14:24
Skifler we saklar
SKIFLER we SAKLAR

Kimmerlerden soñky döwürde Kawkaz-Garadeñiz platosynda skifler döwri başlanýar.
Skifler (Scythians/saklar) b.e.öñ III asyrda Günorta Sibirden Rumyniýanyñ Danube diýen ýerine çenli Kawkaz-Garadeñiz we Gyrgyz sähralyklarynda we Türküstanyñam belli bir bölegini öz içine alýan sebitde agalyk süren ýarym çarwa-ýarym oturymly taýpalardan düzülen konfederasiýa görnüşli halklaryñ biridir.
Rim imperatory Adrianyñ (76–138) döwründe ýaşan gadymy grek ýazyjysy Dionisiý Periýeget tarapyndan çyzylan kartada Hazar deñzinden başlaýan we Gündogar Ýewropany öz içine alýan Skif ýurduna girýän Rumyniýa we Balkan ýarym adasy Dajian, Azow deñziniñ töwerekleri Sarmat, Hazar deñzinden başlaýan Gyrgyz sähralyklary Massaget (Masgut), Hazar deñziniñ günortasy Sak we Sogdak sebitleri diýip görkezilýär.
Skiflere grek çeşmelerinde “Skythai”, assiriýa çeşmelerinde “Ashguzai”, pers çeşmelerinde “Sak” we hytaý çeşmelerinde “Sai” diýilýär.
Professor Mirfatyh Zakiýew skifler we sarmatlar hakyndaky iñ gowy maglumatlaryñ Gerodotyñ "Taryhynda" bardygyny, Gerodotyñ "Taryhynyñ" dokuz bölümden ybaratdygyny, kitabyñ 4-nji bölüminde skifleriñ perslere garşy alyp baran göreşlerinden gürrüñ berilýändigini, bölüme grek mifologiýasynda tragediýalary beýan etmek üçin ulanylan “Melpomene” adynyñ berilendigini aýtmak bilen pers we gadymy grek basybalyjylaryna garşy alnyp barylan aldym-berdimli söweşleriñ skifleriñ ýurdunda hakykatdanam hasratly tragediýalara getirendigini belleýär.
Gerodot skifleriñ Aziýada ýaşandygyny, massagetler bilen oñuşman kimmerleriñ ýaşaýan ýerlerine tarap süýşendiklerini, kimmerleriñ öñdenem tanaýan ýakyn kowumdaşlary skifler bilen uruşmak islemän sebitden göçendiklerini, kimmerlerden soñ Kiçi Aziýa tarap süýşen skifleriñ Medes ýurduna girmegi bilen pers patyşasy Dariniñ skiflere garşy uruş yglan edendigini, başga sebitlerde ýeñiş üstüne ýeñiş gazanýan Dariniñ skiflerden masgara bolup ýeñilendigini ýazýar.
Gerodotyñ "persleriñ skiflere "sak" ýa-da "saka" diýýändikleri" baradaky pikirine professor M.Zakiýew persleriñ bu ady toslap tapmandygyny, özlerine "Saka" diýen sözi skiflerden şeýle eşidendikleri üçin persler olara saklar diýipdir diýip düşündiriş berýär.
Skiflere “Saka-Sakaty-Iskit-Skolot” ýaly berilen atlaryñ etnologik taýdan tutarygy bar bolup, olaryñ ählisi "Sak" (eserdeñ, hüşgär -t.b.) sözünden emele gelendir.
Persleri diýseñ gowy tanaýan gadymy grekleriñ hiç wagtam skiflere "persler" diýmändigine ünsi çeken M.Zakiýew soñky wagtlarda käbir taryhçylaryñ orta çykyp, skifleriñ "eýran dilli" bolandygy baradaky hiç bir tutaryksyz çaklamalary öñe sürmeginiñ juda manysyzdygyny belleýär.
Persleriñ skiflere "saklar" diýendikleri baradaky ilkinji subutnama pers patyşasy Dariniñ daş ýazgylarynda gabat gelýär.
B.e.öñki VII asyrda assiriýa we grek çeşmeleride kimmerler we skifler “Ashguzes/Ishguzes” (işguzez - içguz - içoguz -t.b.) diýip atandyrylýar. Hytaý çeşmelerinde bolsa olara "Sai", Gündogar Türküstan çeşmelerinde “Sintszýan“ diýilýär. 
Günbatar Hytaýyñ serhetlerinden başlaýam we Rumyniýanyñ Danube raýonyna çenli uzalyp ýatan bu ümmülmez Ýewraziýa giñişliginde Gerodotyñ aýdyşy ýaly dürli-dürli tire-taýpalaryñ ýaşandygyny bu giñişlikde ýeke-täk bir dilde gepleşilmeginiñ mümkin däldigini aýdýan M.Zakiýew alymlaryñ köpüsiniñ Skif diýlende belli bir halky däl-de ~ ýurdy añladýandygy baradaky pikire uýýandygyny, muña garamazdan käbir alymlaryñ öñe süren we bu sebitde osetik görnüşli ýeke-täk dilde gürleşilendigi baradaky çaklamasynyñ hiç bir tutarygynyñ ýokdugyny aýdýar.
M.Zakiýew “Origins of Turks and Tatar, 2002” kitabynyñ 44-48-nji sahypalarynda dil boýunça geçiren detallaýyn barlaglarynyñ netijesini beýan edende, skif ýurdunda ýaşaýan kowumlaryñ aglabasynyñ türki dilde gepländigini, gadymy çeşmeleriñ hem bu sebitde ýaşan halklaryñ biri-birine baglanyşykly kowumlardygyna yşarat edýän onlarça delile ünsi çekýär. 
Häzirki wagta çenli skifler baradaky maglumatlary derñäp gelen türkologlar hem skifleriñ we sarmatlaryñ biloñurgasynyñ türki dilli taýpalardan düzülendigini dil, etnologiýa, mifologiýa we arheologiýa ylymlary boýunça toplanan deliller arkaly subut ede-ede gelýärler. Şeýle-de şu aşakdaky alymlaryñ gelen netijelerine üns bermek gyzykly bolsa gerek.
Professor Anatoliý Klýosow “Overview Of Turkish Genetics, 2010-2012” atly makalalar toplumynda häzirki wagta çenli skifler boýunça taryhçylaryn arasyndaky jedelli pikirlere gysgaça ser salyp geçmek bilen, genetiki barlaglaryñ netijesinde skifleriñ hem çarwa, hem oturymly bolandygyny, hem türki (gadymy türkmen) dilde, hem ariana dilinde gepländiklerini, türk(men)i dilde geplänleriñ (R1b) ata-geni göterýändigini, arianlaryñ (R1a) ata-geni göterýän Altaý-Sibir gelip çykyşly we has irki döwürlerde türki dilde geplän kowumlar bolandygyny, şol sanda G, Q, N ata-genleri göterýän kowumlaryñam bardygyny, olaryñ Q we N ata-genlerini göterýänleriniñem (R1b) ata-geni göterýänler bilen birlikde türki dilde gepleýändigini, G ata-geni göterýänleriñ diñe eýran platolarynda bolandygyny, şol wagtlar arianlaryñ bu sebitlere gelmändigi sebäpli entek dilleriniñ hindi-ýewropa (arian) diliniñ täsirine girip ýetişmändigini ýazýar.
Professor A.Klýosow häli-häzirem käbir ýazyjydyr taryhçylaryñ skifleriñ çarwa bolandyklary we Altaý daglaryna çenli baran bu adamlaryñ kawkaz tipli bolandyklary hemem hindi-ýewropa (arian) dilinde gepländikeri barada ýazýandyklaryny we muny näme maksat bilen ýazýandyklaryna düşünmekde kynçylyk çekýändigini ýañsylamak bilen belläp geçýär.
Alymyñ aýdyşy ýaly, Altaý daglarynda skifler döwrüne degişli tapylan kawkaz tipli adamlaryñ skifler bolandyr diýip nädip anyk karara gelmekleri we olary skiflerdir diýen çaklama bilen hindi-ýewropa (arian) dilinde gepländir diýip çözgüt çykarmaklary pop-genetikaçylykdan başga zat däldir.
Professor M.Zakiýewiñ skifler-saklar hakynda arheologik, etnologik we dil taýdan toplanan maglumatlary derñäp ýazan "Skifler-saklar" (Ankara-1993) eserinde aýdylyşy ýaly, "skifleriñ-saklaryñ türki dilde gepländigini inkär edip bolmajak derejede" subut eden professor Ilhami Durmuşyñ "Skifleriñ gelip çykyşy" makalasynda skiflerim Ural-Altaý kowmudygy hususda XX asyrda-da barlaglar geçirilendigini, şol alymlaryñ başyny E.H.Minnsiñ çekýändigini, bu tanymal alymyñ ýazuw çeşmelerini we köpsanly arheologik tapyndylary seljerip, olaryñ Ural-Altaý kowmuna degişlidigini gutarnykly netijä gelendigini görmek bolýar.
Skifleriñ türki kowumlardandygyny kabul eden alymlaryñ arasynda O.Franke, E.Meýer, G.W.Huntingford, W.Ruben, H. H.Won der Osten abraýly alymlar bar. Bu hususda öz sagdyn we ynamly pikirlerini orta atan ýerli alymlaram az az däl. Sadry Maksudy Arsal, Şemsetdin Günaý, Zeki Welidi Togan (Zaky Walydow), M.Fahretdin Kyrzyogly, Mihail Gubogly, M.Taner Tarhan, Bahaeddin Ögel, Miraly Seyidow, Ýylmaz Öztuna we Salim Kojanyñ (Öwez Gündogdyýewiñ, Juma Ataýewiñ, Osman Ödäniñ... atlaryny hem şu sanawa goşmak bolar -t.b.) atlaryny görkezmek bolar.
Muña garamazdan häzirem käbir günbatarly taryhçylar skifleriñ gelip çykyşyna we geplän diline üns bermezden meselä arheologik çarçuwada seredýärler we atlandyrylyşy bilenem köp zat añlap boljak şekilde skif medeniýetini "Skif-Sibir medeniýeti" diýip başga çarçuwada öwrenýärler.

# Halit Ýaşarkurtyñ "Türkleriñ gelip çykyşy" ("Türkler kimdir") kitabyndan terjime edildi.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 323 | Добавил: Нawеran | Теги: Halit Ýaşarkurt | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: