19:05
Ol adatdan daşary güýçli adam bolupdy
OL ADATDAN DAŞARY GÜÝÇLI ADAM BOLUPDY

Sebäbi arkasynda Stalin bardy...

Sergo Ambarsumýan bir wagtda 22 adamy ellerinde göteripdir. Emma 40 ýaşynda berbat bolan saglygy bilen hünärsiz galyp, sosial basgançagyñ iñ eteginde galypdy...

Ştangacy Iosef Manger Gitler tarapyndan halanýan adam bolupdyr. Ol agyr agramda dünýä rekordyny goýup, Ýeriñ iñ güýçli adamy diýen ady alypdy. Fýureriñ pikirine görä, munuñ özi "ýokary jynsyñ" beýlekilerden artyklygynyñ ýene bir subutnamasydy.
Bu fakty Sowetlerde "ähli halklaryň atasynyñ" jogapsyz galdyryp bilmejekdigi tebigydy. Staliniñ tabşyrygy boýunça bütin ýurtda Gitleriñ halaýan kişisiniñ beýle derejesini elinden gañryp alyp biljek adamyñ gözlegine çykylypdyr. Heniz ýeterlik meşhur bolmadyk, ýöne geljegi bolan ýerewanly ştangaçy Sergo Ambarsumýan saýlanyp alynýar. Onh derrew Kremle getirýärler.
"Faşist iñ güýçli bolup bilmez. Ony ýeñmelidir. Sergo... Sen başararmyñ?" diyip, serdar soraýar. Elbetde, Sergo jogapkärli ýumşy ýerine ýetirmegi wada berýär. Ýöne wada bermek başga, ony ýerine ýetirmek başga. Mangeriñ rekordy ştanga götermegiñ üç görnüşinde 425 kilogramdy. Munuñ özi ol ýyllar üçin fantastiki netijedi. Onsoñ-da, Ambarsumýan uly hasapda professional sportsmen däldi. Ol tebigat tarapyndan berlen üýtgeşik güýçli adamdy, beýle güýç oň ejesinden ýetipdi.
Sergo Ambarsumýanyñ 1910-njy ýylda doglan Bist obasynda onuñ Uly Sofýa diýlup atlandyrylýan ejesi şeksiz abraýdan peýdalanypdyr. Gürrüñ bermeklerine görä, bir sapar goñşularynyñ sygry olaryñ howlusyna girip, ähli hasyly depeläpdir. Öte gahary gelen Uly Sofýa ýañky sygryñ mañlaýyna bir ýumruklapdyr welin, janawer dem-düýtsüz ýere ýykylypdyr. Şeýle aýalyñ görülip-eşidilmedik ogly dogurmagy geñ däl: agramy 7 kg 200 gram. Tüýs pälwan!

Ol tötänleýin sportsmen bolýar. Sergo Içeri işler halk komissariatynda mehanik bolup işleýän eken. Bir gezek ýük maşynynyn ("полуторка") ýeli çykan tigirlerini çalşyrmak üçin ony ýerden götergilejek bolup, ýedi-sekiz adamyñ heläk bolup duranyny görýär. Ambarsumýan olaryñ hemmesiniñ gaýra çekilmegini haýyş edip, ýeke özi maşynyñ bir tarapyny emgenmän göterýär. Bu ýagdaýy respublikanyñ IIHK-nyñ başlygy äpişgeden görüpdir. "Meniñ ýanyma çagyryñ" diýip, derrew buýruk beripdir.
Şeýdibem, Ambarsumýan ştangaçy bolýar. Eýýäm 1933-nji ýylda SSSR-iñ çempiony bolmagy başarýar. 1934-1935-nji ýyllarda şeýle netijelee bilen agyr agramda absolýut çempioj hem we rekordsmen bolýar. Ýöne SSSR-iñ çempiony bolmak bir başga, Mangeriñ rekordyndan üstün çykmak bir başga.

"Sergo aýratyn stipendiýa bellediler - diýip, Tatýana Lýubeskaýa özüniñ "Triupfator" diýen kitabynda ýazýar - Ondan hem başga, Ýerewanda onuñ "açyk sýoty" bardy. Ol islän naharhanasyna, restoranyna baryp, halan zadyny isledigiçe iýip-içip, tölemegiñ deregine gol çekip gidibermelidi. Onda-da açyk sçýot diñe bir iýmit babatynda däldi. Kinolarda, teatrlarda onuñ üçin mydama iki orun belläp goýardylar. Ulagsyz mahalynda ol islän ýerinde goluny galdyryp, awtobuslary ýa tramwaýy saklap bilerdi..."

Bir söz bilen aýdylanda, Mangeri abraýdan düşürmegiñ ýoluna hemme zat goýulypdy. Eger-de, Sergo özüniñ ýoldaş Staline beren wadasynda tapylmasa, Ambarsumýanyñ, onuñ treneriniñ, olary goldaýan komandadan birnäçe adamyñ nähili ýagdaýa düşjekdigini çaklamak kyn däldi. Ýöne 1938-nji ýylyñ 30-njy dekabrynda, Goşun filarmoniýasynyñ kiçi zalyna halkyñ köp üýşen mahaly Sergo Ambarsumýan ýeñiş getiren kilogramlary howa göterýär. Şonda ähli gazetler: "Klassyky üç görnüşde 433,5 kg göteril, ol nemes agyr atletikaçysy Mangeriñ rekordyndan 8,5 kg artdyrdy we planetanyñ iñ güýçli adamy boldy. Buržuaz atletigiñ rekordy syndy" diýip ýazypdylar. Sergonyñ şöhraty artýardy. Ýurduñ iñ tanymal adamlarynyñ 900 sanysynyñ çagyrylyp, Kremlde guralan banketde Staliniñ Ambarsumýany tamada diýip yglan etmegini onuñ dabaraly ýörişiniñ, ähtimal, çür depesi hasaplamak bolar. Ertesi irden myhmana dolanyl gelende Sergo aýalyna: "Indi ölseñem boljak. Men Staliniñkide tamada boldum" diýipdir.
Emma Ginnesiñ rekordlar kitabynda Sergo Ambarsumýanyñ ady düýbünden başga sebäbe görä ýatlanylýar. Bedenterbiýeçileriñ gözden geçirilişleriniñ birinde ol uzadylan ellerinde göterip, Gyzyl meýdança iki sany futbol komandasyny getiripdir. Iki tarapynda içi boş şar bolan  ýörite ştanga ýasalypdyr. Ol şarlaryñ her birine oglanjyklaryñ 11 sanysyny ýerleşdiripdirler. Olar "Ähli bedenterbiýeçileriñ oñat dostunyñ" gözüniñ alnynda şarlardan çykyşyp, derwezeler gurap, mini oýun oýnapdyrlar. Soñ ýene şarlara giripdirler. Ambarsumýan bolsa olary ştanga bilen göterip meýdançadan äkidipdir.
Serdaryny gowy gören Sergosy 40 ýaşyna çenli ştanga götermeli bolýar. 29 ýaşynda Mangeriñ rekordyny ýeñenden soñ, ol sportdan gitmek isleýär, instututa girip, hünär almakçy bolýar. Ýöne oña bu zatlary düýpgöter gadagan edýärler, "Seniñ işiñ ştanga götermek" diýip, çürt-kesik aýdýarlar. Sportsmen üçin ulalyşan ýaşda ol Gyzyl meýdançada ýene bir rekord goýmagy Staline wada berýär. Emma agyrlygy kellesinden ýokarda saklap bilmeýär. Şol günüñ özünde ony ähli ýeñilliklerden mahrum edýärler.
Sergo Iskandarowiçiñ 4 çagasy - üç gyzy, bir ogly bolupdyr. Haçan-da, yzly-yzyna iki gyzlary bolanda, onda: "Oglumyz dünýä inip, ony çaga dogrulýan öýde gyzjagaz bilen çalşyrýan bolaýmasynlar" diýen şübhe döreýär. Üçünji gezek çagany öýde dogurmaga aýalyny yrypdyr, hakykatdan hem, ogullary bolupdyr...  Bolsa-da, Ýeriñ iñ güýçli adamy tragikomiki bolgusyzlygyñ netijesinde tasdan nesilsiz galypdy.  Bu waka 1936-njy ýylda Moskwada bolupdyr. Ýurduñ çempionatynyñ öñ ýanyndaky türgenleşik wagtynsa ol gasyn myşsasyny darazydypdyr. Kwars lampasy bilen gyzdyrmak arkaly bejermek bellenilipdir. Ol myhmanhanadaky nomerinde özüni yhlaa bilen bejeripdir. Emma seanslaryñ birinde irkilip lampany gaçyrypdyr. "Tiz kömegiñ" keselhanadaky hirurg ýanan ýere seredip, kellesini gynançly ýaýkapdyr-da, kesip aýyrmaly diýip karara gelipdir. Äpet adam aglapdyr, agyrysyna hötde gelip, telefona elini ýetirip, Ýagoda jañ edipdir. (Onuñ "Dinamonyñ" abraýyny goraýandygyny unutmalyñ). OGPU-nyñ şefi derrew öz maşynyny ýollaýar, näsagy ýörite keselhana getirýärler. Ol ýerde Ambarsumýany tyg degirmän bejeripdirler...
Ambarsumýan 40 ýaşynda zaýalanan saglygy bilen işsiz, hünärsiz galýar. Başda ýük daşaýan taksiniñ, soñ ýeñil taksiniñ sürüjisi bolup işleýär. Günleriñ birinde onuñ taksisine daşary ýurtlular münmedik bolsalar, ýene näçe wagtlap rul aýlajagy belli däldi. Dag ýaly adamyñ keşbi olaryñ ünsüni derrew özüne çekýär. Dilmajyñ üsti bilen özlerini alyp barýanyñ Ambarsumýandygyny bilenlerinde geñ galýarlar.
Bir aýdan soñ Ermenistan Kompartiýasynyñ MK-nyñ birinji sekretarynyñ adyna daşary ýurtdan hat gelipdir. "Siz öz gazetleriñizdw kapitalistik döwletlerde sporty taşlan tanymal sportsmenler açlyga sezewar bolýarlar diýip ýazýañyz. Siziñ meşhur Ambarsumýanyñyz bolsa bolsa taksiçilik edýär" diýlip hatda aýdylypdyr.
Ertesi güni Ambarsumýany buýruk bilen "Masis" atly kiçijik restorana direktor edip belläpdirler. Ol özüniñ soñky gününe çenli şol ýerde-de işläpdir.
Ugursyz gürrüñleriñ birine görä, agyr agramly sportsmenleriñ direktor bellenen restoranyñ kollektiwi sanlyja günden howsalaly hat bilen partiýanyñ şäher komitetine ýüzlenipdir. Aşpezler günde 40-a golaý porsiýa çişligi ýuwudýan täze direktory ekläp bilmejekdigi üçin oda-köze düşüpdirler.
Emma çempionyñ dul aýaly Tamara Owanesowa bu "myşy": "Meniñ ärim doýmaz-dolmaz däl-de, nahary dandaýan adamdy" diýip, inkär edýär.
Ýeriñ iñ güýçli adamy Sergo Ambarsumýanyñ, ine, şeýle durmuşy bolupdyr. Ol özüniñ dabaraly ýeñişli günleriniñ birinde Kremlde kabul edişlikde:
- Sowet sportsmenleriniñ arasynda men, mümkin, iñ bagtlysydyryn - diýipdir...

Wardan ALOÝAN.
# "Комсомольская правда" gazeti.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 287 | Добавил: Нawеran | Теги: Wardan Aloýan | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]