16:39
Kesbinden kemal tapan
KESBINDEN KEMAL TAPAN

Türkmen sportunyñ ösmegine saldamly goşant goşanlaryñ biri-de Kurambaý Sadykowdyr

Daşkent şäherindäki bedenterbiýe institutynyñ uçurymy, 1968-1969-njy ýyllarda boks boýunça Daşkent şäheriniñ çempiony, ýurdumyzda sport ussatlarynyñ onlarçasyny taýýarlap, kemala getiren, Türkmenistanyñ at gazanan tälimçisi Kurambaý Sadykow diñe bir Daşoguz welaýatynda dol, eýsem Türkmenistanyñ ähli künjeginde sportuñ boks söýüjileriniñ arasynda uludan-kiçä tanalýan, sylanýan we hormat goýulýan ussat.
Hakykatdan-da, Kurambaý aga şeýle sylaga we hormata mynasyp halypa, eserdeñ adam, talabediji tälimçi we tutanýerli türgenleşdiriji. Ol başlan işini ahyryna çenli alyp barmagy endik edinen, ýadamany-ýaltanmany bilmeýän jepakeş ynsanlardan. Onuñ maksada laýyk alyp barýan işleri bolsa iñ soñunda özüniñ garaşdyrýan netijelerini berip başlaýar. Kurambaý halypanyñ taýýarlan her bir şägirdi jogapkärli ýaryşlarda ringe çykanlarynda özleriniñ kämil taýýarlyk derejesi, tilsimat taýýarlygy taýdan tapawutlanýandygy, başarnyk we çydamlylyk jähtden beýlekilerden bir gez ýokarydygy bilen alamatlandyrylýar.
Kurambaý aga Daşoguz şäherindäki 5-nji orta mekdebiñ 4-nji synpynda okaýarka, sportuñ ýeñil atletika görnüşi bilen içgin meşgullanyp başlaýar. Ol şonda çalasynlygy, tizligi, çeýeligi hem çaltlygy taýdan ýoldaşlaryndan tapawutlanýardy. Edil şu sypatlar oña tebigy berlen ýalydy. Hut şonuñ üçinem ol 400 we 800 metr aralyklara ylgamakda önüne adam geçirmezdi.
1966-njy ýylda Kurambaý Sadykow Daşkendiñ bedenterbiýe institytyna kabul edilýär. Ol ýede boks boýunça öñki soýuzyñ üç gezek çempiony, hormatly sport ussady Iosif Abramowiç Budman bu ýaş ýigidi öz ýiti nazaryndan sypdyrmaýar we ony dessine boksa çekýär. Talyp ýigit gysga wagtyñ içinde özüne bildirilen ynamy ödeýär. Boksuñ tilsimatlaryny tizara özleşdirýär, bu ugurdan bärden gaýtmalary ýeñip gecýär we çydamlylygyny ösdürýär. Şeýle tutanýerlilik we erjel hereketler hem oña ringde üstünlikler getirip başlaýar. Ýogsam ol garşydaş bäsdeşleriñ sanynyñ iñ bir köp hasap edilýän 63,5 kilogram agramda çykyş edýärdi. 1968-nji we 1969-njy ýyllarda ol bassyr iki ýyl öz agramynda Daşkent şäheriniñ çempiony bolýar.
1970-nji ýylda öz ugrundan hünäri kemsiz ele alyp, ýokary okuw mekdebini tamamlap, Daşoguz şäherine işe gelýär. Bu ýerde şol döwürde sportuñ boks görnüşi düýbünden ýokdy. Kurambaý halypa onuñ ýola goýulmagy üçin tutanýerli tagallalary edip başlaýar. Türgenleşik geçiriljek ýerleri, enjamlary, serişdeleri, gündelik möhüm abzallary kem-kemden ýola goýýar, çagalaryñdyr ýetginjek ýaşlaryñ arasynda bokay yzygiderli wagyz edýär.
1977-nji ýylda Kurambaý halypanyñ arzuwy hasyl bolýar. Şol döwürlerde ol ýaşlara tälim bermek bilen bir hatarda Türkmenistanda geçirilýän ululy-kiçili ýaryşlarda-da çykyş edýärdi. 1977-nji ýylda ol boks boýunça Türkmenistanyñ çempionatynda 91 kilogram agramlyk derejede çykyş edip, ikinji baýrakly orny eýeleýär.
Şeýdip Kurambaý halypanyñ bar ünsi, aladasy we işi şägirt ýetişdirmeklige gönükdi. Şu maksat bilen gije-gündiz zähmet çekmegi alnyp barylýan asylly işleriñ ilerlemegine itergi berýärdi.
Kurambaý Sadykow tälimçi halypa bolup işlän 30 ýyldan gowrak wagtynyñ içinde öz welaýatynda boksy ýokary derejede ösdürmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesilde bu sporta bolan höwesi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem boksdan onlarça sport ussatlaryny taýýarlady. Alyşir Jepbarow, Döwran Atajanow, Nuretdin Atakow, Bahadur Sadykow, Araz Begnepesow, Saparbaý Şükürow, Bahram Kerimow, Dädebaý Geldinazarow, Arslan Ýusubow, Merdan Sadykow ýaly sport ussatlary biziñ aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
2003-nji ýylyñ maýynyñ ilkinji günlerinde ulularyñ arasynda geçirilen Türkmenistanyñ boks boýunça çempionatynda Kurambaý Sadykowyñ iki şägirdi - Merdan Sadykow bilen Şöwket Mäşeribow öz agramlarynda ýurdumyzyñ çempiony boldular, bäş şägirdi bolsa üçünji baýrakly orny eýeledi.
Ýene bir zady belläp geçmek gerek. Kurambaý Sadykowyñ boksçylar maşgalasy bar. Onuñ sekiz oglunyñ altysy boksçy. Bahadur bilen Merdan sport ussatlary. Batyr bilen Serdar sport ussatlygyna tamakinler, Perman bilen Ylham bolsa birinji derejeli boksçular hasaplanylýar.
"Ata kesbi - ogla halal" diýişleri ýaly, ogullary hem atasynyñ kemal tapan kesbiniñ mynasyp dowan etdirijileridir.

Agamyrat ATANYÝAZOW.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 181 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agamyrat Atanyýazow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]