12:17
Bagt hakda meniň öz düşünjäm bar
BAGT HAKDA MENIÑ ÖZ DÜŞÜNJÄM BAR

Bagt hakda meniň öz düşünjäm bar.
Bagt-gyşdan soňra gülleýän bahar.
Kalba şatlyk dolar, terk eder gahar,
Öýke-kinä orun galmaz göwünde,
Şeýle bolar eken bagtyň çüwende.

Bahar pasly kalba şatlyk eçiler,
Zemine-de täze lybas biçiler,
Bägüller bark urup, elwan açylar,
Ýaz ýagyşy maýsalary ýuwanda.
Şeýle bolar eken bagtyň çüwende.

Sähramyza bahar gelipdir buşluk,
Göwnüňe täzeden gelen deý ýaşlyk,
Kalbyňam parahat, göwnüň giňişlik,
Agram saljak ýüküň ýokdur eginde.
Şeýle bolar eken bagtyň çüwende.

Ýagmyr ýagyp, mesäp akar ene ýap,
Bilbiller saýraşar, gülälek gülläp,
Gündogardan tylla kimin ýalpyldap,
Daň säher täzeden güneş doganda,
Şeýle bolar eken bagtyň çüwende.

Kalbyňy tämizläp, ruhuňy päkläp,
Ýaman endiklerden özüňi saplap,
Asuda Watanda çaga deý uklap,
Watanyňam gursagyňa syganda,
Şeýle bolar eken bagtyň çüwende.

Sähra çyksaň giňär akyl-pähimiň,
Munda bitmän galmaz hiç bir möhümiň,
Topraga taşlanan her bir tohumyň,
Hasyl berip, miwe bolup düwende,
Şeýle bolar eken bagtyň çüwende.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 177 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 8
0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bilmedim-dä, agam.

0
7 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Tasirli goshgy

0
6 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Garaýolly, agam, menem düşünemok.

0
5 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Mysal ucin Azatda, sende gyzyl pticka belgisi dur. Ya yyldyz belgiñ zyyany yokmy?

0
4 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Men kan bir dushunmeyan. Meñ adymyñ yzynda ullakan yyldyz belgisem cykyar. Ol namedenka? Bashga agzalarda yok.

0
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Haweran, teg name. Adyñ familiyañmy?

0
2 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Duýdyranyňa sag bol, men bolsa jan edip yzyna nokat goýup ýörüpdirin, hemme ýerde nokat goýmalydyr öýdüp, :-)

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Azat aga, tege at-familiýañy yazanda yzyndan nokat goyma. Yogsam goşgulañ oz papkaña duşenok ))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: