10:09
Ak kebelek / hekaýa
AK KEBELEK

Men seniň bu gürrüňiňi gizlin bir syr ýaly kän wagtlap hiç ýerde, hiç kime aýtman gezdim, eje. Belki, şeýdip ýören bolsam gowy bordy, düşünjek bar, düşünmejek bar. Ýöne ýüregime sygmady-da ýazaýdym. Ýürekden çykan söz hökman ýürege ýeter diýibem men ilki bilen senden eşidipdim. Artdyran ýa bärden gaýdan ýerim baram bolsa, günämi ötgün.

* * *

Şu günki güne çenli bilmän ýörşümi diýsene, ýogsam şo mahallaram-a agy-garany saýgarmazça däldim.
Ýediýyllygy ýaňy gutaran uçurlarym bolmaly. Dogan-gardaş, bary fronta gitdi. Giden syrgynymyz boşap galana döndi. Bizem kakam ikimiz ataly-gyz bolup galdyk giň howluda. Ejem görgüliniň-ä suratyny getirip, şu diýip görkezselerem tanap biljek däl. Suw ýaly çagakam ýurduny täzeläp, gözümden uçup gidipdir. Agamam fronta gidensoň gelnejemi ýanymyza göçürip getirdik. Çaga-çugasy ýok, ýaşyl kürtäni ýaňy başyndan aýran gelin. Ol obadan bu oba - öz ýanymyza gelensoň, höwürli ýaly boldy. Tiz öwrenişdik.
Kakam pahyr, görüne nur ýagsyn, dilewar, hoşlabyz, gürrüňçil adamdy. Seniňem çala ýadyňa düşse düşýändir... (Meniň ýadyma düşýär, eje. Ol içmegini egnine atyp, arkasyny diwara ýaplap, müçenegi bilen sakgal-murtuna timar berip, güneşläp oturardy.).
Adam hemişe hoş söze mätäçdir. Agyr günlerde hasam. Ýagty gözinden mal-garanyň aladasyndan dynansoň, töweregimiziň adamlary - garry-gurrusy, ýaş-ýeleň - kileň kakamyň ýanyna oturmaga gelerdiler. Gowy-gowy gürrüňler edilerdi. Bizem iki-üç sany agagyzy bolup bir burçda tikin-çatyna güýmenip, diňlär oturardyk.
...Fronta giden oglanlaryň birinden öňräk erbet habar gelipdi. “Ilaman neressäniňem gelni çagasynam alyp turaýan oguşýa...” diýip, öýe gelen adamlaryň biri gep gozgady. Bu gürrüň kakama ýaramady. Uludan bir demini aldy-da, gözüni bir nokada dikip, kän oturdy. Birhaýukdan soň “Bilmedim-dä, nä wagt-nä zamana boldy. Uruş uruş bolýandyr, o ýerde baş-başa, jan-janadyr. Kimiň kimden habary bar. Diri ýiten bolmagam ahmal. Şu beladan dynylýança garaşaýmaly ekeni...” diýip, ýene dymdy.
Biraz salymdan soň ol hemişekisi ýaly süýem barmagy bilen gaşlarynyň ortasyny sürtgeläp, garaşmak parzy hakda bir üýtgeşik gürrüňi aýdyp berdi.
Kakamdygy üçin bolsa-da bilemok, ýöne gowy adam gowy adam bolýar galýar. Şolar ýaly adam gelmez ýurda gidensoňam hemişe edil ýanyňda ýaly bolar ýörer eken. Uly söze - toba-tagsyr, her sözüni gyzyla gaplaýmaly adamdy. Lap edip aýtdygym däl, oňa ilem şeý diýerdi. Ilden daş düşmäýin. Uly söze - toba-tagsyr.
Howwa, balam, kakam şo gezek şeýle hekaýaty aýdyp beripdi...
Il içinde “Bä, pylany, bu günler nirelerde otlap-suwlaýaň? Görneňok-la? Sen-ä asyl Temmim ýiten ýaly bolduň-la” diýen bir gep bardyr. Ine, şol gepiň arasynda Temmimiň aýralyk hekaýaty bardyr bilseňiz.
Öten zamanlarda Temmim atly asylzada bolanmyşyn. Onuňam görkde-görmekde, akylda-huşda taýsyz bir hoşroý aýaly bolanmyş. Iýmän-içmän ýöne ýüzüne seredip oturybermelimişin.
Bu ikisi biri-birini şeýle oňat görer eken. Göwünleri aýnadan ak. Biri beýlekisiniň göwnündäkisini gözünden okap otyrmyşyn.
Günleriň bir güni şeýtanyň ýoluny ýöredýän bet küýli bir perişde Temmimiň aýalyna aşyk bolupdyr. Ýaňky perişde bu är-aýalyň arasyna her edip-hesip edip al salmakçy bolupdyr. Emma onuň hiç pirimi başa barmandyr. Dagy alajyny tapmansoň bir gün bimahal çak daş çykan Temmimi şol perişde asmana göteripdir-de ötägidipdir. Äkidibem peti garany kese ýurtlaryň birine taşlap gaýdypdyr.
Bir gijäniň içinde Temmimiň zym-zyýat bolşuna zatdan bihabar aýaly-da, ili-güni-de haýran galypdyr. “Taňrynyň güni darydan köp”. Ýalançynyňky näme, daňyňy atyryp, günüňi ýaşyryp, şol ömrüňden gädip oturmakdyr-da. Aý geçýär, ýyl geçýär, emma Temmimden gördüm-bildim diýen adam tapylmaýar.
Ara esli wagt düşenden soň, hälki perişde bir nazarkerde adamyň sypatyna girip, bu aýala söz aýdýar. Temmimiň aýalam adamsynyň ýitendigini, oňa garaşjakdygyny aýdyp, ýaňkynyň habaryny alman gaýtarýar. Soň ol ýene gelýär, ýene kowulýar. Garaz, perişde gelip razy edip aljak bolýarmyşyn, o-da gaýtarýarmyşyn. Iller öldi hasap etse-de, aýaly biçäre ärine garaşyp, umytda gezipdir.
Şeýdip ýedi ýyl geçenden soň bu oba abdal jindesini geýen bir diwana gelipdir. Saç-sakgal basan şol galandaram gel-gel Temmim bolup çykypdyr. Şondan soň il arasynda ýaryndan aýra düşene, diri ýiten adama ýedi ýyl garaşmak dessur bolup galanmyş.
“Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar” diýen sözem şol wepadar aýalyň agzyndan çykan sözmüş.
Kakamyň şu gürrüňinden soň hiç zat bolmaz, iň bolmanda diri ýitip, ahyry bir gün gaýdyp geler diýen pikir göwnümde öý etdi. Şu pikir hiç küýümden gitmedi. Göwün diýen nä, seniň aýdanyňa-goýanyňa gulak goýýarmy näme?! Muňa-da şükür edip gezibermekden başga alaç tapmadyrm.
Aý geçdi, gün geçdi. Uruş gutardy. Indi geler, şindi geler, he-eý, geler ýerde gelmedi. Biz garaşdyk, biz bilen bile ilem garaşdy, gelmedi, gözümiz ýolda galdy. Kakam görgüli syr bildirenok, gelnejem welin çyrasy öçen öýe döndi. Gün-günden saralyp-solup, öçügsilenip barýar, zagpyran ýaly.
Bir gije men üýtgeşik düýş görüpdirin. Düýşümde görsem ellerim baldajyklary açylan-u-açylmadyk gyzyl-gyzyl gunçaly gül bolup gögerip otyr. Men ony gujagymdaky dessegüldür öýdüp, niçezar aýyl-saýyl etjek bolýan welin, bolanok. Hut ellerim gül-gunça bolup, nowçalap otyr. Birdenem bir ýerlerden bir ak kebelek ganat ýaýyp, oýnap geldi-de, elime - gülüň üstüne gondy. Şol gonuşy ýalam doňdy-da galdy...
Gyzlar bilen ýorjak bolduk. Hersi bir zat diýdi. Garaz agamdam bir nyşan bolaýmasyn diýip, men muny kakama gürrüň berdim. “Gowy düýş görüpsiň, balam” diýip, başymy sypady görgüli. “Gowy düýşi oňa-muňa aýdyp ýörmeli däldir, gyzym. Jan diýen adamyňa-da aýtmajak bolgun. Hergiz-hergiz unudaýmagyn, gulagyňda galsyn. Özüň oňatlyga ýorup, garaşybermelidir, ýorsam gadyryny gaçyrarsyň. Hoş hyýaldyr, ürker gider... Ak kebelek - ak hatdyr. Agaňdan habar geljekdir, gyzym” diýip, soňundan pendi-nesihat etdi.
Üç günden soň gelnejemi kakasy bilen agasy öz öýlerine göçürip alyp gitdi. “Ejesi ýaranok, bu öýde garaşdy näme, ol öýde garaşdy näme. Tapawudy ýok” diýip, sypaýyçylygam eden boldular. Meniň welin içimden ýüregim sogrulan ýaly boldy. Aglaý-aglaý gitdi. Menem delmuryp galdym yzynda, dilim agzymda gurady.
Şol günüň ertesi onsoň, hemişeki ýaly syrçaly bedrämi süýtden dolduryp, daň bilen süýt satmaga gitdim. Gaýdyşyn görsem, derwezämiziň ýanynda goşa ganat ýaly bolup ak bir zat ýatyr. Edil şol düýşümdäki ak kebelek ýaly. Ylgap baryp, haýran galyp ýerden göterdim. Ak şahadatnama. Içinde agamyň suraty bar. Bir saýrak guş tutan ýaly bolup kakamyň ýanyna bardym.
“...Kaka, ynha, ak kebelek uçup gelipdir”. “Men aýtmadymmy saňa, ak hat geler diýip”. “Kaka, bu nirelerden, nädip geldikä?” “Samolýotdan bäş gezek böküp gördük” diýip ýazmanmydy näme, gyzym. Samolýot sürýändir, gyssagly bir ýana uçup geçip gidendir. Meniň bardygymy bir bilsinler diýip, şuny oklandyr... Aglama, balam, aglama... Bar, hany, muny ýygşyrypjyk goý. Gelse sorar ahyryn. Aýyp bor-a...”
Ataly-gyz bolup şuňa şeýle bir ynandyk. Men-ä soň-soň hakyt samolýotyň tarlap geçenini, ak şahadatnamanyň ak kebelek ýaly bolup gaýyp gaýdanyny hut gözüm bilen gören ýaly boldum ýördüm. Soň-soňlaram somolýot geçse, gürrüldisini eşitdigimiz belendräk ýere çykyp, onuň garasy ýitýänçä yzyndan sereder galardyk.
Ynha-da, balam, arada şu zatlary ýatlap, böwrümi diňläp otyrdym welin, öz-özüme haýran galdym. Umydygärligiň, didara zarlygyň etdirýän oýny eken asyl. Ynanasymam gelenok welin, nätjek...
Şol gün gelnejemi göçürip äkiden günleri ahyryn. Gumak köçede pyrgunyň yzy. Edil aýnada görýän ýaly, görüp durun.
Ak şahadatnama derwezämiziň ýanynda, goş-golamlaryň içinden gaçyp galypdyr...

Ahmet HALMYRAT.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 248 | Добавил: Gurban | Теги: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]