08:26
The material has been deleted by the copyright holder.
The material has been deleted by the copyright holder.
Просмотров: 673 | Добавил: Bagabat | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 43
0
43 meretmuhammet   [Mowzuga geç]
Bu Mowzugy okaýan ýashlar (entek durmush gurmadyklaram ) kop zada göz ýetirerler. Käşgä hemmesine okadyp bolsady, sagbolsyn azap edil ýazan , bize ýetirenler.Tesbirler barada aýtsak döwuriñ kynlashýany dogry zat kyryzys dunya ýuzunde hokum suryar, hudaýa şukur biziñ ýurdumuz kopusinden gowy. Azajyk Şapgaly , ýuz goruşlik, meseleleri bar diýmeseñ. Ozuñ Erkek oglan bolsañ bir Maşgalany bol elin saklap bolýar bir omruñ dowamynda jaýam edinip bolýar. Ýone çagalaryñy okatmana, öýli ishikli etmanede gazanyp bolýar diýmaýin, özüma başaramok dogursy.Bu zatlar Maşgala gurmazlyga, ýada aýrylyshmaga sewap däl, oña özimiz gunakar, shuwagt hickim, meni aç saklaýar diýip ýa narkoman, urýar sokýar diyip atasy oýune gelenok, Mowzukda gowy dushundiripdirler sebabini. Ýone bir zat agzalmandyr, oz pikirim shu daşary yurt mediýalarynyñ(Televidenýañam oyny kanmika diýýan , biziñ çala sowat ýaşlarmyz şolara meñzejek bolşup şolaryñ medeniýetini oz maşgalasyna girizjek bolşup) yzyny tapman ýorler. Oñem biziñkilerden biri Daşary ýurtlarynyñ birine barýarmyş, barsa Telewizordaky gorkezyan hezillikleri ýok diýýa ozlerinde.Onsañ ýañky: Aý hany biz gaytmakak bizde ol bar bul bar diýip, gorkezýan zatlary biza şonuñ ùçin geldik diýse , ýerli gardaş: aý dostjan ol mediýada gorkezyan zatly daşary ýurtlar üçin, bizdede edil siziñki ýaly. Hezillik ýok diýýarmiş. Şonuñ uçin (Magtymguly atamyz; Ursa, sökse, horlasada il ýagşy diýýa) öz yurduñuzdan gozäñ çaresini, Yurtdan çykyp gitmage esas ýok.

0
42 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şoñ ü.n okamazlykdan okanyñ, hiç zat bilmezlikden her zady bileniñ yagşy.

0
41 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öñem çalak-çulagrak eşidipdim welin, düýn telewizorda bir gepleşik gördüm: adatça dünýä boýunça alanda aýal-gyzlar hor görünmek (figura saklamak), semremezlik, syratly, syrdam görünmek üçin berhiz saklaýarlar, aç gezýäler, ýa-da ýüzlerini owadan görünmek her hili kosmetiki çäreleri, makiýažlary edýärler, göz-gaşlaryny ütýärler, saçlaryjy reñkleýärler we ş.m.. her dürli zenan emelleri...
Emma Afrikanyñ Mawritaniýa diýen ýerinde bütin bularyñ tersine. Ol ýerde zenan äre barmanka hor-lagar ýagdaýda bolmaly däl-de gaýtam çişikje bolmaly, 60 kg-dan aşak bolmaly däl. Eger gyzyñ iýeni inine ýaýraman hor bolsa, onda ony ýörite gyz semredýän yere ugradyarlar. Ol yerde diñe iydirip-içirip saklayarlar, hatda semremek üçin gaynadylan suwuk haywan yagyny hem içirýärler. Eger gyzyñ işdäsi bulanyp içirilen yagy ya beyleki iyen zadyny gussa, gusanyny iymäge, üstesine tayak "iymäge" mejbur bolyar.. geñ...

Diyjek bolyan zadym: bir dirhem et müñ aýyby gizläp bilermi? Ýa-da müñ aýbyñy açarmy? Dünýäniñ çar künjünde, haýsy jemgyýetde ýaşasa ýaşasyn, ha gowakda ilkidurmuş obşina gurluşynda ýaşasyn, ha irden Aşgabatda ertirlik edinip obetde Moskwada günortanlyk edinip, agşam Madritde agşamlyk iyip, agşam yene Aşgabatda per düşekde ýatyan iñ ösen jemgyýetde ýaşa... ha çatmada ýaşa ha 100 gatly neboskorýoblarda... adam okap añyny ösdürip, gözýetimini giñeltmedik yagdaýynda, okamadyk yagdaýynda şol yaşayan jemgyýetiniñ, şol jemgyýetiñ ketdeleriniñ guly bolup yaşamagyny dowam eder...

0
40 Kiparis   [Mowzuga geç]
Aslynda erbetlik etmäge, ýamanlyk görmäge bahana köp. Gowulyga ymtylyp, durmuşdan ajaýyplyk görüp ýaşamak kyn. Özüň düzüw bolsaň, garşyňdakylaram düzüw bolýar diýýärler, onda bu dünýäde düzüw adamam ýok bolýar-da. Aslynda maşgala gerek jemgyýete. Ýöne awtoryň ýazan ýazgysyndaky aýrylşmak meselesiniň artandygyny nazarda tutsaň, durmuş gurup maşgala bolmaga gorky dörejek adamlarda. Ene -atalaň zoruna çydaman gurlan maşgala-da ahyrynda dargaýar

0
39 Kiparis   [Mowzuga geç]
Tema döwrüň wawwaly meseli, teswirleriňizde-de köp zady jaýdar belläpsiňiz. Menem öz pikirimi aýdaýyn. Maşgalanyň dargamagyna diňe är-aýal däl, biziň türkmenlerimizde belli bir derejede ejelermizem günäkär. Aslynda durmuşda häzirki bolýan, eşdilýän wakalara seredip "samsyk bol welin oglan bol oglanyň ejesi" diýesim gelýär. Öýerýänçä oglunyň ykbaly barada aladalanmadyk ene, öýerensoň ogluny "howply duşmandan" goramaga başlaýar. Onda-da öz saýlap, seçip ogluna mynasyp gören "howply duşmanyndan". Erkek adam gözýaşa ejiz bolýar, onda-da ejesiniň gözýaşyna. Ýaramaz dostlardan, endiklerden, ýerlerden gorap bilmedik ogluny gelninden "gorap" saklamak üçin ejesi ähli "söweş esbaplaryny" geýinýär. Onsoň gelinem ahyrynda herekete geçýärde, dargaýar maşgala. Ýa-da tersine, durmuşa çykýança gyzyna nahar bişirmegi öwreden däldir welin, toýdan soň gyzyna "akyl" berip başlaýar ejesi. Ýaşlar özaralaryndaky problemalary syr hökmünde saklp ýeňmegi başarmagy öwrenmeli. Ene-atalaram beýdip hersi öz çagasynyň daşyna "hytaý diwaryny" aýlamaly däl-de, täze dörän maşgalany özerkine goýbermeli. Hawa, gaty giden ýerinde käýemelem bolar, ýöne her ownuk meselelere goşulmaklyk ýalňyşlyk. Her ownuk meselä goşmaklygam ýalňyşlyk. Bolýan wakalara daşyndan baha bermek aňsat, ýöne ynsapsyza duşaýsaň elli iki namys edäý, barybir aýrylşmaga mejbur edýärler. Öl onsoň namysdan ölýän bolsaň, ýöne şonda-da ýaşalýar, nätjek, Allaň beren amanadyny özi alýança çydamaly bolýa-da

0
38 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
37 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
36 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
35 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
34 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
33 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
32 Gökböri   [Mowzuga geç]
Önem bir maşgala uyşup haywanlar hakynda gepleşik goryamişin, Gepleşik ýylanlar barada baryamyşyn, onsoñ çagalary kakasyndan sorayamyş: "Kaka bu ýylanlar name u.n bagry bilen süyşenekläp yöreyar?" diyip. Kakasy:"Okamandyklary ü.n" diyip jogap beripdir.
Eger ortada jemgyyetiñ bir yarasy bar bolsa, olam biziñ öz nadanlygymyzdan, bilimsizligimizden, iñ beteri-de adam bolup bilmeyanligimizden...

0
31 Adalat19   [Mowzuga geç]
Ebu Lehebi men şu wagt Abu Bekr bilen buluşdyrjak bolup ýördüm...

0
30 Raziýe_Soltan   [Mowzuga geç]
Hakykatdanam yewropadan owrenmeli almaly zatlar bar yone imenno so yewropalasmak ucin yada televidniyeden goryan seriallap peredacalary hakyky durmus diyip kabul edip durmusuny solara menzetjek bolyan an taydan saygarmak ukuby bolmadyk cagalaryn ertirki gun nahilli durmusun ajy suyjisini cekesleri gelenok. Hatda in yonekey isleyan yeri bolmadyk yas catynjalaryn ertirki gun cagasyny nadip eklejekligi barada oylanyan adam yok.
Yewropalasmagyn in yonekey jynsy gatnasyk ya masgala gatnasyklaryny beylede goyup ozine karyere gurmanka oylenenoklar yada solaryn ayallary hem is yagdayyny gowlaman oy jay ozinki etman caga barada asla pikir edenok. Ertirki gun seyle islegler kanagatlanmasa hor galjak cagalaram yok uly aladalaram.

0
29 Adalat19   [Mowzuga geç]
@Has, Ebu Leheb kimaý???

0
28 Can-Kurt   [Mowzuga geç]
@Has özüň bilýäň, Bagabat dogan has janagyrly meseleden gürrüň açypdyr, menem janym bilen goşuljak welin bir-ä kelläm agyrýa, birem öýleboeldy, gidip namaz okalyň we ýurdumyz üçin, il-gün maşgalalarymyz üçin Allahü tegala ýalbaryp dileg edeliň, belki gowulnarys. Jaý-mellek meselämizem başymyzy gaty agyrdýa.
Ýokarda biri teswirinde "oba gitmeli, ekin ekmeli" diýipdir. Dogry oba ýeri ýenede biraz gowy ýaşamaga. Ýöne köp çykdaýjylar edip eken ekiniňi bazara äkidip satjak bolsaň, zulumkärler gelip "ýaha biziň aýdan bahamyzdan satarsyň, ýa-da şu bazarda satmarsyň" diýseler näme etmeli.
@Has sen şeker mekgäniň birazyny dadyp görensiň. Şony şu bazarlara çykaryp adamlara iýmäni ögredenleriň ikisinden birisi biz. Indi bu gün tüweleme her kim iýýärem ekýärem. Şony zor bilen köp çykdaýjylar bilen ýetişdirýäň welin bazardan kowalap satdyrman ýörler. Ýada "bir zatjagaz" emlemeli satjak bolsaň. Umuman bu temada degişli däldi, jçimiň ýangyjyna aýdaýdym.

0
27 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Atam öýüne barsam doganoglan uýam ikinji gezek durmuşa gitjek bolup otyr eken.Menem indi bir bagtly bol diýip bardym.Ol:
-Senä ýat,daş ýere durmuşa çyksañam bagtly ekeniñ-diýip,günüme bahyllyk etdi.Menem doganoglan bolsa-da jigim hasaplap öwüt beren boldum başardygymdan.
-Adamlardan oñatlyga garaşmazdan öñ ilki özüñ oñat bolmaly.Eýle-beýle zatlar hemme hojalykda-da bolýandyr.Geçirimli bolsañ hemme zat geçýändir.Aý garaz eýle-beýle mysal getirip düşündiren boldum...
Indiki gezek atam öýüne barýançam goñşy-golamlara gowja myş-myş ýaýradypdyr ýeññemjan.Gumlygelin görgüliñ güni gowy dälmiş diýip...Ýeññemiñ gyzy bolsa ol ýerden hem üç aýdan yzyna geldi.Beren öwütlem ýele-de gitmedi.Gybata öwrülip gaýta öz ýakamdan ildi...

0
26 Can-Kurt   [Mowzuga geç]
Köpelmek üçinem arassa maşgalalar bolmaly. Durmuşyňyzda gabat gelýäňizmi "nikasyz ýaşasyp" ýörenleriň barlygyna. Ýa durmuşda duşýaňyzmy baýramçylk, doglan gün, täze ýyl bahanalary bilen şampan, konýak, arak içýn gelin-gyzlara. Ýa duşup gördüňizmi Awaza diýln ýerde erkkleriň ýanynda ýarym-ýalaňaç gelin gyzlara (hatda öz maşgalasy bilen). Eger şu we şuňa meňzeş zatlar milletimiiň arasynda köp boldugyça arassa maşgalalar az bolar. Arassa maşgalalar az boldugyça milletmiz "ownar" , ownadygyçada "ýiter gider". Elbetde bu zatlary Allahü tealadan başga näme boljagyny bilen bolmaz. Biziňki bir öz pikirini aýtmak.

0
25 Can-Kurt   [Mowzuga geç]
Essalamu aleýküm.
Tüwelme gürrüň gyzypdyr görýän welin, bizem rugsadyňyz bolsa bi-iki agyz aýdaly, aňymyzyň ýetdiginden.
Howwa, ilki bilen diýjek bolýanym (öz pikirim) bi öz musulmançylygymyzdan, türkmençiligimizden, ata-babadan gelýän ýagşy adatlarymyzdan daşlaşmadyk bolsak, dogrysy başga bir musulman däl halklar tarapyndan daşlaşdyrylmadyk bolsak, onda biz bu günki düşen günümize belki düşmezdik .
Biziň ýurdumyzy basyp alanlaryndan soň, biz üçin ýazylan, düzülen kada kanunlar biziň adatymyza uýgunmydy? Ýok. Diýmek köp derejde bu "aýrylyşmalara" kanunlarymyzam günäkär bolýa. Bir halky "ýok" etmek üçin ilki o halkyň edim-gylymyny, dinini aradan aýyrmaly. Dimek şool başda biz üçin ýazylan kanun bir "tohum" diýip göz öňüne getirsek, ol tohum ýuwaş-ýuwaşdan suwarylyp, ders berilip 1990 jy ýyla çenli az mukdarda ösüp geldi. Ondan soň bolsa ýaňyj çykan kiçijek ösümligiň düýbine güýçli dökünler berilip bu günki ýagdaýyna getirildi.
Pygamberimiz aleyhissalatü wessalam aýdypdyr: men o dünýäde ummatymyň köplügi bilen buýsanaryn (hadysy sözme-söz bilmok). Biz köpelmeli, örňemeli-ösmeli.

0
24 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

1
23 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
22 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
21 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
20 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
19 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
18 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
17 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

1
16 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
15 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
13 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
12 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
11 Rahat   [Mowzuga geç]
Käşgä adam pahyr ahli gazananyñy jaya geçirip arkayn yaşap bolsa. Adam iymeli-içmeli, geyinmeli, çagalaryñy il bilen deñ adam edip yetişdirmeli, iydirmeli geydirmeli... oylendirmeli, okatmaly...
ana, onsoñ yene başlaya parahorluk...

0
10 Rahat   [Mowzuga geç]
Jaý alañda name (şapkasyny töläp), 30 ýyllap omrüňe bergidar bolup, ony üzmegem gerek-da azyndan 3-4 milliard, ya 7-8 milliard. Ony ölyançañ tölap yetişseñ-ä ýetişyañ, yetişmeñem çagalaryñ tolemeli, olaram yzyñdan "ay haramölmüş pahan görüñde dik otur, özüñ-ä ölip gitdiñ, yzyñda-da biz üzmeli boldukmy indi bergiñi" diyp gargynyp yorseler, dat günüñe

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: