14:43
Keç ykbal / powest
KEÇ YKBAL

Ogultäç Nazarowanyň "Keç ykbal" atly bu powestinde gahryman Sapargülüň obrazynyň üsti bilen türkmen gyzynyň mertligi, söýgülisine wepalylygy, gaýduwsyzlygy barada beýan edilýär.
Dogrusy, baýlygyna, hukugyna baýrynyp, geçmişde türkmen gelin-gyzlarynyň kemsidilen, zorluga sütem edilen gezekleri az bolmandy.  Durmuşda bolup geçen waka esasynda ýazylan bu powestiň baş gahrymany Sapargül hem şeýle kemsitmelere, horluklara sezewar edilen  maşgala.  Bu powesti okasaňyz, onuň soňky ykbalynyň nähili bolandygyna göz ýetirerip bilersiňiz.


1-nji bölüm

Ümmülmez beýik-beýik daglaryň üstünden inen bulut bölekleri dürli şekillere öwrülip, öz peýine süýşüp, gaýmalaşyp barýardylar . Mylaýym şemalyň öwsüp  gelmegi bilen bulutlar bulaşdylar-da, şytyr-pytyr edip, emaý bilen ýagyş ýagmana başlady.  Tomusa golaýlap gelýän ýaz paslynyň howasy  diýsen jana ýaramlydy.  Çagalar  messaýyja ýagýan ýagyş damjalaryna elleriniň aýasyny serip, "Kim köp damja tutmaşak?" diýip,ýagyş damjalaryny sanap oýnaýarlar. Olar:

- Ýagyş ýagara geldi,
  Gyzlar dowara geldi,
  Gyz gaçdy, oglan kowdy,
  Saman suwara geldi...

- diýip, kowalaşyp oýnasalar, başga bir ýerde topbak tutup oýnaýan çagalar:

- Öweleme-döweleme meý düşdi,
Meýdana kişmiş düşdi,
Meýdanyň agaçlary,
Jak-jak eder guşlary...

- diýilip, aýdylýan sanawaçlar bilen, haýsydyr bir oýunyň başyny tutýarlar.  Oglanjyklaryň ekabyrraklary aşyk oýnasalar, galan  ownuk-uşaklary olara jany-teni bilen tomaşa edýärler.  "Aýterek-Günterek" sanawajyny sanap,  oýnaýan çagalaryň gülküli sesleri oba ýaň salýar.
Az wagtlyk ýagan ýagyş seçelenip geçen soň, daş-töwerek  gelşigine geldi. Gök maýsalaryň reňki goýalşan ýaly boldy.  Topragyň we otuň-çöpüň yzy janyňy alyp barýardy. Ýaşyp barýan Günüň sary öçügsi  şöhlesi şaglap akýan Sumbar  derýasynyň ýüzüne düşüp, tolkun atyp durmagy ylla diýersiň, keýpine oýun edýän ýaly, owadan bir görnüşe  öwrüldi. Derýanyň ýakasyny tutup duran uzyn-uzyn gamyşlaryň şyggyldy sesleri, çybyn-çirkeýileriň jürrüldisi,  suwuň gümmürdisi bilen garyşyp, owadan bir owaz döredýär. Salkyn howa, gyzykly oýun çagalaryň keýpini joşa getirýärdi. Diňe bir çagalar däl, eýsem:

- Aý bakar aýa garşy,
Ne kükrär maýa garşy,
Garyp, puluň bolmasa,
Gyz gider, baýa garşy.

Adam adam dälmidir,
Hurma badam dälmidir,
Akylsyz nadan baýlar,
Çopan adam dälmidir?!

Ak guş bolup uçsamdym,
Öz ilime düşsemdim,
Öz ilimiň suwundan,
Ýatyp-ýatyp içsemdim...

Agaçlar saýa bolar,
Golaýda gaýa bolar,
Bolgusyza duş gelseň,
Gül ömrüň zaýa bolar,
Haý, lä-le, lä-le, lä-le-ýa...

-diýip, "läle" kakýan gyzlar-da Günüň batanyny duýman galdylar Olar degişip-gülüşip, öýli-öýlerine dargadylar...
Egrem-bugram ýollardan, bag-bakja, baýyrlykdan, biri-birine meňzeş bolmadyk ululy-kiçili dagdyr, depelerden ybarat bolan bu kiçijek oba Sowraly obasy diýilýär. Oba barýan ýollaryň daş-töweregi, miweli agaçlardan doly.  Telpek başly, eriklerdir, alma, armytdyr, nar agaçlary misli dutaryň owazyna maýyl bolýan muşdak  şekilli, salkyn şemalyň şüwwüldisine başlaryny iki ýana ýaýkaşyp, yraň atyşyp otyrlar.  
Sumbar  derýäsy oba adamlaryna ekerançylyk bilen, mal bakmaklyga  uly peýda getirýänligi üçin, obanyň mellekleri Sumbar derýasynyň golaýynda, derýa ýakasynda goňşy-goňşy bolup ýerleşýärdi. Her kim gün-güzeranyny ekun ekmek, mal bakmak  bilen dolandyrýarlar. Derýanyň töwereginiň giden meýdanyny gök maýsaly kartalar, beýikli-pesli goňur-ýaşyl öwüsýän mahmal örtük obany gelşigine  getirýär...
Sowraly obasynyň aňry çetinde, Sumbara golaý ekinlikden gaty bärde ýerleşen, penjiresi ýere degip duran, pasgadan salynan bir öý bardy. Öýjagazyň özüne laýyk eýwanjygy-da bardy. Öýüň daş-töweregine gamyşdan haýat çekilip, howlynyň daşyna aýlanandy. Howly diýseň arassa hem giňdi. Şol howluda bolsa, ata-enesinden ir juda düşen  Sapargül atly gyz ýaşaýardy.  Töweregindäki bir-birlerine degip duran howlular da ýaşaýan goňşularynyň köpüsi öz garyndaşlary bolan soň, Sapargül asudalykda özüni arkaýyn duýup ýaşaýardy. Onuň gorkmazlygy üçin garyndaşlaryndan bir uly aýal bilen birki sany gyzlar hem günde çalşyp, Sapargüle ýoldaş bolup ýatýardylar.
Günleriň birinde Sapargül öý-içeriniň işlerini bir ýüzli eden soň, suw saklanýan çelekleri doldurmak üçin Sumbar derýasyndan syrygyp gelýän akar suwly ýaba gitmek üçin küýzesini alyp, öýden çykdy. Ol haýdap gidip barýarka Ýagşymyradyň Sapargüle: "Bäri dur" diýen sesine tisginip gitdi. Gyz elini ýakasyna tutup, içine tüýkürdi-de:
- Näme?- diýip azgyryldy we Ýagşymyrada tarap öwrüldi.
 - Seniň bilen gürrüňim bardy... - diýip, Ýagşymyrat göz-gaşyny oýnatdy.
 - Belki?... -diýip, ol sözüni soňlamanka, gyzyň özüniň ýoluň üstünde ýigit bilen gürleşip durmagyny uslyp bilmedi-de, Ýagşymyradyň soňky sözüni eşitmezlige saldy. Ýagşymyrat atyny atlandy-da, Sapargülüň ýörejek ýolunda keserip durdy. Muňa Sapargülüň gahary gelse-de, sesini çykarman, ýoldan sowa geçip, suwa tarap ýöneldi.
 - Ýagşymyrat ata münüp, oba oglanlarynyň ýanynda gomalyp gezmegi gowy görýärdi. Çünki, at ulag hökmünde ulanylýanam bolsa, her öýde bolubam duranokdy. Bahasyna elýetmez harajak gerek bolan soň, hemmeler ony alybam bilenokdylar. Şonuň üçinem oba ýigitleriniň hemmesiniň diýen ýaly atly bolmak arzuwyndady. Olam hemmelerde amala aşyp barmaýardy...
Ýagşymyradyň bolşy Sapargüle ýaramady. Ol uzyn gara golaň saçyny iki epläp, yzyna dolap, boýnundan asdy-da, suwly küzesini egnine aldy. Onuň göwnüne yzyna gaýdyp gelýäkä Ýagşymyrat ýene saklaýjak ýaly gorkuda boldy.  Sapargül Ýagşymyrady halamaýanlygynyň esasy sebäbi, Ýagşymyrat Akjagülüň başyny aýlap, ony özüne öwrüpdi. Akjagül Ýagşymyrada göwni gidip, oňa umytly garaýyşda köp garaşypdy. Ýagşymyradyň oňa öýlenmekden boýun towlap gezip ýöreninden Sapargül habarlydy. Ony namartlykda aýyplap, Sapargül ýigrenip ýördi.
Akjagüli başga birine durmuşa çykaranlarynda söýgüsinden juda düşüp, arzuwlarynyň puja çykmagy Akjagüli bagrygirýan bolup aglany Sapargülüň göz öňünden gitmeýärdi.
 Sapargül gidensoň, Ýagşymyrat onuň yzyndan gözügidijilik bilen garap galdy. Ýöne entek öwrenişýänçä oňa azar bermekden saklandy.  "Entegem gowja synlaýyn, soňuny soň görübereris" diýen pikir bilen ýoluny dowam etdirdi. Şol gidip barşyna-da, şol bir gysgajyk pursat onuň gözüniň öňünde gaýtalanyp durýardy. Gyzyň keşbini onuň gözi surata düşüripdi. Gyza göwni giden Ýagşymyrat şunça öňe ýöreýänem bolsa, gözleri onuň yzyndady Gyz gözden gaýyp bolýança, gaňrylmakdan ýaňa, boýnunyň agyryp gidenini bilmedi.
 Sapargül küýzesini çep egninde göterip, yzyna dolanyp gelýärkä, ýene öňki ýerde Ýagşymyrat oňa garaşyp durandyr öýdüp hopukdy. Ýene-de bir ýerden çykaýjak ýaly bolup, gorkudan ýaňa ýüregi gürsüldedi we haýdap öýlerine girip gitdi...

* * *

Sapargül uzyn boýly,  syratly gyzdy.  Ak ýüzli, tegelekden ýyldyrap duran gara gözleri  gyýma gaşyň astynda, uzyn-uzyn gür kirpikleriň arasynda, misli daşyny gamyşa basdyran köljagaza meňzeýärdi.  Badam gabaklaryna seçelenip duran kirpikleri gaňrylyp durdy. Ýylgyranda onuň çukanakly ýaňaklary ýaňy ýolunan almany ýadyňa salýar. Sapargül açyk göwünli hem eli-de-dili-de çeper, görüm-göreldeli gyz bolan soň, ony hemmeler gowy görýärdiler. Ylaýta-da öz deň-duş gyzlary bilen ysnyşyklydy. Ol gyzlaryň köpüsi bilen jorady. Şonuň üçinem onuň ýanyna gyzlar köp gelýärdiler we üýşüp degişip-gülüşip, el işlerini edýärdiler...
Orazmämmet Sapargülüň çagalykdan bile önüp-ösen oglanydy. Sapargül ese-boýa galaly bäri Orazmämmet ony görenokdy. Sebäbi, ol obanyň köp hojalyklarynyň mallaryny bakyp, çopançylyk edýärdi. Bir ýumuş bilen oba geläýmese, öýlerine-de kän  gelibem duranokdy, ol sypynyp bilmeýärdi. Şonuň üçinem ol kömekçi edip, dosty Ýusuby ýanyna çoluk edip  aldy. Ýusup  ýanyna geleli bäri, Orazmämmediň arkasy ýaýnady. Ýusup juda ezber we dogumly, ýüwrük ýigit bolan soň, özüniň kesp-käri bilen tiz öwrenişdi. Ýusup öri meçýdany we çarwaçylyk bilen berk öwrenişen soň, beýleki çopanlar bilen hem golaý gatnaşyk edýärdiler. Sürüleri goşulyşmaz ýaly, hersini bir depä kowup, her kim öz malyna esewanlyk etseler-de, çopanlar käte bileleşip, çaý-çörek iýýärdiler.
   Günleriň birinde Orazmämmet  dümewledi. Dosty Ýusup onuň ýaraman ýörenine  dözmedi. Ol oňa oba gaýtmagyny we birnäçe günlük dynç almagyny saryp, çarwadan oba gaýtardy.
Orazmämmet begenip diýen ýaly, öýlerine gaýtdy. Öýüne gelen soň, ol birnäçe günüň ukusyny birnäçe sagadyň dowamynda ýatyp, gününi geçirdi. Oba tebiplerinden ot içmek arkaly bejergi aldy.
Bir gün  Orazmämmet ukudan oýanyp, ýuwunmak üçin daşaryk çykanda,  jigisiniň ýanynda injir agajynyň ýapragyny ýoluşdyryp, gürrüň bilen gümra bolup duran syratly gyza uzakdan gözi kaklyşdy. Ýöne kündük gözläp, jigisi Gyzylgülden kündügiň nirededigini soranda bolsa, ol gyzyň howlukmaç gidenini görmedi.
Orazmämmet çaý başynda jigisi Gyzylgülden şol gyzyň kimdigini soramaklygyň ebeteýini gözledi... Ol ýerinden gobsundy we ardynjyrady. Ahyram, jigisine ýüzlendi :
 - Yhymm... yhym... Neme-laý, ýaňky gürleşip duran gyzyň Meret aganyň gyzy Maýsa öýdýän?... _ diýip, kimdir bir  goňşularynyň gyzynyň adyny tutdy. Bu ol gyzyň kimdigini bilmek üçin söz açmaklygyň başydy. 
- Wiiý, Orazmämmet, sen ony tanamadyňmy?  Ol Sapar aganyň gyzy Sapargül. Ol-a seni görenden utanjyrap, saňa görümekden çejinip, görünmejek bolup, öýlerine gaçyp gitdi - diýdi.
Orazmämmet şundan artyk ýeke zadam soramady. Sapargül sözüni eşiden Orazmämmet gyzy arkaýyn synlap ýetişmänine, hat-da, onuň ýüz kesbini-de görüp bilmändigine  gynandy. Beýle tiz wagtyň içinde Sapargülüliň ulugyz çykanyna, wagtyň beýle çaltlyk bilen geçýänine öz ýanyndan haýran galdy. Ol Sapargüli täzeden görmek we synlamak arzuwyna atlandy-da, eline orak alyp, howluda saklaýan goýun-geçileri  üçin ot ýygmana gitdi. Orazmämmet Sapargülleriň howlusynyň ýanyndan geçip barýarka, ol ädimini gowşatdy we gözüniň gytagy bilen,  Sapargüli görmek üçin howla tarap esetdi. Aýaklarynyň ädimleri näçe gowşak bolsa-da, ol ot ýygylýan meýdançasyna gelenini duýman galdy... Orazmämmet pikire basyp, ot ýygyp oturşyna eliniň külem barmagynyň dyrnagyna orak salanda, ýarasynyň awusyna ukudan oýanyp, özüne gelen ýaly boldy. Ol damyp duran ganly barmagyny atgulagyň ýapradyna daňdy-da, ýene-de şol howlynyň ýanyndan geçip, yzyna gaýtmak üçin,  näçe haýdaýandyryn öýtse-de, onuň ýygan otlary özi bilen alyp giden halytasyny doldurmady. Ol yzyna gaýdanda-da, gyzy görüp bilmän geçip gaýtdy. Şeýlelik bilen Orazmämmediň dynç almak üçin gelen iki-üç güni geçipdi. Ol indi yzyndanam biynjalyk bolup başlady. Her niçigem bolsa, yzyna çarwa barmaly. Wagtyň at salyp geçip barçanyna we Sapargüli görüp bilmän yzyna dolanjagy ýadyna düşende ýigit öz ýanyndan gynandy. Ol näme etjegini bilmedi. Hat ýazaýyn diýse,Sapargülde ol haty okamana sowady ýokdy. Sapargülüň abraýyna şek ýetirmezlik üçin bu syryň hiç kimiň-de bilmegini islemeýärdi. Ýogsam bile oýnap, önüp-ösen gyzy Sapargülüň öýlerine salamlaşmak üçin  göni baraýanda-da, onuň yzyna it salynmajagy bellidi. Herki zadyň çeni-çaky barlygyna Orazmämmet gowy düşünýärdi.
Orazmämmet Sapargüli şol çagakalar oýnap ýören gulpaklyja gyzy gözöňünden aýyryp, häzirki görküni nähili şekillendirjegini bilmedi.
Ol näme etjegini bilmedi. Syryny hiç bir adamyň bilmezligini islänem bolsa, jigisi Gyzylgül bilen derdini paýlaşmasa armanly bolmagyndan hatyrlandy. Sebäbi, Sapargül ýaly asylly gyzyň hyrydarynyň mundan beýlägem köpeljegi ikiuçsyzdy.  Onsoňam, ol bir çarwa diýip, çykyp giden soň, onuň üçin bular ýaly arkaýynçylygynyň bolmajagyna we haçan oba geljegini özü-de bilenokdy. Onuň üçinem Orazmämmet Gyzylgüli ýanyna çagyrdy. Gyzylgülem soňky wagtlar doganynyň bir zady alada edýänini, onuň dymma bolup barýanlygyndan aňýardy we onuň sebäbini bilenokdy...
Gürrüň Sapargül hakda bolandygyna Gyzylgülüň begenjiniň çägi ýokdy. Gyzylgül Sapargülüň iň gowy görýän jorasydy. Bu habary eşitse, Sapargülüň begenmegi ahmaldy. Sebäbi, Sapargül Gyzylgülden Orazmämmediň haçan gelýänligi barada öň iki gezek dagy gyzyklanyp sorapdy. Şonuň üçinem Gyzylgül jorasynyň öýüne nädip ýetenini bilmedi. Gyzylgülüň dogany Orazmämmet üçin sözaýdyjy hökmünde gelmegi Gyzylgüli begenç duýgusy howsala saldy. Ol öz-özünden utanyp, gyzmakdan ýaňa ýaňaklary gyzardy. Ol jorasyna jogap bermeklikden entek saklandy we köp oýlanyp gezdi...

Bellenilen ýere Sapargül has gijä galyp gelipdi. Gelmez öýdüp, Orazmämmet bir ýerde karary ýetmän, ýüregi takat tapmady. Onuň  Sapargüle gözi düşende özüniň huşundadygy ýa düýş görýänligine düşünmedi. Uz ýöräp gelýän  gyzyň özüne tarap golaýlaşdygyça, Aýyň ýagtysyna onuň owadan keşbi, ýüzüni-gözüni sap arassa görensoň, Orazmämmet gyzyň jemalyna aňk bolmakdan ýaňa özüni ýitirerin öýtdi. Gözi hanasyndan çykara gelip, aňkarmakdan ýaňa agzyny açdy. "Jennediň Hüýr gyzlary-da munça ýokdur" diýip, içini gepledip durşuna, uzak ýaşan tut agajynyň eline düşen çybygynyň ujyny eplem-eplem edip taşlady. Ol öňe tarap ädimledi-de Sapargülüň ýanyna golaýlaşdy. Ýygralykdan ýaňa, dili tutulyp, näme gürlejegini bilmedi. 
  - S...s...salam, Sapargül!- diýip, zordan dil açdy.
Ara az salymlyk dymyşlyk düşdi. Sebäbi, Sapargülüňem haly Orazmämmediňkiden oňaýly däldi. Ol çalt urýan ýüreginiň gürsüldisi Orazmämmede eşidilýändir öýdüp, biraz yza çekilip, özüni dürsedi we sypaýylyk bilen ýylgyrdy-da, gpzüniň gytagy bilen Orazmämnede seretmek bilen, başyny atyp:
  -Salam! - diýdi-de, gysgajyk jogap berdi. Onuň hem ýigidi synlasy gelýärdi. Näme hakda gürrüň gozgaljagy hakda oýlanyp: " Men bir köp gürlemeli bolmasamdym" diýip, içinden pikir öwürýärdi. Sebäbi, tolgunmakdan ýaňa onuň sesiniň  sandyrap, eşidilmegi mümkindi.  Orazmämmet:
  -Sen-ä tüýs owadan gyz bolup ýetişipsiň, edil bir periň bar-da...- diýip, ýylgyrdy.
   Öwgüli sözler gyza hoş ýakýanam bolsa, ol özüni ýitirmezlige çalyşdy. 
  - Goýsana, oglan! - diýip, pyşyrdady we şyňňyrdap duran gupbasynyň akmasyny saçy bilen bile tutup, gyýa öwrüldi. Bu boluş we gyzyň her bir herekedi ýigidiň göwnüni heçjana getirdi...
    Gyzyň gelmegi Orazmämmedi gaty begendirdi. Tolgunmakdan ýaňa guş bolup uçara geldi. Orazmämmet çarwadan geleli bäri Sapargüli görüp bilmän kösenenligi barada gürrüň berdi. Ol özünüň ýüreginde turýan harasatlar barada gürrüň bermek bilen, gyza bolan söýgüsini aýan etdi. Utanmakdan ýaňa ýüzüni ýerden galdyryp bilmän duran gyzdan ses-seda çykman soň, nämedir bir zatlar eşitmek isläp, Orazmämmet Sapargüle janygyp:
  -Senem bir zat diýsene, Sapargül! - diýip, Sapargülden jogaba garaşdy. Sapargül az-owlak gobsundy we näme diýjegini bilmän çekinjiräp durdy. Dymyp durmagy-da birhili gördi. Ol çagalyk ýyllaryny ýatlap, gürrüňi başga ýana sowasy geldi. 
  - Gowusy gel, çagalygy ýatlaly - diýdi. Diýmegine mähetdel Orazmämmet özünden alty ýaş uly Baýram atly bir oglanyň kaksy bolup, "Toý" oýnuny oýnany, ony hem Sapargüle öýerjek boluşy, Sapargülüňem oňa göwnemejek boluşy, onuň deregine Maýsanyň barjak boluşy, öýlenjek ýigidiň üstünde gyzlaryň  dawalaşyşlary barada ýatlap, gülüşdiler. Birdenem Orazmämmet gülmesini goýdu-da :
  - Ýogsa-da, näme üçin şol wagt meň özüm Baýramyň ýerine bolmadymkam, näme üçin seni kimdir birine durmuşa çykarjak boldumkam?! Baýram menden uludy ahyry, Baýram meň ýerime kakam boksa-da boljakdy ahyryn - diýip, degişmekden ökündi. "Toý, toý" oýnamaklyk çagalaryň iň gowy görýän oýnudy. Ýöne gelin bolmaklygyň ýa-da öýlenýän ýigidiň roluny ýerine ýetirmekde käte dawalaşylyp, oýun basym  pozulýardy käte-de ylalaşylyp, oýun uzaga çekip gidiberýärdi. 
Şeýlelikde, Orazmämmet bilen Saoargül açylyşyp, bir-birleri bilen täzeden öwrenişdiler. 
    Sapargül gizlinlikde ýigit bilen duşuşygyny gyzykly görenem boksa, ol mundan artyk durmaklygy özüne uslyp bilmedi. Ol ilden-günden, gözden-dilden haýykýardy.  Barsyndan beter garyndaş saýylýan Halmyrat baýyň ogly Ýagşymyratdan gorusy az däldi. Onuň hyrsyz keşbi gözöňüne gelende, eýmenebini duýman galýardy. Onuň Sapargül bilen Orazmämmediň halaşýanyny eşidäýse, eýgiligiň bolmajagyny aňýardy.  Halmyrat baý Sapargüllere daşgynyrak garyndaşdygyny bilen ogly Ýagşymyrat Sapargüle eýemsireýärdi.

(dowamy bar)...
Категория: Powestler | Просмотров: 466 | Добавил: Мylayym | Теги: Ogultäç Nazarowa | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 1
0
1 Nusaý   [Mowzuga geç]
Bu powestiň yzy ýokmy?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: