02:13
Derdeser / hekaýa
DERDESER

Toý sähedi bellenmelidi. Bellenmedi. Bir güniň içinde girip-çykyp ysgyn-mydary galmadyk gyz, tä gün batyp, garaňky düşýänçä, umytdan düşmedi. Garaşdy ...
Ýarygije başyny ýassyga goýan gyz, kirpikli gözüni çalyşman, hopugyp ýerinden galdy. Daşaryk çykdy. Gije gündizlik ýaly ýagtydy. Süýji-süýji arzuwlaryňy paýlaşyp, ýürekdeş ýigit bilen eginleşip gezmeli gijelerdi. Aý bir geňsi bolup ýalpyldap gyza ýylgyryp seredýän ýalydy. Gyz uludan bir demini alyp, Aýa ýüzlendi: „Sen şeýle ajaýyp-da Aý, sen gudrat. Ýagşy-ýamany saýlaman, dünýäni nurlandyryp dursuň, maňa-da öwret-dä? Güýç ber! Men näme edeýin? Bilýärin «sabyr et» diýersiň! Wah, sabyr etmän, dagy näme edeýin. Ýöne çäresiz men, ýüregim gysyp ýarylyp barýar. Janyma jaý tapamok. Birden gelmeseler näme, hä! Aýt-da, onda näme bolar? Wah, onda näme boljagyny hyýalyma getirmäge gorkýaryn’’.
Gyzyň jaýa giresi gelmedi. Ol saňsar ýaly bolup, şol daşarda aýlandy ýördi, aýlandy ýördi. Birden-birdenem öz-özüne göwünlik berdi. „Näme gapyşdyryp ýörsüň, bu gün gelmeseler ertir gelerler. Adamçylykdyr, bir sebäp bilen eglenip bilerler-ä, herki zady gowluga ýormaly. Onsaňam meni oda salýan ýürek, onam aman goýmaz-a!”.
Gyz biri-birinden çapraz pikirleriň girdabynda zordan daňyny atyrdy. Täze dogan güni uly umyt bilen maňlaýyna syldy. Gapylaryny açyp, edil maňlaýyndan dogan günüň şöhlesi bilen bilelikde jaýlaryna girdi. Gyzyna duýdurman, ähli hereketlerini aýnadan yşyklap, sessiz synlap ýüregi ezilen ejesine ýalan sözläp, Gülçemen ir bilen daş çykandan boldy. Kündügi alyp gapa ýönelen Aýsoltan daýza gyzynyň ýüzüne köp manyly seretdi-de, geplemän daşaryk çykyp gitdi. 
        Gyzyň ir bilen işe aýagy çekmedi. Gülçemen obada hasapçy bolup işleýärdi. Ony inçejik umyt gurşap aldy. Ol öý işlerine güýmense-de iki gözi gapyda boldy. Goňşularynyň gyzjagazy hudaýýoluna çapady paýlap gitdi. Onuň aýak sesinem gyz sawçylardyr oý etdi. 
         Uzynly gün garaşdy. Ertesem garaşdy. Gelmediler. Gyz dünýä sygmady. Birdenem gyz şol oýlanyp ýörşüne, öz çaklamasyna  ynandy. Ynandy-da otly köýnek geýdi.
       Diliniň eýgiligini görüp, obanyň içinde «myşlardan» dag ýasap bilýän  gybatkeşleriň gep-gürrüňleri tüweleýläp birden onuň beýnisine doldy. «Elli gepden-belli gep han ogul, atasy şol Saparly dälmi? Men şonuň gyzy üçin uzadan aýagymam ýygnajak däl. Indi eneňem ibermersiň. Sözümizi ýykyp, birden yzyňa tirkäp geläýseň, soň eşitmedim diýme. Şu ojakda deňli-derejeli toý tutmarsyň. Obada Saparlyň gyzyna müň degýän abraýly maşgalalar bar. Haýsysynyň gapysyny açsak, gyz berilmejek». Ahyrda gyza hemme zat aýan boldy. 
Ýöne hany Ezber. Onuň öz akyly, öz garaýşy bolmazmy? Gülçemende gep ýassygy bolar ýaly näme müýin bar? Ýa olaryň maşgalasynda ne atasynda, ne doganlarynda eli egrilik edip, ýa men-menlik edip, ili ynjydan barmy? Ýa gyzyň atasyna ýolugan dertden obada başga ejir çekýän adam ýokmy? Olar ogul öýerip, gyz çykarmaly dälmi? Uzadan aýagyny ýygnamaz ýaly, Gülçemeniň ýazygy näme?. Ýa Ezber, Gülçemeniň maşgalasyny tanaman ýörmidi? Elbetde, ýolukmaz derde ýolugyp, atasynyň düşen ýagdaýyna Gülçemen gynanýardy. Ol dert maşgalanyň başyna düşen derdeserdi. Wah, bu belanyň aňyrsyna basym çykylar-la. 
     Öňem ýeňil bolmadyk ýüki gerdeninde çekip ýören gyzyň, ýeke-täk diregi Ezberdi. Oň özünden  başga dahyly bardyr öýtmeýärdi. Ýöne şu küren obada Ezberiň hyrydarynyň ýalňyz özi däldigine-de akyly çatýardy. Göwniaçyk, şahandaz, gaýratly bolansoň, mydama onuň daşy doludy. Ezberiň elinden gelmeýän işem ýokdy. Onuň gutaran ugry agranomçylyk. Ýöne obada biriniň maly  ýüzüni sallasa-da «Ýet, Ezberi alyp gel!» bolaýardy. Kimdir biriniň, maşyny bir kem tapsa-da, muny Ezber oňarmasa, başga oňarjak bolmaz. Telewizorlary döwülse-de, obada çyra öçse-de, Ezberi gözleşip ýörendirler. Ezberem näme, özi bilmese bilýäni  tapyp berýär. Garaz, obada Ezbersiz çöpbaşy gymyldanok. Obaň toýam, üýşmeleňem Ezbersiz geçenok. Sala salsalaram şänik döwen ýaly edýär. Baran ýerem alaýaz. Taňry oňa boý-syratam beripdir. Obanyň «men» diýen gyzlaram Ezberiň törüni bezäp bilseler, armanlary ýok. Gülçemen ony beýlekilere görä, has-da Gerekden gabanýardy. Sebäbi ol ýigidiň ugrunda ölüp-öçüp barýardy. Alçak gyz ony gizläbem duranokdy. Onsaň ony uly il bilýär. 
         Emma şol günleriň birinde gara bermeýänligi üçin  ýigitden öýkeläp ýören gyzy, namysa goýan, bir waka ýüze çykdy. 
         Gyz işe gidende öýde jemende ýokdy. Ejesi goňşy obada ýaşaýan aýal doganlaryna gidipdi. Kakasyny agasy birküç günlükde ýol söküp, bejeriş öýleriniň birine eltip, ýerleşdirip gaýdypdy. 
        Gyz işden gelse, ejesem, kakasam, hatda erkek doganam öýde eken. Gapyda aýak çeken gyz nämedir bir garaşylmaýan zadyň bolandygyny aňyp, öýe girmäge ýaýdandy. 
Juda degnasyna degmese, o-la kakasy, hatda ýedi ýada-da gaňrylyp seretmedik, ula-kiçä ýaraýan, polady ýumşak agasynyň çym-gyzyl bolup ýüzüni sallap oturşyndan onuň bir zada juda gaharynyň gelendigini aňdy-da geňirgendi. 
Gülçemen agasynyň gyzaryp oturmasynyň sebäbini kakasynyň eltilen ýerinde togtamadygyndan gördi. Nurlynyň bolup oturşy uly namysyň astynda galana meňzeýärdi. Nurly hatda gelni öýden çykyp gidende-de şu derejä ýetmändi.
— Bizi ile çykar ýaly etmediň, kaka – diýip, uludan demini alan ýigit ahmyrly dillendi. 
— Näme bolupmyş ile çykmaz ýaly. Gelse gelipdir-dä! Näme indi ony köçä kowjakmy? Gaharyňa bäs gelip bilmän ýaryljak bolup otyrsyň. Çem gelen ýerde ýatyp – turup ýörse, saňa ar – namys dälmi? Nirä kesip aýyrjak. Pylanynyň pylanysy diýmezlermi? Aňrujy eneňi sylaýan bolsaň, ataň adyny tutma – diýip, Gülçemeniň ejesi entek hiç zada düşünmän dillendi.
Güldesse duýdansyz gapydan girdi. Ol Saparlynyň oba arasyna çykan gyzydy. Güldessäniň ýüzünden gar ýagýardy. Ol gele – gelmäne Gülçemenem öýe saldy. Olar köne palasyň üstüne geçdiler. Nurlynyň tersine Güldesse gönümeldi. Gahary gelende soň puşman etse-de, iň ýakynynyňam däl ýerini ýüzüne basýardy. 
Güldesse gapynyň sag tarapynda arkasyny diwara ýaplap ýüzüni asyp oturan kakasyna ýüzlendi:
— Hany, aýt kaka, Ata gyrpalaryň nämesini aldyň? 
— Näme kakam olaryň bir zadyny alypmy? – diýip, bir hili bolup Gülçemen aýal doganynyň ýüzüne seretdi. 
— Uly il biler-de, sen eşitmezmiň, kakaň Ata gyrpanyň sygyr almak üçin ýygnan puluny ogurlapdyr. Ony maňa hut öz gelni aýtdy. 
— Alamok men şony, ýene aýdýaryn alamok, tükediň indi. Maňa näme diýseňiz – diýiň, ogurlyk ýapmaňyzy bes ediň.
    Aýsoltan daýza bir erbet bolup, gözüni tegeläp, çagalarynyň ýüzüne gezekli-gezegine seretdi:
— Kim aýtýanam bolsa ýalandyr, ataňyz iliň zadyna el uzatmaz! Gülçemen ara düşdi. Ol gulagynyň eşidýän zatlaryna ynanmady. Bu töhmeti atasyna Güldessäniň özi ýapyp oturan ýaly, doganynyň ýakasyndan aldy:
— Kakam ogurlyk etmez, ynanamok men şoňa, ynanamok. Güldesse Gülçemeniň sözlerine ünsem bermän, ýene kakasyna ýüzlendi: 
— Ýeri, Ata gyrpalarda näme işiň bar. Olar seniň mundan öň baryp ýören gapyňmy? Bäş minudam-a oturmansyň. Oljany jübüňe urup gaýdyberdiňmi? 
Gyzynyň bu  sözleri Saparla şeýle bir ýokuş degdi weli, ol bir hili özüni ýitirip, saňňyllap ýerinden galdy:
— Men şolaryň, öýlerini başyna ýumrup gaýtjak. Törde oturan Gülçemen ylgap kakasynyň öňüne geçdi. 
— Kaka jan, eşidýän zatlarym çyn däldir? Wah, ýalan bolsun, Allajan, tohum-tijimiz ile çykar ýaly bolmaz-a, kaka jan. Indi bir  bizi mundan beter ile masgara etmed-ä. Sen häzir ak jüýjedigiňi kime ynandyrjak. Gyz gapyda atasynyň öňüni gabalap durdy. Emma Saparly yzyna dolanarly däldi. Ol Gülçemeni ýolundan sowup, geçmekçi boldy. Gülçemen gaharyna çyny bilen gygyrdy. 
— Kaka jan, gapydan çyksaň, ýüzüňi görmen. 
     Öňem ýüregi agyryp duran gyz hossarlarynyň ýanynda, elini ýüzüne tutup aglady. Nurly böküp turup,  kakasyny silterläp ýerinde oturtdy. Emma şu wagta çenli iýmän-geýmän, egninden galdyran gyzjagazynyň elenşi Saparla şeýle bir täsir etdi welin, ol kellesini penjeläp:
— Jan balam, mährem balam, arkadagym, aglama, bagrymy paraladyň. Sen bir ynan, ejem janyň ak süýdünden ant içýän. Men hiç kimiň kese çöpüni galdyramok. Galdyrar ýaly etmediň-ä balam! Men gadyr bilmez eşek bolaýyn alan bolsam. Saparly gyzy özüne ynanmaýandyr öýdende has-da ot aldy. Sebäbi Gülçemeniň birküç günlikde özelenip ýalbarany hakydasyna geldi. „Kaka jan, ogurlyk etme-dä! Aýdyp alaý ahyryn, kakam jan. Aýtsaň, men gözläp kösenjek dä-lä. Ne mende bukja goýduň ne-de şaý. Gülýakany olar getiripdiler-dä, sorasalar näme jogap bereýin. Sowgat berlen ýüzüklerem ýok edipsiň. Beýtme-dä, kaka jan. Görýäň-ä seni nadyl etmejek bolup suwutly toý köýnegimem ýo-ga”. 
Diýseň-diýmeseň Saparly goşaja balasynyň gazanjyny ýuwdup ýatyrdy. Aýyň bölegi ýaly gelin edindi. Ol-a çydaman goşjagazyny göterdi-de, öýden çykdy gidiberdi. Sebäbi gaýynatasy onuňam diş – dyrnak edinen zatlaryny zährimardan geçirdi. Saparly kellesini tutup içigip-içigip aglady. Ony köşeşdiren bolmady. Ahyrda-da ol aglamasyny goýdu-da, entireklär ýerinden galdy. Dulda ýatan, köne penjegini egnine atdy.Gülçemene ýüzlendi:
— Gyzym jan, seniň göz ýaşlaryňa gurban bolaýyn. Men gitjek, ýurduň ol başyna gitjek. Bu ojagy siz terk etmäň, men terk edeýin. Adam  bolubilen günüm yzyma dolanaryn, şu derde duşmanymam ýolukmasyn jan balam – diýip çykyp gitdi. 
Öýdäkileriň birem Saparlyny uzaga gider oý etmediler. Emma Aýsoltan daýza agşam adamsy wagty bilen dolanmansoň, oda düşüp başlady. Ony gözläp öňi bilen hossarlaryny, soň bolsa obada onuň baraýjak ýerlerini agtardylar. Emma gördüm-bildim bolmady. Ertesi iş-güýjüni taşlap, atasyny gözläp iş edinen Nurly, onuň ýerleşdirip gaýdan hassahanasyna baryp girenini anyklap,  soň ynjaldy.
Şundan soň bu ojaga imesalalyk aralaşdy. Ýöne entek ne obadaşy, ne goňşusy bilen gatyrganyşan Güldesse özlerini namysa goýany üçin  ýüz gezek ötünç sorasalaram, Ata gyrpanyň aýalyna agzyndan gelenini diýip gaýtdy. Sebäbi ogurlyk ýapylýan pul, olaryň özlerinden çykypdy. Bu  nähak töhmetleri üçin Ata gyrpalary oba ýazgardy.
Gep-gürrüň ýatyşdy. Ezberi ýüreginden sogrup zyňyp bilmese-de, Gülçemenem birneme köşeşdi. Özi weli bolmanda bir gezek ýatlap geler öýdüp ýigide  garaşdy.
Gelnejesem öýlerine dolanyp geldi. Nurlynyň oguljygy boldy. Ol Gülçemenleriň garypja külbesini şatlykdan, nurdan  doldurdy. Bütin maşgalanyň güýmenjesine öwrüldi.
Işde dost-ýarlary, syrdaşlary, öýde jigisi Gülçemeniň öz-özüne basalyk bermäge güýji ýetdi.Ýöne başga bir goç ýigidiň saýasynda saýalasy gelmedi. Aşyr mugallym lukman ogluna Gülçemeni gelin edinjek bolup kowlanynam bilmän şol gatnady durdy. Gyzyň juda syratly, edepli, bütin obanyň derdine ýarap ýören lukman ýigide göwni ýetýärdi. Ýöne ýürege buýrup bolýarmy? Oňa ýüz bermeýärdi.
Bir gün gijara toýdan gelýän Gülçemen, ýoluň çatyrygynda jorasy bilen hoşlaşdy-da, haýaljak ädimläp öýlerine tarap ýöneldi. Inçemikden sagdyn bedenli, egni ýüpek köýnekli, başy gül tahýaly, saçlary guşaklygyna düşüp duran, tegelekden ak ýagyz gyz aýyň bölegi ýaly bolup, gudrata meňzäp ak ýoly bezäp gelýärdi. Gözel gyzlarda bolşy ýaly Gülçemeniňem öz-özüne guwanmak, buýsanmak häsiýeti bardy. Şol buýsanç häzir gussa çekmekden ýadan bedenine güýç berýärdi. Sebäbi öýkeli bolsa-da, gyzyň hyýalynda Ezber öz gözelligine buýsanyp, özi bilen deňje ädimläp gelýärdi. Aslynda durmuşyň özi ýaşap, doýup bolmajak bir täsinlikdi. Gülçemen ýörände tolkun atyp, dyzlaryna degýän saçlaryny sülük ýaly barmaklary bilen çepe-saga ýuwaşja sowup, toý şagalaňynyň, joralarynyň degişmeleriniň, şadyýan gülküleriniň täsirinden çykyp bilmän, adaja ýylgyryp gelýärdi.
Gyzlaram gyzlar-da, olaryň üýşen ýerinde hökman bir gep ýassygy tapylýardy. Gülçemenleriň goňşularynyň gyz bilen ýaşytdaş dälişgeräk, kemisliräk bir ogly bardy. Gyzlar nirede bolsa, olam şol ýerde. Özem Gülçemeniň ölemen hyrydary. Her gezegem gyzlar ony Gülçemene öýermäge söz berýärler. Oňa toý şaýyny tutmagy tabşyrýarlar. Ýöne, şert şeýle. Ol nika ýüzügini Gülçemene öňünden gowşurmaly. Olam getirjekden. Wah, kim oňa nika ýüzük berjek. Gelýän zat ýok. Gyzlara gülki gerek.
— Gülçemen! 
Duýdansyz çykan sese gyz tisginip gitdi. Ol ýalt edip sesiň çykan tarapyna seretdi. Onýança Ezber gyz bilen eginleşip, çynar ýaly bolup, onuň gapdalyndan ýöräp ugrady.
— Nähili, ýagdaýlar Gülçemen! Iki gezek duşuşyga çagyrdym, ikisinde-de gelmediň?!
— Men-ä çakylyk alamok. 
— Ol nähili alamok. Jigim hatymy getirmedimi? Ýigit ynanmajak boldy. Göwnine degilen gyz weli, ýigidi küýsäp, ýüregi agyryp duranam, ýeňil bolmadyk gussany  başyndan  geçirjekdigini  duýýanam bolsa, oýlanyp-oýlanyp gelen netijesini ýigitden gizlemedi, nätjek-dä kalbyndakydan başga zat diýdi.
— Men hatam alamok, hata-da garaşamok. Siz özüňiz ýaly abraýlyja ýerden gyz gözläberiň. Maňa azaryňyz ýetmese bolýar. Atama-da şyltak atmaň, eneme-de. Diliňiz ýetip durka, indi isleseňizem men ol gapydan ätlemen. Ol ojakda bihezzet bolup ýaşap bilmen. Ar-namys mende-de bar.
— Ätlärsiň Gülçemen! Kesirlik etme! Gep-gürrüňe-de gulak gabartma, men öýdäkiler bilen düşünişdim – diýip, ýigit çyny bilen aýgytly aýtdy. Ikimiziň ykbalymyzy ikimizden başga adam çözüp bilmez. 
— Men öz ykbalymy özüm çözdüm öýdýän.

Şirinjemal GELDIÝEWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 426 | Добавил: Нawеran | Теги: Şirinjemal Geldiýewa | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]