08:39
Göze görünmeýän ruhlaryñ barlygy çynmy? -1: Ruhly öý - Tennesse şeýtany

GÖZE GÖRÜNMEÝÄN RUHLARYÑ BARLYGY ÇYNMY?

Göze görünmeýän ruhlar baradaky hekaýatlaryñ, rowaýatlaryñ we "myş-myşlaryñ" taryhyna gysgaça ser salanda, olaryñ Adam atadan tä biziñ günlerimize çenli dilden düşmän gelendigini görmek bolýar. Ylym hernäçe össe-de düýşleriñ syryna doly akyl ýetirip bilmeýşi ýaly, ölümden soñra özüñi duýuşyñ we huşuñ ýok bolup gidýändigini ýa-da gitmeýändigini anyklamakdan ejiz gelýär. Birnäçe dinde adam ruhunyñ tükeniksiz energiýa görnüşinde bolýandygy we ölümden soñ başga bir şekile geçip ýaşaýşyny dowam edýändigi aýdylýar. Şeýle bolaýanda-da, eger şol ruhlar bu dünýäde galýan bolsa näme?
1908-nji ýylda iñlis fizigi Oliwer Jozef Loj göze görünmeýän ruhlaryñ "iññän gadymy tragiki wakalaryñ hyýaly göze kaklyşmalarydygyny" öñe sürdi. Göze görünmeýän ruhlar esasanam agyr jenaýatlaryñ bolan, özüne kast edip öldüren adamlaryñ meýdiniñ uzak wagtlap ýatan we köpden bäri ýaşalmaýan ýerlerde köp göze kaklyşýarmyş.
Stanford uniwersitetiniñ professory Frederik Maýers alyp baran barlaglarynyñ we we gözi bilen gören güwäleriñ beren gürrüñleri netijesinde göze görünmeýän ruhlara şeýleräk seljerme berdi: "göze görünmeýän ruh haýsydyr bir şahsy energiýa galyndysynyñ keşbidir. Ol (ruh) öliñkem, diri gezip ýöreniñkem bolup biler.
Göze görünmeýän ruhlaryñ görnen wagtynda aşa üşemä ýa-da gyzdyrma duýgusyny duçar bolnup, özem howadan esasan kükürdiñ ýa-da çüýrük ýumurtganyñ ysyna meñzeş ys añkaýandygy aýdýarlar. Göze görünmeýän ruhlar barada öñe sürülen pikirleriñ biri-de, olaryñ panydan gitmek islemedik (bimahal giden) we aralykda galan ruhlardygydyr. Olaryñ tamamlanman galan işleri ýa-da olary bu jahana baglaýan duýgulary şeýle bir güýçli welin, bärde ýarpy galan işlerini edip gutarmaga çalşyp, özlerini ses ýa-da keşp arkaly görkezýär. Şeýle ýagdaýlarda parapsihologik we medium ukyplary bar kişiler ruh bilen gepleşip, olary ymykly o dünýä gitmelerine razy edýärmiş. Ylymyñ häzirki ýeten derejesine ser salanymyzda, häli-häzirlerem göze görünmeýän ruhlaryñ barlygyny orta atyp bilerismi?
Pozitiwizm bularyñ ählisiniñ üstüne ýeke gezekde atanak çyzsa-da, köpçüligiñ agramly böleginiñ ynanjynda adatdan daşary güýçleriñ dünýewi durmuşa ýanaşyk ýaşaýandygyna bolan ynanç bar. Makalamyzyñ maksady bularyñ çyndygyny ýa-da ýalandygyny anyklamak we sizi olara ynandyrdyrmak däl-de, dünýä taryhynda yz galdyran göze görünmeýän ruhlaryñ "dünýäsine" az salymlyk gaýybana syýahat etmek...

1. Ruhly öý - Tennesse şeýtany

Daýhan Jon Belliñ ajaly bilen gutaran wakalaryñ başy 1817-nji ýylda başlady. Ilki-ilkiler onuñ obanyñ bir çetinde ýerleşen öýüne girmäge çalyşýan geñ-tañsy sesler eşdildi. Ýöne ses eşdilýan wagty göze ilýän hiç zat ýokdy. Gije ýarymdan agansoñ o näbelli ses maksadyna ýetdi we içeri girdi. Pelpelleýän ganatyñ sesi ýaly sesler, syçanlaryñ tykyrdylary, ýyrtyjy jandaryñ penjesini uranda çykýan ses ýaly sesler Belliñ maşgalasyny gorka salýardy. Gün geçdigiçe seslerem güýçlenýärdu. Ahyrynda bir gije on ýaşlyja Betsi Bell uklap ýatan ýerinden çirkin gygyryp oýandy. Ol ýatyrka göze görünmeýän bir güýç tarapyndan urlupdy. Muña meñzeş urgular barha artyp maşgalanyñ beýleki çagalaryny-da aldym-berdime saldy. Bellleriñ maşgalasy başyna inen bu külpeti il-günden gizlemäge çalyşýardy. Ahyrynda çydaman buthananyñ popuny çagyrypdyrlar. Emma ruhanynyñ "şeýtan kowma" emeli öýüñ içine ornaşan o göze görünmez belanyñ hasam gaharyny getirmekden başga zada ýaramandyr. Gün geçdigiçe onuñ güýji artyp, takyr-tukyr sesler boguk pyşyrdylara öwrülýärdi. Injiliñ käbir bölümlerine sögünýän bu pyşyrdylar Jon Belli mazara dykjakdygyny aýdypdyr.
Bir gün ýañky göze görünmez bela daýhana topulýar. Mundan soñ öýe lukman çagyrylýar, emma biraz wagt geçenden lukmanyñ beren dermany goýy reñkli suwuklyga öwrülýär. Mundan soñ Jon Bell düşeginden galmaz ýaly bolýar. Öýdäki bolup geçýän geñ-tañsylyklara lukmanam şaýat bolýar we hatda ol kiçijik gyzjagaz Betsiniñ "şeýtana" öwrülmeginden howatyrlanypdyr.... Ahyrsoñy öýüñ hojaýyny Bell 1820-nji ýylyñ 20-nji dekabrynda aradan çykdy. Ýañky göze görünmez bela ýene ýedi ýyldan soñ gaýtadan dolanyp geljekdigini aýdyp sumat bolupdyr. Aýdyşy ýalam ýedi ýyl geçensoñ ýene peýda bolupdyr. Gysga wagtlyk "zyýaratlaryñ" nobatdakysynda indi 107 ýyldan geljekdigini aýdyp, ýitirim bolupdyr we dagy-duwara bu öýde görünmändir.
Şeýle-de, türk kinomatografiýaçylarynyñ bolan wakalara esaslanyp elhençlikler žanryndan düşüren "Ammar. Jyn tarykaty" (2014), "Azem. Jyn garasy" (2014), "Syjjyn -2" (2015) ýaly kinofilmlerinde "ruhly öý" barada öwrenerlik gyzykly epizodlar bar.

(dowamy bar)...

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 250 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 1
0
1 amanmyradownamehribon   [Mowzuga geç]
Näme üçin maşgalasyny alyp başga öýe göçäýmedikä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]