18:34
Ýüküm söýgi / hekaýa
ÝÜKÜM SÖÝGI

Olaryň gugur-gugur gugurdaşyp, biri-birine iň arzyly, iň muhabbetli sözleri aýdýandyklaryna men düşünýärdim. Olaryň ganat kakyp, towlanyp, biri-birini ogşap-ogşap doýmaýyşlaryna men düşünýärdim. Seret oňa, seret, olaryň biri öz agzyndaky şerbetli dänesini öz taýynyň agzyna tutýar, olam ony ýuwutmaga dözmän ýene yzyna berýär. Olaryň ogşaşyp durkalar nepislik bilen gerilýän kümüşsöw-gögüş ganatlarynyň perçin-perçin ak perleriniň hatary üýtgeşik bir dilde - heýkeltaraşlyk zybanynda ýazylan söýgi sözleriniň suraty ýaly. Ýok, ýok! Ol gerilen ganat perleriň hatary roýalyň ak perdeleri ýaly... Olaryň asmanyň mawy giňişligine hat ýazýan ýaly owadan hereketlerinden owaz tolkunlary ýaýraýar...
Bu jübüt gögerçiniň söýgi oýunlarynyň soňy hökman höwürtge gurmagyň arzyly aladalary bilen dowam edäýmelidi... Elbetde, şeýle-de boldy. Olar indi gözýetimde salgym bolup gök öwüsýän, käbir oýtaklarda, her ýerräkde biri oturan topbak-topbak ýylgynlara tarap ýazylyp gidýän bu sary giňişlikden – türkmen sährasyndan saýlap-saýlap, çeýe hem tämiz çöpjagazlary daşamaga başladylar. Olaryň dişläp, ynjytman alyp gaýdýan çöpjagazlary ýuwaş-ýuwaşdan ýumşajyk ýuwa-höwürtgä öwrülýärdi. Şeýle gözel ýaradylan bu jübütiň höwürtge ýasaýşyny göz öňüňe getirjek bolsaň, edil olaryň öz boluşlary ýaly sözleri saýlap-saýlap, çöpläp-çöpläp, ýerli-ýerinde goýmaly...
Ýöne bu höwürtgäniň hemem bu höwürtgäni gurýanlaryň mundan buýanky ykbal-nesibesi çylşyrymlydy, wakalydy, hikmetlidi... Häzirlikçe ony bu jübütem bilenok, hiç kimem bilenok.Ýöne, olar öý gurýarlar...

Uzak-uzak ýollary külterläp, kerwen bolup tirkeşip gelýän mähnet ýük awtoulaglaryň biri erbet silkindi-de haş-haşlap togtamak bilen boldy. Onuň öňünden hem yzyndan bile barýan ýoldaşlarynyň biri-ikisi togtady... Ulagyndan böküp düşüp, onuň ýanyna gelen sürüjiler awtoulagy birlaý gözden geçirdiler, o ýerine-bu ýerine seredişdiler. Ölçerip – döküp maslahat etdiler. Has öňden barýanlar bilen telefonda habarlaşdylar... Dogurdanam, şikes çynlakaýdy...
Mähnet ak “Wolwa” eýesi bilen ýoluň gyrasynda galmaly boldy. Beýlekilerem ýuwaş-ýuwaşdan gitdiler... Osman ugrap barýan ýerinden ýolda galmaly bolan ýoldaşyna göwünlik berýärdi:
- Temirbek, gaýrat et, garaş. Garaş, gardaş! Habarlaşar durarys...
Yzdakylaram ertir däl-de birigün şu ýere gelip ýeterler, belkäm, gerek şaýyň olarda bardyr. Bolmasa-da bäş-alty gün bize garaşmaly borsuň...
- Sag bol, gardaşym... Ýoluň ak bolsun. Garaşaryn...
Köp ýyl bäri bir ýurtdan başga bir ýurda, bir ilden başga-başga illere aşyp, “Wolwasy” bilen ýük daşaýan Temirbek bu uly ýoluň ýakasyndaky türkmen obasynyň deňesinde, çaklaňja awtoduralgada munça günläp ýatmaly bolaryn öýtmändi. Nätjek –dä, üsti ýükli bu äpet ulagy tirkäp äkidibem boljak däl. Gerek şaýlar sargaldy, ýöne olar gelip ýetýänçä... “Gelip ýetýänçä garaşmaly dost, başga alajyň ýok” – diýip, Temirbek öz-özi bilen ylalaşýardy... Temirbekiň gyşyň aýazly günleri bäş-üç gün dag ýollarynda galan wagtlaram bolupdy. Ýone indi welin türkmeniň jöwzaly tomus günleriniň epgegi onuň jahyl bedenini hem kalbyny synagdan geçirýärdi, taplaýardy... Ol awtoulagyna dümtünip ýadanyndan soň ýoluň gaýra ýüzüne, oba tarap geçip, ol ýerdäki täze tanşy Berdimyrat dükançynyň ýanyna barýardy.
...Töwerekde mal bakýan oglanjyklaram onuň ýagdaýyny ata – enelerine gürrüň berendirler – dä, olar günde-günaşa diýen ýaly Temirbeke agaran bilen çörek getirip berýärler. Bu mylaýym duýgudaşlyk oňa öz obasyny ýatladýardy. Çagajyklara pul uzatsa “ Gerek däl. Sag bol daýy” – diýip, gidiberýärler... Ynha, gadymy ata – babalarynyň ýurdy ony şeýle ýeňillik hem ýakynlyk bilen özüne imrindirýärdi. Oňa garry atasy oglanka “ Oglum, türkmenler biziň däde – babalarymyzdyr” diýerdi. Ol öz ene diliniň kökleriniň şu ýerlerden başlanýandygyny – da bilýärdi. Şonda–da ol oňarsa – oňarmasa öz türk şiwesini türkmençä has golaýlaşdyrjak bolup, azara galýardy, çagalar bilen has düşünikli dilde gürleşjek bolup jan edýärdi: “ Babaňa-eneňe bizden salamlar aýdyň. Allah olardan razy bolsun, bala!” ... Ol heňiz ömründe bir saparam düýe çalyny içip görmändi. Agarany welin dadyp görmäge-de çekinýärdi. Berdimyrat dükançynyň ýanyna baryp: ”Muny nädip iýmeli?”- diýip, soranynda, ol onuň elindäki tegelek çörekden bir döwümi bölüp aldy – da şakäsedäki gatyga batyryp:
- Muny, ine şeýdip iýerler, dost – diýip, agzyna okalady. Temirbekem onsoň onuň hereketini gaýtalady:
- Şeýlemi?...
Gatykly käse boşanyndan soň, doga okap, düýäniň piri Weýis baba degsin etdiler.
- Sen garnym agyrar öýdüp, alada galyp ýörmegin. Il gaýtam aşgazany agyrsa,
şu zatlary iýip gutulýar. Lukman Hekimden ölmeziniň öň ýany “Siz gitseňiz, mundan beýläk biz sizsiz nädip oňarys” diýip, soranlarynda aýtmandyrmy näme...
- Ne söýläpdir,abi?! – diýip, Temirbek gyzyklanýardy.
Berdimyradam gepi süýjütjek bolup, eýläk – beýläk ýöräp, barmagyny ýokaryk çommaldýar:
- Bilýäňmi näme diýipdir?
- Ne söýlemiş, abi?
- ...Ol aýdypdyr: ” How, türkmenler.Siz nämäni gaýgy edýärsiňiz...Siziň düýäniz bar ahyryn.Men gitsemem düýe galýar ahyryn”diýipdir.
- Maşalla! Wah ,bizde şimdi düwe ýok, äbi...
- Düýe ýok?!Baý-bow...
- Bolsa-da azdyr...Men gideýin,abi.Sag bol.Gideýin öz „düwämiň” ýanyna...
Ol hakykatdanam ýaban çöken düýe ýaly näçe gündür gymyldaman ýatan awtoulagyna tarap dolandy.Goýy göm – gök iňrik göýä –umman ,haýbatly awtoulagam ak gämi ýalydy.Onuň üstünde meýdan kepderiler uçuşup-gonuşup ýörler... Temirbek gök deňizli Türkiýäni, dogduk diýaryny ýatlap ýylgyrýardy...

Telefon bir gowy zat.Ol ähli müşgil işleriň açary ýaly...Habaram gelip dur,gelmeli şaýlaram gelip dur.Kömege çagyrmaly bolanda ýigitlerem gelip ýetişýär. Şu gün,sekizilenji gün diýlende Temirbek owal Hudaýy soňam Dawut pygamberi çagyryp,awtoulagynyň açaryny towlady.Äpet desga tarlap,çaýkanyp uly ýola çykanyndan ol özüne penakär bolan oba hem täze obadaşlaryna tarap elini dyngysyz bulap hoşlaşýardy:
- Allah sizden razy bolsun!Hoşja galyň!

...Temirbekiň öňünden köne dosty Osman barýardy,yzdanam ýene iki sany ýoldaşy tirkeşip gaýtdy.Indi onuň ýüregi suwlydy.Ýoldaşlary bilen bileje ýene-de ýola düşüpdi,şonuň üçinem keýpi çaglanyp,aýdyma gygyryberesi gelýärdi...Deňesinden ganat kakyp, deňje uçup gelýän goşa kepderä gözi düşenden onuň has hem göwni açyldy...
...Ýörüň bile,biziň bile...
Dönüm size, ay-dönüm size...
...Ýöne nämüçindir bu gök kepderiler ondan hiç galanokdylar.Olaryň uçuşam birhili adaty däl ýaly,düşnüksiz.Halys golaý gelýärler.Kepderileriň biri has hem aljyraňly ýaly,has jahygýan ýaly...Ol aýlanyp-dolanyp,pasyrdap gelip,özüni tas aýna urupdy...
“Kiş,janawer.Beýtmäweri...Ajalyňa howlukýäňmy?“ Temirbekiň sözlerini,hereketini olar asla duýmaýardylar.Gaýtam,wagt geçdigi saýy olaryň howsalaly uçuşy hasam güýjeýärdi.Başda “Dönem size”diýip,aýdyma başlan Temirbek”Dönüň yza”diýip,ýalbaryp aýdym aýtmaga başlady...Birdenem kepderiler sumat boldular...Dogrudanam,olar yza donen ýaly boldular... Temirbek kellesini aýnadan daşaryk çykaryp, uzyn saçlaryny şemala yýkjadyp töwerege garanjaklady. Gapdal aýnadan yza göz aýlady... Kepderiler hiç ýerde görnenokdy... Indi ol az – kem ynjaldy, sebäbi olaryň boluşlary – boluş däldi ahyryn, olaryň pelasaň kakyşlary nämedir bir howply zadyň alamaty ýaly üýşendirijidi... Temirbek nämedir bir wehimli zady göwnüne getiren ýaly howpurgap, uludan dem aldy: “ Estagfirulla!”

Esli menzilleri külterlänlerinden soň, uzagaraçylar dem – dynç almak üçin gara ýoluň gyrasyndaky ýörite meýdançada saklandylar. Osmanam, beýleki ýigitlerem Temirbek bilen tirkeşip gaýdan kepderileri görüpdirler eken. Asla, olary,hon – ha, ýene –de görüp bolýar. Ikisem Temirbekiň ulagynyň üstünde joňkaryşyp otyrlar...
- Bularyň näme – how?! Ýa şunça gün ýol ýakada galan çagyň bulary iýmläp – suwlap ekdi edäýdiňmi ýa? – diýip,Osman Temirbeke kepderileri görkezdi. Ol kepderilere seredip geň galdy...
- Bular nämüçin meniň bilen tirkeşip gaýdyberdiler – kä?... Ol bir zatlary
aňlajak bolýan ýaly ýeňsesini gaşady... Awtoulagyň uzyn hem belent çeleginiň üstüne gonýan gögerçinleriň gugurdysyny diňläp ýatan gijelerini – gündizlerini bir pursat ýadyna saldy... “Şolardan bolmaly... Öwrenişäýdilermikä?! Ýa ...” Ol öz pikirinden gorkýan ýaly töweregine ýaltaklady. Soňra usullyk bilen awtoulagynyň goşa – goşa tigirlerine, ol ýerine, bu ýerine seredişdirip, töwereginden aýlandy. Biynjalyk bolar ýaly zada gözi düşmäninden soň, kürsülerini gurnap oňlerine çaý – çörek alan kärdeşlerine tarap ýöredi...
Awtokerwende Temirbekiñ yz ýanyndan ýöreýän Polat oña öz gören täsinligini aýtmaga howlugýardy:
-Gel, Temirbek. Gel, gardaşym... Olar başda bir bölek bolup, bary yzyňa düşüp gaýtdylar. Bijaý owadan boldy. Töweregiň durşuna kepderi. Seni dabara bilen ugratdylar. Soň olar ýuwaş – ýuwaşdan galýardylar. Şu ikisinden başgasy galdylar. Bularam uzak ýoldaş bolasy ýok – la. Bularyň seni ugradyşy şeýle owadan boldy...

Gögerçinler onuň awtoulagynyň depesinde ikibaka gezmeläp töwerege howsalaly garanjaklap, galkyjaklap ýördüler. Temirbek olara bakyp, az salym böwrüni diňledi. Soňam aýgytly bir pikire gelen ýaly ulagyna çalasynlyk bilen mündi – de gapysyny jarkyldadyp ýapdy:
- Ýol bolsun!
- Ömrüň bolsun!
- Ýol bosun!
- Ömrüň bolsun!
...Ýigitler ýol başladylar. Jübütlerem ýol başladylar... Kepderiler ýene –de pelesaň urýardylar, ýene – de bir ýerlere sumat bolup gidýärdiler. Ýol boýy olary synlap, biynjalyk bolup gelýän Temirbek indiki menziliň düşelgesinde olaryň syryny açdy. Onuň çak edişi dogry çykdy. Ikinji sapar düşleşilende ol Osmany, Serdary, Polady ýanyna çagyrdy... Awtoulagyň uzyn çeleginiň aşagyndaky demir gözenekleriň arasynda , örän ykjam ýerde gök kepderileriň höwürtgesi tegelenip dur... Görüň, bakyň... Içinde – de iki sany naşyja gökdaş ýaly ýumurtga bar. ..
Temirbek kepderi diýilýän jandara örän beletdi. Olaryň jübütleşip her üç aýdan bir sapar iki sany jüýjäni çykarýandygyny, şol iki jüýjäniňem galapyn biriniň jüýjehoraz beýlekisiniňem mäkiýan bolup, uçurym bolýandygyna ol beletdi. Jüýjeleriň haýsy biri gyz, haýsysy oglan, ol derrew bilerdi. Gyz kepderi jüýjesiniň has näzenin, has göze ýakymlydygyny ol nähilidir bir syn bilen, duýgy bilen aňýardy. Ýalňyşmaýardy. Oglan wagty asmana uçurýan kepderileriniň al – asmandaky oýunlaryny synlamakdan boýny ýadan mahaly köne kepderibazlardan öwrenen emelini ederdi... Ol ullakan legeniň içine suw guýardy – da suwuň ýüzüne suraty düşýän asmandaky kepderileriň oýunlaryna tomaşa kylardy... Hany, indi bu oýun nähili oýun boldy?! Bu tomaşany nähili çözmeli bolar?! Uzagaraçy ýigitleriň bu mesele baradaky maslahaty uzaga çeken dymyşlyk bilen başlady... Ilki bilen Polat hemmeler üçin düşnükli bolan pikiri aýtdy:
- Nätmelidigi belli. Höwürtgäni usullyk bilen almaly-da hol, ot-çöpleriň
arasynda goýmaly,wessalam...
- Dogry, ýöne ot – çöpleriň däl-de ho-o-l, agajyň üstünde goýmaly- diýip, Osman onuň pikirine az – kem düzediş berdi. Serdar dymýardy. Temirbekem dymýardy. Olaryň ikisem göçürilen höwürtgä kepderileriň hiç – haçan gaýdyp barmaýandygyny bilýärdi.
- Hany,ýöräliň.Görübereris-dä – diýip, Temirbek mähnet awtoulagyna tarap ýöneldi. Göwnüne indi onuň ulagynyň ýüki has agralan ýalydy... Ol örän ynjyk ýüki uzak menzile äkitmeli bolan ýaly duýgularyň girdabyna düşüpdi...
...Gapdaly bilen pelasaň urup gaýyp barýan guşlaryň haly perişandy.Olar ýadaýardylar. Olar aljyraýardylar. Şonda Temirbek ulagynyñ badyny mazaly gowşadýardy, kepderilere çelegiň üstüne gonmaga maý berýärdi. Şeýdip ýöräbermeseň nätjek-dä?! Bu boluşdan onuň özem ýadaýardy. Ol indi türk dünýäsiniň meşhur aýdymyna hiňlenýärdi:
Daşlaramy döndi kalbyň sen gelmediñ...
Guşlar ýuwa gurdy sen gelmez olduň...
Sen gelmez olduň, sen gelmez olduň, sen gelmez olduň...
Onuň “Ýüküm-- söýgi” diýen täze bir aýdym düzesi gelýärdi. Ýöne ol, arman, şahyr däldi...Ýöne ol bu aýdymyň şirin heňiniň öz kalbynyň jummuşindedigini syzýardy...

Indiki düşelgede üç ýigit eýýäm Temirbeke “Temir kepderi” – diýip, ýüzlenmäge başlady, sebäbi indi olaryň ýoldaşy öz täze “ýoldaşlary” bilen gümrady. Ol ýaýbaň tabaga suw guýup, gögerçinleri suwa ýakjak bolýardy, çörek ownutyklaryny ýaňky tabagyň töweregine sepeläp, sykylyk çalyp, guşlaryny nahara çagyrýardy... Geň ýeri, olaram, gorka – gorka,garaz, gelýärdiler...
- Siziňem akylyňyz ýerinde – ow ... Ala–böle meniň ulagymy saýlaýşyňyzy...
An – ha, bulara ýoldaş bolan bolsadyňyz, baý – bow...
- Sen näme bizi olara ýamanlap otyrsyň. Ýedi günläp ýatan arabaňy harabadyr
öýdendirler, janawerler. Indem ýuwasy bar, ýumurtgasy bar nätsinler – diýip, Osman dostunyň ýanyna gelip çommaldy. Soň ol bu meseläniň basym kynlaşjakdygyny dostuna ýatlatdy:
- Serhetde näderis, dost? Gümrükçileriň öňünde nädip durjaksyň, hany,
şonam aýt –da...
Temirbek kepderilere seredip dymýardy...
“Alla bardyr. Göreris-dä... Belki Ýokarkynyň özi bir imanly bendesine gabat getirse...” Ol gussaly hem howatyrly gözlerini uzaklara dikip dymýardy... Gözýetimde daglaryň belent gerşine gyzyl – elwan reňk çaýyp Gün ýaşýardy... Kepderiler awtoulagyň çeleginiň aşagyna sümüldiler...
“Höwürtgeli” meselä nämeüçindir goşulman gelýän dymma Serdar bu gürrüňi belli – külli ortadan aýyrmagyň tarapdary boldy oturyberdi. Ol ilki bilen şu meseläniň serhetde çözüleninden şu ýerde çözüleniniň hemmeler üçin amatlydygyny düşündirmäge başlady. Soňundanam Temirbekiň ýukaýürek adamlygyny oňlamaýan ýaly janygyp başlady:
- Ol ýerde şahyr ýa suratkeş,ýa-da Hakdan imanyny diläp oturan derwuş ýok, dost. Özüň bu zatlary bizdenem oňat bilýärsiň. Wah, seniň adyň Temirbek bolsa – da ýüregiň pamyk ýaly...
- Bilýän, dost, bilýän... – diýdi –de, Temirbek onuň alkymyna dykyldy:--Olar
şahyr däldir,derwüş däldir,ýöne ... adamdyr-a...
- Belki düşünýändirler.Ýöne... Aý, özüň bil, dost, biziňki, aýtmak.
- Bar aýtjagyň şol bolsa, aýdybam oturmaly däl ekeniň. Seniň ol aýdýanlaryňy
hemme kişi bilýär .
- Başga näme aýdaýyn saňa?
- Başga zat aýtma, dost...
- Ynha – da ... Ýeri, bolýar. Gaty görmesene...
Ýöräli, dost, Alla bardyr...
- Ine, munyň bolýar... Ýöräliň!
- Galkalyň, gardaşlar !
- Galkalyň...
- Ýol bolsun!
- Ömrüň bolsun!

Serhet ýakasyna – gümrükhana golaýlaşdygyça Temirbekiň ünjüsi artýardy.
Ol ýükünden arkaýyndy. Onsoňam ol bu gümrükhanadan, gör, näçeme sapar geçipdi. Esgerleriň, ofiserleriň käbirleri ony tanaýarlaram ahyryn. Ýöne “höwürtgeli” gürrüňe olaryň näme diýjegi belli däldi. “Bu günäsiz janawerleri ynjytmaň “ – diýip, nädip aýtjak. Asla, aýtmak nämä gerek?! Olar näme höwürtgäniñ nämedigini bilmeýändirlermi?! Ýöne olaryňam “Bu – ha bir höwürtge eken” – diýip, göz ýummaga haky barmy? Bu soraglara jogap ýokdy.
Gümrük – gümrük bolýar. Halk arasynda“Gümrügem bar, gümürtigem bar” diýlip, ýöne ýerden aýdylýan däldir. Bu ýer galplyk edýänleriň syrynyň açylýan ýeri. Bu ýer düzgün – tertibiň jikme – jik talap edilýän ýeri. Ýöne, adam pahyr çig süýt emen-dä, bu ýere geldigiň hiç hili galplygyň ýok ýerindenem “Bir säwlik tapylaýmasyn. Resminamalryň nädürs ýeri bar bolaýmasyn” diýlen ýaly pikir – hyýallar kalbyňa gorky salýar. Emma “ Iýeni halal bolanyň ýüregi gala bolar” diýleni. Zandy halallar üçin hiç bir gümrükde, hiç bir synagda gorky – ürki bolmaýar. Temirbekem özünden arkaýyndy, ýükünden arkaýyndy ,ýöne awtoulagyndaky, mysapyr myhmanyň öýüni abat saklamak oňa uly alada bolup dur. “Munyň näme?!” diýiljegi belli. Näme jogap bermeli? Ýa – da soraman – idemän pytradyp goýberseler näme diýersiň?! Ýaka tutuşyb-a bilmersiň!
...Ynha, serhetçi esger ýokarsy tikenli sim bilen gurşalgy giň howlynyň derwezesini açýar. Giriň, hany! Barlagdan geçiň! Birden Temirbekiň kalbyna joşgunly bir pikir geldi:” Bu gezek men däl –de siz synagdan geçmeli bolaýmasaňyz, ýigitler, size bir uly synag garaşýar! Menden :“ Ýukuň näme?”- diýip,soramaň.Meniň ýukum--- söýgi.Ýukum---söýgi,ýigitler.Geliň,göruň.”

...Ol höwürtge hem kepderiler barada hiç zat aýtmazlygy göwnüne düwdi. Şonuň üçinem özüniň düşen synagyndan olaryňam abraý bilen geçmegini dileg edip, takdyra ten berip oturmagy makul bildi. “Ynha , ýagdaý şeýle. Ygtyýar özüňizde” Awtoulagy barlaýan iki esger bilen ýörite gullugyň işgäri üçüsi içi asman reňk iki sany ýumurtgaly höwürtgäni gezekli – gezegine synlaýardylar... Ahyrsoňy ýörite gullugyň işgäri kynlyk bilen ýumurtgalaryň birini eline
aldy – da iş jaýyna tarap ýumlukdy... Ep – esli eglenenden soň ol ýene bu ýere gaýdyp geldi – de ýumurtgany öz ornunda goýup, esgerleriň birine sürüjini çagyrmagy buýurdy. Temirbek awtoulagynyň ýanyna gelende ýaňky barlagçylar toparynyň ýolbaşçysy höwürtgäni oňa görkezip:
- Mundan habaryň barmy? – diýdi.
- Habarym bar, elbetde – diýip, Temirbek “nädeýin” diýen manyda egnini
gysdy. Onuň jübüt “ýoldaşlary” derwezäniň deňesindäki beýik jaýyň üçeginde bärik garap durdular... Temirbek:
- Hon – ha, eýesi olar... Olaryňky... – diýdi –de kisesinden bir bölek çörek
çykaryp owratmaga başlady:
- Häzir gelerler – diýip, çörek ownutyklaryny howlynyň ortasyndaky giňişlige
sepip goýberdi... Kepderiler ganat ýaýyp, ýokardan aşak indiler... Barlagçylaryň ýolbaşçysy kepderileri az salym synlady –da:
- Weterinar bilenem maslahatlaşyp göreýin – diýdi-de ýene iş jaýyna tarap ýöneldi...
- Bizden geçeniñde-de olaram- a bardyr – diýdi-de , esger ýigit köp manyly ýylgyrdy. Temirbek göýä onuñ bilen gürleşmän kepderilere birzatlar diýýän ýaly ünjüli bolsa-da az –kem rahatlyk bilen:
- Olaram özümiz ýaly adamlardyr-a, şeýle dälmi?!... – diýip, galan –gaçan çörek ownutyklaryny guşlara tarap sepip goýberdi... „Çözüñ-dä, özüñiz nädip çözýän bolsañyz. Weterinar gelsin. General gelsin. Pähimdar gelsin... Bu synag inçe synagdyr. Size-de, bize-de Biribaryñ özi kömek etsin... Başga näme diýip, näme aýdyp bolar. Iñ ýönekeýje zady şeýle agyr, şeýle çylşyrymly derejä ýetirýänem biziň özümiz. Indi munuñ ýönekeýje zatdygyna, düşnükli zatdygyna, gözel zatdygyna görüp durkak göz ýetirip bilmän görgä galyp ýörüs. Gözümiz bilen görüp duran zadymyza ynanmaga ýaýdanýarys.“ Pikir ummanyna gark bolup barýan ýaly ol birden öz-özüne ýüzlendi:
- Hemme zat gül ýaly bolar! Meniň ýüküm söýgi ahyryn...

Öz dogduk diýarynyñ topragyna gadam basan Temirbekiň kalby giñäp, awtoulgynyñam ýüki has ýeñlän ýaly. Hon-ha, ol dagyñ belentliklerine sary uzaýan kötel ýollara hamala ýüki ýok ýaly ýarmaşyp barýar. Onuñ süýnmek ak ýük ulagynyñ her gapdalyndan bir gögerçin tüweleý göteren gyýkyndy ýaly gaýdyrylyp, kä aşak, käte bolsa dik ýokarlygyna çawup gidýärdi. Hamala kepderiler bu äpet ulagy ganatlarynda göterýän ýaly. Olaryñ bolup barşy örän giñ çarçuwa nagyşlanan surat ýalydy... Temirbek kellesini aýnadan çykaryp, garşydan gelýän ýolagçy ulaglaryñ içindäkilere elini bulaýlap, salam berýärdi. Olaram nähilidir bir hoş habaryñ bardygyna düşünip, onuñ şatlygyna şatlanýandyklaryny añladýan manyda gol bulaýlap, ulaglarynyñ zoguny gygyrdyp geçip gidýärdiler... Ol bagtlydy. Bagtyýardy.. Ol hiç kimiñ bitirip bilmejek işini bitiren ýaly, örän çetin bir ýumşy abraý bilen bitiren adam ýaly özüni ýeñiji hem gaýduwsyz duýýardy. Özem şu işde özüne nätanyş adamlaryñ ak ýürekden kömek edendikleri üçin onuñ ähli tanyşu- nätanyş adamlara tükeniksiz alkyşlar aýdasy gelýärdi. Nämeüçindir ol basym hasam bagtly boljagyna ynanýardy...Ol “Ýukum—söýgi” aýdymynyň sözlerini gözleýärdi hemem özuniň şu bolup barşynyň şol aýdymdygyna duşunýärdi...

... Aslynda bu waka höwürtgäniñ içindäki mawy ýumurtgalaryñ gyzgyn mähirden soñ, çatlap-çatlap, ýarylyp, içinden keprderi jüýjeleriniñ çykyşy ýaly düşnüklidi, ýönekeýjedi, sadady ... Ýöne, näme diýseñem ýumurtganyñ guşa öwrülip, göge galyşy ýaly aňýeterden aňyrdaky derejede ajaýypdy.

Ahmet Halmyrat
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 399 | Добавил: Adalat19 | Теги: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: