10:07
The material has been deleted by the copyright holder.
The material has been deleted by the copyright holder.
Просмотров: 417 | Добавил: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 49
0
49 Şahymerdan   [Mowzuga geç]
Gyzykly çekişme bolupdyr )

0
48 ers-mers   [Mowzuga geç]
Bähh..

0
47 Camilla   [Mowzuga geç]
herekete-bereket

0
46 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Onsoñ maddy baylyk gazanmaga mümkinçiligi yoklar (yada mümkinçiliksiz galdyrylanlar), mümkinçiligi çäkliler bar wagtyny güzeranyñ ugrunda ylgamaga mejbur bolya, gumlyyeññan aydyşy yaly. Ruhy baylygy döretmäge jogapkar adamlaryñ we toparlaryñ munun u.n adamlara şert dõretmegi gerek. Eger men işden gije sagat 9-10-da ya 11-12-de geljek bolsam, dañ bilenem 5-6-da turup gitjek bolsam, men haçan çagalarmy alyp teatra gitmeli, yada bay Yewropa yurtlaryndaly yaly her hepdaniñ şenbe-yekşenbe günleri giçlik maşgala bolup futbol tomaşa etmäge gitmeli? Futbola tomaşa etmek - bu Yewropada hepde ahyrynyñ dynç alyş bayramçylygy... bu zatlar maddy şertleriñ gowulygyndan döredilyan zatlar.

0
45 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Başky pikirim: maddy baylyk bilen ruhy baylygy hiç haçan biri-birinden ayry hasaplap bolmayar. Iñ soñky jemleme mysalymy öz durmuşymdan getirjek we sözümi soñlajak. Ynha, serediñ men ayda 14-15 mln aylyk alsamam ony diñe hojalygyma zordan yetirinýän diyen yaly. Jaý aljak bolup maşynymam satdym. Her hepdäniñ şenbe-ýekşenbe günleri çagajyklarmy teatra äkidesim gelýä, drama näme, pýesa näme dûşundiresim gelýä, işden boş wagtlarym (boş wagtym az) çagalaryñ ertekiler dünyasine, muzeylere, taryhy yerlere aylasym gelýä... ýöne şolara-da ummasyz bolmasa-da, garaz harjylyk pul gerek. Pul bolsa yañky aydyşym yaly zordan güzeranyñy dolamaga yetyä, indi men pikir edyan: meñ yarymça, hatda yarymça-da aylyk almayanlar, yada hic hili düşewundi yoklar nädip oñyarka? Begliñ aydyşy yaly hawa, hemme azgynçylyk köplenç baylardan çykya, çünki olar türkmeniñ ündeyan ruhy akabasyndan, yslamyñ ündeyan halallygyndan bütinleý mahrum adamlar.

0
44 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Arassa agyz suwunyñ bollugy gowy zat.Arassa ahlagy hem arassa çüýşelere gaplap satyp bolýan bolsa alyjysy niçik bolardyka şu döwürde?Tomusyñ jöwzasynda suwa teşneler kimin hyrydarly bolarmyka?
Meñ pikirimçe dükan tekjelerinde (wagty geçip)gum basyp ýatardy.

0
43 Camilla   [Mowzuga geç]
gumlyýeňňe menem şony aýtjak bolýan maddy ýagdaýa üns berip ruhy ýagdaý pese düşýär,muňa internet we ösýan inawasýon eýýäm hem sebäp bolýar

0
42 Camilla   [Mowzuga geç]
angry ýazanlarim gidenok

0
41 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýazyş erkinligiñe degip eliñe uran barmy, Mahydöwranjym biggrin
ýazyber, diñlemek, pikir alyşmak menden )) Akyl yaşda bolmaz, başda bolar. Käşgä hemme ýaş gyz(lar) hem Siziñ ýaly şu zatlaryñ üstünde jedelleşselerdi wacko wink smile

0
40 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Gynansagam meñ düşünjämi düşünjesizlik hasap etjekler juda kän bolar.Sebäbi @Hasyñ oglanjykly teswirinde janygyşy ýaly diñe maddy taýdan baýlyk bolsa galan zada göz ýumup ýaşaýanlar köpelipdir.Baýlyk ähli masgaraçylygy ýuwýamyka diýýäler...
Bizde akmak bolsun,biabraý bolsun parhy ýok.Kimiñ maddy ýagdaýy ýokary bolsa şoñ agzyna añkarmak ýoñ bolupdyr.Bu hem biziñ ruhy taýdan juda-juda garypdymyzyñ nyşany.

0
39 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mysal ü.n hazir Çingiz hanyñ "Ýasalaryndan" (Kanunnamasyndan) bir maddany mysal alaly: "Akyp barýan suwly yaba aýagyny solan adamyñ başy ölümlidir".
Ýowuz madda gerek? Ýöne bu madda öz gozi bilen seretsek, dogry duşinip bolyar: Şol döwür agyz suwy nirden içilyar? Akar suwlardan. Eger sen suwly yaba eñek basyp durkañ, senden yokarrakda biri kirli ayagyny suwa sallap dursa ya suwa peşew edip dursa nahili bor? Şeytmek bilen, bu madda agyz suw rezerwlerini ekologiki taydan arassa saklanmagyny üpjün edipdir. Yogsa hany, olarda biziñ dowrumizdaki yaly 7-8 manadyñy berseñ üstüñe "Arçalyk", "Haýýat" yaly yorite gaplanan suwlary minnetsiz getirip duran barmy?

Getiren mysalym temadan daşlaşan yaly hem boldy welin, herki zada oz dowrunuñ gozi b.n seretmeli diyjek bolanlygym. Azgynlygyñ baylardan çykyandygyna az duş gelemzok. Yone men olary bay hasap edemok.

0
38 Camilla   [Mowzuga geç]
gün güýçlinki gowurga dişliňki diýjek bolýa ,baýlygam güýjem bolsada asly(ruhy taýdan,zanny) gowşak bolsa bolmaýa...

1
37 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Teswirler gaty gyzykly...
Men maddy taýdanam,ruhy taýdanam baýam däl,garybam.Esasy islegim çagalaryma-da maddy baýlykdan has beter ruhy baýlyk miras goýasym gelýär.Elbetde akyl taýdan,ruhy taýdan ýeterlik paýy bolan adam ajyndan ölmez.Bu durmuşda ýörelgäm,baş baýdagym ar-namys.Şondan egsik bolmasam her kimsäñ ýanynda başymy dik tutup gezmäge ýeter...

0
36 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Adalat19, yok men Teýmirleñiñ ylym-bilimi ösdûrmek üçin giden yalñyş yoluny aklajak bolmadym. Yone nädogry-da bolsa şoña ymtyldy diyjek boldum. Oz dowruniñ gozi bilen baha bermek gerek. Döwûr yowuzlygy talap edyan dowurdi. Eger Teymirleñ çozmasa başgasy oñ ustine çozjakdy. Eger Çingiz han Muhammet şanyñ ustune çozmasa, Muhammet şa Uzak Gündagara ćozjakdy (ol şony hem meyilleşdiryardi), eger Mete han Hytayyñ hokumdaryny amana getirmedik bolanlygynda Hytayyñ hokumdary (ady yadyma duşmedi şumat) ony yer yuzunden sûpürip atjakdy. Döwrüñ talaby şeyledi. Diñe goly güyçlüler, ezber gylyç oynadyp bilyanler, goly güýçlileri ozune boyun sundyryp oz daşyna toplap bilyan we golunyñ gûýji bilen duşmany amana getirmage ukyplylaryñ yaşayan, ejizleriñ, yeñlenlerin bolsa olaryñ ökjesiniñ aşagyna dûşup mynjyradylyan döwrüdi...

0
35 Adalat19   [Mowzuga geç]
Sen temadan çykdyň öýdýän @Haweran ))))

0
34 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bu gün Arabystanyñ syýasy häkimligini elinde saklaýan wahhaby häkimiyetiniñ pygamberimiziñ mübärek gadamy dûşen, sahabalaryñ eñek basyp suw içen çeşmelerini, şol dõwûrden galan suwly guyulary betonlayarlar, gömýärler. Bahanalary belli: nämemişin, eger şol çeşmeleri gömmeseñ, musulmanlaryñ ol yerleri togap edip, zyyaratgähe öwürmekleri we şirke dûşmek howpy barmyş. Aslynda wahhabylaryñ yslam dunyasine abanan iñ uly howpdugyny dinden az-kem habarly her kes bilyändir...
Pygamber zamanyndan galan suwly çeşmeler, guýular - bular yslamyñ taryhynyñ bir parçasy, yslam medeniyetiniñ taryhyny gorkezyan bir ayna... olary gömmek, yok etmek bolsa baryp yatan jenayat, wagşylyk... ynha, bulam dini şowakörlügiñ, nadanlygyñ, maddy baylyklaryny ruhy baylygy goramaga, artdyrmaga gönükdirip bilmedik we özleri yslam dininde bolsa-da jahylyýet döwründen örküni üzüp bilmedik nadan araplaryñ gelip düşen gününiñ iñ gowy görkezijisi..

0
33 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hatda yslamyñ ilki döwürlerinde hem baý söwdagär musulmanlaryñ goldawy gerekdi. Dini yayratmak u.n ya bolmasa yaşayan yerlerini goramak u.n söweşe çykan musulmanlary şol dowruñ transport serişdesi bolan atdyr düye bilen kim ûpjün ederdi, eger Ebu Bekir, Osman, Ebu Zerr... onlarça bay sahabalar bolmadyk bolsa?? Ol dowür Medinäniñ iñ gowy suwarymly yerleri we bol hasylly hurmaly yerleri yewreyleriñ, yagny türkmençe aydanymyzda jöhitleriñ (ýahudylaryñ) elindedi. http://www.kitapcy.ga/news....-11-161
hatda sûýji suwly çeşmelere çenli yewreyleriñ elindedi. Bu bolsa Arabystanyñ ykdysadyyetiniñ yewreyleriñ elinde bolandygyny gorkezyar (edil hazir dunya ykdysadyyetiniñ yene şolañ elinde bolşy yaly). Bir gezek Hz.Osman bir yewreyden çeşme karendesine alyar (bir gun yewreyiñ hasabyna, bir gûn Osmanyñ hasabyna, yagny çeşmeden suw almaklyga musulmanlaryñ çeşme Osmanyñ ygtyyarynda bolan guni suw alyp bilipdirler). Onsoñ Hz.Osman musulmanlara: "Ey möminler, siz ićjek suwuñyzy iki gûne yeter yaly edip alyñ" diyipdir. Şeytmek bilen ol musulmanlary çeşme yewreyiñ hasabyna işlemeli guni suwa mätäç bolmaz yaly yagdaya getiryar... netijede ahyrynda girdejiden kesilen yewrey çeşmäni gutarnykly Osmana satyp dynyar we musulmanlaryñ suw upjunçiligi doly çözülyar. Ynha, maddy baylygy dogry ulanañda ynsanyýeti alyp barjak eşreti, döredýän ruhy baylygy... Eger Osman yaly bay musulmanlar maddy baylygyny bu yolda harçlamasa bu gun ki gun biziñ medeniyetimiziñ bir parçasyna owrulen din gymmatlyklarymyz biziñ yaşayan yerlerimize çenli gelip yetermidi?
yslam ýöne yere yetim-yesirleri, garypgasarlary, talyplary goldamagy, olara halal baylygyñdan sadakadyr hûşûr-zekat bermegi parz edyarmi? Ene-ata hossarlygy, garyndaş hossarlygy, dowlet hossarlygy (bularyñ hemmesi şahsyyetiñ jemgyyete goşulmagy we jemgyete peyda getirmegi u.n esasy şertdir) Sürüden yza galan, çopandyr itiñ gözûnden sypan dowary derhal möjegiñ kakyşy yaly, ena-atanyñ, dogan-garyndaşyñ, jemgyetiñ, dowletiñ terbiyesinden, hossarlygyndan binesip galanlary hem nädogry ideologiyalar, nadogry düşunjeler, gaflat tûmlügi gaplap aljakdygy şek-şübhesiz. Bu gun biz hossarsyz diyiljek derejede maddy baylyk toplap, gazananjasyny sarp etmage, artdyryp ogul-gyzynyñ yagşysyna harç etmäge yagdaylary galmadyk (galdyrylmadyk) adamlaryñ daşary yurtlara iş diyip kowçum-kowçum gidip oturandygyny görüp otyrys..
Her bir işiñ özeninde maddy baylyk bardyr. Muny hiç kim inkär edip bilmez.

0
32 Adalat19   [Mowzuga geç]
Rim imperýasynyň sungaty we edebiýaty diňe gulçulyp sistemasy bolany üçin ösüpdir diýen düşünje bar. Hamala gul saklaýan baýlar edere iş tapman şygyr ýazyp başlapdyrlar, surat çekip başlapdyrlar. Seň diýýänleriňem şoňa barýar @Haweran. Menä dogrymy aýtsam şol pikire ynanamok. Rim öz wagtynda bar akylly adamlary bir şähere ýygnady, edil şeýle usul bilen Gitler hem bar akylly adamlary bir ýerik ýygnady. Baýlyk adamlary satyn almaga ýol açýar, ýöne özüň akylly bolmaga şert döredenok...

0
31 Adalat19   [Mowzuga geç]
Şu döwür azgynçylyklaryň bary baý adamlardan çykýar. Küntüçiligi ösdürýänem baýlar, tirýek çekýänem baýlar, gaznany talaýanam baýlar, ogrularam-jümrülerem baýlar. Şol bir bada ruhy dünýäsi ösen adamlaram baýlar bolýada?

0
30 Camilla   [Mowzuga geç]
pikir erkinligi ulansanda ýaziş erkinligi ulanmak bolmaýan eken dry

indi sessizje okap teswir ýazmarin.... angry

0
29 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öñräk telewideniyede bir alym jedel edyä: Näme üçin Teymirleñ tagta çykanda men yslamy yayratjak, din ugrunda goreşjek, meñ tagta geçmek pikirim ýok" diyip, tagtda mongol dinastiyasyndan bolan kukla hökûmdary goydy we egerde name u.n niyeti yslamy yayratmak bolsa, Yewropa çozman diñe musulman yurtlaryna çozdy?" diyyä. Jogaby belli. Teymirleñ ilkibaşda aydan sozunu naderejede yerine yetirdi ya yetirmedi? Ol soraga jogap gozlemek eyyam başga gurruñiñ temasy. Yone Teymirleñ şol dowur name u.n Yewropa çozsun? Yewropanyñ o döwûr oykeni damagyna ýapyşypdy... Yewropa o döwûr juldan çykypdy, tozupdy... Yewropa şondan öñem itden hor durmuşda yaşayardy... aslynda haçly ýörişleriñ maksady bay musulman yurtlaryny talap, añsat yerden bayamakdy... diñe haćly yorişler sabaşansoñ, yslam medeniyetinden tasirlenenen Yewropa kem-kemden ösuş yoluna girdi. Teymirleñem hernaçe yslamyñ adyna bukulsa-da yorişleriniñ ykdysady maksady bardy. Taryhçylar Teymirleñiñ hernace zalym bolanda-da alymlary, ruhanylary, senetkärleri öldúrmandigini, gaytam olara hormat goyandygyny tekrarlayarlar. Teymirleñ tozduran yurtlarynyñ hûnarmentlerini, senetkärlerini, alymlaryny, doredijilik we sungat adamlaryny eger gitse meyletin, gitmese zorlukly yagdayda Samarkanda goçurip getiripdir. Maksat belli - Samarkandy dunyaniñ ylym-bilim we bay sowda merkezine owurmek..

0
28 Camilla   [Mowzuga geç]
smile agzan kitabyňyzyda okadym ýöne şu dördäki adamlar bilenşo zaman adamlari deň dälä täsirde edmeýär,ýazşim ýalňişdir bu dil bilip bilmeýenligimden dälde ýaşaýan ýerime bagli sizde adami tanaman ön ýargi) näme bolýa bilemok) bagly bolmagy mümkin ýazşa düşinsemde ýazşimiň ýalňişligi üçin bagyşlarsiňizda

0
27 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Geçmişde hristianlar katoliklere we protestanlara bölünip bir-birlerini gyrdylar.... Ýûz müñlerçe, millionlarça adamlaryñ gany sil bolup akdy... Näme ûçin: jahylyýet - nadanlyk, ylymsyzlyk, maddy baylyklaryñ az sanly adamlaryñ (buthananyñ we aristokratlaryñ) elinde jemlenmegi... munuñam ûstesine mama, lepra, mergi, iýiji keseli yaly gyrgynćylykly keseller... bularyñ hemmesi ylymsyzlykdan bolan zatlar.. mysal u.n aldylar bir döwür pişikleri gyrdylar, olar şeytany barlyklar diyip, aldylar bir döwür ayal-gyzlary zalymlyk bilen öldürip ya jemgyyetden çetleşdirip bilyardiler olara hem şeýtany barlyklar diyp... aldylar bir döwür buthana indulgensiýa biletlerini satyp başlady, hamala şol petekleri satyn alanlara Hudaýyñ öñünde bagyşlanjakdygyna we jennete düşjekdigine kepil geçilyarmiş. Aldylar bir döwür ylma-bilme we progrese (aýdyñlanma) ymtylan adamlary "yeretik" (dinden çykan kapyr) diyip yglan etdiler, aforoz etdiler (jemgyyetden daşlaşdyrdylar), diriligine oda yakyp öldürdiler...
yewropanyñ şol döwûrlerdaki we ondan öñrakki döwürlerdaki nadanlygyny gorkezyan yekeje mysal: Abbasy halyfy Harun er-Reşidiñ döwründe Pereñistanyñ (Fransiýanyñ) korolyna jyrkyldayan diwar sagadyny sowgat ugradypdyrlar. Haçanda köşkde ilçi sagady gowşuranda sagat işlap başlapdyr we sagadyñ jyrkyldysyna frank köşgüniñ emeldarlary we nadan ruhanylary sagadyñ içinde şeytan bar diyip çar yana jyrralyşyp gaçypdyrlar.
Yslamdan öñki arap durmuşyny alyp görüñ: ýöne yere araplar ol döwre "Jahylyýet döwri" diyyalermi, sapara çykylanda halwadan huday yasalyp, ćokunylyp yolda ajygylan wagtam ol halwa hudaýyñ iyilyan, her bir öyde daşdan, palçykdan, tagtadan yasalan hudaylaryñ bolan, gyz çagalaryñ doglan badyna diriligine yere gomulen, ayal-gyzyñ, gullaryñ, garyp-gasarlaryñ malça-da gorulmedik, hatda uzak yerden sapara, Käba zyyata gelenleriñ mejbury mekgeli sowdagerlerden yhram satyn almaga mejbur edilen, satyn almaga puly gutaran bolsa-da Käbanin daşyndan çuw-yalañać aylanylyp togap edilen, nadan araplaryñ mekir yewreyleriñ elinde eşek kimin aññyran döwûrleri, eyse, ruhy maddy baylyk gazanmaga ukypsyz edilip goylan we ahli baylygy oz ellerinde jemlan az sanly adamlaryñ getiren netijesi dalmi name? Haçan-da Yewropa Renessans dowrune girip, ylym-bilimiñ yzyndam yetip, oñ tersine musulmanlaryñ progresiñ çañyna bulanyp galmaklary, aýdyñlanmanyñ naderejede ynsan jemgyyetine zerurlygyny gorkezyan ayna dälmi? Bu gün geçmişdaki biri birlerini öldüren hristianlar yaly musulmanlar biri-birlerini olduryar. Dunyaniñ çar künjunde musulman musulmany oldurya bu gun....
Ylym-bilimden yza galmaklygyñ getirip taşlayan nadanlygyny, düşunjesizligini, wagşylaşmagyzy gorkezmek u.n şundan gowy mysal gerekmi?

0
26 Camilla   [Mowzuga geç]
ilki size jogap ýazanmimda aýdipdim pikriňize hormat goýan ýöne ylalaşamok diýip

0
25 Camilla   [Mowzuga geç]
tanyş töweregimizde ýetim iki oglan bir gyz ne ene bar ne ata ýöne biri birni goldap daýanşyp jigsini çykaryp arka bolup habar tutyp aladasyny edýärler ýogsa gyz ker akyl taýda ýetik däl ýöne doganlary o mysal getirşiňdäki ýali etmendirler,jigleri ýogaldy çagalarna henizem arka çykyp göz gulak bolýarlar

0
24 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Men öz gepimi gögertjek bolamok, siziñem pikiriñizi ûýtgetjek bolamok. Siziñ pikiriñiz sizde galsyn, meniñki mende.. Pikir azatlygynyñ çäginde öz pikirimi beyan etdim.. Siziñkä-de ne yalñyş diydim, ne dogry ("pikiriñ yalñyş" diyip alyp yatan, sozuñizi gögertjek bolan özüñiz), hatda nädogry bolaýanda-da siziñ şu yerde pikir alyşmagyñyzy ozumiziñ düşunjesizligimizden düşünjelilige, nadanlygymyzdan röwşen yşykly ylma tarap az-owlagam ädim ätdigimiz hasap edýän. Çünki men her bir pikiriñ dogrulygyna ya nädogrulygyna garamazdan beyan edilmeginiñ tarapdary. Yone yekeje berjek maslahatym bar: eger kim bolsa bolsun tapawudy yok, pikir alyşyan adamyñ sozüne "señki yalñyş" diyme. (Muny berjay etmek u.n bolsa Deýl Karneginiñ "Dosty nahili gazanmaly we adamlara nadip tasiriñi yetirmeli?" diyen kitabynyñ iñ bolmanda tûrkmença gećirilen terjime nusgasyny oka. Şol yerde garşyñdaka "señki yalñyş" diymegiñ etiki we psihologiki taydan yetiryan negatiw täsiri doly we dogry görnüşde düşündirilyandir. ))
Hany onda, sag bolmajak.. Siz yaly aktiw teswirçiniñ gelmegini saytyñ lotoreyasynyñ utdugy hasaplayan smile cool

0
23 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Diñe şunyñ özi käbir ýaşlarymyzy ruhy baýlykdan (ruhy baýlygyñ özeni - millilik ahyryn!) mahrum edip taşlaýan, daşlaşdyrýan iñ ýönekeýje element..

0
22 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sözûmi ýañsa alýa diýip dûşünme welin, siziñ aydyşyñyz ýaly "duýgy ýoksullygyna" ýa-da başga medeniýetleriñ täsir ediji penjesine dûşmejek bolsak, onda ilki bilen hemme zady ilki gepleýiş medeniyetimizden başlamak gerek. Türkmençe pikirlenmek, türkmençe sözlemek, türkmençe beýan etmek gerek. Leksikomymyzdan başlap ýaşaýyş, geýniş, iyip-içiş, sõzleýiş, dynç alyş, yatyp-turyş medeniyetimiz hem türkmençe bolmaly, mümkingadar milli bolmaly. Her halkyñ sözüni sözüñ arasynda getirip bolar, her dilde gürläbem bolar, "köp dil bilen köp adam..." hemmämizem bilýäs (yone her dil hem şol diliñ wekilininiñ ýanynda gürlense yagşy, ýa-da goý haysydyr bir diliñ wekili biziñ dilimizde gürlesin, name u.n men onuñ dilinde gürlemäge jan etmelimişim-de, ol maña işi dûşende meñ dilimde gürlemeli däl?)

0
21 Camilla   [Mowzuga geç]
biggrin öz diýenňi gögertjek bolup giden misal getirdiňiz welin pikrim üýtgemeýä siziň pikrinizde,gördünizmi näçe dil dökülsede pikir üýtgemez şo sanda adamin häsýetide subýektiw pikirlenmelerde üýtgemeýä smile

0
20 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çünki biz şol yerden tapan pulumyzy hasyr husyr menden öñ biri gelip alaymasyn diyyän yaly goltuk jübimize salsak we oña namedir bir gerek zadymyzy alsak, bir yetmezimizi doldurandyrys öydyas, hamala baýan ýaly duygyny başdan geçirýäs... bu bolsa biziñ nadanlygymyzyñ görkezijisi, hyrsam däl, pürsem däl ))

0
19 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Pul hyrsy däl, pul hyrsy garypda däl-de, bayda bolýar! Onuñky mätäçligiñ, ömür-boýy yetde gûtde yaşamaklygyñ alyp barýan açlygy... ol şon teklip eden puluny alyp şol pul teklip eden haramzada yaly bol-telkilikde ýaşaryn öýdýä... bu bolsa nadanlygyñ, düşünjesizligiñ, we nadanlygyñ pidasyna öwrülen ol görgüliniñ bir ädimem bolsa öñüni görüp bilmeýänliginden çykýar.
bir zatdan mysal al: hazir yoldan baryarka, öñünden bir petde pul çykan adam añsat-añsat musulmançylykda we türkmençilikde talap edilişi ýaly 3 gezek "Pul kimiñki?" diyip gygyraymaz. Gynansak-da Osman aganyñ "Takdyryñ ýagyr teni" http://www.kitapcy.ga/news/takdyryn_yagyr_teni_hekaya/2018-06-12-270 hekayasyndaky Adylla ýaly adamlar indi aramyzda ýok diýen ýaly. Diñe şunuñ ozem biziñ estetiki terbiyeden, etikadan, medeniyetden mahrum adamlardygymyzy, hatda ol gymmatlyklara tarap ilerlemegiñ deregine olardan daşlaşyandygymyzy gorkezyar.

0
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şol oglanjygyñ şeyle bolan obasynda mundan 40 ýyl öñ şeyle waka bolan eken. Yone ol döwür SSSR-iñ siydigi bilen degirmen ýöredýän döwürleri: hiç rayatyñ işsiz, sowatsyz galdyrylmazlyga çalşylyan dowri (her zamanyñ yaramaz tarapy aydylanda, hakykatyñ hatyrasyna dogry edilen işleri hem aytmak gerek) Adamyñ, jemgyýetiñ üstünde döwlet hossarlygynyñ bar döwri..
Betbagt oglan mekdebi gutaran badyna med.instituta okuwa giripdir, okuwy gutarybam yaşayan welayatynyñ iñ ćetki etrabynyñ iñ ćetki obasyna lukman bolup gidipdir... ol hazirem şol yerde işlap, oyli-işikli we maşgalaly yaşap yormuşin.

Indi yene pikir edip goreliñ: ol döwür, yokary okuwa girmegiñ o diyen bir kynçylygy yokdy, murra-mugt para-peşgeşsiz okuwa girip bolyady... Garaz diyjek bolyanym: sana goşulyp bolyardy, adam bolup bolyardy.. Indi bu soñky oglanjygy kim adam etmeli? Özüniñ namysyny ömürlik yer bilen yegsan eden kakasynamy? Şeyle maşgaladan çykan çaga nädip okasyn, kim oña yol-ugur gorkezsin? Her kim öz derdi bilen we adam-adama peydasy yetmeyan bu dowurde kim ony goldasyn? Yene yañky aydanym, ya-ha binamyslyga yuz urup ölyança şol gabahatlyga çümmeli, yada oz janyna kast edip dynmaly...

0
17 Camilla   [Mowzuga geç]
o maşin alip puly kisä uran adamin namis duýgusni pul hirsi nebsi büremiş,tapawudy näme öz bähbidini çagasynyn ýagdaýndan öňde tutan ata işiginde maşini jübsi dolu bolsada beçebazin atasy has gowja teklip etsede onam kabul eder,burda birini mysal görkezmek hemme beýle diýip bolmaza.
senin iki mysalynda-da zanny düzüw adamlar dälligi bu ähli adamy maddy ýagdaýny gowy garyp berlen parany kabul etýär diýip pikirlenmek ýalniş

0
16 Camilla   [Mowzuga geç]
Toba,Toba cry

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şol wakanyñ bolan obasyna golaý başga bir obada bolsa mundanam has beteri diyp yakañyza tüykürtjek aýylganç waka bolup geçdi.. ýañy mekdebini tamamlan ýaş gyz gowreli bolupdyr... barlap görseler, ozunden birki yaş uly erkek doganyndan göwrelibolan eken... şobada "düşeginde gapýanlaryñ" bardygyny hasaba almasak, onda bu "göwrelilik" birki gezegiñ iş däl. Aydylyşyndan olar öñem (bir oyde yaşap yorensoñ, kim olardan beyle zady oslasyn?) "yatyp-turyp" yoren bolmaly... özlerem yerden çykma yetim, hem garyp... enesem yok, atasam ýokmyşyn...

Pikir edip görüñ, indi:

Eger yokarda birinji aydylan wakadaky oguljygy zorlanan adamyñ gapysynda keserip SIENNASY bolsa ya ol haramzadanyñ özûne teklip edyan dollary öz jübüsinde bar bolup, oñ güjeñleyan puluna mätäç boljak derejede garyplyga, şol gorkuç garyplygyñ yetde-gûtdeliginiñ iterýän nadanlygyna, dûşunjesizligine düşermidi? Namsyny 5 şaya satarmydy? Şuny mañ gurruñ beren oglanyñ aytmagyna görä oglanjygyñ kakasy öñem obada yuwaş, gara goşulmayan, dûşunjesiz, pakyr-pukara, "meni urany huday ursunyñ" biri eken..
ýa bolmasa ile-güne sygmajak gabahatlygy eden ýaş oglan-gyz doganlaryñ hay-küş etjek hossary bolsa, ilden kem etmejek bolup iyjegini, geyjegini gazanyp duran ene-atasy bolan bolsa, ene-atasy terbiyesini, ene-ata duşunjesini alan bolsalar, şeyle waka bolarmydy???

Bu name maddy baylygyñ ýoklugyndan we ruhy baylygyñ doldurmaly boşlugyny dolduryan nadanlygyñ, düşunjesizligiñ, hossarsyzlygyñ alyp baryan netijesi dälmi?

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Işdeş oglanlarmyñ biri gürrüñ beripdi.
Welaýatlarymyzyñ uzak obalarynyñ birinde (anyk niredigini aýdyp durmagyñ geregi ýok) 3-4-nji klas oglanjygyñ garşysna 10-11-nji klasda okaýan oglanlaryñ biri zorlukly ýagdaýda beçebazlyk edipdir. Biçäre oglanjyk özûne näme edileninem bilenokmyş, ganyny sarkdyryp öýüne gelip ejesine "pylan aga erbet edip götûme depdi, agyrysy aýrylanok" diyp aglap durmuşyn. Garabagyr ene hassahana ylgasa, ynha, lukmanlar şeylerak ýagdaýyñ bolanlygyny aydyarlar. Ene-ata oglanlygy zorlan oglanyñ ústune barsalar, "näme etdiñ oglumyza? Milisä arz ederis" diýseler, "näme eder öýdýäñiz? ***-dim, eliñizden geleni aýamañ! Bar nirä arz edip bilyan bolsañyz ediberiñ" diýip bihayalyk bilen jogap berýämişin. Soñ ol bihayanyñ kakasy zorlanan biçäre oglanjygyñ kakasynyñ ýanynda iki gün bolup, onuñ gulagyny gazalabilipdir: "Aý, ynha, oglumy tutduryp, basdyryp goýberdiñem-dä, name gazanjak zadyñ bar? Ondan-a gaytam pylança mûñ dollar bereyin, tazeje SIENNA maşynyñ açaryny bereýin" we ş.m... garaz oglanjygyñ kakasynyñ gulagyna depip, olaryñ ar-namysyny 5 şaýa "satyn alypdyr". Ynha, ýüzleşmeli jygba-jygly pursat gelýämişem welin, namysy depgilenen oglanyñ kakasy "Degmäñ oglana, zorlan oglany tutsañyz men razy dal, meñ arz-şikayatym ýok" diyp ayak diräp durmyşyn... Sud, polisiya bolsa beçebazlyk eden azgyny basjak bolup garabaşyna gaý bolya diyyä, ýöne peýdasy näme, jebir çekeniñ hossary "degmäñ şolara, arzym yok" diyp dursa. Hukuk gorayjy edarañ işgarleri gaharlaryna oglanjygyñ kakasyny 15 sutka gaharlaryna oglanjygyn kakasyny 15 sutka basypdyrlar. 15 sutka dahy namedir? Derrew geçip gidya, emma gelejegi ayak astyna alnan çaganyñ namysy yzyna gaydyp gelyarmi... Zorluk eden maşgala bolsa diyseñ pully we mes ýermişin, indem namysy depgilenen maşgalany obadaşlary ne toyuna, ne sadakasyna çagyrýamyşyn, üstesine-de zorluk edenler "namysyñyzy pula satdyñyz dämi, gürlemäñ" diyen yaly her oturan yerlerinde olary ile çykmaz yaly gyjalata goýup, gürläp yorlermiş...
Masgaraçylygyñ bolsa yzy dowam edip dur: oglanjyk günde mekdepdan aglap gelýämiş, sebabi dûşnukli, deñ-duşlary, synpdaşlary aýbyny yuzune beryandirler...
Indi şol çaga ýa-ha gelejekde "boljagym bolup, boýam syndy" diyip ymykly passiw beçebazlyk ýoluna dûşmeli, ýa-da öz janyna kast etmeli, ýa-da biraz ulalansoñ baş alyp tanalmayan yerine gaçyp gitmeli (yone nirä gaçyp gitsin, gaçmak çykalgamy näme...)

0
13 Camilla   [Mowzuga geç]
sizin diýeniňizä birhilräk boldu

0
12 Camilla   [Mowzuga geç]
dogur okumak üçin maddy hal gerekdir ama profesor ýa alim bolsun ýa-da gowy ýerde işlesin düşinjesi üýtgemese okaninin peýdasi bolarmi?
adamlara,ýagdaýlara garaýşi üýtgemese okumuşlignin peýdasi bolmaz...
maddy ýagdaýin ýokda onda şansi ýokmy

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bihaýalyk, namyssyzlyk, nadanlyk bolsa adamy betbagtlyga, baryp ýetjek iñ sonky gorpuna itekleýär, iñ soñky hapa batgasyna dûşürýär, haýwanlaşdyrýar.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Biz medeniýet barada söz açanymyzda, adatça, ruhy baýlygyñ maddy baýlykdan has ýokardadygyny, hatda maddy baýlygyñ o nuñ ýanynda hic zatdygyny öñe sürýäs, magtaýas.
Dogry, ruhy baý adamyñ ýanynda maddy baýlyk nämedir?.. Hiç zat! Dünýäniñ geldi-geçer haýu-höwesinden başga hiç zat däl! Ruhy baý adam bolsa - iki dünýäde-de baý, ol eýýäm söwdasy oñan, lotoreýasy utan adam!
Ýöne biz bir zady ýatdan çykarýas: ruhy baýlygy döretmek ü.n maddy baýlygyñinkär edip bolmajak orny bardyr. Hatda muny göz öñüne tutanymyzda, ruhy we maddy baýlygyñ biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydygyny görýäris. Magtymgulydan we onuñ galagoply döwründen mysal alaly: Magtymgulydyr we döwrüniñ beýleki ylymly-bilimli adamlary nirede okap ylym-aldylar? Hywada, Buharada. Şeýle dälmi? Ol yerlerde okap gelmek ü.n name gerek? Maddy baýlyk! Elbetde, ruhunda ruhy baýlyga az-kem ymtylyşy bar bolan adamlar maddy baýlygy bu ýolda harçlaýar. Ýogsam bolmasa Magtymgulydyr Zeliliniñ gysgançlykda, harsydûnýälikde aýyplaýan baýlary bu hasaba girenok. Ýöne olar ýalylar ellerinde harjy bolany bilenem baý boldugy däl. Kimleriñ BAÝ bolup bilýändigi we kimlere BAÝ diýmelidigi Nobatguly aganyñ "Döwrüñ depesindäki türkmen" makalasynda gaty göwne batnykly şeklde düşündirýär.
Maddy baýlygyñ ýeterlik derejede bolmadyk ýerinde ruhy baýlyk bolup bilmez (özümi ýa saýty mazamlamak û.n aýdýa diýip dûşünmäñ, iñ bärkisi şu saýty ýöretmek ü.n aýlyk harçdan mysal alyñ).
Ruhy baýlygyñ ýok ýeri bolsa adamy garyplyga, gedaýlyga iterýär. Garyplyk, gedaýlyk bolsa adamy bihaýalyga, nadanlyga iterýär, ar-namys, adamkärçilik duýgularyny gowşadýar.
Muña siziñ iniñizi jümşüldetjek iki sany mysal getirip, sözûmi delillendireýin:

0
9 Camilla   [Mowzuga geç]
*çaga -döwre

0
8 Camilla   [Mowzuga geç]
düşinjene hormat goýan ýöne internet ýada TV şuna meňzeş enjamlar adamlari bara goşaklaşdirýa,daşdan gözlemäli şu tomus aýlari bärkijesi öňler kondisener ýene ýok adamlar şonda da günin aşaginda işlapdirler a indi öýdenem çiklanok köp ýerde gowydyram ýöne enjamlar adamlary ýalta etýär işjenlik azalýar şo sanda gatnaşigam,goňşa gidip otyrýan azaldi ýa garindaşlar öýlerne gidip söhbet etmä derek telefonda gürleşilýär,wideoşekilli jaňlar edilýär ýöne bu görip gapdalinda otyran ýaly bolmaýar,adamlarin duýgilaram çaga görä enjamlaşýar boýun almak gerek ker kes öz bähbidi üçin adamlara ýaklaşýar bu duýgi ýoksullugi dälde ne?

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Meñ pikirimçe internet indiwide we jemgyýete hiç hili howp döredenok. Haçan-da internet nädogry maksatlar üçin nädogry ulanylan ýagdaýynda onda jemgyýet üçin öwezini dolup bolmajak sosial berbatlyklara eltip biler. Munuñ mysalyny biziñ hemmämiz görüp otyrys: porno saýtlar, ýa bolmasa kimdir biriniñ ýa-da belli bir toparyñ, halkyñ, ideologiýanyñ garşysyna kimdir birileri, belli bir toparlar, ýa garşydaş ideologiýa tarapyndan ýykgynçylykly we duşmançylykly agitasiýalary ýöretmek, şahsyýeti garalamak, töhmet atmak, gep-gybatdyr wejeraçylykly suratlary, wideoroliklerri ýaýratmak we ş.m. pyssy-pyjurlykly intrigalary iñ amatly we iñ gysga wagtda jemgyýetiñ ähli gatlagyna diýen ýaly ýaýratmak üçin häzirki zamanyñ iñ aktual serişdesine öwrüldi. Munuñ tersine, milli ideologiýany, halkyñ medeniýetini, döwletiñ alyp barýan syýasy ugruny, dini we medeni gymmatlyklary iñ dogry şekilde we iñ dogry kanallar arkaly ýaýratmak ü.n hem internet iñ amatly we bahasyna ýetip bolmajak nygmatdyr. Munuñ tapawudyny seljermek we yzygiderli düşündirip durmak gerek.
Birwagtlar Kerim şahyryñ "Tomus ýazgylarynda" hem jemgyýetiñ arasyna telewizoryñ ýaýramagyna bolan endişelerin (garyndaşara, maşgala we goñşara gatnaşyklaryny gowşatjakdygyny, adamlaryñ ýekemenleşdigi, ýagny özüñ u.n ayry, ayalyñ u.n ayry, çagañ u.n ayry telewizor almaly boljakdygy barada) dile getirýän gysga ýazgylaryny okapdym. Belli bir derejede şahyryñ aýdyşy ýaly hem boldy, indi seredip görsek, emma şol bir sanda telewideniýäniñ (esasanam dokumental filmleriñ, gündelik dunya habarlarynyñ) üsti bilen kitaplardan gözlände tapyp bolmajak gymmatly maglumatlaty tapyp bilýäs, dûnýäniñ añry çetinde bolan bir wakany bir hepdeden soñ gazetden okap biljek maglumatymyzy şol günüñ ozunde yanynda yaly tomaşa edip bilyäs...

0
6 Camilla   [Mowzuga geç]
sosiallaşmak deregine internet we şeýle enjamlar adamlarin ornuni tutup bara içe egoistik duýgylary oýarýar,egoistika beli birderejede gowam bolsa töweregindekilerden özün artik hasaplap olara göwniýetmezçilik bn seretmegine iterýä,ýöne hiç bir adam artik däl,bu duýgunyň garipligi(ýetmezçiligi özünin dünýanin merkezinde görüp dişardakilari hor görmesi,dine özü köp bilýä,dine özünin diýeni dogry,ddine şo,dine şo) ýöne biz bütin bir jemgiýeti düzýän bolsak ondaki kiçijik damjajik ýali bir zat
maddy ýetmezçilik dälde ruhy gariplik has gorkunç,işläp maddy ýagdaýni gowlaşdirip bolar ýöne aslen,zanny egoist birni özgerdip bolmaz

0
5 Camilla   [Mowzuga geç]
düşinşimçe gryplyk bu maddy dälde ruhy garyplykmyka diýän,sebep senin malin mülkün ýerinde ýöne sana peýdasy ýok gysylp baýligin artdirmak düşinjesi bilen nebsin öňden ýöredip töweregindäki wakalara adamlan gynanjina ne-de şatligna goşulup bilýäň....
dünýe baýligi däl-de köňül baýligini artdirmak üçin göreşsek has gowy bolaýjak ýali,ama buna adamlar düşinselerem düşinmediksireýärler,pulin bolsa senin niýetin,moral taýdan gowşakligin gyzyklandirmaýa,öz güzerani bn başagaý adamlarsa hor görülip dişlanýor,näme üçinka?!

0
4 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Hawa,dogry

0
3 Kimdir biri   [Mowzuga geç]
@Salam, Bagabat (aga oydyan). mumkin bolsa gmail adresiňizi aýdaýyň?
pikir alyşaýjakdym...

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hemme aýdýanlaryňyz bilen doly ylalaşýaryn. Ýöne şü Marksyň "Бытие определяет сознание" diýen tezisini "Gündelik durmuş paýhasy kesgitleýär" diýen görnüşde almak meniň pikirimç-ä aýdyljak bolan pikiriň mazmunyna laýyk gelermikä diýýärin.

1
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Dogrydan da, ruhy garyplykmy,duygy garyplygymy yada maddy garyplykmy,shularyñ haysysy ilki bilen beylekileri emele getiryarka? Akyldar Karl Marks ,,guzaran yagdayy aña ( a:ña ) tasir edyar diyyar. Shuña garasañ ynsan bachyndaky beyleki musallatlary maddy yetmezcilik doredyan yaly. Bu dogyr bolsa gerek. Bir gezek yazyjy Chingiz Aytmatow telewizorda cykysh etdi.Shonda ol,, biziñ caga mahallarymyz agshamaralar garrylar goñshylar bolup uyshup,biriniñ gapysynda oturyardylar. Yada goñshy goñshyñ oyune baryp caylashyardylar.Dunyañ gurruñuni edishyardiler. Indi bolsa ( gecen 90-njy yyllaryñ gurruñi ) hazirki dowurde o zatlar galdy. Oylerde radio,magnytafon,telewizor peyda boldy. Her kim ishden gelip,jayyna sumulyar. Meydana, birek-biregiñ yanyna cykmayar. Goñshy-goñshyñ halyndan bihabar"diyip aytdy. Hawa, dunya belli yazyjynyñ janagyrly aydan bu sozleri guzeranyñ,maddylygyñ hususylyk guyjuni gorkozyan yaly. Yonekeyje mysal: Aylyk alan gunuñ diñeozuñ dal, mashgaladakylaryñam shat bolyar. Cagalaryñ ,,ony alyp ber,muny alyp ber" diyship, hususy emlak edinmegiñ pikirinde bolyar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]