10:28
Kagyz şäherjigi

KAGYZ ŞÄHERJIGI
    
Bular ýaly şäherjigiň haçan we kim tarapyndan döredilendigini anyk aýtmak çetin. Sebäbi onuň ýaşaýjylaram beýle täsin şäheriň haçan peýda bolandygyny bilmeýärler, hatda şäheriň örän geň şäherdigine-de düşünmeýärler. Olaryň bar bilýän zady — bu şäheriň häkimi maşgalasyz, ýalňyz suratkeş bolmaly. Hiç kim henize çenli onuň ýüzüni görmek hukugyna eýe bolup bilmändir. Ol şäheri etekläp oturan dagyň aýagujunda ýerleşýän bir otagly pessejik jaýda ýaşaýarmyş. Jaýyň diňe bir otagdan ybaratdygy baradaky çaklamalaryny ogryn-dogryn suratkeş hakynda nähilidir bir maglumat bilmäge çalşan aňtawçy toparlary otagyň başga hiç bir ýerinde çyranyň ýanmaýandygy bilen düşündirýärler. Gynansagam, olara otag we onuň eýesi barada şondan başga maglumatlary almak başartmanmyş. Aňtawçylar pessejik jaýa golaýlaşan badyna haýsydyr bir jadyly güýç olary yzyna — şähere tarap itekleýärmiş.
 — Meniň şol suratkeş hakda bilmäge çalşan gezegim-ä, güýçli ýel turupdy — diýip, ýüzündäki ýygyrtlary zerarly hasam yzgytsyz görünýän bir ýaşuly bize soňundan, has dogrusy, şäheriň täsinliginiň sebäbini aýan edenimizden soň gürrüň berer. Şäheriň täsinligi welin, ine, şunda: haýsy yklymdadygy-ha belli däl, ýöne şol şäheriň dört tarapyny hem suw gurşaýar. Şäheriň ýaşaýjylary hiç haçan şol suwuň aňyrsynda nämeleriň bardygyny görüp bilmeýärler. Olar dört tarapyny gurşap, tolkunyp ýatan suwa umman diýjeklerinem bilenoklar, diýmejeklerinem. Gözýetime uzalyp gidişi taýdan ol ummana meňzese-de, dört tarapynam umman gurşap alan şäher ýer ýüzünde ýok ahyryn.
 — Bular ýaly şäher kartada ýok, bu şäheriň bolmagy akyla sygjak zat däl — diýip, eli we aýagy bolan, dörtburçluga meňzäp duran ýognas adam ýumurtga ýaly tekiz kellesini sypap gaýtalaýar. Ýöne şäheriň ýaşaýjylary bu gürrüňe känbir ähmiýetem berenoklar. Sebäbi dört tarapynam suw gurşap duran şäheri almanyňda-da, olaryň durmuşynda täsinlik az däl. Şäheriň ýerleşişi-hä, hälki bir «Durnaň üstüne urna» diýleni ýaly bir zat. Bu şäheri beýleki şäherlerden iň tapawutlandyrýan zat — onuň ýaşaýjylarynyň hemmesiniň kagyzdan ýasalan bolmagy. Eliň aýasy ýaly ululykdaky kagyzjyklaryň ýüzüne dürli galam bilen her kimiň şekili çekilen. Öňki durmuşynda bu kagyz şekiljikleri hakyky adamlar bolupdyrlar, hakyky adamlar ýaly doglupdyrlar, ýaşapdyrlar, ýöne haýsydyr bir näbelli güýjüň täsiri bilen ömürleriniň bir pursadynda kagyza öwrülipdirlerde, şol täsin kagyz şäherjigine düşmäge başlapdyrlar. Özlerem hersi belli bir wagtda däl-de, aýry-aýry wagtlarda, aýdaly, inçejik billi, süzük gözli, eli örän naşyja çekilen gyz ýigrimi sekiz ýaşynda, uzyn boýly, agajet, kümüşsöw saç adam özüniň nygtaýşy ýaly, otuz üç ýaşynda (ýöne hemmeler ony altmyş ýaşyndadyr öýdýär) şol şähere düşüpdir. Olar haçan kagyza öwrülen bolsalar, edil şol hili görnüşde-de kagyz şäherjiginiň ýaşaýjylaryna öwrülipdirler. Suratkeş olaryň hemmesini şeýlebir anyk görnüşde çekýän ekeni welin, olar ilkibada özleriniň kagyza öwrülendiklerini saýgarmandyrlaram. Kagyz şekiljigine öwrülen adamlar öňki durmuşy hakda hiç zady bilmändirler. Bu şähere düşen batlaryna haýran galaýmaly ýagdaýda ähli maglumatlary, hatda atdyr familiýalaryny hem ýatdan çykarýan ekenler. Şol sebäpli olar kimiň-kimdigini diňe daşky sypatyna seredip bilmeli bolupdyrlar. Olar ýukajyk kagyzyň ýüzüne çekilen şekiljikler bolany sebäpli, ýel turaýsa ýa-da harasat gopaýsa, edil güýz ýapraklary ýaly titräp, şemalyň ugruna uçup gidýän ekeni. Käbirleri uçup-uçup, şäheriň daşyny alan ummana-da düşüpdir. Şolar ýaly ýagdaýda beýleki kagyz şekiljikleri: «Ýene birimiz azaldy» diýip, gussa bilen dem alypdyrlar. Kagyz şekiljikleri ýagyşdyr garyň ýagmagyndanam örän heder edýärler, ýöne olaryň bagtyna bu örän seýrek bolýan hadysa. Iň soňky gezek olaryň şäherinde ýagyş, üfleseň ýykyljak bolup duran, saç-sakgaly ösüp giden görnüşde çekilen bir horajyk garryny derwüş ýa jadygöýdür öýdüp, şäherden kowmak islän wagtlarynda ýagypdyr. Şonda birnäçe kagyz şekiljikleri heläk bolupdyr, köpüsi ýyrtylyp, maýyplyk halyna gelipdir. Şonda kagyz şekiljiklerini synlanyňda-da «örän akylly adamdyr» diýen täsiri döredýän biri giň çekilen maňlaýyny sypalap-sypalap: «Biz aýry-aýrylykda däl-de, bilelikde ýaşamaly, jemgyýet bolmaly, ana, şonda köp tebigy betbagtçylyklara döz gelip bileris» diýipdir. Şondan bärem olar, hamana, jemgyýet görnüşinde ýaşaýarlar we diňe tebigy betbagtçylyklardan gorkýandyklary üçin birek-birege ýapyşmagyň zerurdygyna düşünip, jebisleşen bolýarlar. Ýöne içlerinden olar hiç kimi ykrar etmeýärler we özleriniň kagyzlaryň içinde döredilenleriň iň ajaýybydygyna ynanýarlar. Bolmanam, özüň hakdaky pikirlere berläýmeseň, bu şäherde alada edere zat ýok. Ähli gerek zatlar öňünden gurnalan, şäher diýseň şäherleri bar, agyz diýseň, agyzlary. Iýip-içmek ýaly hakyky adamlara mahsus endikler kagyz şekiljiklerine mahsus däl. Olar hiç haçan iýmite zerurlyk çekmeýärler we bu boluşlaryny «beýikligiň çür depesi» diýip atlandyrýarlar. Iýip-içmeýändikleri üçin olara bazara gidip, gök önüm almagam hökman däl. Elbetde, bu boluş bilen oňuşmajak bolýan birki sany zenanlaram tapyldy. Bir otagly jaýda ýaşaýan suratkeş hiç haçan kagyz şekiljiklerini diňlemeýär ýa-da diňlese-de, diňlemedik bolýar, garaz, haýsysydygyny anyk aýdyp bolanok, ýöne onuň islänini edip ýörendigi welin hak. Ol kagyz şekiljikleri bilen gürleşenogam. Diňe köpçüligiň üýşen wagty peýda bolýan, galan wagtyny nirede geçirýändigini hiç kim bilmeýän garaýagyz ýaşuly bir gezek sandyraýan sesi bilen suratkeşiň ilkibadalar, entek kagyz şäherjigine köp şekiljikler gelmänkä, özi bilen gepleşendigini tolgunma bilen ýatlady. Ýöne onuň tolgunmakdan yraň atýan göwresine her kim gülki bilen seretdi:
 — Ýeri, onsoň ol saňa näme diýdi? — diýip, ýaňyrak gelen, hemişe erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen bir tarapa agyp duransoň, dälişgeräk hasap edilýän kagyz şekiljigi sorag berdi.
— «Galamy al!» diýdi — diýip, garaýagyz ýaşuly seslendi.
— Hany onda şol galam? — diýip, märekedäki beýleki şekiljikler öňe süýşdüler. Oňa çenli gaşlary gap-gara bolup duran zenan şekiljik:
— Men ol galam bilen her gün gaşymy çyzdym, gutardy — diýip, kiçijik edip çekilen agzyny towlady. Garaýagyz ýaşuly ýene sandyramaga başlady. Daş-töwerekden zenan şekiljige gönükdirilen suwjuk öwgüli sözler, içi ýangyndan doly berekellalar, manysyz, gury gep atmalar eşidilip ugrady.
— Gaty uly ýalňyşlyk goýberipsiňiz — diýip, jemgyýet bolmalydygy baradaky pikiri öňe süren maňlaýy giň şekiljik kel kellesini yralady. — Galpakly akademikleriň edäýjek işi-dä. Şo galam bilen birgiden zady çekip bolardy, belkem, belkem... — diýip, ol howany içine çekdi. — Öýümiziň suratyny çekip, öýe giderdik, öz mähriban öýümize, düşünýäňizmi? — diýende, onuň owadan gara gözlerinde gussa görnüp gitdi. — Indi bolsa şu guşkelle zerarly uly häkimiýeti elden gideripdiris — diýende, beýleki kagyz şekiljiklerem öňki öýleriniň bardygy ýadyna düşüp, eginlerini salladylar. Olaryň içinden hordan agajet kagyz şekiljigi kümüşsöw saçyny ýolara getirip: «Öňki öýümiz düýşüme-de girenok» diýip, bir goşgy okady welin, onuň öňki durmuşynda şahyr bolandygyna hemmeler düşündiler. Bu şeýlebir agyr pursatdy welin, kagyz şekiljikleri seslerini çykarman, maňlaýy giň şekiljigiň daşyna tegelenişip durdular. Ýöne olaryň köpüsiniň gözi şahyr şekiljikdedi. Ol öz öňki durmuşy barada haýran galaýmaly, ýüregiňi elendiriji wakalary goşga salyp, aýdyp berýärdi. Şonda käbir şekiljikler öňki durmuşlaryndaky wakalaryň kagyz şäherjigine düşeninden soň, ýadyndan çykandygyny aňdylar. «Megerem, şeýle ýatkeşligi üçin bu şekiljik şahyrdyr, şahyrlar hiç zady unudanok» diýip, uludan dem alanlaram tapyldy. Ýöne näçe ýüregiňi awudyjy sözleri goşgy etse-de, şahyra azdy. Ol aglaýjak-aglaýjak bolýardy. Emma näçe gynançly bolsada, kagyz şekiljikleri gözýaş döküp bilmeýärdiler. Olar ilkibaşda nähili görnüşde çekilen bolsalar, şol hili görnüşde-de ýaşaýardylar. Bu kagyz şäherjiginiň altyn kanunydy. Ony bozmak entek hiç bir şekiljige başartmandy.
— Belkem, içimizde gözi ýaşly çekilenimiz bardyr, özümiz-ä aglap bilemizok, ýöne şony tapyp, bu aglap bilmeýän betbagtam — diýip, keltejik sary saçly, dolmuşrak çekilen zenan maşgala ortarada goşgy okap duran şahyrdyr öýdülýän şekiljige tarap ümledi — köşeşdirerdik — diýip, köpçülige sala saldy. Zenan şekiljigiň örän mylaýym sandyrawuk sesi kagyz şekiljikleriniň entek kagyzlaşmadyk ýüregini gozgady. Olar makullaýjylyk bilen baş atdylar.
 
Bägül ATAÝEWA, 
Murgap etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy. 

 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 332 | Добавил: НаS | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 34
0
34 mango   [Mowzuga geç]
Bes edäýiň indi...
Hiç gelişenok...
Gyzlara asla...

1
22 Atayew   [Mowzuga geç]
Karlos Mariýa Domingesiň ýokarda ady tutulan eserini okap görmändim. Ýöne Kömek Kulyýewiň "Kagyzlar şäherjigine syýahat" atly çaklaňja powesti bolmaly. Onuň ýazylanyna kyrk ýyl gowrak wagt geçipdir. Bu hekaýa maňa şol powesti ýatlatdy. Kömek aganyň powestinde hem edil şu hekaýadaky ýaly, bir suratkeş adamlara jan berýär. Ol ýerde geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda adamlaryň üstünden hökmürowanlyk eden kagyzparazlyk sarkazm bilen ýaňsylanýar. Bu hekaýadaky ýagdaý hem edil şonuň ýaly, özi-de pamflet häsiýetli. Sebäbi kesel meňzeş. Forma üýtgese-de, mazmun öňki. Şeýle ýagdaýy çeper eserde täsirli görkezmek üçin iň ygtybarly usul pamflet.
Iň soňunda diýjek zadym, meňzeşlikden ägä bolmaly!

-1
23 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Dunya edebiyaty zhurnalynda çykdymy şo hekaya? Men ony okamadym. Terjimedir öýdüpdim mumkin bolsa şol eseri goýaýyñ şu yere

0
26 Selbii   [Mowzuga geç]
Ýeri terjimemişinna Kömek Kulyýewiñki, onnoñ "göçirmek" dogrymy? Otüki "edebiyat kanunlary saña degşli dalmi kiz biggrin
Yazywer, şyl usulyñ bilen gitseñ Oskar alarsyñ .
Oskar alyanlaram biziñkilerden üytgeşik dalle biggrin

0
24 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Menin hekayamdaky suratkeş jan berenok da, tersine, ol adamlaryñ kagyz suratyny cekyar

0
19 Bagabat   [Mowzuga geç]
Megerem, plagiatda aýyplanmadyk ýazyjy ýa-da şahyr, ýa-da suratkeş, ýa-da heýkeltaraş we şuňa meňzeş ugurlardan "nan iýýän" ýa-da "iýjek bolmaga synanyşýan" biggrin mundan buýanky beýlekiler Ýeriň ýüzünde ýok bolsa gerek. Sözüm gury bolmaz ýalaky, şu salgydaky maglumata göz gezdirmegi maslahat berýärin: http://kitapcy.com/news/2018-12-06-3788.
Sebäbi, iňňän gynansagam adam aňynyň, şol sanda ýazyjy-döredijileriňem aňynyň gurluşy, eýläk ýatsagam, beýläk ýatsagam özen derejesinde birmeňzeş. Şol sebäpli-de mentalitet, edep-terbiýe, däp-dessur, dünýägaraýyş, ynanç, bilim, hünär tapawutlyklary bolaýmasa, aglaba köp ýagdaýda näme oýlanyp tapylsa-da, döredilse-de döredijileriň aňy birmeňzeş hereket edýär. Onsoň nirededir bir ýerde, haýsam bolsa bir asyrda, ýazan bolmagam, ýazmadyk bolmagam mümkin Gomeriň "Iliadasyny" täze röwüşde Afrikanyň jeňňellerinde ýaşaýan Mumba-Ýumba özboluşly bir dessan edip, taýpadaşlarynyň dykgatyna ýetirýär. Onsoň Mumba-Ýumba bolany-bolmany näbelli Gomer babatda edebiýat ogrusy bolýamyka?
Şonuň üçribem: "Ýeriň ýüzünde adam döräli bäri eser döretmek üçin 99 sýužet bar, 100-nji ýok! Galan hemme "üýtgeşik" diýilýän sýužetler bolsa, şol 99 sýužetiň ol ýa-da beýleki bir derejedäki sepleşdirilen görnüşi" diýip aýdylyp gelinýär.

0
20 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Plagiatda" aýyplymak" ine şu dogry kesgitleme. Subut edilmesizden aýdylandygy üçin olar aýyplamadan añry geçip bilenoklar . Hiç kim Gomere plagiatçy diýip bilmez . Onuñ plagiatdygyny subut etmegiñ işi bar. Nädip ýalany subut etjek?

0
25 Selbii   [Mowzuga geç]
Seni "ayyplamok" kiz, şyl "hekaýañ" plagtiatlyny aytyas öz ñ netije çykar. Mundan başga name diymeli saña. Niriñe yatsañam öñ okan zadyñdan täsirlenip yazlan şyl hekayañ. Soñky goyan goşgylañy Goşgylañy okyp bi hekayañ baradaky pikrim beter dogrylygna ynanyan...... cry

0
27 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Men saña subutnamasyz aýyplaýar diyip tutaýsam, sen ýatybam gutulybilmersiñ. Şo sebapden şu hekaýañ plagiatlygyny ýa subut et ýa-da agzyñy ýum. O hekaya şeyle, bu hekaya beyleden plagiat bolmayar. Plagiatlygy subut etmek kanunyny bilýäñmi sen?

0
30 Selbii   [Mowzuga geç]
Saña mynnan beter nail subutnama gerek? @Ataýew agza ýalñyşmasam ussat ýazyjy Kakamyrat Ataýew bolmoly. Onuñ aýdany ýalan boldy señki dogrymy? Bileniñden galma onno. Diyyanä şyl usuln bilen gitseñ bayrak alarsyñ
Ýum sözinem öziñe ýazansyñ diyp düşinýan. Ol sözni yzyna al. Kemiñ tapylypduram eygerdeñakmy? biggrin

0
32 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Jürk jürk Selbii jürküldäp alaýdyñ halys. Sýomka yokmy bu gunler?

0
31 Selbii   [Mowzuga geç]
Kiz seni gowy tanyyan, kimligni bilýan, sayta geleliñ barem synlayan, sen saytdakylañ şahsyyetinden başga gyzykly teswirb yazanñy okamadym sen diñe o kim bi kim o eyle bi beyle gybatkom koeala, niriñe yatsañam sennen özinnen özi şyñ yaly hekaya cykmaya täsirlenmekden başga hiç zat dal mynyñ. Bolya "göçirmänsiñ" täsirlenipsiñ. Multfilum, kino serial, kitap bara, tipa şy hekaya. Saña dogry söz erbet agyr degyat bolmoly cry

-1
29 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Bilýäñmi diyip soraýanam. Bilýän bolsa, şu derejä barjakmy?

-1
21 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Hakykaty görkezip bolar. Ony delil bilen subut edibem bolar. Ýöne ýalany beydip bolmaz . Yalan aýyplamadan añry geçip bilenok

0
16 Selbii   [Mowzuga geç]
Meñ diyjegime düşnmediklere
Книга «Бумажный дом» Карлос Мария Домингес.
Kitaby tapyp okamaklaryn maslahat berýan smile

0
14 Selbii   [Mowzuga geç]
Öñni _ ardyn üytgedip, aralaşdyryp *göz dañdy* oynatjak bolmagyñ peýdasyz surprised

0
18 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Göz dañdyny hemmeler bilen oýnap bolmaýar Selbii. Il gün yeke Selbii den ybarat däl ahyryn. Goý netijani şolar çykarsyn

0
33 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Göz dañdy oynuna belet öýdýän. Köp oýnaýañmy? Sen olaryñ gözüni dañýañmy ya olar señkini?

0
13 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Gutarylmadyk bu hekaya, dowamy bar munuñ

0
15 Selbii   [Mowzuga geç]
Seryal etmek netiñ barmy orslañky yaly señem biggrin

0
17 Selbii   [Mowzuga geç]
Bolman kimiñ ýazanna esaslanyp ýazanyñy bellik edip goymaly ekenda *hekaýañ* başlanynda. Şonda beyle göze çöp atdyrak bolsoda hayranym hekgermezdi biggrin

0
10 Selbii   [Mowzuga geç]
Книга «Бумажный дом» Карлос Мария Домингес.

0
11 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
И это твоё доказательство? И что ты доказала?

0
12 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Men sen henizem sýomkadasyñ öýdüp ýördüm

0
28 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Tanat onda özüñi men pylanyyeva pylany diyde.

0
9 Selbii   [Mowzuga geç]
Бумажный дом. La casa de papel. Бумажный дом Жанр, криминальная драма.

"Одиннадцатилетняя Анна плохо контактирует с окружающими и оттого чувствует себя одинокой и никем не понятой. Однажды она обнаруживает, что нарисованный ею домик начинает оживать в каждом её сне, и что она способна влиять на ход собственных сновидений, дополняя свой рисунок.

Поняв это, Анна через несколько дней становится полноправной хозяйкой своей собственной страны, куда легко перенестись, стоит только закрыть глаза и заснуть. Позже девочка начинает замечать, что события реальные и «нарисованные» постепенно приходят в какое-то странное взаимодействие друг с другом. Рисунок начинает поглощать её, контролировать её мысли, и, возможно, собирается её погубить....."

0
6 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Dokazat et onda. Gyzykly örän

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bulam ogurlykmy smile

0
2 Selbii   [Mowzuga geç]
Orscada okadym tipa şyl yalyrak ýazylan, ispans yazyjynyn treylerimi, yadyma düşennok. bumažnyy gorod ýada bumažnyy dom yadyma gel yadyma gel

0
4 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Ýadyña gelşinden aylanayyn.ýadyña gelşiniñ özi bir hekaya ekeni indikide şuny ýazaryn biggrin

0
7 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Onda wagtyñ bolanda dokazat edäý, men heran haçan jürküldi diñlemage tayyar, eger guş dilinde bolsa

0
8 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Bolyarmy, parlak yyldyz?

0
5 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Целая церемония

0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Şu Bägülmi siz?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: