01:36
Ürküzilen
ÜRKÜZILEN

Näme isleýärin, bilemok özüm,
Gije gündiz ters aýlanýan nämüçin,
tapýaryn, ýitirýän, agtarýan ýene,
Näm:ädir gussaly garaşyar kalbym.
dostlarymdan gaçýaryn men näme üçin--
Gizlenýärin dymyk tussaghanamda?!
Duygylam ýollaýar pyşyrdylaryny
diñleýän olary teşnelik bilen.
Ýol agtarýan garañkydan, tümlükden
Mekir kezzaplardan gaçmaklyk üçin
azap çekýän;
Sebäp:
Düýnem olar maña dostduyar,
Mylaýym ýylgyryş bilen ýüzüme
bakdylar
Aldan ekenler:
Arkama öwrülip kesek atdylar.
Bu adamlara açyk göwün bilen gatyldym
Olaram gül ýaly beripdi jogap
Gapynyñ arkamdan ýapylan wagty
olar kimdiklerni aýan etdiler
Gülüp bakanlarym kesek atdylar
Ah, ynjan kalbym, düşünýän saña,
gözleme, garaşma
gynanma, puşman etme
Düşersiñ hassa,
Söýgi goragynda taşla ynamyñ:
Betpygyllañ,
nätanyşlañ dünýäsinde duşmarsyñ dosta!

© Fürug Ferrugzad

Rusçadan terjime eden: © Kalba Nur
Категория: Goşgular | Просмотров: 200 | Добавил: Nurdan | Теги: Fürug Ferrugzad | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
1
2 Gurban   [Mowzuga geç]
Nurdan dogan, Öz dünýäňize kybap, goşgyny terjime edipsiňiz! Sag boluň!

1
1 Camilla   [Mowzuga geç]
terjime gowy bolupdyr,ýetireniňiz üçin sag boluň....

"Olaram gül ýaly berdipdi jogap"
şu ýerine düşunmedim beripdi- bolmalydymyka ?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: