12:52
Diriler we ölüler
DIRILER WE ÖLÜLER

Allaberdi Geldiýewiñ ýadygärligine

Ömür dek nurana zat bolup bilmez,
Bolup bilmez ölüm ýaly gara zat.
Gözel-gözel adamlaryñ näçesin
Alyp gitdi ajal atly harasat.

Ýyllar geçÿär, asyr geçýär aradan.
Mazarlar kemelýär, guburlar ýitÿär.
Başa iş düşende, kyn pursatlarda
Diriler olaryñ atlaryn tutýar;

«Ah, pylanyñ indi bilýän gadyryn».
«Ah, pylany häzir bolsady diri...»
...Kimler dirilikde peselip barýar,
Ölüp, öñküdenem beýgelýär biri...

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 267 | Добавил: Ayhan | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]