01:37
Syrly söhbet
SYRLY SÖHBET

"Okadym Kuran içinde"
Magtymguly PYRAGY


Ýer bilen gögüñ arasynda janyna jay tapynman elewreýän göwnümiñ yzyna düşüp ýene-de sen bilen didarlaşmaga, pikirlerimi saldarlap, seniñ paýhas goruñdan ýekeje damja-da bolsa däli göwnüme teselli boljagyna ynamym bilen huzuryña geldim.
Gelşime-de mydama gussamyñ ýetik mahaly ýalñyz hemdemim bolan kenaryñda haysy eýýamda, haýsy dagdan bölünip galandygyny anyk bilmesem-de meni heran-haçan gelsem dymyp dursa-da, hossarym yaly garşylaýan uly daşyñ golayjygynda sägindim. Seniñ Asmanyñ mawy reñkini keşbiñe siñdirip çaykanyp, giñligiñ bilen meniñ hasratymy egisip bilişiñe imrinip durşyma, ýene günüme goymaýan soraglar, näçe wagtdan bäri maña ynjalyk bermeýan pikirler atygsady serimde..
- Dogurdanam bõlünip galan daş, seniñ gõzel keşbiñ, hool asmandan nirädir bir ýerlere süýşip barýan bulutlar.. tämiz howa..
Sen meniñ pikirimi okayan ýaly pyşyrdadyñ:
- Hol süýşip barýan bulutlarmy?
- Hawa olaryñ asmanda hiç bir küreksiz "ýüzüp" baryşlary geñ maña..
Sen ezberlik bilen tolkunşyña:
- Olarda agramy 300 müñ tonna suw toplanýar...
Meniñ pikirimde geñgalyjylyk peyda bolýar, sorag berip ýetişmankäm seniñ:
- Olaryñ küregi şemaldandyr. Meniñ ýüzümdäki kõpürjiklerem şemaldan.
Men parasatdan yza galan ýaly derrew õz bilýanje zadymy yañzytmaga howlukyan:
- Şemalyñ şeyle güýje eýedigini ýigriminji asyrda alymlar subut etdiler..
Meniñ bu oylanyşyksyz pikirime seniñ birhilije gaharyñ gelýär-de tolkunlaryñy batlandyryşyña tasanjyraýañ:
- Ýigriminji asyrda alymlar subut edendirler..emma dünýe döräli bäri şeyle.. Älem uly ýaradylan... soñ..
Ýene-de meniñ serimde gõgeleje pikirlem peyda bolyar..
- Big Bang.."beýik partlamalar " 1920-nji ýylda Aleksandyr...
Seniñ güñleç sesiñ:
- "Enbiýa" 30-njy aýat, "Gõkler bilen ýer gõk bilekä biz ony biri birinden aýyrdyyk. Soñ suwdan ýaratdyk.
Biri biri bilen iç içe.." Soñ ýarylmak ýer gõk we olaryñ içindäki ähli barlyklar dõrediler.
Men hayran galmak bilen:
- Täsin- diyip pyşyrdyma goşulyp seniñ:
- Bu Allanyñ kelamy. Emma müñlerçe müñ ýyl mundan õñ bir adamyñ bir õzüniñ şeyle ýazyp bilmegi täsin dälmi saña?! Alymlar soñ subut etdiler...-diýen jogabyña:
- Älemleriñ Rahmanynyñ eradasy bilen mukaddes kitabyñ inip Rasuly Ekreme gowuşan wagtlarymy-diyip ýene soragly bakýaryn-da dagdan ayrylyp galan daş bõlegine nazar aýlaýaryn. Sen:
- Daglar hem bulutlar kimin süýşýändirler. Õñ olar biri birine baglydy...
Men ýene-de payhasdan bekemedik pikirlerimi orta atýaryn:
- Ýigriminji asyryñ başlarynda alymlaryñ subut etmeklerine gõrä geografik üýtgeşmeler bolýar. Alymlar muña...
Seniñ pyşyrdyñ pirikimiñ üstüne payas nuruny çaýyşyna:
- Gurhanda: "Sen daglary gõrersiñ-de olary berk bilersiñ" diýýa.. alymlaryñ aýdyşy bilen Gurhanda aýdylyşy deñ gelýa. Ýõne saña müñlerçe ýyl mundan õñ bir sowatsyz diyilen adamyñ bir õzüniñ ýazyp bilmegi täsinlik dälmi eýse?!
Birdenem seniñ giñligini maña gõz edip, gõwnüme syrdaş bolup ýaýylyp yatan jemalyña pikirim atygsaýar:
- Gudrat diyip şuña diýäýseñ - diyip haýran galyjylyk bilen añymda aylan pikirimi seniñ:
- Meniñ giñligimden beter ak deñziñ duzlylygy hem süýji deñiziñ süýjiligi, olaryñ bileleşip dursalar-da..
Men ýene kemala ýetişmedik bilýanje barymy orta atmaga haydayan:
- Hawa, hawa alymlar iki deñziñ arasynda suw perdesiniñ bardygyny subut etdiler..
Sen parasat bilen:
- Allanyñ kelamynda-da iki deñiziñ arasynda bir bõwet bardygy aydylyar... alymlar soñ subut etdiler...
Men tämiz howadan kükregimi dolduryp howanyñ adam saglygyna nahili täsirlidigi barada, atmosferanyñ düzümindäki demiriñ adam bedenine peydasy, emma demiriñ ýerden çykmasy baradaky pikiri serime aylanymdan ýene seniñ payhasyñ dadyma ýetişýar:
- "Hadyd" süresi "demir" diymekdir.Kurhanda 57-nji süresi... 26-njy süre demiriñ atom belgisidir...
Men seniñ paýhasyña goşulyp tassyklaýaryn:
- Müñlerçe ýyl mundan owal çõlde ýaşaýan bir sowatsyz adamyñ şol zatlary ýazyp bilmesiniñ özi Gudrat, bu diñe Allanyñ kelamy bolup biler - diyip pyşyrdaýaryn..
Seniñ pikirlerimi tämizläp, her alan demimi Älemleriñ Rahmany Allaha şükür, onuñ Resulyna salam we salawat aytmagymda, pikirlerime payhas goşmagyña minnetdarlygym çäksizligi bilen ýene-de geljekdigimi sõz edip, näçe wagtdyr ynjalyk tapman ýõren gõwnümiñ sõhbetimizden rahatlanandygyny duyuşyma seniñ bilen sagbollaşýaryn.
Sag bol, däli göwnüm ýaly cyrpynýan Deñzim... Ýene-de payhas nuruñy pikirlerime çayjak günleriñ aýasynda seniñ bilen sõhbete gelerin...

17.11.2019 ý. 13: 50
Türkmenbaşy.

 
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 327 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.0/6
Всего комментариев: 5
0
5 Selbii   [Mowzuga geç]
Sagbol, Nurdan lukman, deñiz bilen söhbet edesimiz gelip içimiz gysyp halys boldyk bizem. Señ Söhbetiñ ajayyp iken. Tizden tiz barmak planmyzda bizlerñem. Görşeris diyp umydym ba. Gyrmyzy, Mahmud bn bararys angel2
soñky günler özimi yaramaz alyp barmaly bolanym u.n gynanyan angel2

1
4 amanmyradownamehribon   [Mowzuga geç]

2
3 amanmyradownamehribon   [Mowzuga geç]
kemçiliklerini halypalar biläýmese (eger bar bolsa) edil özimä şahsy pikirimi aýtdym we üstünlik arzuw etýän durmuşda-da ,işdede döredijilik älemindede.

2
2 amanmyradownamehribon   [Mowzuga geç]
Sizde zehin barmy ýada yhlas edýäňizmi näme ýazsaňam gowy ýazýaňyz . Azam weli saz
yazýaň

2
1 amanmyradownamehribon   [Mowzuga geç]
Tüweleme. Içki duýgularyny ,pikirlerini
sadaja düşündirip bilipsiň.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: