01:10
Şaja Batyrow
ŞAJA BATYROWYŇ ÇARKANDAKLY ÝOLY

Şaja Batyrow iň agyr şertlerde öz halkynyň öňüne düşen adam. On ýyla golaý döwrüň içinde ol Türkmenistanyň (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetinde ýolbaşçy wezipede işledi. Ýurdy dolandyrmagyň stalinçilik usuly oňa-da ýat daldi. T (b)P MK-nyň birinji sekretary wezipesinden boşadylan kyrk üç ýaşly Ş.Batyrow partiýa işiniň uly tejribesini toplasa-da, soň gaýdyp ol bu ugra getirilmedi. 

■ Näme üçin? 

Munda ýerli ýolbaşçylaryň hem roly bolsa bolandyr, ýöne SSKP MK-nyň aýry-aýry jogapkär işgärleriniň onuň işine bir taraplaýyn çemeleşmegi, belanyň esasy körügi diýip düşünýärin.
Öz döwründe-de, soňam Ş.Batyrowyň abraýy halkyň içinde erbedem däl eken. Durgunlyk ýyllary diýilýän döwürde bolsa onuň ady unudylmak derejesine baryp ýetdi. Şo döwürde ilki bilen bu ümsümligi bozan onuň dosty, partiýa weterany Juma Köýnekow boldy. Ol «Edebiýat we sungat» gazetinde Şaja Batyrow hakynda ýatlama makala bilen çykyş etdi. Şo döwürde gazetiň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlämsoň, makalanyň okyjylarda uly täsir döredendiginiň şaýady boldum.
Elbetde, men şu ýazgymda Ş.Batyrowy aşa öwüp, arşa götermegi maksat edinmedim. Onuňam, ähtimal, ýalňyşy bolandyr. Eýsem-de bolsa, ýolbaşçy bolup, ähli kişä gowy gornäýmek aňsatmy? Bir ýerde ýolbaşçy işe mynasyp däl adamyň wezipe basgançagynda ýokary galmagyna hemaýat edendir, başga bir ýerde bigünä adamyň meselesi tersine çözülendir. Aý, garaz, ýalňyşlyklar az bolandyr öýdemok. Ýöne Ş.Batyrowyň özüniň hem öňem, soňam aýry-aýry adamlar tarapyndan ezýet çekendigine weli kepil geçip bilerin. Muny men faktlara, ony ýakyndan tanaýan adamlaryň gürrüňine salgylanyp, şeýle diýýän. Makalanyň ýazylmagyna hem ine, şu zatlar sebäp boldy.

■ TERJIMEHALYNDAN

Ol 1908-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Bäherdeniň Deşt obasynda garyp-daýhan maşgalasynda dünýä inýär.
1927-nji ýylda oba mekdebini, 1929-njy ýylda Aşgabatdaky iki ýyllyk pedagogik kursy tamamlaýar. 1930-njy ýylyň sentýabryndan 1931-nji ýylyň dekabryna çenli Bäherden raýonynyň Garagan obasynda mugallymçylyk edýär. Bäherdendäki internata müdirlik edýär.
1931-nji ýylda Aşgabat pedinstitutyna okuwa girip, ony 1934-nji ýylda tamamlaýar. Aspiranturada okap ýörkä'de pedinstitutda mugallymçylyk edýär.
1934-nji ýylyň 13-nji noýabrynda pedinstitutda partiýa ýygnagy çagyrylýar. Ýygnak partiýa hataryny arassalaýyş çärelerine bagyşlanýar. 1930-njy ýyldan partiýa çleni Ş.Batyrow bilen komissiýa çlenleriniň arasynda şeýle sowal-jogap alşylypdyr. Bu gürrüňdeşlik okyjylarda gyzyklanma döreder pikir bilen, ony dolulygyna hödürlemegi makul bildim.

■ TERJIMEHALYNDA ÝOK SETIRLER 

- Goşunda gulluk etdiňizmi?
- Meni oba mugallymy hökmünde Goşunda gulluk etmekden boşatdylar.
- Özüňden başga doganlaryň barmy? Kakaň garyndaşlarynyň içinde baý barmy?
- Bir inim bar. Baý garyndaşymyz ýok. Agamyň ogly tussagda. Ýöne ol häzir ses bermek hukugyndan mahrum edilenok.
- Deşt obasynda kollektiwleşdirmek döwründe siz nähili synpy göreş alyp bardyňyz?
- Kolhoz gurmak bizde 1929-njy ýylda başlady. Kolhozlary arassalaýyş işi geçirilende men obada ýokdum. Ýöne başga obalarda bu babatdaky işim hakda, ýüze çykarylan kulaklar hakda birgiden spisok getirip biljek.
- Partiýa käýinjiňiz barmy? 
- Ýok.
- Siz: «Basmaçylara ýesir düşdüm, olar meniň ýaragymy elimden alyp, meni ýençdiler» - diýdiňiz. Nähili ýesir düşeniňizi gürrüň beriň.
- Şol obada iki sany kooperatiw bardy. Olary basmaçylar talajak boldy. Bizem iki. On sany hem okumyz bardy. Atyşdyk. Ýöne oklarymyz gutardy. Şeýdibem bizi ýesir aldylar.
- Kakaňyz söwda bilen meşgul bolupmydy. Eger şeýle bolsa, onda näçenji ýyllar?
- Kakamyň rewolýusiýadan öň bendesenli baýyň serişdelerine bir ýyllap söwda edendigini aýtmak meniň ýadymdan çykypdyr.
- Kakaňyz söwda eden bolsa, onda näme üçin batrakçylyk etdim diýip ýazdyňyz?
- Kakam, ýaňy aýdyşym ýaly, rewolýusiýadan öň bir ýyllap söwda dükanyny saklady. 1925-nji ýyla çenli ol günlükçi bolup işledi. Menem onuň ýanynda dört ýyl bile işledim. Şoň üçinem meni batrak hasapladylar.
- Partiýa hataryna gireniňizde, kakaňyzyň söwda edenini görkezipmidiňiz?
- Men bu hakda soň bildim. Şoň üçinem terjimehalymda görkezip bilmedim.
- Kakaňyz näçenji ýylda söwda etdi? 
- 1914-nji ýa­da 1915-nji ýylda. 
- Siz şowagt 9 ýaşyňyzda bolmaly? Takyk ýadyňyza düşenokmy? 
- Ýok.
- Patent kimiň adyndady? 
- Bilemok.
- Siz özüňiziň gelip çykyşyňyzyň garypdygyny aýtdyňyz. Partiýa bolsa batrak hökmünde giripsiňiz. Birhili baglanyşmajak ýaly bolup görünýär.
- Men kakamyň rewolýusiýadan öň nähili ýaşandygyna belet däl. Ýöne onuň öz aýtmagyna görä, otuz ýaşyna çenli Durdy baýyň batragy bolupdyr. Soňam onuň puluna bir ýyllap söwda edipdir. Rewolýusiýadan soň meň bilen daýhançylyk etdi. Ilki bize salgyt salynýardy, soň ondanam boşatdylar.
- Geçen ýyl Garryýew tarapyndan pul nädogry sowlupdyr, umuman, ol käbir düşnüksiz hereketler edipdir. Muňa siz nähili garadyňyz?
- Şo wagt partkomyň sekretary Kösäýewdi, men bolsam partkomyň çlenidim. Garryýewe çäre görmän, ýüzleklik etdik. Muny biz öz boýnumyza aldyk.

■ ÇYKYP GEPLÄNLER:

Halylow: - Men Batyrowy ýaramaz tarapdan tanamok. Komsomolda işlän döwründe özüni gowy görkezdi. Biz oňa häli-şindi kömek üçin ýüz tutýas, kömegem berýä. Köplenç ol biziň ýüz tutmagymyza garaşyp oturman, ýagdaýlarymyzdan habar tutup, özi kömege gelýär.

Muhammedow: - Batyrow komsomol ýaçeýkasynda täzeden saýlaw geçirmäge jogapkär adam hökmünde bellenilipdi. Şo döwürde biziň guramamyzda uly jedel döräpdi. Emma Batyrow biziň jedelimi­zi ýazmaga derek, gaýtam üstümizden güldi. Partkom tarapyndan alty sany adamyň kandidaturasy göz öňünde tutulypdy, biz olary ara alyp maslahatlaşmadyk, ýöne Batyrow muňa ýol bermedi. Geçirsegem geçirdik weli, oglanlar nägilelik bildirip, bu hakda hatda MK şikaýat etmekçi hem boldular...

Mämmedow: -Batyrowyň oňat taraplary hakda aýtjak. Ýaňy onuň komsomol ýaçeýkasynda täzeden saýlaw geçirilişinde oňly ýolbaşçylyk edip bilmändigini aýtdylar. Batyrowyň şol kandidaturalary hödürlemändigini aýmak bilen, ony bu meselede günäkärlemek bolmaz. Ol bu işde ýeterlik iş alyp bardy. Biz şu gün býuro mejlisinde toparlanyşyklar hakdaky meseläni ara alyp maslahatlaşdyk. Batyrow bu mesele hakda gaty gowy pikirleri aýtdy. Batyrow komsomol guramasynyň işine ýolbaşçylyk edip, kemçilikleri ýüze çykarmaga, olary aradan aýyrmaga gowy kömek berýär. Onuň tagallasy bilen gowy klubymyz bar. Klubdaky şygarlar, plakatlar gös­göni onuň gatnaşmagynda ýazyldy.

■ SYÝASY SOWALLAR:

- Partiýanyň XVI gurultaýy haýsy meselelere garady?
- XVI gurultaý industrializasiýalaşdyryş meselesine garady. Şoň üçinem ol industrializasiýalaşdyrmak gurultaýy diýlip atlandyryldy. Şonda maslahatlaşylan... (jogabyny dowam etdirmeli).

Kollektiwizasiýalaşdyrmak meselesi durdumy? – Hawa.
– Sowet häkimeti diýmek näme?
– Proletariat diktaturasynyň formasy.
– Ýoldaş Staliniň 6 sany taryhy şertini aýdyp beriň? – Doly bilemok. Ýadymdan çykypdyr...

■ TERJIMEHALYNDAN.

1936­-njy ýylda TK (b) P MK­nyň karary bilen «Sowet Türkme­ nistany» gazetinde partiýa durmuşy bölümine müdir edilip işe ibe­ rilýär. 1937 we 1938­-nji ýyllarda Moskwada BK (b) P MK-­nyň ýa­ nyndaky redaktor­terjimeçileriň merkezi kursunyň diňleýjisi, 1938-­nji ýylda redaktoryň orunbasarlygyna, soň jogapkär redaktorlygyna bel­ lenilýär.
Myrat Rejebow (ýaşuly žurnalist):­ Şaja Batyrow gazetde partiýa durmuşy bölüminiň müdiri bolup işläp başlady. Soňra ony gazetiň re­ daktorlygyna bellediler. Şaja Batyrow gazetiň redaktory bolup işlän ýyllarynda redaksiýanyň kabinetleriniň arassa we işgärleriň mede­ niýetli bolmagyna üns berýärdi.

■ TERJIMEHALYNDAN.

1939-njy ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, Dil we edebiýat ylmy-barlag institutynyň direktory wezipesinde işleýär. 1940-njy we 1942-nji ýyllar aralygynda TSSR HKS-niň ýanyndaky Sungat işleri uprawleniýesiniň naçalnigi.
Aýtbaý Hudaýbergenow (1937-1946-­njy ýyllar TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy): 
- Halk Komissarlar Sowetinde işe başlamda HKS-niň apparatynda ýekeje-de türkmen ýok eken. Gözlegim sowatly türkmen ýigitleri boldy. Şaja Batyrow «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýärdi. 1937-nji ýylda «baýyň ogly» diýip, ony işdenem çykaran ekenler.
Şaja türkmeniň sowatly adamydy. Ony Sungat işleri uprawleniýesiniň naçalnigi edip tassykladyk. Ilki işe almazymyzdan öň Börmä bardym. Kakasyny tapdym. Bir kepbesi bar. Dört tarapyny gamyşdan örüp, iki ýanynam suwapdyr. Tama meňzeş kepbe. Bir otag. Nanyny, çaýyny berýän eken. Şondan alan puluna-da ýaşaýan eken.
Garyp adam. Onuň kakasynyň baý däldigini subut edip, ony uprawleniýä naçalnik etdik.
Şaja soň TK (b) P MK-nyň sekretarlygyna hödürlenende, ýene şol köne material gozgaldy. Barlap-barlap, alty aýdan soň ony TK (b) P MK-nyň sekretarlygyna saýladylar.

■ TERJIMEHALYNDAN

1942-nji ýylyň fewralyndan 1951-nji ýylyň iýulyna çenli TK (b) P MK-nyň sekretary (ilki propaganda baradaky, soň ikinji, hem birinji sekretar) bolup işleýär.
Işlän döwrüniň içinde SSSR Ýokary Sowetiniň ikinji, üçünji çagyryşlarynyň, TSSR Ýokary Sowetiniň birinji, ikinji, üçünji we bä­ şinji çagyryşlarynyň deputatlygyna saýlanylýar. 1942-nji we 1952-nji ýyllar aralygynda TK (b) P MK-nyň we onuň býurosynyň çleni.

Ýusup Öwezow (1945-1949­njy ýyllarda TK (b) P Aşgabat obkomynyň we şäherkomynyň birinji sekretary): 

– 1948-nji ýylda Gumdagda nebit ýataklary açyldy. Buraw edýän sekiz skwažinanyň biri nebit berdi. Bir gije-gündizde ol iki ýüz ýigrimi tonna nebit berýär. Biz bu hakda Moskwa habar berdik. Baýbakow şo wagt SSSR Gündogar raýonlarynyň nebit we himiýa senagaty baradaky halk komissarydy. «Türkmenistana barjak» -diýipdir. Tomusda geldi. TK (b) P MK­nyň birinji sekretary Şaja Batyrow bilen ikimiz ony (şo döwürde Krasnowodsk oblasty Aşgabada birikdirilipdi) Krasnowodskide garşyladyk. Gumdagda, Nebitdagda, Çelekende bolduk. Şaja bilen maslahat edip, Nebitdagda nebit tehnikumynyň jaýyny gurmak üçin bir million iki ýüz müň manat, Krasnowodskide Nebitçileriň köşgüniň gurluşygy üçin bir million manat pul soradyk. Baýbakowyň ýanynda buhgalterine çenli bardy. Pul meselesi şol ýeriň özünde bada-bat çözüldi.
Baýbakowy ugradamyzsoň Batyrow Aşgabada şaň edip: «Wagon Bama gelsin» - diýip tabşyrdy. Maňa-da: «Aý, Bamyda bir gün ýatyp, soň Aşgabada gideris» - diýdi. Bama gelip, ilki Deşte gitdik. Deşt Şajaň dogduk obasy. Ýatmaly bolanda Börmede ýatdyk. Deşte gitmegimiziň bir sebäbi, kolhoz başlygy Muhammet Baýramow: «Bize bir bent gurup beriň. Sil suwy gelende şony saklar ýaly» - diýip, obkomdan haýyş edýärdi. Gelip gördük. Ýöne Şaja «Bent gurmaň. Soň joşaýsa, hemme zady ýok eder» - diýdi. Otly meýdan bilen ýöräp barýarkak Şajaň öňünden uly bir ýylan kellesini galdyryp dur. Eger Şaja ýene bir ädim ädäýse, onuň çakmagy mümkindi. Oglanlar derrew daşlap, ýylany öldürdiler. Ölçäp görseler weli metr ýarym-da. Ozal ol ýylan bir aty, göläni, eşegi çakan ekeni. Şajaň Börmede agasy bardy. Özem kolhoz başlygydy. Şonuň öýünde ýatdyk. Aşgabada gaýdanymyzda wagony yzyna gaýtaryp, Şajaň maşynynda gaýtdyk. Men partiýanyň Aşgabat obkomynyň we şäherkomynyň birinji sekretary wezipesinde 1949-njy ýyla çenli işledim.
1947-nji ýylda BK (b) P MK-nyň ýanynda Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasy açylan badyna men şo ýerde okamaga meýil bildirip, arza ýazypdym. Şonda Şaja: «Sen entek işlemeli, okuw hakda gürrüňem etme» - diýip, arzamy alyp galypdy.
Kyrk dokuzynjy ýylda okuwa ibermek hakda gürrüň gozgalanda Şaja meniň arzam hakda ýatlapdyr. BK (b) P MK-nyň bölüminde muňa ynanmandyrlar. Bir gün meniň ýanyma BK (b) P MK­nyň inspektory Harlamow gelip: «Siz okuwa gitmek isleýäňizmi?» - diýip sorady. Meň bolsa ýazan arzam bir wagt ýadymdan çykdy. «Ýok» - diýip, jogap berdim. «Menem şeýle pikirde» - diýip, ol aýtdy. Şaja Batyrow soň meni ýanyna çagyryp: «Sen okuwa gitjek» - diýip, arza ýazypdyň. Şol arzaňy menem saklapdym. Indem okuwa gitmek mümkinçiligi döredi. Niçik görýäň?» - diýip sorady. Bu awgustyň ýigrimi bäşleridi. Oblastyň görkezijileri hem oňat. Barlag gelende-de hiç zat tapmady. Planlaram dolup ýörüs.
Men hem: 
- Hawa, hawa, arza ýazypdym. Ýöne ondan bäri birnäçe wagt geçipdi - diýdim.
Harlamow bolsa maňa ýüzlenip:
- Siz entek ýaş. Işlemeli wagtyňyz, okuwa howlukmakdan irräk - diýip, Şajaň ýanynda aýtdy.
BK (b) P MK-dakylaryň birazajyk betguman bolanlarynyň sebäbi, men okuwa gitsem, ýerime kimi goýmaly diýen mesele ýüze çykanda Ş.Batyrow Seýitnäzar Mätiýewi görkezipdir. Olam Şajaň obadaşy diýen ýaly. Munam apparatyň betguman bolnup, meň ýanyma gelendigi eken.
Moskwa okuwa gitdim. Ýerime-de Mätiýewi saýladylar...

■ TERJIMEHALYNDAN

Zähmet Gyzyl Baýdak (1944 ý.), Beýik Watançylyk urşunyň I derejesi (1946ý.), Lenin (1947 ý. we 1960 ý.), Hormat Nyşany (1964 ý.) ordenleri, «Kawkazyň goragy üçin», «1941-1945­nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlikli zähmeti üçin», «Moskwanyň 800 ýyllygynyň ýädygärligi» diýen medallar bilen sylaglanýar.

■ TERJIMEHALYNDA ÝOK SETIRLER

1951-nji ýylyň tomsunda Şaja Batyrowy TK (b) P MK­nyň birinji sekretary wezipesinden boşatdylar. Ony Moskwa obkomynyň birinji sekretarynyň bir ýyllyk kursuna okuwa kabul edilmeziniň öňinçäsi onuň bilen BK (b) P MK-nyň partiýa guramalary bölüminiň müdiri S.D.Ignatýew gürrüňdeş bolanda, Merkezi Komitet tarapyndan oňa erbet garaýşyň ýokdugyny, onuň ideýa-teoretik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw meselesiniň ýüze çykandygyny ýaňzydýar. Şonda Ş.Batyrow okamaga razydygyny, ýöne özüniň kursa däl­de, Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyna iberilmegini haýyş edýär. Ýöne onuň bu haýyşyna şol wagt ähmiýet berilmändir. Ol bir ýyllyk kursyň diňleýjisi hökmünde okuwa kabul edilmeli diýen karara gelinýär.
Ş.Batyrow 1952-nji ýylyň iýunynda BK (b) P MK-nyň ýanyndaky bir ýyllyk kursy tamamlaýar hem-de şo bir wagtyň özünde Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyna girmek üçin ekzamen tabşyrýar. Kursy tamamlamazynyň öň ýanynda ony BK (b) P MK-nyň partiýa guramalary bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýe.I.Gromow ýanyna çagyryp, gürrüňdeş bolýar. Ş.Batyrow oňa akademiýada okuwyny dowam etdirjekdigini habar berýär. Gromow partiýa guramalary bölüminiň onuň bu islegini goldaýandygyny, şeýle hem onuň munuň üçin BK (b) MK-nyň ýolbaşçylarynyň adyna arza ýazmagyny teklip edýär. Merkezi Komitet onuň islegini kanagatlandyrýar, ol akademiýanyň kursuna aspirantlyga kabul edilýär.
Ol muňa çäksiz begenýär. Bar ünsüni okuwa gönükdirýär. 1952-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 1953-nji ýylyň başlarynda ol Partiýa kontrollygy komitetine çagyrylýar. Komitetiň jogapkär işgäri Morozow, Merkezi Komitetiň işgäri Ýefremowyň gatnaşmagynda onuň bilen gürrüňdeş bolýar. Gürrüňiň barşynda olar Ş.Batyrowa şu zatlary gürrüň berýärler: TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň öňki başlygy Allaberdi Berdiýewiň G.M.Malenkowyň adyna ýazan arzasyny ýerinde barlapdyrlar. Berdiýewiň arzasynda görkezilen faktlar tassyk bolmandyr. Ýöne barlagyň dowamynda olar TK (b) P MK-nyň birinji sekretary bolup işlän Ş.Batyrowyň abraýyna şikest ýetirjek birnäçe faktlara gabat gelipdirler. 

■ Eýsem­de bolsa, ol faktlar nämeden habar berýärdi?!

1952-nji ýylda Türkmenistanda professor B.Garryýew (TSSR YA-nyň Dil we edebiýat institutytnyň direktory), Aşgabat uniwersitetiniň dosenti M.Kösäýew, Döwlet neşirýatynyň direktory O.Abdalow dagy milletçiler hökmünde tussag edilipdi. Şu sebäpli hem olar bilen bile okandyklary, bile işländikleri, olara öz hemaýatyny gaýgyrmandygy üçin Ş.Batyrowa günä ýöňkelýärdi.
Barlagçylaryň pikirine görä, TK (b) PMK-nyň sekretary hökmünde Batyrow olaryň ynamdar adam däldiklerini habar berýän signallara ähmiýet bermänmişin, olaryň paş edilmegine ýol bermänmişin. Materiallarda ýazylyşyna görä, professor B.Garryýew, dosent
M.Kösäýew, redaktor O.Abdalow «Gorkut ata», Magrupynyň «Ýusup­Ahmet» ýaly «halka garşy» ýazylan eserleri ýaýradyp, olary propagandirläpdirler. Barlagyň materiallarynda bolsa Ş.Batyrow şoň ýaly eserleriň ölemen muşdagy edilip görkezilýärdi.
Ş.Batyrow materiallary birlaý okap çykandan soň Şkirýatowyň adyna giňişleýin düşündiriş hatyny ýazmaga mejbur bolýar. Ol düşündirişinde özüne ýöňkelýän günäniň esassyzdygyny ýazýar.
Emma onuň üstüne inen gara bulut şonuň bilen syrylyp ötä gitmändir.
1953-nji ýylyň başlarynda TKP MK-dan SSKP MK Malenkowyň adyna buržuaz milletçi hökmünde tussag edilenleriň biriniň (Ol häzir diri. Käbir sebäplere görä, onuň adyny getirmekden saklanýaryn -A.Ç.) düşündiriş haty gelip gowuşýar. Şol hatda bolsa Ş.Batyrowyň Türkmenistanda hereket edýän milletçi toparynyň guramaçydygy, ýat elementleriň partiýa hataryna girmegine hemaýatçy bolandygy hakda aýdylýardy.
Şu sebäpli hem Merkezi Komitetiň sekretary M.A.Suslowyň baştutanlygynda komissiýa döredilýär. Partiýa kontrollygy komitetinde bar bolan ähli materiallar hem tussag edileniň haty şol komissiýa tabşyrylýar. Suslowyň talap etmegi boýunça Ş.Batyrow ýene-de düşündiriş ýazmaly bolýar. Ol düşündirişinde tussag edileniň görkezme hatynda aýdylýan zatlaryň ählisiniň boýdan-başa töhmetdigini ýazýar.
Şol ýylyň ýazynda SSKP MK-nyň komissiýasy Ş.Batyrowyň işini barlaýar. Komissiýanyň mejlisinde Morozowyň barlagyň netijesi we Ş.Batyrowyň düşündirişi hakdaky habary diňlenilýär. Komissiýanyň Ş.Batyrowly meselä örän çynlakaý we obýektiw çemeleşýändigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Ýöne mesele ara alnyp maslahatlaşylan wagty Ş.Batyrowyň Moskwada ýaşaýan öýüne Türkmenistanyň ýolbaşçylaryndan nägile adamlaryň gelýändigine ünsi çekildi. Munuň aýry-aýry adamlarda Ş.Batyrow olara sapak salgy berýär diýen ýaly pikir döredýärdi. Suslow geljekde şeýle gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp döretmez ýaly Ş.Batyrowyň mundan degerli netije çykarmagyny nygtaýar. Komissiýanyň mejlisinden soň SSKP MK şeýle karara gelýär:

"Birinji sekretarka kadrlary seçip almakda ýalňyşlyga ýol berendigi üçin Ş. Batyrowa duýduryş bermeli".

Bu karar Ş.Batyrowa ýöňkelen öňki aýyplamalardan halas etse-de, aspiranturadan soň onuň jogapkar partiýa işlerinde işlemegine böwet bolýar.
Ol 1954-nji ýylyň iýulynda akademiýany üstünlikli tamamlaýar. Kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Aspiranturany tamamlamazdan öňinçä, has takygy, iýunyň başlarynda ol SSKP MK, propaganda bölüminiň müdiriniň orunbasary Kowanowyň ýanyna çagyrylýar. Kowanow onuň dissertasiýasy bilen gyzyklanýar. Okuwy tamamlandan soň onuň nirede işläsiniň gelýändigini soraýar. Ol şonda partiýanyň Merkezi Komiteti özüni nirä işe iberse-de gitjekdigi barada aýdýar. Ýöne bu meselede özüniň pikiri soralsa, onda Türkmenistanda işlejekdigini hem mälim edýär. Muny ol şeýle diýmek bilen öz respublikasyna has önjeýli peýda getirip biljekdigi bilen düşündirýär.
Onuň 1954-nji ýylyň 29-njy iýunynda okuwy tamamlamagyna garamazdan, nirä işe iberiljekdigi 12-nji sentýabra çenli belli edilmeýär. Şu iki ýarym aýyň içinde oňa ilki Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde mugallym bolup işe galmagyny teklip etseler, soň SSSR Döwlet kontrollygy ministrliginde baş kontrolýor wezipesini teklip edýärler. Ýöne onyň barybir Türkmenistana dolanyp barmak isleg-arzuwy kemelmeýärdi.
Şonuň üçinem ol SSKP MK-nyň sekretarynyň kömekçisi Gawrilowyň üsti bilen Suslowa ýüzlenmäge mejbur bolýar. Şondan iki gün geçensoň Gawrilow telefonda Ş.Batyrowa Suslowyň işiniň örän köpdügi üçin ony kabul edip bilmejekdigini, gowusy MK-nyň partiýa guramalary bölüminiň müdiri Ýe.I.Gromowa ýüz tutmalydygyny aýdýar. Ol aýdylyşy ýaly, Gromow bilen gürrüňdeş bolýar. Şonda Ş.Batyrow bölüm müdiriniň gürrüňiniň äheňinden özüniň ýolbaşçy partiýa işlerinde ulanylmajakdygyny mese-mälim aňýar. SSKP MK-nyň komissiýasynyň özi hakda gelen karary heniz täsirini ýitirmändi. Ol Batyrowa Türkmenistana işe gitmegine garşy däldigini, ýöne şol ýerde işlemese gowy boljakdygyny düşnükli edip ýaňzydýar. Soňundanam ol: «Siz Türkmenistanyň haýsam bolsa bir oblastyna gidip, işläp biljekmi?» - diýip soraýar. Özüniň Aşgabatda işläp bilmejekdigi hakda Gromowyň getiren delilleri özüni ynandyrmasa­da, Ş.Batyrow Çärjew pedinstitutynda işlemäge razydygyny aýdýar.
SSKP MK-nyň 1954-nji ýylyň 12-nji sentýabryndaky görkezmesi bilen ol ýolbaşçy ylmy-pedagogik işde işlemek üçin TKP MK-nyň ygtyýaryna iberilýär. 

■ TERJIMEHALYNDAN 

1954-nji we 1959-njy ýyllar aralygynda ol Çärjew pedinstitutynyň direktory wezipesinde işleýär. 

■ TERJIMEHALDA ÝOK SETIRLER 

Elli dördüň oktýabrynyň başlarynda Aşgabada gelende ony TKP MK-nyň birinji sekretary Suhan Babaýew kabul edýär. Birinji sekretar ony Çärjew pedinstitutynyň direktory wezipesi bilen gutlap, işinde üstünlik arzuw edýär. Batyrowyň ýanynda Çärjew oblastynyň ýolbaşçylaryna jaň edip, öňki Çärjew oblispolkomynyň başlygy Gulnazar Bakyýewiň ýaşan jaýyny oňa bermekleri üçin bada-bat görkezme berýär. (Bakyýew partiýa mekdebini tamamlansoň, TSSR et-süýt senagaty ministri wezipesine bellenilýär).
Birinji sekretaryň özüni kabul edişinden Ş.Batyrowyň göwni bitýär.
Çärjew institutynda işe başlan döwründe ol mugallymlaryň we studentleriň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowlandyrmak, institutyň okuw-maddy bazasyny berkitmekde bir topar işleri amala aşyrdy. Bu işde ol Merkezi Komitetiň goldawyny duýupdy.
Emma ony başga bir zat iňkise goýýardy. Özüniň institutda işe başlanyna iki ýyl geçenem bolsa, ony ne obkomyň plenumyna, ne-de oblispolkomyň sessiýalaryna çagyrýardylar, hatda oblastyň medeni gurluşyna degişli dürli meselelere bagyşlanyp geçirilýän ýygnaklara-da çagyrylmaýardy.
1955-nji ýylyň dekabr aýynda Çärjew oblast partiýa konferensiýasy geçirilýär. Şol konferensiýa Ş.Batyrow şäher partiýa guramasyndan delagat saýlanýar. Emma ol partiýanyň obkomynyň sostawyna girizilmeýär. Ýogsam, ondan öňki direktorlaryň hemmesi däp bolup gelşine görä, şeýle ýagdaýda obkomyň sostawyna girizilýärdi. Özüne bolan şeýle garaýyş, özüni näçe asuda alyp barmaga çalyşsa-da, Ş.Batyrowy pikirlenmäge mejbur edýärdi. Öz partiýa işinde köp ýyllap işlänsoň, munuň näme maksat bilen şeýdilýändigine oňat düşünýärdi. Galyberse-de, institutyň işi bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri çözmek üçin Aşgabada gelende-de, ozal telim ýyllap bile işleşen adamlarynyň hem bir topary, onuň bilen duşuşmaga, şol meseleleri oňyn çözmäge çekinýärdiler. «Birden Ş.Batyrow bilen duşuşanymy biri göräýmesin, biri eşidäýmesin» diýip howatyr edýärdiler.
Ş.Batyrowň töwereginde gurnalan bu keç oýnuň öz maksady bardy. Maksat adamlarda dogurdanam onuň partiýanyň öňünde ýazygy bar bolaýmasyn diýen pikiri döretmekdi.

                               HAT

«Hormatly Şaja Batyrowiç, salam! ... Obkomyň buýrosynyň çlenlerinden, şol sanda Taganowadan we gaýry birnäçelerden eşiden zatlarym hakda aýdyp, ynjydaryn diýen pikir bilen, Çärjewdekäm Size zat aýtmazlygy göwne makul bildim. Näme üçindir Grişaýenkowyň Size bolan garaýşynyň ýaramazdygyny bildim. Siziň maňa hemaýat etmekçi bolýandygyňyzy bilip, ol Çärjew obkomynyň buýrosynda men hakda erbet çykyş etdi. Haçan­da MK-nyň mejlisi meniň işime garanda-da ol şeýle çykyş etdi.
Meniň aňlaýşyma görä, Siziň J.Garaýew bilen meniň bilen baglanyşykly eden gürrüňiňiz oňa ýeten bolmaly. Şol gürrüňden soň Garaýew ýanyna Dowbiýany çagyryp, meniň işime özi ýok wagty garamaly däldigini tabşyran bolmaly. Dowbiýan-da Garaýewiň gelen karary hakda Grişaýenkowa ýaranjaňlyk maksady bilen aýdan bolmaga çemeli. Grişaýenkow hem şondan soň özüniň kemsidilen hasap edip, şeýdip söweşe giren bolmaly. MK-nyň mejlisinde Grişaýenkowyň özüni alyp barşyny şundan başga nähili düşündirjegiň biler ýaly däl. «Sen­ä Batyrowa arkalanyp, meniň üstümden geçip, Garaýew bilen çözjek bolduňyz, bilip goýuň, bu ýerde hojaýyn Garaýewem däl, Batyrowam däl, hojaýyn men» diýen many şol mejlisde onuň ýüzün­ denem aňmak kyn däldi...
Hormatlamak bilen A.Grişýenko. 
30.11.1960 ý.»

■ KREMLE HAT. 

1956-njy ýylyň iýun aýynyň 19-na Ş.Batyrowyň öz düşen ýagdaýyna hemaýat eder maksady bilen SSKP MK-nyň birinji sekretary Nikita Sergeýewiç Hruşýowyň adyna hat ýazýar. Hatda şeýle setirler bar: 

«Meniň işime ýaňadan garamagyňyzy, professor Garryýew, dosent Kösäýew, Döwletneşirýatyň redaktory Abdalow tutulandan soň, maňa ýöňkelýän günälerden kommunist we işgär bolan meni halas etmegiňizi haýyş edýärin.
Ýeri gelende aýtsam, olar meniň bilşime görä, sud organlary tarapyndan tussaglykdan boşadylyp, aklanylan bolmaly. «Gorkut ata» hakda aýdylanda bolsa, men ony türkmen eposy däl­de, azerbaýjanlylaryňky («Däde Gorkut») ady bilen diýip hasapladym we hasap­ laýan.
Azerbaýjan KP MK-nyň öňki birinji sekretary, häzir bolsa paş edilen Bagyrow bu eposy öz döwründe halkyň garşysyna ýazylan diýip yglan edipdi. «Bakinskiý raboçiý» gazetiniň we Azerbaýjan jemgyýetçiliginiň pikirine görä, häzir bu eposa düýbünden başgaça garalýar...
Eger mümkin bolsa, Nikita Sergeýewiç, meni özüm bilen baglanyşykly mesele bilen kabul etmegiňizi Sizden haýyş edýärin».

■ TERJIMEHALYNDAN

Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda respublikanyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi täzelenýär. Ş.Batyrow TSSR YA-nyň prezidentligine, akademiklige saýlanylýar.
Ş.Batyrow otuz ýyla golaý wagt ylmy-pedagogik iş alyp bardy. SSKP-niň taryhynyň aýry-aýry meseleleri dogrusynda hem-de SSSR­ de sosialistik milletleriň ösüşi hakda ylmy işleri ýazdy.
1961-nji ýylda «SSSR­de sosialistik milletleriň emele gelmegi we ösmegi» atly kitaby türkmen dilinde neşir edildi. Şol ýyl bu kitap SSSR YA-nyň neşirýarynda 23 çap listi möçberinde rus dilinde çykdy. 1962-nji ýylyň iýun aýynda bolsa ady agzalan monografýasynyň esasynda Ş.Batyrow doktorlyk dissertasiýasyny goraýar.
Onuň gysgajyk terjimehaly Uly Sowet Endsiklopediýasynyň dördünji tomunda ýerleşdirilipdir.

■ JUMA KÖÝNEKOW, (partiýa weterany): 

-  Şaja Batyrow bilen men köp ýyllap duz-emek boldum. Men onuň köp-köp gowy häsiýetlerine belet. Şaja hakda meniň ýazan ýatlamalarym hem kän. Gazetde-de çykdy. Kitabymda-da bar.
Halka ýolbaşçylyk etjek bolsaň, ilki bilen­ä, öz diliňi gaty ökde bilmeli. Häzirkileriň köpüsiniň bolmaýan tarapy şol. Halkyň öňüne çykyp, çökderräk bir zat aýdyp goýberäýýärler. Halkyň şo sözi nähili garşylandygy hakda onuň piňine-de däl ýaly. Şaja türkmen dilini gaty gowy bilýärdi. Beýlekileňem öz dilini harlamazlygyny talap edýärdi. Ýadyma düşýär, 1948­nji ýylda Aşgabatda Türkmenistan komsomolynyň gurultaýy geçirildi. Respublikanyň partiýa we sowet ýolbaşçylary prezidiumda otyrlar. Men hem şo döwürde komsomolyň Mary obkomynyň birinji sekretary. Çärjewiň, Daşhowzyň komsomol ýolbaşçylary rus dilinde çykyş etdiler. Gezek maňa ýetdi. Menem tribuna baryp, çykyşymy rus dilinde okap başladym. Birdenem prezidiumda Şaja Batyrowiçiň sesi eşidildi.
- Eý, maryly, - hawa, hawa, hut şeý diýdi - hany, türkmen dilinde gürle.
Men birhili boldum. Çünki çykyş rus dilinde taýýarlanypdy. Nätmeli? Jogabam berip bilemok. Iki minut dagy tribunada sesimi çykarman durdum. Ýoldaşlarym: «Hany, näderkä?» diýip, maňa sereýärler. Bar güýjümi ýygnap, türkmençe çykyş etmäge başladym. 10-15 minutlap gepledim. Bolup, prezidiumdaky ýerime geçip oturdym. Şaja Batyrow meni ýanyna çagyryp, «berekella» diýip, arkama kakdy. «Oňardyň» diýdi.
Şaja ýüzleklik etmezdi. Ýüregindäkini çekinmän aýdyp bilýän adamdy. Oň üçin dost bol, başga bol, parhy ýokdy. Muny men onuň bilen iýenimiz aýra gitmänligi üçin arkaýyn aýdyp biljek.
Şaja Batyrow her täze ýyly bizsiz - Şamyrat Täşliýewsiz, Seýitnazar Mätiýewsiz, mensiz geçirmezdi.
Bir gezek Şaja bilen öýde konýajyk içip otyrdyk. Ol şo wagtlar akademiýanyň prezidentidi. Şo wagt Şajaň gowy görýän dostlarynyň biri geldi. Ol uly post eýeleýärdi. Gelip, ol «Men-ä şu gün işden boşamak hakda arza berdim» diýdi. Şajaň boýy 195 santimetr, agramam 120 kilogramdy. Ol uly göwresi bilen ýerinden turup, daşymyzdan birki gezek aýlandy. Soňam ýaňka: «Sen-ä bir... ekeniň» diýdi. Çünki her nähili kynçylyk bolanda­da müzzermek Şaja üçin ýatdy, halamaýan zadydy.

■ SÖZSOŇY

TSSR YA-nyň prezidenti, akademik Ş.Batyrow 1965-nji ýylyň dekabryň 14-inde TKP MK-nyň mejlisler zalynda çykyş edip durka, tarpa-taýyn aradan çykdy. Şo gün onuň elli ýedi ýaşynyň dolanyna on gün bolupdy. Öňde-soňda berlen ezýetlere ýürek çydamadyk borly.

1990-njy ýyl, noýabr.

*     *     *

▶ ŞAJA BATYROW HAKDA SÖZ

Hormatly redaksiýa! Türkmenistanyň beýik ogly, belli partiýa we sowet işgäri Şaja Batyrow barada ýazylan makalalary höwes bilen okaýarys. Biz redaksiýa Ş.Batyrowa degişli şeýle sowal bilen ýüz tutmagy makul bildik.
Metbugatda berlen terjimehalyndan Şaja Batyrowyň uly wezipelerde işländigini bilýäris. Ýöne halk arasynda: «Ş.Batyrow Gruziýada jogapkärli işde işläpdir» - diýip, gürrüň edýärler. Bu dogrudanam şeýlemi? Biziň şu sowalymyza gazetiň üsti bilen jogap berseňiz örän hoşal bolardyk.
Salam bilen okyjylar Rejep Hojaýew, Dawut Pürsýanow. Oraz Çaryýew. Marynyň Türkmenazot dökünleri zawodynyň işçileri".

Meniň stolumyň üstünde Şaja Batyrowyň öz eli bilen ýazan şahsy ankedi ýatyr. Ankedi ol Çärjew pedinstitutynyň direktory bolup işleýän wagty ýazypdyr.
Il arasynda Şaja Batyrowyň Gruziýada işländigi hakdaky gürrüňleri men ozalam ýek-ýarym adamdan eşitdim. Ýöne onuň merkezi döwlet arhiwinde saklanylýan şahsy arhiwinden tapan terjimehalynda we ankedinde bu hakda hiç zat ýazmandyr. Eger Şaja Batyrow Gruziýada işlän bolsa, onda ol terjimehalynda hökman görkezerdi.
«Şaja Batyrow Gruziýada işläpmi ýa­da işlemänmi?» diýen sowal bilen içgin, gyzyklanýanlarda müýn döremez ýaly, men onuň öz eli bilen ýazan ankedini dolulygyna okyjylara hödürlemegi makul bildim. (Anket rus dilinde doldurylypdyr).

Şaja Batyrow 1927-nji ýyla çenli Deşt obasynda batrakçylyk edipdir. Oba mekdebinde okapdyr.
1927-1929-njy ýyllar iki ýyllyk mugallymçylyk kursda okapdyr (Aşgabat).
1929-1930-njy ýyllar batratçkomyň başlygy (Bäherden raýony). 
1930-1931-nji ýyllar Garaganda oba mugallymy, Bäherden internatynyň müdiri.
1931-1934-nji ýyllar Aşgabat pedinstitutyň studenti, pedtehnikumda, pedrabfakda mugallym.
1934-1936-njy ýyllar pedinstituty mugallymy we aspiranty. 1936-1937­nji ýyllar «Sowet Türkmenistany» gazetiniň bölüm müdiri, «Sowatlylyk ugrunda göreş» gazetiniň redaktory.
1937-nji ýylyň fewralyndan 1938-nji ýylyň marty aralygynda BK (b) P MK­nyň ýanyndaky redaktorlary we terjimeçileri taýýarlaýan merkezi kursuň diňleýjisi (Moskwa).
1938-nji ýyldan 1939-njy ýylyň iýuly aralygynda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktorynyň orunbasary, soňra redaktary bolup işleýär.
1939-njy ýylyň iýulyndan 1940-njy ýylyň apreli aralygynda Dil we edebiýat ylmy-barlag institutynyň direktory.
1940-1942-nji ýyllar TSSR HKS-niň sungat işleri baradaky uprawleniýäniň naçalnigi.
1942-nji ýylyň fewralyndan 1951-nji ýylyň iýuly aralygynda TK
(b) P MK-nyň ilkinji propaganda boýunça, soň ikinji hem­de birinji sekretary.
1951-1952­nji ýyllar obkomlaryň birinji sekretarlarynyň kursunyň diňleýjisi (Moskwa). 1952-1954-nji ýyllar SSKP MK-nyň ýanyndaky Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň aspiranty. Şol ýyl taryh ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1954-1959-njy ýyllar Çärjew pedinstitutynyň direktory. Şondan soň tä ömrüniň ahyrky gününe çenli TSSR YA-nyň prezidenti wezipesinde işleýär. Görşümiz ýaly, ol özüniň Gruziýa işe iberilenligi hakda hiç zat ýaňzydanok. Ýöne ol haçan-da Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlanda, oňa Moskwada işe galmagy teklip edýärler. Munuň üçin oňa Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde mugallymçylyk etmegi ýa-da bolmasa SSSR Döwlet kontrollygy ministrliginde baş kontrolýorlyk wezipesini hödürleýärler. Ýöne ol muňa razylyk bermeýär. Çärjew pedinstitutyna işe iberilýär.
Şaja Batyrow heniz doktorlyk dissertasiýasyny goramanka, (ol 1962-nji ýylda «SSSR-de sosialistik milletleriň emele gelmegi we ösmegi» diýen temadan ylmy iş ýazyp, taryh ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar). 1959-njy ýylda TSSR YA-nyň akademikligine saýlanylýar. (Bary-ýogy bäş ýylyň içinde onyň ylym basgançagyndaky ädimleri täsin galdyrýar).
Ýöne Şaja Batyrow ankedinde az wagtlygam bolsa, Aşgabatda kitaphana kollektorynda işlänligi hakda hiç zat ýazmandyr. Onuň bu ýerde işlänligi hakda maňa ony ýakyndan tanan ýaşuly alym Mämmetdurdy Annagurdow gürrüň berdi. Şaja Batyrow gazetiň redaktory bolup işlän wagty, baýyň ogly hem­de gaýry bahanalar bilen işden boşadylypdyr. Şo waka bilen baglanyşykly Mämmetdurdy aga şeýle ýatlady:
- Şaja bilen biz gaty ir wagtdan tanyşdyk. Mäti Kösäýew, Şaja, men pedinstitutda bile okadyk. Bir döwüm çöregi bile paýlaşdyk.
Oňa baýyň ogly diýilýäni töhmetdi. Otuz üçünji ýylda Şaja garahassa ýatdy. Haly gaty teňdi. Şonda Batyr aga Aşgabada, ogluny soramaga geldi. Gaýdanda-da ol öz geýýän possunyny Şaja goýup gitdi. Dogrusyny aýtsaň, oň ýamasy Keminäň possunyndanam kändi.
Soň Şaja redaktorlyk wezipesinden boşadylyp, işsiz galany ýadymda. Men şo wagtlar şu oturan ýerimizde ýaşaýardym. Ozal muňa Fontannaýa diýilýärdi. Häzir Prawda köçesi diýlip atlandyrylýar. Aýaly Ogulsoltan bilen bile öýe gelip:
- Möjek - Meň adymy deň-duşlam şeýdip tutýardy - walla, men-ä işden boşatdylar. Başga bir işem hödürlemediler - diýdi. Menem oňa:
- Şaja, başyň dikligine şükür et. Häzir ýagdaýyň nähilidigine özüň gowy düşünýäň. Işiň bir alajy bolar. Häzir kitaphana kollektorynda müdirlik wezipesi boş. Şo ýerde işläber - diýdim.
Men şo döwürde neşirýatyň baş redaktorydym. Kollektor bolsa biziň garamagymyzdady. Kollektor bolsa häzirki Türkmenistan Halk magaryfy ministrliginiň ýanynda Žitnikow köçesiniň ugrundaky jaýyň ýerzemininde ýerleşýärdi. 4-5 sany rus aýaly işleýärdi. Lýahow diýibem bir rus adam bardy.
Ine, Şaja az wagtlyk kollektorda işledi. Soňam ony Dil we edebiýat institutyna işe geçirdiler…
Şaja Batyrow bilen bir döwürdäki Türkmenistan hökümetinde ýolbaşçy wezipelerde bile işe başlan Akmämmet Saryýew bilen söhbetdeş bolanymda, Şaja Batyrowyň Gruziýada işlänligine kepil geçip bilmedi.
Gowusy onyň Şaja Batyrow hakdaky ýatlamasyna bile diň salalyň. Bu ençeme ýyllaryň dowamynda egin-egne berip bile işleşen adamyň ýatlamasy:
- Şaja Batyrow bilen bile köp ýyllap işleşdigem, Aşgabatda goňşy bolubam ýaşadyk. Otuz ýediň aýaklarynda meni TSSR ýer işleri halk komissary edip bellediler. Şo wagt otuz ýaşymdadym - diýip, Akmämmet aga ýatlaýar.
- Teke bazarynyň gaýrasynda, Belinskiý köçesinde täze jaý salnypdy. Şo ýerden maňa jaý berdiler. Özümem öýlenmedik ýigit. Şo jaýa Şaja Batyrow maşgalasy bilen, Myrat Muhadow maşgalasy bilen göçüp bardylar. Şaja şo mahal Sungat işleri baradaky uprawleniýäniň naçalnigidi. Myrat Muhadow TK (b) P MK-nyň oba hojalyk bölüminiň müdiridi.
Şaja Batyrow hemme taraplaýyn sowatlydy. Iş bilýän adamdy. Rus diline-de, türkmen diline-de gaty ökdedi. Biz ony özümizden birnäçe basgançak ýokary goýýardyk. Ol bolmaýan zadyňy ýüzüňe aýdardy. Kän gezek raýonlarda bile komandirowkalarda bolardyk. Baran ýerinde adamlaň üstüne dyzabam durmazdy. «Pylan ederin, partiýadan çykararyn, ýok ederin» diýip, hemle-de atmazdy. Ýöne batyrrak aýdardy. Türkmeniň ata-baba gelen, paýhasly sözlerinden haýyrlanardy. Obkomyň sekretarlary ýa­da raýkomlaryň sekretarlary gatyrak gidiberse:
- Başyňy alyp gidiberme ýokaryk. «Aýazhan çarygyňa bakarak» - diýerdi.
Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işlän döwri oňa ýerlerde göwnüýetmezçilik eden adam bolmandy. «Tüýs jüpüne düşen sekretar» diýerdiler. Biz halkdan o hakda: «Şundanam bir sekretar bolarmy?» diýen sözleri eşitmedik. Şu zatlar ýadymda.
Respublika hakynda uly alada ederdi. Ýer titrän wagty men Daşhowuzdadym. Pagta ýygylýan döwürdi. Suhan Babaýew Kislowodskide dynç alýardy. Babaýewem geldi, bizem geldik. Ol şonda hemmämizi çagyryp, Býuro çlenleriniň hersine bir zat tabşyrdy. Ol maňa TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy hökmünde wepat bolan adamlaryň jaýlanyşyna ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy.
Özi bolsa, Suhan Babaýew ikisi dik durdylar. Hemmämiz geň galdyk. Howpuň öňünde ejizlemedi. Gözýaş dökmedi. Mert durdy. «Mert duruň» diýip, bize-de tabşyrýardy. Býuro mejlislerinde adam ykbaly çözülende gaty eserdeň garady. «Ýalňyş bolmasyn» diýýärdi.
Adama kast etjek bolup duranokdy. Ol bize - Býuro çlenlerine arassa bolmagy ündeýärdi. Kämahal-kämahal gödek sözleri bolardy. Ýöne adamynyň mertebesini peseltmek nieti weli ýokdy. Ertesi iş bilen ýanyna baranda:
- Häý, düýn-ä meň işimi gördüler. Indi işim gaýtdy - diýip ýörme, saňa peýdadyr şu. Seni işletjek bolýas. Saňa ynam edýäs. Biz seň kemçiligiňi aýtmaly - diýerdi.
Kimiň iş başarjagyny, kimiň iş başarmajagyny aýdardy. Ýadymda Mara baranymda bir raýkomyň sekretaryna: 
- Özüňi heläk edip ýörme, başarmasaň özüň aýdaý, özüňem horlama, bizem horlama - diýeni.
Düşünýän adam özi arzasyny bererdi. Muny ol iki-üç gezek görensoň, synlansoň aýdardy.
Agzybirlik hakda hemişe aýdardy. Özem Býuro çlenlerden başlardy. Ýene bir zat, Şaja öz maşgalaň arasynda arassaçylyk, agzybirlik hakda aýdardy.
- Muny öz maşgalaňda başaryp bilmeseň, sen ile nähili ýolbaşçylyk edip bilersiň - diýerdi. Ýene bir zat hakda aýdardy:
- How, alym-ýolum bolaýmasyn. Ilki azrak alarsyň. Soň köpüräk alyp başlarsyň. Şu zat gowulyga alyp barmaz. Kimiň aýlygy ýetmese, bereli goşmaça - diýip aýdardy. «Näçe alaýyn diýseň ýol köpdür» diýip, bir gezek şeýle diýdi:
- Ynha, Akmämmet Saryýewiç otyr. Prezidiumyň başlygy. Her üç gündenem kyrk-elli adam kabul edýär. Türmä düşenleriň dogan-garyndaşlary dur. Gurplurak adamlaram gelip dur. Eger-de Akmämmet Saryýewiç ýa­da onuň kabulhanasynyň işgärleri arassa bolmasalar, onda nirä gider bu zatlar. Ýöne Akmämmet Saryýewiçiň bu zatlara ýol bermejegini gowy bilýäs. Muny men mysal üçin aýdýan - diýerdi. Gowy wesýet-dä!
Men onuň bilen otuz sekizinji ýyldan goňşy bolup oturanymyzdan bäri tanaýardym. «Gruziýada işläpdir» diýen gürrüňleri eşidýän. Ýöne men onuň o ýerde işlän wagtyny bilemok. Bir ýerik gitse, biz bilýäs-ä, onuň nirä gidenini.
Onuň işden giden wagty, Býuro ýa­da plenum çagyrylany ýadyma düşenok. Gözümiň öňüne getirip bilemok. Men şol ýygnaklar bolsa hökman gatnaşmal-a. Ýöne men şol wagtlar respublikanyň çäginden daşarda komandirowkadadym. Gelenimde Şaja Batyrow okuwa gidipdir. Suhan Babaýew onuň ýerine geçirilipdir. Ýöne okuwyny gutaryp ýörkä, Býuro mejlisinde Şajany Türkmenistanda ulanmak hakda gürrüň eşidenim ýadymda.
Şondan soň Şaja Batyrow Türkmenistana geldi. Çärjewde işe başlady...
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Ş.Batyrow elbetde, Gruziýada işlemändir. Muny onuň alym ogly Sähet Batyrow hem tassyklady.

1991-nji ýylyň ýanwary.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 645 | Добавил: Нawеran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Allaýar aga az sanly janly ensiklopediýalardan...

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Gorkut ata» hakda aýdylanda bolsa, men ony türkmen eposy däl­-de, azerbaýjanlylaryňky («Däde Gorkut») ady bilen diýip hasapladym we hasap­laýan."
Ş.Batyrow ýaly adamlary obsuždat etmäge hukugymam ýok, islegimem. Olaryñ dõwründe ol adamlaryñ ne günleri, ne görgüleri başdan geçirenligini bir Alla biler... Emma, onuñ "Gorkut ata" barada bu aýdanlaryna GYÝYLDYM... "azerbeýjanlaryñky..."

0
1 Azat Baýramgulyýew   [Mowzuga geç]
Gruziyada işlapdir diyen gürrüñ-ä bar-ay, dogrudanam

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]