09:49
Gerekli biderek / hekaýa
…Ony, lakamy “Gerekli” bolsa-da, biderek adam hasaplaýarlar…
Il-gün synçy bolýar.
Dana bolýar.
Şol bir wagtda-da, şondan kelpeňi gündiz çyraly gözleseňem tapmarsyň.
Soganyň gabygy ýaly, daşyňy gat-gat et-de, näçe gizlenseň gizleniber.
Gün geçer, aý öter, günlerde bir gün, aňrybaşy danalyk bilen-ä özeniňi ýorar. Aňrybaşy kelpeňlik bilenem lakamlaryň iň bir bolgusyzyny ýelmäp goýberer.
Munuňkam şeýle boldy.
Oňa-da özi günäkär.
Ýogsa, ep-esli ýaşa ýetýänçä, kän bir iliň gözüne ilmänräk lakamsyz gezdi. Ýöne, belli bir ýaşa ýetenden soň, akyly goýaldymy ýa uýadymy, bellisi ýok. Özi aňşyryp ýa-da aňşyrman, täze bir, iliňkiden üýtgeşik hüý-häsiýet tapyndy oturyberdi.
Çyndanmy-oýundanmy, gep onda däl, heniz-henizlerem obanyň dessury şeýle, ýolda-yzda kim sataşsa, birew-birewe salam berilýär. Muňa-da irden işe ugranda ýaşkiçiler salam berýärler:
-Salawmaleýkim, Pylan aga!
Adatça: “Waleýkim! Saglykly inim?” diýlip, geçilip gidiliberýändir welin, soňky döwürler, ha salam berilsin, ha başga gep gatylsyn, munuň kellesinde derrew “Maýkrosoft Eksel” programmasyna çalymdaş, ýöne ondan birnäçe esse çalt we güýçli, programmapisint sowally-jogaply bir zat işläp başlaýar…
“Salam berdiler” diýip, ol programma daşky dünýäniň özi bilen gatnaşyga giren hadysasyny kesgitleýär. Bada-badam onuň aňy, özüne galtaşan hadysany hemmetaraplaýyn seljermäge girişýär-de, beýnisinde göz açyp-ýumasy salym dowam edýän sorag-jogap alyş-çalşygy başlaýar.
Sorag: Kim bu?
Jogap: Ilerki köçeli Nunna gyşygyň ortanjy ogly.
Sorag: Salamyny almak gerekmi?
Jogap: Nunnaň öz-ä bir entäp ýören sürüji. Derkaryňa ýarajak ýeri ýok. Ýöne oba arasynda bu oglanyň daýysy “bir gowy ýerlerd-ä işleýämiş” diýen myş-myş bar. Ilçilikdir. Bilip bolmaz. “At basman diýen ýerine müň basar”. Ahyry bir gün gerek ýeri bolmagy ähtimal…
Onuň ýüzi ýagtylýar.
Ýylgyrýar.
Mähir bilen baş atýar.
-Waleýkim essalam, köşek! Nähili, öý-içeriler ýagşymy?! Ejeň-kakaň taplary gowumy?! Daýyňam aman-esen işläp ýörmi?! Hä, bolýar-bolýar, gowy bolsalar, bolýar. Daýyňa salam aýt, köşek!-diýip, barypýatan mylakatlylyk bilen hal-ahwal soraşyp, özüne salam bereniň deňesinden ötýär. Geçip giden dessine-de, ýüz-keşbi ýene öňki biparh kaddyna gaýdyp gelýär.
Soň onuň işe barýan ýolunda, ýene-de biri gabat gelýär. Bu gezek ýaşkiçi däl-de, deň-duşragy.
-Nähili-how, gardaş? Barmysyň-how?!-diýip ýoldan ep-esli daşlykdaky melleginde, jalbaryny dyzyna çyzgap, mekgejöwene suw tutup ýören çalsaç pyýada, göwnaçyklyk bilen zowladýar.
Ýene-de beýnisindäki programma herekete girýär.
Sorag: Kim bu?
Jogap: Synpdaşyň Mämili.
Sorag: Gerek ýeri barmy?!
…Jygg-jykk…Soňky sorag nätakyk goýuldy. Soragyň takyklamasy…
Sorag: Gerek ýeri bolarmy?
Jogap: Nirden bolsun?! Ol zordan gününi aýlap ýören, emelsize ýagy ne hajatyň biri. Artygrak ýüz berseň, gaýta özüňden karz diläp başlamagy ähtimal.
…Sesini çykarman, islemezlik bilen elini galdyrýar-da, çala baş atyp, onuň deňesinden ötýär.
Ýolugra ejesiniň elinden tutup, jompuldap barýan iki-üç ýaşlyja gotdaja oglanjyk, peltekläp salam berýär:
-Salowmakim!
Olara tarap äňedýär.
Gelin ýaşmagyny düzedýär.
Oglanjyk ýylgyrýar.
Programma herekete girýär.
Sorag: Kim bu?
Jogap: Diňe işjeň hakydaň gorunda saklanýan maglumatlaryň esasynda şahsyýetini gönüden-göni anyklamak mümkin däl.
Sargyt: Uzakmöhletleýin hakydaň gorundaky maglumatlardan peýdalanmaly. Seljerilýän obýektiň häsiýetli alamatlarynyň umumylaşdyrmasyny geçirmeli. Geçirilen seljermäniň netijesine görä, öwrenilýän obýektiň şahsyýetiniň deňeşdirme meňzetmesiniň göterim gatnaşygyndaky anyklamasyny bermeli.
Habar: Sargyt kabul edildi…
…Jygg-jykk…jygg-jykk…jygg-jykk…
Habar: Sargyt ýerine ýetirildi.
Sorag: Kim bu?
Jogap: Bu gelniň Orazgeldi firmajyň körpe gelnidigi 85 göterim bolup durýar. Diýmek, oglanjygam onuň agtygy bolmagy gaty ähtimal.
Sorag: Salamyny almak gerekmi?
Jogap: Orazgeldi pully adam. “At basman diýen ýerine müň basar”. Kim bilýär, belki durmuşyň çarkandakly öwrümleriniň birinde karzyna pul sorap barmaly bolar.
Ol mähir bilen ýylgyrýar.
Ýanlaryna ýakynlaýar-da, moýmudyklap barýan pyýadanyň garaja galpaklaryndan sypaýar. Dil ýaranda-da sesinden şireläp bal akýar:
-Hä, waleýkim essalam, körpejik! Tüweleme, gelin, bujagaz-a agyn atasyna meňzäpjik dur. Edil bir almany ikä bölen ýaly ekeni. Özem edil ýöne kinniwanja bir pälwanjygyň bar-da. Nesip bolsa, ile meşhur pälwan bolubam ýetişer. Sebäbi Orazgeldi aganyň neberesi elmydama-da adam çykýan ýer-dä! Eý batyrjyk, ataňa gyzgyn salam aýtgynyň!
Ýaşmak astyndan ýylgyryp, her bir sözüne baş atýan gelne hem-de oglanjyga ýene-de bir topar mylaýymdan-ýakymly sözleri diýişdirýär-de, deňelerinden ozup geçýär.
Ýene-de ýolda ençeme adamlar bilen salam-helik alyşmaly bolýar.
Her gezegem beýnisindäki programma örän saz işleýär.
Sorag…
Jogap…
Netije…
Netijä görä-de hereket…
Şol sebäpli-de, ilki bir adamlar, onuň her gezek özüne lak atylanda, näme üçindir sähel salymlyk oýurganyp durýandygyna kän bir pitiwa etmeseler-de, soň köpçülige mahsus synçylyk bilen, “moh-mohuň” “juk-jukly” ýerini gaty bahym ýordular. Ýoranlary bärem…
…Ony, lakamy “Gerekli” bolsa-da, biderek adam hasaplaýarlar…
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 271 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Heniz-henizlerem obanyň dessury şeýle, ýolda-yzda kim sataşsa, birew-birewe salam berilýär"... shades

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ironiýa...)

0
1 НаS   [Mowzuga geç]
Sarkazm.. )

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: