21:34
Ýapraklar diñe güýzde gaýanoklar
ÝAPRAKLAR DIŇE GÜÝZDE GAÝANOKLAR

Myhmanhana barýan ýol, ýylgyrmaýan adam, «Tükeniksiz oýun» hem-de gaýýan ýapraklar hakynda hakydada galan pursatlar

Bu wakany her sapar güýz gelende-de, ýazda-da, tomusdyr gyşda-da ýöriteläp ýatlap ýöremok. Onuň «Gaýýan ýapraklar» bilen baglydygam maňa güýz paslyny ýatladyp duranok. Ýöne ol hemişelik hakydamda ýaşaýar. Türkmen futbolunyň taryhyndaky buýsançly pursatlaryň biri bolan Türkmenistan bilen Kuweýtiň ýygyndysynyň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň saýlama oýnuna 1996-njy ýylda diýseň uly gyzyklanma bildirildi. Sebäbi Aşgabada bütin dünýäde biragyzdan ykrar edilen hünärmen Waleriý Lobanowskiý (06.01.1939-13.05.2002) gelýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda Aziýa oýunlarynyň bürünç medalyna mynasyp bolan Kuweýtiň ýygyndysy Aşgabatda 3 oçko gazanmagy maksat edinýärdi. Emma şol oýunda olar soňky minutlarda hasaby deňläp, zordan ýeňlişden halas bolupdylar.
Bu oýnuň nertijesi iki tarapy-da – Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji bolup tälim berip başlan ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Baýram Durdyýewi-de, ady dünýä dolan Waleriý Lobanowkini-de kanagatlandyrmady. Türkmen tälimçisi elden giderilen ýeňiş baradaky garaýşyny aýtsa, Kuweýtiň ýygyndysynyň baş tälimçisi ýeňmek üçin gelip, ýekeje oçko bilen kanagatlanmaly bolandyklaryna gynanýandygyny dile getiripdi.
Ozalky «Köpetdag» stadionyndan «Ak altyn» myhmanhanasyna çenli aralykda awtobusda dik durup, sport žurnalisti Aleksandr Werşinin bilen meşhur tälimçiniň türkmen futbolçylary baradaky garaýyşlaryny diňläpdik. Şonda onuň türkmen futbolçylaryna synynyň oturandygyna biraz soňrak Begençmuhammet Kulyýew bilen Didargylyç Urazowyň Ukrainanyň komandalarynyň çakylygy bilen olarda gözden geçirilişde bolup gelendigi hem şaýatlyk edýändir.
Stadiondan myhmanhana çenli aralyk taýak atym bolmasa-da, gaty bir uzak däldi. Biziň söhbetdeşligimizem onçakly bir köp wagt dowam etmedi. Emma has tejribeli kärdeşimiň Waleriý Lobanowkiniň «Tükeniksiz oýun» atly kitabyndan mysal getirip berýän sowallary, halypa tälimçiniň agras, ýöne salyhatly garaýyşy göz öňümde galypdyr.
Şol pursatyň galdyran täsiri bolsa tükeniksiz oýun mysaly, henizem dowam edip dur. Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky oýun ýaz paslynyň başlaryna geçendigi üçin şol mahal tebigata jan girip, baglaryň pyntyk ýarýan wagtydy. Emma şonda-da ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, «Gaýýan ýapraklar» bilen bagly ýatlamalar hakydamda orun alypdy. Onuň suratyny çekmek bolsa mydama başardyp baranok.
Ýapraklaryň diňe güýzde gaýmaýandygy baradaky «açyşymyza» Waleriý Lobanowskiniň sebäp bolandygy üçin onuň oýunçy hökmünde galdyran yzlaryny göz öňünde janlandyrmagy göwnümize makul gördük. W. Lobanowskiý hiç haçan futboly çynlakaý hemra edinerin öýtmese-de, özi bilmezden oňa imrinip gidipdir. Şoňa görä-de, onuň hünär edinmek maksady bilen politehniki institutda okamagy soň-soňlar «Gaýýan ýaprak» atly usuly has kämilleşdirmek üçin gerek bolupdyr. Pökgini burçdan oýna girizen mahaly ony tora salyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girenleriňem bardygyna garamazdan, onuň ady bu kitaba düşmedi. Ýöne ol janköýerleriň hakydasynda ömürlik galdy.
Ezber hüjümçiniň burçdan oýna girizilen pökgini gös-göni ýoldaşlarynyň kellesine barar ýaly edip, ugrukdyryp goýberişi, kämahal bolsa ony şol ýerden derwezä girizişi öz-özünden dörän ussatlyk däl. Ol munuň üçin irginsiz zähmet çekipdir. Sähelçe salymda bolup geçýän «çaklaňja spektakly» tomaşaçylara hödürlemek üçin politehniki institutyň uçurymy köp ýyllar tutanýerli türgenleşipdir. Hatda bu urgynyň matematiki hasaplamasyny hem işläp düzüpdir. Munuň üçin 15 metr çemesi aralykdan ylgap gaýtmak bilen badyňy saklaman, pökgini ýaý berip aýlanyp gider ýaly edip depmeli. Ýöne ony aýtmak bilen ýerine ýetirmek bir-birinden üzňe zat. Şonuň üçinem, ol «Gaýýan ýapragyň» ussady hökmünde heniz 30 hem ýaşamanka agza-dile düşüp, meşhurlyk gazandy.
1988-nji ýyldaky Ýewropanyň çempionatynda W. Lobanowskiniň tälim berýän oýunçylary Italiýadan üstün çykan mahaly italiýalylaryň baş tälimçisi Enso Bearzot oňa bolan hormatyny beýan edip, «100 kilometr tizlikde futbol oýnaýan» adamyň oýunçylarynyň yzyna eýermegiň mümkin däldigini dile getiripdir.
2002-nji ýylda bolsa Ukrainanyň ýygyndysy Germaniýa bilen duşuşanynda «Sport Bild» gazeti nemes janköýerlerine bir aýda iki sapar dünýäniň iň ökde tälimçileriniň biri bolan W. Lobanowskini görmek bagtynyň miýesser edýändigini ýazypdyr.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Durdyýew bilen onuň tälim berýän oýunçylary bolsa 1996-njy ýylda «Sport Bild» gazetiniň ýazyşy ýaly, bir aýda iki sapar meşhur tälimçiniň komandasy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.
Häzirki günlerimizde görüp, duýup ýören göwnüňi galkyndyrýan wakalarymyz türkmen futbolunyň buýsançly pursatlaryny hakydada janlandyran «Gaýýan ýapraklar» baradaky ýatlamany okyjylara ýetirmek islegini döretdi. Şonuň üçinem, sportuň dürli görnüşleriniň pajarlap ösýän ýurduna öwrülen ata Watanymyzda ýeneki günlerde-de, ýeneki ýyllarda-da şunuň ýaly tolgundyryjy wakalara şaýat boljakdygymyza berk ynanýarys.

Hojaberdi APBAÝEW.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 266 | Добавил: Нawеran | Теги: Hojaberdi Apbaýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: