18:48
Göçegçi gussa / hekaýa
GÖÇEGÇI GUSSA

Durna diýilýän guşy (ol barada birmahallar goşgy baryny ýazanam bolsam ) şu çaka çenli beýle ýakyndan synlap görmändim…
Asyl ol ullakan hemem göýä jadysy bar ýaly adamy özüne aňkardyp goýýan ekeni.
Durnanyň özünden öň owazy gelýär. Onsoň owazyny yzarlap hataryny taparsyň. Taparsyň-da birdenem ýene ýitirersiň . Şeýdip, bu syrly göç asmanyň alyslyklarynda ýitip gidýänçä işli bolsaň işem edip bolmaýar, kararyňam elden gidip barýan ýaly bolýar…
Şol saparam ýaşyl – ýaşyl ýaýlalaryň üstünden kerwen gurap durna bary geçdi. Olaryň bolşy bu golaý goltuma gonarly – da däldi. Ýöne göçünden galdymy, azaşdymy, ýa ýaraty bolup geldimi, bilmedik, garaz, biziň düşelgämiziň ýanynda bir suraýy durna peýda boldy. Ol janawer ilerdäki ýaşyl tekizlikde saýlanyp duran üstüne ot bitmedik ak depejigiň gyrasyndan ýarty göwresini çykaryp, bize tarap seredýärdi. Bizem gadymy kümmetiň ýykyk – ýumruk ýerlerini düzetmegiň aladasy bilen gümra bolup ýören adamlar. Bu gum – guklyk, çola ýerde töwerekde näme üýtgeşiklik bolsa derrew gözüňe ilýär. Ýeke men gördümmikäm diýsem, oglanlaram eýýäm görüpdir eken. Biz onsoň ony ürküzmesiz, azar bermesiz etdik. Gaýtam, gezekli – gezegine dürbi tutup, kino tomaşa edýän ýaly ine – gana synlamaga başladyk. Gudraty güýçliniň döreden bu nepis zynatyna haýranlar galýardyk. Onuň uzyn aýaklary kümüşsow ganat – perleri, neşter ýaly çüňki, messan – messan ýöräp, saga – sola towlanyşy… Biz göýä asman perisini synlaýan ýaly bolýardyk. Günortan garbanyp boldugymyz ýassyga ýaplanyp dürbä ýapyşýardyk. Içimizde iň ýaşyragymyz Mekandy. Ol hemmämizden öňürti dürbini garbap almak üçin naharynam çalak – çulak, howlukmaç iýip, elini ýüzüne sürtip “Omyn” diýýärdi – de dürbiniň gözlerini elýaglygy bilen süpürmäge başlaýardy. Ýalkabam onuň çetine degjek bolup, her sapar bir zat diýip galýar: “Hany, Zybagözeli synla bakaly… Ýöne “öýe gaýtjak” gürrüňiňe başlaýmagyn – how!”
… Şeýdip biz öz durnamyz bilen öwrenişip başladyk. O janawerem bizden zowal ýokdugyny aňsa – aňýandyr – da indi känbir ozalkylary ýaly bukuljagam bolanok. Töwerekden ot – çöp çöpläp, ak depejigiň etegindäki oýa ýygnanan suwdanam suwlap gezip ýör.
Şol depejigiň ses ýetim ýanynda Myrat aganyň kümesi bardy, kümäniň yýk tarapy – da goýun agyl. Geň ýeri goja goýunlary örä tarap örüzip goýberýär, agşamara mallaryny ýene agyla dolaýar, ýa eline kündügini alyp täret kylmaga barýandyr, garaz, girip – çykyp töwerekde aýlanyp ýör, emma welin durna ondanam känbir heder edýäne meňzemeýärdi. Ýa – da Myrat aga ony görenokmyka? Kim görmese – de Myrat aga ony hokman göräýmeli. Eý – how, edil gapdal ýanynda tokly ýaly bolup, aga – ýana gezip ýören zady Myrat aganyň görmejek gumany barmy? Ýöne, basym bary aýan boldy. Eýsem – de bolsa bu guş ýeke biziň guşumyz däl, bizdenem beter Myrat aganyň guşy eken – ä …
…Men indi her gün täsin bir pursaty synlaýardym. Oglanlar kümmetiň üstünde, içinde iş bilen gümra, menem kitap okap, ýaz – poz bilen. Ýöne her gün öýle namazyndan soň, Myrat aga alma gülli gyzyl termosy bilen ak käsesini eline alyp çykýar welin, menem dürbimi elime alýaryn… Hon – ha, Myrat aga donuny ýelbegeý atynyp, agsaklap, ýuwaş – ýuwaşdan durnanyň düşlän ak depejigine tarap bäş – on ädim ädýär – de aşak oturýar. Soň – onsoň telpegini ýassyk ornuna tirsekläp, çep gapdalyna gyşaryp, termosyndan käsesine çaý guýýar. Onsoň özüniň “geň myhmanyny” synlamaga başlaýar.
… Nirelerden gelip, nirelere barýaň, janawer? Allatagala seni ne beýle üýtgeşik, ne beýle owadan edip ýaradypdyr. Sen kimsiň? Melekmiň ýa perişdemiň? Biziň öwlüýämize – zyýarata geldiňmi ýa? Ýaraly bolsaň, ýaraňa melhem edeýin… Ýok, golaýyňa barsam, ürker gidersiň . Sen gowysy gitme, şu ýerdejik geziber. Bizem seniň ýaly bu dünýede ötegçi bir myhman ahbetin. Myhman diýilýäne hormat edilýändir. Bizem bir ýere barsak, şükür, hormatymyz bar, sylagymyz bar. Belki ahyryýetde – de şeýle bolgaý… Sen bir habarmyň ýa?
… Men bu goja bilen durnanyň syrly söhbetini synlap ýatyşyma ymyzganýaryn. Bir haýukdan soň durnalaryň gykuwlaryna tisginip, oýanýaryn. Düýşümmikä?! Ýok, düýşüm däl. Myrat aga kümesine tarap agsaklap barýar, biziň ýeke durnamyzam ak depejige çykypdyr – da durna hataryna owsun atýar. Boýny üzülere gelýär, janaweriň. Men ellerimi galgadyp, ony uçurmakçy bolýaryn.
Uç – aý ahyryn … Uç! Uç!
Biziň durnamyz uçmady. Birje gezek hyýallanyp, ganatlaryny ýaýyp, ylgarlan ýaly etdi – de duruberdi. Onuň göçegçi guşlara goşulyp gidip bilmeýändigine oňa hiç bir kömegimiň degmejekdigine ýüregim gyýyldy. Şonuň üçinem men onuň bu alaçsyz ýagdaýyny görmejek bolup işläp ýören oglanlara tarap gitdim. Bular ýaly zady göreniňden görmäniň gowy. Onsoň gün ýaşdy, garaňky düşdi. Durna – da tümlüge siňip, bir ýerlere sumat bolup gitdi.
Şol günüň ertesi esli wagtlap nämüçindir durna görünmedi. Emma öýlän ýene – de Myrat aganyň gyzyl termosyny goltuklap ilerik ýönelendigine gözüm düşdi… Hany meniň dürbim niredekä? Ýapa ýaplanyp, telpegini tirseginiň astyna alan goja ýene –de syrly myhmany bilen sözsüz söhbetine başlady.
…Sen ozal bu ýerden kän geçensiň. Ine, bu günem galmaly bolduň. Ho – on – ha, deňiň – duşuň geçip barýar…
…Göçünden galan bu ýeke durna bilen garry gojanyň arasynda nähilidir bir meňzeşlik bar ýalydy. Ýa bu durna – da Myrat aga ýaly garrap, ýekesiräp ýörmükä?
Bu boluş adaty bir boluş däldi. Bu ahwal ýaz gününiň düýşi ýaly bir pursatdy. Şonuň üçin hem bu geň ýagdaýyň nähilidir bir syrly, agyr soňlamasynyň boljakdygyny süňňüm syzýardy.Näbelli gorky maňa hiç ynjalyk bermeýärdi.
Bir gün onsoň irden ýaşyl “Moskwiç” geldi – de Myrat agany oba tarap alyp gitdi. Kän wagty geçmänkä – de Myrat aganyň ogly Jepbar geldi motoryny tarladyp. Basan ýerinden ot çykýan ýigit töwerege, agyl – öwsellere serenjam berip, hars urdy. Birdenem şol tarapda tüpeň sesi towhullap, töwerege ýaň salyp gitdi… Biziň üç oglan üçimizem duran – duran ýerimizde doňup galdyk. “Haý bolmady – ow”. Wah, indi giçdi. Indi etjek alajyň ýokdy. Şonuň üçinem kelam agyz geplemän işli – işimize ýöneldik. Agyr duýgylary agyr iş ýeňýär…
Agşamara “oljaly” horjunyny motorynyň yzyna bökderen Jepbar tar – tarlap oba bakan gitdi. Onuň yz ýanyndanam irdenki gelen “Moskwiç” Myrat agany bu ýere düşürip, yzyna dolandy. Elbetde, gojanyň Jepbaryň “iş bitirip”gidendiginden habary ýokdy…
Ýene – de ýaldyrap gün dogdy, ýene – de gün öýläne sandy. Myrat aga – da ýaplanyp çaý içip, durnasyny synlamak üçin öýünden çykdy. Han – ha ol hälden bäri pessejik ak depäniň üstünde gymyldaman dur. Töweregi synlap kän durdy. Ol şu wagt biziň göçegçi guşlara goşuljak bolup, uçmakçy bolup uçup bilmän galan durnamyza meňzeýärdi… Ahyrsoňy ol bize tarap ýöneldi. Bizem öten agşam maslahat edip, bilip bolmaz birden guş hakynda soraýsa, gojany gynandyrmazlygy karar edipdik.
------ Be – eý, iniler diýýän – ä, meniň şojagaz ýerde bir durnam bardy welin, heý, siziň habaryňyz barmydyr? Onuň reňki soluk, hasratdan doly gözlerine seretmäge daşdan gaty ýürek gerek, olam bizde ýok. Hamala bu bolan işe özümiz günäkär ýaly başymyzy aşak salyp otyrys.Her näme – de bolsa gojany köşeşdirmelidi. Şonuň üçinem men :
------ Düýn – öňňin – ä bir durna gözüme kaklyşdy, Myrat aga.
Ýöne men – ä ol uçup gitdimikän öýüdýän. Ýerden – ä bir göterilen ýaly boldy… -- diýip, ýalan sözlemäge başladym. Gürledigimçe – de şu pursatda hakykaty aýtmazlygyň nähili zerurdygyna düşünýärdim. “Seniň durnaňy düýn ogluň atdy” – diýip, bolarmy? Nädip diýjek! Hakykat – a şol. Aýt – da hany aýdyp bilýän bolsaň! Aýtmaly däl ýerinde hakykaty aýtmaly däl. Şu – da bir hakykatdyr.
… Myrat aga görgüli biziň ýanymyzda – da uzak oturyp bilmän kümesine tarap gyrmyldap gitdi…

* * *
Aýlar – ýyllar geçdi gitdi. Myrat aga pahyryň dünýeden ötenine – de kän wagt bolupdyr. Ýöne her ýyl şindi – şindilerem ýazda ýa güýzde dünýäni owazdan dolduryp durnalar gelende nähilidir bir saý-sebäp bilen göçünden galan ýalňyz durnanyň hemem ýekesiräp ýören garry gojanyň bir pursatlyk duşuşygyny ýatlap birhili bolýaryn.
Onsoň meniň bu gussaly ýatlamam durna hataryna goşulyp asmanyň alyslykarynda ýitip gidýär…

Mäne, 2004 ý

Ahmet Halmyrat
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 409 | Добавил: Adalat19 | Теги: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 salyhov25   [Mowzuga geç]
Ahmet Halmyradyñ meşhur hekayalaryny gaýta gaýta okasamam ganyp bolanok.
Her gezek täze bir hekaya okan yaly bolyaryn. Bu ussadyñ işi.

0
1 salyhov25   [Mowzuga geç]
Durnany tūpeñläniñ adynyñ Jebbar dygyny okap biraz koşeşdim. Bolmanda-ahyry bir gūn ,,Jebbar" tūpeñleýär ahyryn. Görä bu sazlaşygy !.
Sag bol Ahmet aga. Gaty täsirli .

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: