22:34
Söýgi hatyndan soñky oýlanma
SÖÝGI HATYNDAN SOÑKY OÝLANMA

Gözel gyzyň ýazan söýgi hatyndan,
Durlap bilmän ýaňy bozlan nepesim.
Belent jaýlaň iň ýokarky gatyndan,
Synlap durun agaçlaryň depesin.

Ýaprak neçüýn terk edipdir şahasyn,
Bu sowalyň jogaby bar ýönekeý.
Bilip-bilmän ömre düşýän bahasyn,
Söýgiň üçin gurban bolma,
Ýöne köý!

Kepderileň sürüsi dek pikirlem,
Gonara ýer tapman uçýarlar gökde.
Oglan yhlasym bar juda ýekirlen,
Onsoň nirden aýdym bolsun ýürekde.

Sebäp özgä gülüp bakan gözleriň,
Kalbymda yşk odun ýakmaýar indi.
Ýöne geçen günlerime dözmerin,
Söýgi maňa hasrat bolup göründi.

Indi bize düşünişmek kyn bolar,
Söýgi bize geçip giden şalykdyr.
Balygyň gylçygna dönen kineler,
Bokurdakda tegek bolup galypdyr.
Категория: Goşgular | Просмотров: 319 | Добавил: Нawеran | Теги: Ilmet Gurban | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Soňlamasy ajaýyp eken...

0
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Gowy goshgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]