18:12
Durgunlyk döwrüniñ çagalary
DURGUNLYK DÖWRÜNIŇ ÇAGALARY

Awtordan

www.kitapcy.com saýtynda goýlan «Ahlak gymmatlygy goraga mätäçdir» diýen makala meni diýseň tolgundyrdy. Juda gerekli makala. Aýdylýan zatlaryň ýürekden çykýandygy we hakykatdygy belli. Şunuň ýaly makalalary ýerli-ýerden köp ýazmaly. «Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma, Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr» (Magtymguly).
Men talyp wagtym şu tema bilen ruhdaş, jemgyýetiň ahlak derejesi, esasan, ýaşlaryň ahlagy barada bir makala ýazyp, metbugatda çap etdiripdim. Ol döwür entek Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmandy. SSSR-iň çagşap, M.S.Gorbaçýowyň Üýtgedip gurmak syýasatynyň dowam edýän döwrüdi. Merkezi (Moskwa) metbugatda-da, respublikan (Aşgabat) metbugatynda-da Durgunlyk döwri (esasan L. I. Brežnewiň döwri) tankyt edilýärdi. Men hem makalamda şonuň bilen baglanyşykda, öz döwrümiň talyplarynyň, ýaşlarynyň durmuşyny, jemgyýetiň ahlak derejesini, döwrüň wakalaryny açyp görkezmäge çalşypdym. Şol makalany saýtyň okyjylaryna hödürlemegi dogry tapdym. Muny okyjylara ýetirmek bilen, her döwrüňem özüniň ahlak derdiniň bardygyny, ýöne meniň makalamdaky ýaşlaryň ýaşaýşynyň, durmuşynyň, dünýägaraýşynyň, ahlagynyň häzirkiden düýpgöter tapawutly bolandygyna ünsi çekmek isledim. Şu günki okyjylar (esasan ýaşlar) mundan 30 ýyla golaý öň ýazylan bu makalany okap, döwri döwür bilen, ýaşaýşy ýaşaýyş bilen deňeşdirip görüp oýlanarlar we oňyn netijeler çykararlar divip tama edýärin. Şunuň birlikde, şu günki ýaşlary, talyplary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gadyryny bilmäge çagyrýaryn.


* * *

Studentleriň umumy ýaşaýyş jaýynyň hajathanasynda taşlanan öli çagany tapandyklary baradaky gürrüňi ilki ýoldaşymdan eşidenimde depe saçym üýşip gitdi. Bu aýylganç gürrüňe ynanjagymy-ynanmajagymy bilmedim. Ol köpüň agzynda uly gürrüň bolup gezdi. Bu işi barlamak üçin döredilen komissiýanyň çlenleriniň biriniň gürrüňinden soň şeýle elhenç hadysanyň bolandygynyň anykdygyna göz ýetirdim. Çagany dogrup taşlan student gyz ekeni... Näme aýdyp, näme diýjek?! Haýwan çagasyny beýdip taşlanok. Ynsan bolsa...
Bu birki ýyllykda bolan waka. Ýöne şeýle ahlaksyz hereketleriň, binika çaga dogurmaklygyň, jelepçiligiň azalman, eýsem gün-günden köpelip barýanlygy hemmä belli zat. Muňa degişli mysallary durmuşdan näçe getirseň getirip oturmaly. Tenini, namysyny gazanç çeşmesi edýänler, wejera bolup, wideolentalara surata düşýänler, haram keýp netijesinde göwresinde galýan bigünä, aýy-güni ýetmedik çagany her hili usullar bilen aýyrdýanlar ýokanç kesel ýaly bolup, bütin jemgyýetimiziň süňňüne ornap barýar. Ýaş ýigitleriň adam öldürmek, gyz zorlamak, ogurlyk ýaly edýän jenaýatlary hakynda indi gazetlerde geň-taň görmän okamaklyga-da birhili öwrenişilip barylýan ýaly.
Mundan üç ýyl ozal bir partada oturyp, bile okan dostumyň şäherimizdäki başyna giden ganhorlaryň bigünä pidasy bolanyny ýatlap, ýüregim dilim-dilim bolýar. Neresse suwa düşülýän ýerde neşekeş, arakhorlaryň bir topary tarapyndan ýersiz-ýere urlup, suwa gark edilip öldürildi. On sekiz ýaşyna ýetmänkä jahan bilen hoşlaşmaly bolan ýoldaşymyzy soňky ýoluna ugradanymyzda onuň käbesiniň bagryny paralaýşyny görüp, ýüzümizi elimiz bilen tutman durubilmedik, onsuzam damagymyz dolup, hünibirýan aglamaga her birimiz taýýardyk.
Ýaşlarda wyždan, namys, ynsap, päklik, utanç-haýa ýaly ahlak düşünjeleriniň örän aýylganç hala düşenligini mertlik bilen boýun almagymyz gerek. Sylag-hormat, wepalylyk, dogruçyllyk, hakyky söýgi ýaly zatlar barha ýat bolýar.
Şeýle zatlary «göremok-bilemok» etmek günüň öňüni etek bilen ýapjak boluşlary ýaly bolmazmy? Bu meselede çekinjeňlik etmek şeýle ýagdaýyň has çuň kök urmagyna getirmezmi? «Aýbyny ýaşyran aýňalmaz» diýen pähime eýerip, ýaşlar durmuşyna ornan şeýle howply keseller barada öz oý-pikirlerimi beýan etmeli diýen netijä geldim. Çünki gürrüňi edilýän ýaşlar meniň deň-duşlarym, günde söhbetdeş bolup, gatnaşyk etmeli bolýan ýoldaşlarym. Kesel diýlen bela adamyň ýaşyna, kärine, ideýasyna garap ýolukmaýar. Şonuň üçin intelligensiýanyň iň düşünjeli wekili diýip öwülýän student-ýaşlaryň arasyndan şeýle bozuklaryň çykýanlygyny geňläp oturasy iş ýok. Ýöne olaryň hemmesini biraýakdan sürmek pikirimden daşdalygymy okyja mälim etmek bilen maňa dogry düşünerler diýip umyt edýärin.
Eýsem, şu günki ýaşlarymyzyň ýaşaýyş durmuşy, zähmet çekişi, okaýşy, dynç alyşy nähili? Jemgyýetde olaryň şahsyýetiniň doly kemala gelmegine, ahlak normalaryna laýyk ýaşamaklaryna näme päsgel berýär? Ynsan diýen belent ada, onuň mertebesine çirk ýetirmän ýaşamaklaryna şertler barmy? Geliň, bu hakda bilelikde oýlanalyň.
Özüm student bolamsoň, mysallary gözläp uzaga gidip oturmaýyn. Student durmuşyna ýüzleneýin. «Derdi çeken biler, ýurdy göçen» diýişleri ýaly, diňe studentlik ýaşaýşyny başdan geçirenler studentiň nähili hupbatly durmuşynyň bardygyny bilýändir. Daşyndan seredeniňde dokuzy düzüw ýaly bolup görünýän studentiň içki dünýäsine aralaşyberseň, onuň müň ünjüsiniň bardygyny bilersiň. Dogduk mekanyň, ene-atanyň, ýyly ojagyň mährinden uzakda ýaşaýan studentiň güni hemişelik ýeter-ýetmez bilendir. Şonuň üçin il arasynda studente ýarym degişme, ýarym çyn bilen «medeniýetli gedaý» diýlip, örän jaýdar obrazly at berlipdir. Şu wagta çenli studentiň «meňki bolsun» diýer ýaly oňly güni bolan däldir weli, edil ýurdumyzyň häzirki ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwründe ýene-de esasy zarba student görgülä uruldy. Studentleriň ýarpysyndan gowragynyň hem ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmeýänligi ähli kynçylyklaryň başyny başlaýar. Öň güzeranyny zordan itek-çomak dolandyrýan student ýene-de kireýine ýaşamaly bolýar. Gepiň gerdişine görä, şu mesele dogrusynda gadymýete ýüzleneliň. Geçmişde ylym-bilim berýän medreselerde okaýan talyplar kireýine jaýda ýaşadylarmyka? Ýok, olar kireýine ýaşapdyr diýip, hiç ýerde eşidemzogam, okamzogam. Talyplar hüjreler bilen doly üpjün edilipdir. Biziň döwrümizde bolsa studentler eýýäm okuw ýylynyň başyndan ýaşar ýaly sümelge gözläp, gapy-gapy syrýarlar. Ýerli ýaşaýjylar olardan bizar bolupdyrlar. Käbirleri olary kümsük-ogrudyr öýdüp, yzyna it salyp kowsalar, ýene birleri biçäreleriň mertebesine degýärler. Ýoknasyz degişýärler.
Ir ertirden günorta çenli okuwda bolarsyň. Okuw korpuslarynyň ýagdaýy hem ýetme-ýykylmadyr. Partadyr oturgyçlaryň ýetmezçiligi zerarly gyslyşyp hat ýazmaly, okamaly bolarsyň. Käte çyrasy ýok, äpişgesi döwük, hazlap duran otaglarda okuw prosesi geçiler. Ynha, şeýle ýagdaýda mugallym edep-terbiýe hakynda leksiýa berip durandyr. Şol wagt köçedäki garagol ýetginjekler ernine çilim gysdyryp, erbet-erbet sögünişip, äpişgäni kakyp geçer. Ýolda iki «aşyk-magşuk» gujaklaşyp, öpüşip barýandyr ýa-da piwohanadan keýpini köklän alkaş aýaklanmadyk köşek ýaly, ýoluň ol çetinden bu çetine geçip «sekiz ýasaýandyr». Onsoň auditoriýadaky berilýän terbiýe hakyndaky ündew bilen daşarda bolup duran ýagdaýy nädip student aňyna ýerleşdirsin?
Okuwdan soň studentiň gününiň ikinji ýarymy öz güzeranyny dolandyrmak üçin tükeniksiz hysyrdylar bilen geçip gidýär. Kireýine ýaşaýan student azyk önümleriniň häzirki gymmat we gyt ýagdaýynda wagtly-wagtynda oňly iýmitlenip bilmeýär. Sanitar düzgünlerine dogry gelmeýän, gyşyna buza dönen jaýynda göwne laýyk ne okap, ne dynç alyp bilýär. Okuwa barsaňam, külbäňe gelseňem şol ýeter-ýetmezlik. Okara, dynç alara şertsiz ýaşaýyş, umumy ýaşaýyş jaýyndaky studentleriňem ýagdaýy meňki bolsun diýerli däl. Ine, onsoň studentiň ünsi sowaşýar, olaryň okuwa gatnaşygy we ýetişigi pese gaçýar.
Dogrusyny dogry aýtmaly. Ýurdumyzda okuw jaýlarynyň üpjünçiligine, studentleriň ýaşaýşyna döwlet tarapyndan ýeterlik üns berilmeýär. Beýle diýmek bilen, biz geçen ýylyň ahyrynda respublikamyzyň Prezidentiniň Permany bilen studentleriň stipendiýalarynyň 30 prosent ýokarlandyrylandygyny, kireýine ýaşaýan studentlere 20 manat goşmaça tölemeli edilendigini bilmezlige salmak islämzok. Ýöne nyrhlaryň gün-günden galyp gidip oturşy şu bolsa, bujagaz kömek bilen studentiň durmuşynyň gowulanjykdygyna şübhä gideniňi duýman galýarsyň. Geliň, biziň studentimiziň, onuň «medresesiniň» ýagdaýyny daşary ýurtlaryňky bilen deňeşdirip göreliň. 1986-njy ýylda ABŞ-da magaryf üçin milli girdejiniň 12 prosenti bölünip berildi, biziň ýurdumyzda bolsa bu görkeziji 6,8 prosente barabar. Hasaplamalara görä, ösen kapitalistik ýurtlarda bir ýylda bir student üçin 80 müň dollar goýberilýär. Bizde bolsa bir studente düşýäni 2400 manat. Ýurduň regionlary boýunça hem okuw jaýlaryny üpjün etmekde uly tapawut bar. Meselem, Sibiriň we Uzak Gündogaryň okuw jaýlarynyň üpjünçiligi bütin ýurt boýunça alanyňdakydan 2 esse azdyr. Hut biziň respublikamyzda bolsa bu 10 esse azdyr.
Şeýle agyr ýagdaýda, döwlet tarapyndan doly alada edilmeýän studentlerden netijeli bilime, ýokary hünärli spesialiste garaşmak adalatlylykmyka? Ýaşaýşyndan, okuwdan göwni geçen ýaşlar diňe diplomy arzuwlap, gününiň geçerini bilýän owarramçy studentlere öwrülýärler. Okuwy, student medeniýeti bilen ýaşamaklygy jähennem edip, dürli hili zyýanly pişelere ýykgyn edýärler. Neşä, araga, humarly oýunlara özüni aldyrýarlar. Munuň özi ahyrsoňunda her hili jenaýatçylyga itekleýär. Ogurlyk, ahlak taýdan bozuklyk başlanýar. Wagtyny nämä sarp etjegini bilmän, kinoteatrlara, wideosalonlara, parklara selpäp gününi geçirýärler. Ekranda görkezilýän filmleriň terbiýeçilik ähmiýeti bar bolsa, muňa gynanmasa hem bolardy. Daşary ýurt filmlerini hasap etmäniňde-de, ýurdumyzda öndürilýän häzirki filmleriň käbirleriniň ýaşlaryň aňyna ters täsir edýändigi hemmä belli. Şeýle filmlere seredeniňde ondaky hereketler ogurlyk etmegi, adam öldürmegi, jelepçiligi öwredýän ýaly bolup dur. Meselem, Sergeý Snežkonyň «Raýon masştabyndaky ÇP» diýen filminiň belli bir derejede terbiýeçilik ähmiýeti bar hem bolsa, ýalaňaç aýallaryň şekilini, jyns gatnaşyklaryny görkezýän epizodlar goşulyp, filmiň bütin süňňüne zyýan ýetirilýär. Şeýle filmleriň hataryna «Kiçijik Wera», «Meniň adym Arlekino» ýaly jelepçiligi propagandirleýji häsiýeti bolan birnäçe filmleri goşmak bolar. Beýle diýmek bilen, kino sungatyndaky epotika usulyny, ýagny tomaşaça zenan gözelligini onuň bedenini kem-käs, çalaja görkezip duýdurmak usulyny inkär etjek bolamzok. Emma häzirki kinorežissýorlaryň köpüsi erotika usulynyň çäginden çykdylar. Ýaşlaryň aňyny zäherlejekdigini nazara alman wejeraçylygy görkezýän epizodlara ünsi güýçlendirdiler. Ýeri gelende aýtsak, häzir Prezident sowetiniň ýanynda ekrana goýberilýän filmleriň ideýa-mazmunyna gözegçilik edýän komitet döredilýär. Onuň durgunlyk döwrüniň býurokratik senzurasyna öwrülmejekdigine ynansa bolar we şeýle komitetiň şu günki gün zerurlygyny inkär edip bolmaz.
Hawa, ýaşlarymyzyň medeniýetiniň ahlagynyň pes hala düşmegine ýaşaýşymyzdaky dowam edip duran her bir owunjak ýaramazlyklar öz täsirini ýetirýär. Şol ýaramazlyklar bolsa öz gözbaşyny bu gün lagnat bary okalýan durgunlyk döwründen alyp gaýdýar. Häzirki ýaşlar bolsa şol nälet siňen döwrüň gülläp ösen wagtynda altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda dünýä inen çagalar. Şol döwrüň dumanly howasyndan dem alyp, duzuny iýip, terbiýelenen ýaşlar. Olar mekdepde jemgyýetiň kölegeli taraplaryna gabat bolnup, «sosializmiň beren bagtynyň» saýasynda terbiýelendiler. Öwredilýän zatlar hakyky durmuşdaky ýagdaýlar bilen çapraz geldi. Meselem, «gowy okasaň, tertipli bolsaň ylym almaklyga ýol açyk» diýlip gulagy kamata getirilen zehinli okuwçylar hyjuw bilen ýokary mekdebiň bosagasyndan ätlänlerinde ilkinji ädimde ýüzüne uruldylar. Wezipeli adamlaryň mekdepde düşümleri sanap bilmedik, köpeltmek tablisasyny öwrenmedik lälikleri hiç hili bökdençsiz okuwa girip gelip, zehinli okuwçylara jort atdylar.
Göroglynyň «goýun depäniň aňyrsynda» diýip, Öwezi aldaýşy ýaly, durgunlyk döwrüniň «kommunizm golaýda» diýip, halky aldap gelen wagty halkymyzyň ykdysady baýlygy bilen birlikde ruhy baýlygyna hem talaň salyndy. Milli dilimiziň, urp-adatymyzyň ýitip gitmegine az galdy. Kürsiniň elinden sypmagyndan heder eden ketdeler öz çagalaryna türkmen dilini, däp-dessuryny öwretmegiň deregine olaryň «papa, mamoçka» diýişlerine guwandylar. Özleri öz mertebesini kemsidýändigini bilmän, wezipeparazlygyň gurbany bolup çagalaryny rus mekdebinde okatdylar. Şeýlelikde, «ketdeleriň çagalary», «garamaýaklaryň çagalary» diýen gatlaklar emele geldi. Ketdeleriň çagalary ýokary okuw jaýlaryny gutardylar-da, rahatja kabinetlerde garamaýagyň çagalarynyň obada «arman-ýadaman» zähmet çekişleriniň hasabatyny sorap oturdylar...
Hawa, köp zatlar bolup geçdi. Indi durgunlyk döwrüne nälet okap, zeýrenip oturmakdanam kän bir netije ýok. Gep – durgunlygyň gaýdyp gelmezliginde.
Eýsem, biz ýakyndaky geçmişimiziň biziň boýnumyza zorluk bilen dakan ahlaksyzlyk mirasynyň, batgasynda-da uzak oturyp bilmeris. Ýöne «ahlakly ýaşalyň» diýen gury şygar bilen hem durmuşymyzy üýtgedip bilmejekdigimize gözüm ýetýär... Täze zaman geldi. Onuň özi bilen täze bir kämil ahlagy-da bile getirýändigine, onuň bolsa ýaşlaryň dünýäsini-de belli-külli özgertjekdigine bil baglaýmak galýar.

Nury SEÝIDOW.

«Lenin ýoly» gazeti (Lebap welaýatynyñ häzirki «Türkmen Gündogary» gazeti), 05.04.1991-nji ýyl.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 452 | Добавил: Edebiyatcy5066 | Теги: Nury Seýidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Golýazmalar ins.   [Mowzuga geç]
Nury aga, yatan yeriñ yagty bolsun, iman äkidenlerden bol, ylaýym.

kitapcy portalyny ýöredýänleriñem janlary sag bolsun. Alymlardyr yazyjylarymyzy saýtyñyzda jemläp olañ eserlerini bir yere toplap uly sogap iş edýärsiñiz. Alla gaýrat bersin.

0
2 Sanýat Şahbaratow   [Mowzuga geç]
Nury Seyidow, gaty gowy makala, okap kop zada goz yetirdim, sag boluñ yaşuly

0
1 salyhov25   [Mowzuga geç]
Ahlagyñ 40 -dolagy bar. Iñ içkisi Haýa dyr. Eger çagany 5-9 çenli gol berip, 9-14 çenli emr edip,etmese urup terbiýemeseñ 15-de özūñi urjaklygy belli zat. Elbetde el galdyryp urmaz. Ýone ogluñ ol iş etdi bu etdi diýip ýūreginden urup ýatyrýarlar. Muña musallat(talapkär) bolmasak,olar bize musallat bolar. A.Salyh ogly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]