01:06
Serdesse
SERDESSE

"Adam özün adamlara paýlaýar..."
A.Agabaýew.


Men özümi adamlara paýladym,
Hergiz-hergiz paýlamakdan doýmadym.
Kemter gördüm bildigimçe bilenmi
Gözledim her ýerden bilmedigimi.
Kireý gözlemedim eden işimden
Güzeranmy aýlyk bilen güýmedim
Ýörmesem-de onda-munda syrtaryp,
Gizlejek bolmadym oýnap-gülenmi...
Tekepbirdim.
(Muny boýnuma alýan).
Ýöne hiç haçanam bolmandy mende
Şeýtanyñ deminden bereketlenen
Ulumsy gylykdan zerre nam-nyşan.
Ikiýüzli,
Arabozar,
Şermende.
Töhmetçill,
Gybatçyll,
Hyýanatçyllar,
Erte ýene birniñ berjek ýalagna
ymsynyp,
Düýnki ýal iýen ýerne
Çyrşamakçy bolup öz ýüz-gözüne
Öz pohuny bulaşdyrýan köpekler...
Ýa bolmasa,
Bulañ barsynyñ tersi
bolan ynsa-jynsa dertsiz-azarsyz
Eneden halal süýt emen ynsanlar
diýmedim,
Ýa diýmelidirem öýtmedim,
"Hudaýyñ bendesi" diýip at alan
Iki aýakly,
Kyrk gylykly jandara
Ýogam bolsa ýanyp duran talantym
Gursagymdan näme çyksa joş urup
Ýeter ýaly lükgeligne paýladym.
Çünki men ynandym
(Ynanarynam!)
Möwlana Rumynyñ,
Goja Ýunusyñ,
Pygamberden pata alan Pyragyñ
Kuranda gizlenip ýatan dürleri
Ölmez-ýitmez setirlerne siñdirip
Ýanyp-ýanyp ýazyp giden pentlerni
Undañkyrlap
adamçylyk hüýüni,
Bähbide,
Wezipä,
Dollara çalşan
Köki gurap barýan ynsap tüýüni
Täzeden nem berip täze döwüriñ
Özüne bap gelýän düşnükli dilde
Uzyn-uzyn beýan etdim bilenmi...
Ynsaba suw ýaly teşne ynsanlar
Hiç terslik tapmady paýlaýanymdan
Ynsabyn birmahal ýuwdan hunsalar
Ajysy kükeýän
Duzy gaýnaýan
Hem Arap Reýhanyñ gürzüsi ýaly
Degen ýerni mynjyradyp taşlajak
Özgeleñkä meñzemeýän sözümden,
Hernäçe nädürslük gözleseler-de,
Içen kasamyma
Iýen duzuma
Il-günüme
Jandan eziz Watanma
Ikilik etmämsoñ gaýtam olaryñ
Özleri-de
Atýan töhmetleri-de
Geçmedi gulagmyñ ýele ýanyndan.
Häzirem şol öñki edähedimde
Şu bolşuma galarynam ömürlik
Men özümi adamlara paýlaýan,
Tä ölýänçäm paýlamakdan doýmaryn.
...Ýol üstünde durup kemçinlik eýlän
Jelepler nyrh sorar göwnüñi tapyp.
Goý, şolar bar zadyñ bahasyn kessin,
Ýygnanja zerini döşüne dakyp!
Orramsy beýgelsin,
Ogrular össün!
Azatlyk bagş edip ganhor Warawwa
Ölini direlden Isa Mesihi
Otuz teññä satan biderek dünýäñ
Bir künjünde ýaşap ýörsek salamat
Ýagşydan-ýamandan etmeris minnet.
Ujuna gödeñsi jümleler dañlan
Serdessämi golda sag-sola aýlap,
Hut şonuñ üçinem arman-ýadaman,
Men özümi adamlara paýlaýan!
Категория: Goşgular | Просмотров: 438 | Добавил: НаS | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.2/4
Всего комментариев: 9
0
9 Garadag   [Mowzuga geç]

0
8 Garadag   [Mowzuga geç]
Sag bol şahyr

0
7 Garadag   [Mowzuga geç]
Türkmen poeziýasynda juda gerek ritmli goşgy

0
6 Garadag   [Mowzuga geç]
Özboluşly

0
5 Garadag   [Mowzuga geç]
Gowy

0
4 Zerinaý   [Mowzuga geç]
Sende psihologik oýlanmalaryñ çuññur emosiýasy bar. Bu ukybyñ pikirleriñi üznüksiz jemläp hiç kimiñkä meñzemeýän stiliñi açyp gõrkezýär

1
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Poemanyñ yukuni goteryan ajayyp,dartgyn mazmunly goshgy

1
2 Zerinaý   [Mowzuga geç]
"Uzyn-uzyn beýan etdim bilenimi"
Men-a şol "uzyn uzyn beyan etmeleriñi" diýseñ halayan))

1
1 Zerinaý   [Mowzuga geç]
"Õz sõzüm bar, şol ýeñişdir!"

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: