22:24
Edebi tankydymyzyñ gerimi
EDEBI TANKYDYMYZYÑ GERIMI

Türkmenistan ýazyjylarynyñ VIII gurultaýyna

"Dost-dostuñ aýnasy" diýlişi ýaly, edebi tankyt hem çeperçilik prosesiniñ aýnasydyr. Her bir žanryñ ösüşi, şol sanda umumy edebiýatyñ ýagdaýy, derejesi, mümkinçiligi onuñ ýiti gözegçiliginde bolup geldi. SSKP MK-nyñ "Edebi-çeper tankyt hakyndaky" kararyndan soñ edebi tankydyñ roly, onuñ borjy has-da ýokarlandy. Bu özgeriş biziñ türkmen ýazyjylarymyzda-da duýulýar. Ýazyjylarymyzyñ geçen gurultaýundan bäri mukdar taýdan seredeniñde edebi-tankydy makalalaryñ ýygyndysynyñ birnäçesi peýda boldy. Professional türkmen tankytçylary özleriniñ tematiki gözleglerini, stil özboluşlylyklaryny kämilleşdirdiler, edebi prosesiñ çylşyrymly gatlaklaryna aralaşyp başladylar.
Soñky bäş ýylyñ içinde (1976-1981 -t.b.) ady belli türkmen tankytçylarynyñ hersiniñ birnäçe kitaplary çap edildi. Olaryñ işlerinde, gündelik metbugatda çap etdirýän makalalarynda, synlarynda partiýanyñ XXV gurultaýynyñ çeper edebiýat baradaky öñe süren düzgünleri, galyberse-de, "Edebi-çeper tankyt hakynda", "Dörediji ýaşlar bilen alnyp barylýan iş hakynda", "Ideologiýa, syýasy-terbiýeçilik işini mundan beýläk-de gowulandyrmak hakynda" SSKP MK-nyñ möhüm kararlarynyñ aýry-aýry kesgitlemeleri aýdyñ beýan edildi. Başgaça aýdylanda, edebi proses durmuşdyr döwür bilen aýakdaş bolup geldi. Bu aýratynlyk biziñ häzirki ösen sosializm şertlerimizde kemala gelen köp milletli edebi bütewiligimiziñ tebigatyna laýyk gelýär. Şonuñ üçin diñe tankyt žanry boýunça bäş ýylyñ içinde ýörite giñişleýin maslahatlar geçirilip, onda Soýuzymyzyñ we respublikamyzyñ meşhur tankytçylary, söz ussatlary pikir alyşdylar, dürli teklipleri orta atdylar. Olarda edebi tankydyñ täsirliliginiñ artandygy bellenildi.
Hemmämiziñ bilşimiz ýaly, 1976-njy ýylyñ maý aýynyñ başynda Türkmenistan ýazyjylarynyñ VII gurultaýy bolup geçipdi. Edil şondan bir ýyl geçensoñ, 1977-nji ýylyñ apreliniñ ahyrynda "Döwür, talap, edebi tankyt" meselesi boýunça SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ sekretary Ý.I.Surowsewiñ gatnaşmagynda türkmen tankytçylary bilen maslahat geçirildi. Şonda-da birnäçe ýerlikli pikirler, teklipler orta atyldy, edilen işler dogrusynda we öñde durýan wezipeler barada giñişleýin gürrüñ edildi. Şol gürrüñde köp ýazyjylar, tankytçylar, sungaty öwrenijiler türkmen tankydynyñ belli derejede öñe gidişlik gazanandygyny, emma entek onuñ geriminiñ darlygy, edebi prosesiñ hemme gatlaklaryna aralaşyp bilmeýänligi barada degerli pikirler aýtdylar.
Şondan iki ýyl geçensoñ, 1979-njy ýylda "Edebi çeper tankydyñ söweşjeñligi ugrunda" ady bilen geçirilen maslahatda türkmen tankydynyñ meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oña SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ türkmen edebiýaty baradaky sowetiniñ başlygy Lazar Wiktorowiç Karelin, edebiýat tankytçysy Swetlana Umarowna Alyýewa SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ ýaşlar bilen işlemek baradaky sowetiniñ jogapkär sekretary Ýu.A.Lopusew, "Знамя" žurnalynyñ proza bölüminiñ müdiri, edebiýatçy Alekseý Konstantinowiç Priýma dagy gatnaşdylar. Türkmen tankytçylaryndan Ruhy Alyýew, Jora Allakow, A.Garaýew, ýazyjylardan Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Tirkiş Jumageldiýew, Aleksandr Aborskiý we beýlekiler moskwaly galamdaşlar bilen pikir alyşdylar.
Şol maslahatlary ýatlamagymyzyñ sebäbi, bularyñ ikisiniñde biziñ işimize köp peýda berenligidir. Ondan bäri köp wagt geçenok. Emma tutuşlaýyn alnan bäş ýyllyk döwürde tankytdan başga žanrlar boýunça şeýle häsiýetli maslahatlar geçirilmedi. Muny ýatlamak bilen, biz tankyda Bütinsoýuz möçberinde üns berlip, ony aýaga galdyrmak üçin köp tagallalaryñ edilýändigini nygtamak isledik. Bu hili çäreler öz netijesini berdi diýip aýtmak bolar...
Ady belli tankytçylarymyzdan Öde Abdyllaýewiñ "Döwrüñ keşbi - edebiýatyñ keşbi", Jora Allakowyñ "Prozamyzyñ gözlegleri", A.Garaýewiñ "Türkmen sowet poeziýasynyñ ösüş etaplary", Saýlaw Myradowyñ "Döwür bilen aýakdaş", Gurbandurdy Geldiýewiñ "Poeziýamyzyñ häzirki zaman keşbi" ýaly kitaplary okyjylara gowuşdy.

• Şu agzalan işlerde biziñ tankytçylarymyz nämelere üns berdiler, olaryñ nähili stil aýratynlyklary ýüze çykdy?

Birinji nobatda türkmen tankydynda özbaşdak ugurlaryñ kemala gelendigini bellemekçi bolýarys. Ö.Abdyllaýewdir J.Allakow öz işlerinde, makalalarynda köplenç (indi gutarnykly ýagdaýda diýsek hem bolýar) proza içgin nazar aýlaýarlar. Bu ikisiniñ köp ýyllar bäri alyp barýan ylmy-tankydy gözegçilikleri-de proza bilen berk bagly boldy. Özem şeýle edilmegi dogry, çünki häzirki döwürde prozanyñ, onuñ hemme žanrlarynyñ ösüşi güýçli depginde barýar. Belki-de, diñe romanlar, diñe powestler, diñe hekaýalar bilen iş salyşýan ýörite tankytçylar gerekdir. Eger şeýle bolaýanda-da öwrüm edere meýdan giñ.
A.Garaýewdir G.Geldiýew bolsa köplenç poeziýanyn ýagdaýyny barlamak bilen meşgul. Olaryñ ýygyndylary-da, ýörite alyp barýan ylmy işleri-de, çykyşlary-da şu žanryñ ösüşine, mümkinçiliklerine bagyşlandy. S.Myradow "Asyrlaryñ jümmüşinden" kitabynda edebi tankydy klassyky mirasyñ öwrenilişine gönükdirdi. Ol "Döwür bilen aýakdaş" atly kitabynda-da şol ugry ösdürmek bilen boldy. Bu hem peýdaly. Sebäbi biz tankydymyzy dürlüleşdirmek, çuñlaşdyrmak ugrunda göreşmeli. Diñe şeýle edilende her bir professional tankytçynyñ öz ýüzi we öz sözi aýyl-saýyl bolar.
Ýokards ýatlanan işler biziñ tankydymyzda başga-da bir ähmiýetli zadyñ ýüze çykandygyny tassyklady. Ö.Abdyllaýew-de, J.Allakow-da, S.Myradow-da tankydy pikirlerini beýleki doganlyk halklaryñ alymlarynyñ, tankytçylarynyñ pikirleri bilen utgaşykly alyp gitdiler. Şunuñ bilen olar köp milletli edebiýatymyzyñ derejesinde durup bilýän işleri ýazmaga ukyplydyklaryny görkezdiler.
Soñky döwürde türkmen ýazyjylary-da edebi proses dogrusynda öz pikirlerini, garaýyşlaryny aýtmaga ýetişdiler. Biz görnükli türkmen şahyry Kerim Gurbannepesowyñ "Edebiýat we durmuş", belli ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowyñ "Ýazyjy we döwür" diýen oýlanma kitaplaryny nazarda tutýarys. Beýle kitaplaryñ peýda bolmagy operatiw tankyt üçin-de, ylmy edebiýat üçin-de ähmiýetlidir. Biz şeýle kitaplary okanymyzda ýazyjylarymyzyñ asla tankydy pikire biperwaý garamaýandyklaryny, oña sarpa goýýandyklaryny, ony ösdürmekde ähli güýjüni gaýgyrmaýandyklaryny duýýarys. Çünki "Gämiçiniñ jany bir" diýlişi ýaly, tankytçy-da, edebiýaty öwreniji-de, ýazyjy-da edebiýatyñ ugrunda göreşýär.
Şu jähtden alnanda, B.Hudaýnazarowyñ "Türkmenistan kommunisti" žurnalynyñ sahypalaryndaky çykyşlaryny ýatlamak ýerliklidir. Ol "Belent ahlak - poeziýanyñ belentligi", "Topragyñ ysy", "Zähmet adamynyñ sarpasy" ýaly çykyşlarynda oñat pikirleri orta atdy. Göräýmäge oçerk-publisistik planda berlen şol çykyşlarda tankyda degişli pikir az ýaly. Ýöne bu göräýmäge şeýle. Her bir uly ýazyjy bu žanryñ hatyrasyna birnäçe pikiri aýdýar ýa-da ýañzydýar. Professional tankytçy olara biperwaý garap bilmez. Şuny aýtmak bilen, biz B.Hudaýnazarow, B.Jütdiýew, T.Jumageldiýew, A.Atajanow, A.Haýydow ýaly başga-da birnäçe ýazyjylarymyzyñ öz tankydy-publisistik çykyşlaryny özbaşdak kitap hökmünde çap etmegiñ ugruna çykmaklaryny ýatlatmakçy bolýarys. Şeýle kitaplar tankydyñ täsiriniñ artmagyna, geriminiñ has giñemegine, onuñ halka ýakynlaşmagyna, ussatlyk, stil derejesiniñ ýokarlanmagyna ýardam ederdi.
Çeper tankydyñ operatiwligi metbugat bilen ölçelýär. "Sowet edebiýaty", "Türkmenistan kommunisti", "Aшхабад" žurnallarynyñ sahypalarynda, "Edebiýat we sungat" gazetiniñ her sanynda diýen ýaly problemalaýyn makalalaryñ, synlaryñ, seslenmeleriñ çap edilmegi bu žanryñ işeññirleşýändigini görkezýär. Bu redaksiýalar bilen ýakyndan iş salyşýan tankytçylar hem ýokarda ady agzalan ýoldaşlardyr. Bu hem kanunalaýyk zatdyr. Her bir žanryñ agramy onuñ bilen dem alan adama düşýär. Adalatyñ haky üçin aýdylanda, gündelik metbugatda has işeññir çykyş edýänlerden ilki bilen J.Allakowyñ adyny tutmak bolar. Şu wagt meniñ iş stolumyñ üstünde onuñ "Prozamyzyñ gözlegleri" atly kitaby ýatyr. Muña tankytçynyñ diñe 1974-1975-nji ýyllarda ýazan makalalary ýerleşdirilipdir. Ondan bärki geçen bäş ýyllykda onuñ "Sowet edebiýaty" žurnalynda çap eden makalalary-da barmak basyp sanardan kän.
Geliñ, onuñ soñky iki ýyllykda ýazan makalalarynyñ käbirlerine ser salalyñ. "Çeperçilik gözlegleriñ käbir meseleleri", "Edebi proses nazara alynsa", "Çeper obrazyñ ýatda galyjylygy", "Ýaş awtorlaryñ kyssasy" ýaly makalalarynda tankytçy dört snay çylşyrymly meseläni yzarlaýar: türkmen prozaçylarynyñ detal işledişi, olaryñ obraz açyş tärleri, portret çekişleri we ýaşlaryñ proza tilsimini öwrenişleri. Bularyñ daşyndan hem ol, umuman, biziñ prozamyzda peýda bolan ýaramaz tendensiýany - intelligensiýanyñ, hususan-da alymlaryñ ortisatel obrazlarynyñ ýoñ bolup barşyny ýiti hem adalatly ýazgardy. Bu meýil uly ýazyjylarymyzdan başlap, ýañy galama ýapyşýan awtora çenli "ýöriş" edip ugrady.

"Soñky döwürde edebiýatymyzda gaty köp eserde alymlaryñ obrazlary şekillendirildi. Özem ol obrazlaryñ köpüsinde alymlaryñ durmuşdaky keşpleri öz şöhlelenişini tapyp bilmedi. Olaryñ ylmy gözlegleri, çylşyrymly ruhy dünýäsi ol obrazlaryñ süññüne siñip bilmedi. Öz hakyky edýän işlerinden, meşgul bolýan kärlerinden örksüz suratlandyrylan ol alymlaryñ keşplerinde çalymdaşlyk mese-mälim özüni duýdurdy. Shema emele geldi. Alymlaryñ köpüsi durmuşdan yza galýan ýa-da ahlak taýdan göýdük, keýpi-sapa, pynhan gatnaşyklar ugrunda hallan atyp ýören adamlar bolup çykdy. Bu obrazlaryñ köpüsi awtory galama ýapyşmasa, öz erkine goýmadyk durmuşyñ täsirleriniñ önümi däl"
("Sowet edebiýaty", 1980 ý, N"7, 126-njy sah.).

Awtor şu ýerde ýaşlardan köp mysal alýar we delillendirýär. Biz olary gaýtalamakçy däl-de, pikiriñ, tankydyñ dogrudygyny nygtamakçy.
Diñe J.Allakow däl, eýsem H.Tañryberdiýew-de, A.Garaýew-de, N.Hojageldiýew-de, S.Myradow-da problemalaýyn makalalar bilen çykyş etdiler. Eger Nargylyç Hojageldiýew tankytda durmuşy bilmek, durmuşy dogruçyl beýan etmek gyzyklandyrsa, Saýlaw Myradowy aýry-aýry ýazyjylaryñ döredijilik özboluşlylygy gyzyklandyrdy. Hanguly Tañryberdiýew roman žanryndaky indiwiduallyk bilen gyzyklansa, A.Garaýew poeziýadaky liriki içdökme bilen gyzyklandy. "Romanlar hakda oýlanyp" atly makalasynda H.Tañryberdiýew taryhy-rewolýusion romanlarda wakalara kowalaşyp, gahrymanyñ indiwidual häsiýetiniñ unudylýandygyny dogry belledi. "Çeper tankyt we edebi proses" atly çykyşynda N.Hojageldiýew tankyt žanrynyñ entek doly mümkinçiliginde işlemeýändigini dogry nygtady, käbir ýoldaşlaryñ bu ugurdan indi birnäçe ýyldan bäri hiç bir önüm bermeýändigini belledi. Şunuñ ýaly uly-uly işlerde, makalalarda, umuman, biziñ "sehimiziñ" ähli gurallary, senetleri ölçerilip-döküldi, seljerildi diýilse bolar.
Soñky döwürlerdr ýaş zehinli tankytçylar ösüp ýetişdiler. Men Ş.Halmuhammedowy, Ş.Gandymowy, A.Mämmedowy, O.Ýagmyrowy, S.Gurbanowy we beýlekileri nazarda tutýaryn. Bularyñ başky üçüsiniñ edebiýaty öwreniş problemalary boýunça örän gyzykly işleri aýratyn kitap bolup çykdy. Biz olary ýeke-ýekeden sanap durmakçy däl. Emma olaryñ makalalaryny, synlaryny agzaman geçmek bolmaz. Özleri-de turuwbaşdan tankydyñ aýry-aýry ugurlary bilen iş salyşýan bu ýoldaşlar käbir derejede akademiki galypdan çykmagy başardylar, tankyt žanryna mahsus erkinlik bilen pikir ýöretmegi başardylar. O.Ýagmyrow "Türkmen romanynyñ öwreniliş taryhyndan", Ş.Halmuhammedow "Däbiñ dowamy", A.Mämmedow "Harby tema bagyşlanan hekaýalar", Ş.Gandymow "Häsiýetleriñ çaknyşýan ýerinde", "Baş zerurlyk - zamanabaplyk", S.Gurbanow "Çagalar edebiýatynyñ ädimleri" diýen makalalarynda, atlaryndan görnüşi ýaly, hersi özbaşdak nyşanany saýlap aldylar. Bularyñ hemmesine mahsus iki aýratynlyk hakda-da şu ýerde aýdylsa, ýerlikli bolardy: birinjiden-ä, syn žanrynyñ çäginde pikir ýöredilip, uly problemaly makalalara mahsus zatlary orta atmaklyk duýulýar, ikinjidenem, derñeýän obýektlerinde ýazyja üns bermeklik añlanýar. Şonuñ üçin käbir halatlarda ol ýa-da beýleki awtora sypaýylyk bilen aýdylýan belliklerden dilgir bolunmasa gowy.
Biz elbetde, metbugat ýüzünde syn bilen çykyş edýän awtorlaryñ sanyny uzaldyp bilerdik. Ýa-da küt-küt kitaplary çykaran hormatly edebiýatçylaryñ işlerini-de uzyn spisoga düzüp bilerdik, olaryñ içini "gyzyl dörjügem" etmek bolardy. Gep onda däl. Gep gündelik tankyda yzygiderli seslenip durmakda. Özem akademiki planda alyp barýan işiñe görä makalalar ýazmak bilen däl. Ýok. Diñe tankydyñ öz spesifikasyna görä, tankydyñ talabyna görä seslenip, ýazyp durmagy başarmaly. Edil şol nukdaýnazardan biz hem edilýän işlere, makalalara, synlara-da nazar salmagy niýet edindik. N.Hojageldiýewiñ "Poeziýanyñ belent borjy" atly ýañyrak çykan uly makalasynda aýdyşy ýaly, döredijilikdäki yhlas hem obýektiwlik bilen ýazylan tankydy makalalar, işler hakynda pikir ýöretmegi göz öñünde tutduk. Galyberse-de, soñky geçen bäşýyllykda biziñ edebi tankydymyzyñ şu günki edebiýata ýetirýän täsirini nygtamakçy bolduk.
Şu geçen döwürdr köp žanrlardan gyzykly edebi çekişmeler hem boldy. Şolardan "Edebiýat we sungatyñ" sahypalarynda guralan "Poeziýa, şahsyýet we döwür" atly möhüm çekişmäni ýatlamak ýeterlikdir.
Käbir halatlarda birtaraplaýyn synlaryñ, içinde pikir, täzelik az edebi makalalaryñ-da çykýandygyny bellemek gerek. Pikirsiz ýa-da ozal aýdylan, ýa-da şol bir deşen ýerini tozadyp duran tankydy makalalardan daşlaşmak gerek. Diñe fakt ýa-da göräýmäge añsat bolup görünýän zatlary tutaryk edinip, abyrsyz ýerine ýetirilen işleri inkär edijilikli pozisiýadan ýazylýan synlar hakda-da oýlanmak zerur.
Käbir tankytçy ýoldaşlarymyz, dogrudan-da, soñky döwürde passiwleşdiler. Biz şu makalada olaryñ birnäçeleriniñ atlaryny tutup bilerdik, ýöne "gulak edip aýdylan sözler" olar üçin düşnükli bolsa gerek. Diñe ylmy at alanyñ bilen tankyt "hojalygynda" uzak ornaşyp bolmaýar. Ol "hojalykda" diñe mydama işlemeli, mydama galamyñ ujy ýiti bolmaly.
Ýene-de bir ýagdaý hakda ýatlamak zerurmyka diýýäris. Türkmen tankytçylarynyñ işleri heniz rus dilinde özbaşdak kitap bolup çykanok. Muña bireýýäm wagt ýetdi. Belki-de, şu meselede Ýazyjylar soýuzynyñ seksiýasynyñ tagallasy gerekdir.

Durdymuhammet NURALYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1981 ý.
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 286 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Durdymuhammet Nuralyýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 13
0
13 tankytçy   [Mowzuga geç]
Siz Öde Abdyllaýewdir Saýlaw Myradowy aýdýañyz. Häzir Öde Abdyllaýew, Abdylla Myradow ýaly güýçli tankytçylaryñ halypasy we sözüñ doly manysyndaky türkmen sowet edebi tankydynyñ kerwenbaşysy Ata Kerimowyñ kimligini bilýän ýa-da makalalaryny okan bardyram öýdemok ýaşlaryñ arasynda.

0
12 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, türkmenlerde: "Her bir seni öwýän seniň dostuň däl, her bir seni ýazgarýanam seniň duşmanyň däl" diýen köneden gelýän aýtgy bar. Tankydy öz mellegiňe atylan daş diýip kabul etmek, oňa ýalňyş düşünilmegine getirýär. Ýöne eger-de tankyt hakykatdanam tankyt bolsa. Hakykatdanam mellegiňe atylan daş däl-de, ýa-da kimdir biriniň özüniň senden akyllydygyny özüne we özgelere subut etmäge synanyşygy bolmasa.

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Onsoňam zehinli tankytçy çeper eser ýazanda nähili sagdyn eseriň emele gelýändigini Saýlaw Myradow subut eden bolsa gerek. Onuň "Saýgaklar" romany öňem, häzirem söýlüp okalýan eser.

0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
Tankyt barada aýdylmaly ýene-de bir möhüm ýagdaý. Käbir ýagdaýlarda ýazyjynyň genial eseri genial tankytça duşsa, ol okyjylar köpçüligine şol eseriň üns berilmeli taraplaryny has ýiti hem çalt açyp berýär. Elbetde Puşkin ýa-da Lermontow Belinskiýsizem beýik bolardylar, boldularam. Ýöne rus edebiýatyna olaryň ägirtligini açyp bermegiň hötdesinden gelenleriň esasysy Belinskiý bolaýmasa. Onsoňam hakyky tankydy işiň özem çeper eserden kemlär ýaly bolmaýar. Heziller edip okalýar. Belinskiýniň öz kesbine näderejede berlenligini bolsa, onuň adaty durmuşdaky hereketlerindenem bilip bolýar. Döwürdeşleriniň ýazmagyna görä Belinskiý, Lermontow "Biziň döwrümiziň gahrymanynyň" ilkinji baplaryny neşir etdirenden soň, ony görmek üçin, ol duele (ýekme-ýeke) gatnaşandygy üçin gazamatda (kazematda) otyrka ýörite onuň yzyndan zyndana barypdyr. Ýa-da Dostoýewskiýniň ilkinji eseri bolan "Garamaýak adamlar" atly powestini okamaga berenlerinde, ol dosty bilen gijäň içinde Dostoýewskiýni ýa-da Belinskiýniň özüniň aýdyşy ýaly "Täze Gogoly" görmäge barypdyr.

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tankydyñ ýiteñkirlemegine ýaşuly ýazyjylaram öwrenişiberipdir indi, käte haýsydyr bir meselä janygbrak gürrüñ etseñ "näme etjeg-ay inim özüñi yigrendirip, gaytam ugruna kowubersene" diyäýýäler... smile

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şü internedem döwürleýin metbugatyñ sahypalarynda çykmak beýlede dursun, metbugatyñ howlusyndan goýberilmejek "boşgylaryñ" örç bolup ýaýramagyna iñ uly we iñ amatly serişde boldy. Bäş-üç sany tanyş-bilişem getirýäler-de, aşagyna-da "gowy goşgy-da, gowy goşgy" diydirseler, boldy onsoñ, Magtymgulyñ Ýazguly halypanyñ dergähinden öykeläp gaydanda "Bilmezmiñ?" diýen goşgusyny ýazandaky ruhundan ýüz esse belent ruh tapýalar we özlerinden başga adam bardyram öýdenoklar, hatda özüni öz döwrüniñ Pyragysy, XXI asyryñ ikinji Kerim Gurbannepesowy diyip yorenem bar.. smile

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tankydy janlandyrmak üçin türkmen edebi tankydynyñ geçen ýoluny, tankyt boýunça edilen işleri, ýagşydan-ýaman ýazylan hemme ýazgylary bilmek, öwrenmek gerekmikä diýýän. Ynha, mysal ü.n "şundan gelejekde bir zat çykar", "şul-a gowy ýazýar" diýip ýören ýaş zehinlerimiz Öde Abdyllaýewiñ, Hanguly Tañryberdiýewiñ, Saýlaw Myradowyñ, Nargylyç Hojageldiýewiñ... edebi tankyt boýunça ýazan ylmy işlerinden, makalalaryndan birjigem habarlarynyñ ýokdugyna özûm birnäçe gezek şaýat boldum. Belinskiý, Dobrolýubow ýaly tankytçylar barada-ha agzap oturmagyñ hajaty-da ýok. Onsoñ hut şolar ýaly ýaşlar dogry tankyda düşünmeýärler, gaytam şahsy göripligi bar diyip pikir edyarler, ýek-tük okumyşragy baram bolsa, akyma görä bolup, "towugyna tok" diyilmese kem görenok.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýöne, "Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal" diýlişi ýaly, haýsydyr bir eseriň nähili bolanda kämil bolýandygy barada-da her kimiň kellesinde bir pikir bolýar. Ýöne, onda-da, eseriň kemçiligidir öýdülýän ýeri aýdylman galanyndan aýdylsa ýagşy. Düzeder ýaly. Sebäbi ýazýanam adam, özi bilip-bilmän ýalňyşmagy mümkin.

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Tankyt bolsa ilkinji nobatda, haýsydyr bir awtoryň göwnüni hoşlamak ýa-da göwnüne degip, özünden göwnüni geçirmek üçin däl-de, eseri kämilleşdirmek maksadyndan ugur almalymyka diýýärin.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýa-da tersine: "Döwüp goýber, näme ýakaňdan ýapyşjak bolup duran barmy?!" diýýän ýaly... biggrin

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Äý ýok, edil beýle-de däl. Bu saýtda goýulýan eserlere garaýyşlaryny aýtmaga gysganmaýarlar. Ýöne, biziň halkymyz dogabitdi asylly hem salyhatly bolandygy sebäpli, bir zat geplemänkä (ýazmanka) ilki bilen awtoryň göwnüne degmezlik nukdaýnazaryndan ugur alýar. "Öwüp goýber, näme jübüňden gidýärmi?!" diýen ýaly... biggrin

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Häzirki bolup ýörşümiz ýalymy... wacko

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Tankytsyz edebiýatda öňe gidişlik juda haýal bolýar.
Tankyt edil ata çalynýan gamçy ýaly.
"Ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata müň gamçy" diýlipdir.
Ýöne, tankytçy, ýazandan has köp okan, has bilimli, has syzgyr bolmalymyka diýýärin.
Ýazýan köp halatda özüniň nähili ýazandygyna düşünmeg-ä beýle-de dursun, näme ýazandygyna-da doly düşünmeýärmikä diýýärin.
Meniň pikirimçe, tankytsyz edebiýat, gözi daňylgy oglanjyk ýaly bolýar. Nirä ýörejegin-ä doly bilmeýär, barýan ugry gowulykdyr öýdübem öz-özünden göwnühoş...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]