22:10
Dünýäniñ iñ meşhur ýalançylary
DÜNÝÄNIÑ IÑ MEŞHUR ÝALANÇYLARY

"Ýalançynyñ bolmaz anty-imany..."
Magtymguly Pyragy.


■ Kristof DAUM

Meşhur nemes futbolçysy we tälimçi Kristof Daum kokain ulanmaýandygyny aýdyp birnäçe gezek beýannamalar beripdi. Emma geçirilen barlaglar munuñ dogry däldigini ýüze çykardy.

■ Bill KLINTON

ABŞ-nyñ öñki Prezidenti Bill Klinton 1998-nji ýylda öz sekretary Monika Lewinskaýa bilen ýakyn gatnaşykda bolmandygyny aýdypdy. Emma ol soñra ýalan sözländigini we Monika bilen "gezendigini" boýnuna aldy.

■ Pinokkio

Karlo Kollodiniñ ertekileriniñ meşhur gahrymany Pinokkio her ýalan sözlände burny bir gez uzaýarmyş. Şonuñ üçin Pinokkio ýalançylygyñ nyşanyna öwrüldi.

■ Walter ULBRIHT

Germaniýanyñ Sosialist partiýasynyñ başlygy Water Ulbriht Berlin diwary çekilmezden iki aý öñ "Hiç kimiñ Berlinde diwar çekmek ýaly niýeti" ýok diýipdi...

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 380 | Добавил: НаS | Рейтинг: 4.6/5
Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Syýasy we täjirçilik mahabat rolikleri bary-ýogy 30 sekunt dowam edýär, ýöne syýasy roliklerde bu wagtyň dowamynda has köp ýalan sözlemäge ýetişýärler".

Çeşmesi: https://zasmeshi.ru/aphorism/category/132/politics-deputies.html. 30.11.2020ý.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: