15:27
Aýralyk / hekaýa
AÝRALYK

Adam bar yerinde derdu-bela bar. Bilmedik, nirden ýolukdy, sargaryp-solup barýar oglum. Alaç ýok, keselhana ýerleşdirmeli. Onda-da aýak bitip, yañy zybana gelen çaganyñ ýeke özüni. Görseň, bir tutulan guşuñ bar-da! Yogsam başga-da çaga bar welin...
Ýanynda boldum, ta iñrik garalyp, agşam sowugy düşýänçä. Soñam aldap-ogşap, oyunjaklaryñy getirjek diÿip, otagdan çykdym. Jayyñ arka ýüzünden gelip, penjireden ogrynça yşykladym. Dört tarapy-da ýapylgy kiçijik krowatda gözüni tegelâp otyr. Garaşýar. Nazary syrkaw çagasyny naharlap duran gelinde, küÿi başga ýanda... «Aý, gaýdaýyn indi. Haçanky ôýden çykyşym, işe-de baryp bilmedim. Ýadapdyrynam, ôýe bir aşsam...».
Içimi gepledip, küylenip gaýtdym. Haý, gardaş, belanyñ körügi şu bolgusyz pikirleriñde dälmi näme? Eý diydiñ - beÿ diydiñ, honha, aldadyñ gaýtdyñ çagany. Ÿedi yadyñ içinde syrkaw halyna gözüni ÿoluňa dikip oturandyr. Öldür, boÿun almarsyñ, yöne ozüñi ayayañ... Dagy nädeÿin, elimden gelenini-hä etdim diyjeksiñ. Ÿok! Jan eden bolsañ, şol çaga üçin ÿene-de bir zat - bir zatlar edibilerdiñ ahyryn. Sen ozüñi gaÿgy edyañ, menem adam ahyryn diyyarsiñ. Ozüñden ozüñi halas etmeli! Nädip? Nädip?.. Başga alajyñ ÿok, şonuñ üçinem yene ozüñi ozüñe kömege çagyrmaly...
Adamyñ ÿalansyz geçÿân güni barmyka? Ÿogsam hemme kişem biläyjek ÿaly: ÿalan sözläp, diñe ÿalançy bolup bolÿar ahyryn. Ertesi irden dañ bilen gaydayman?! Pikirlenip göryän welin, şol biderek zatlar-da: ol boldy, bul boldy. Garaz, gijä galdym, Gün Asmanda. Keselhananyñ howlusynyñ tukatdygyny?! Agaçlary dagam hassa ÿaly...
Ony daşaryk kim çykardyka? Ÿeke ôzi bir gyrada ÿapraklary zyñyp gapÿan oÿunçy pişijegi synlap dur. Meni görenok entek. Aglap-aglap diñendigi gümansyz. Meñzi zagpyran ÿaly. Töwerekde bardygymy syzdymy, nämemi, bärsine bakdy birden. Birhili, tutuş ruhy bilen özgerip, maña añkaryldy. Elindäki kökesi dury suwuñ düÿbüne çôkÿân ÿaly, emaÿ bilen ÿere düşdi... Kâkilleri halka-halka. Kirpikleri san berip dur.
- Dä-de!.. Ylgady. Uzakdan, göm-gök dumanyñ içinden bir ýerlerden ellerini gerip uçup gelýâr... Ýüzüp gelÿâr. Dünÿâmiz garyşdy. Men-ä ol, olam - men. Göwün - derÿa, gark urup, içim-içime syganok. Ÿanyma ÿetiberende men ony gujaklap, hopba etmek üçin dyzyma çôkdüm welin, edil şol wagt sakga duraÿdy. Birdenem, erbet aglady. Men ony gursagyma gysyp, diñdirip bilmedim wagty bilen. Oglum juda nerme-näzik däl. Kôşeşdi. Boÿnumdan gujaklap, eñejigini omzuma dirâpdir. Ses-üÿn ÿok...
Meniñ birden içim gysyp başlady. Nämedigini bilemok, ÿône hiç mahal gaÿdyp gelmejek bir zadyñ özümden daşlaşyp gidip barÿandygyny çala añşyrýaryn..

Ahmet HALMYRAT.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 309 | Добавил: Nurdan | Теги: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 3.5/4
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]