ana, indi yazylmadyklañ hataryndan saylandy. smile
Ikinji bendi okap durkam, behh bu bendiñ gowudygyny diyp yazmaga peylendim welin, ûçûnji bent ondanam gowy eken.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: