12:45
Keramatly / fantastiki hekaýa
KERAMATLY

Gadyrly okyjylar!
Häzir men Osakada. Şonuñ üçin ýerli rowaýatlardan birini aýdyp bereýin.
Gadym zamanda bir adam ýaşapdyr. Ol işe girmek üçin Osaka şäherine gelipdir. Onuñ doly adyny bilýän ýok, ýöne obadan gelip işe girmek isleýändigi üçin oña Gonske diýipdirler.
Işe ýerleşdirýän edaranyñ gapysyndan ätlän Gonske uzyn müşdikli şybygyny sorup, burugsap oturan emeldara ýüzlenipdir:
- Jenap emeldar, meniñ keramatly bolasym gelýär. Meni nirede keramatly edip bolýan bolsa, şol ýere işe ýerleşdiriñ.
Bu talaby eşiden emeldar, edil dilini ýuwdan ýaly, bir sözem aýdyp bilmän, gözüni tegeläp Gonskä seredipdir.
- Jenap emeldar, eşidýäñizmi, meñ keramatly bolasym gelýär, maña laýyk iş tapyp bermegiñizi haýyş edýärin.
Emeldar ahyry özüne gelipdir-de şybygyny sorup:
- Ýüregim bilen gynanýan, ýöne biziñ edaramyz henize çenli kimdir birini keramatlylyga işe ýerleşdirmändi. Belki, siz başga edara ýüz tutarsyñyz? - diýipdir. Emma Gonskä nägilelik bilen bir aýagyny beýkeki bir aýagynyñ beýleki dyzynyñ üstüne atyp:
- Siz bir zady-ha bulaşdyrýañyz. Siz näme öz edarañyzyñ girelgesindäki ýazgyny okañyzokmy? O ýazgyda "Islän işiñize ýerleşdirýäris" diýip ýazylypdyr. Eger "islän işiñize" diýip ýazan bolsañyz, siz islenen işe ýerleşdirmäge borçlusyñyz. Ýa-da siz ony adamlary aldamak üçin ýazdyñyzmy?
Hakykatdan hem bir tarapdan seretseñ, Gonske nägile bolmaga doly haklydy. Emeldar özüni aklamaga howlugypdyr:
- Ýok, biziñ ýazgymyzda ýalan ýa aldawçylyk ýokdur. Size isleýän işiñizi tapyp bermegimizi isleýän bolsañyz, onda ertir aýlanyp görüñ. Biz bolsa ertire çenli sorag-ideg edişdireli, belki, bir laýyk ýer tapylar.
Emeldar ýagdaýdan çykalga tapman, niçigem bolsa wagt utmak maksady bilen Gonskäniñ talabyna boýun bolsa-da, keramatly bolunýan işi nireden tapsyn? Başa düşen musallaty ugradan emeldar näderini bilmän, golaýdaky goñşusynyñ öýüne barypdyr. Düşen gününi gürrüñ beren emeldar lukmandan:
- Men nätsemkäm? Siz keramatly bolmagy öwredýän işi bilýän-ä dälsiñiz? - diýip sorapdyr.
Beýle sowala, elbetde, lukman hem näme jogap berjegini bilmändir. Ol gollaryny döşüniñ üstünde çilşirip, daş işikdäki arça agajyna tiñkesini dikip oturypdyr. Şol wagt gürrüñe lukmanyñ "Garry tilki" adyny alan aýaly goşulypdyr. Ol:
- Siz ony bize iberiñ. Ol biziñ öýümizde iki-üç ýylyñ içinde keramatly bolmak üçin nähili bolmalydygyny öwrener - diýip emeldary ynandyrypdyr. Emeldaryñ guşy uçupdyr:
- Aý, goýa! Meniñ size gelenim gowy bolaýypdyr. Size ak ýüregim bilen minnetdar. Men hemişe-de lukmanlar bilen keramatlylaryñ arasynda bir ýakynlygyñ bardygyny duýýardym.
Emeldar yzly-yzyna baş atyp çykyp gidipdir.
Myhmany ugradan lukman aýalyna azgyrylypdyr:
- Sen näme agzyña gelenini samrap otyrsyñ? Sen ol oba adamsynyñ bizde birnäçe ýyl bolandan soñ "Keramatly bolmadym" diýip, nähili gopgun turuzjagyny bilýäñmi?
Emma "garry tilkiniñ" azaryna-da dälmiş. Ol göwnübir ýaly:
- Gowsy, gapylyp otursana. Seniñ ýaly dogruçyl akmak bilen bir käse tüwä ýeter ýaly pulam gazanyp bolasy ýok - diýip, ernini syrtardypdyr.
Ertesi, gepleşişleri ýaly, Gonske emeldaryñ yzyna düşüp, lukmanyñ öýüne gelipdir. Egninde ýüzi tugraly haori barmyş. Megerem, Gonske ilkinji gezek tanyşmaga geleñde şeýle geýinmelidir öýdendir. Ol bu lybasda-da daýhandan sähelçe-de tapawutlanmaýan-da bolsa muña hiç kim garaşmadyk bolarly. Lukman oña, alys ýurtdan getirilen ýabany haýwana sereden ýaly, gözüni aýyrman seredipdir. Ol Gonskäniñ gözüne göni bakyp:
- Siziñ keramatly bolasyñyzyñ gelýänini eşitdik. Nä sebäpden sizde beýle isleg döredi? - diýip sorapdyr.
- Ullakan sebäp ýok. Ýöne bir gezek Osak köşgüne seredip içimden "Hatda Toýotomi Hideýosi ýaly meşhur adamlar hem ahyrsoñy ölýärler. Diýmek, adamyñ bitiren işleri näçe ägirt bolsa-da ol hem barybir ölýär" diýip, pikir etdim.
- Onda sen keramatly bolmak üçin islendik işi etmäge taýýar-da, şeýlemi? - diýip, lukmanyñ mekir aýaly söze goşulypdyr.
- Hawa, men keramatly bolmak üçin islendik işi etmäge razy.
- Onda sen ýigrimi ýyl meniñ hyzmatymy et, iñ soñky ýyl bolsa men saña keramatly bolmagy öwredeýin.
- Aý, ýoga? Siziñ çynyñyzmy? Men nähili bagty getiren adam. Size köp-köp minnetdar.
- Ýöne sen ýigrimi ýyllap gara şaýam alman, meniñ hyzmatymy edersiñ.
- Bolýar, bolýar. Men razy!
Şol günden başlap, Gonske ýigrimi ýyllap lukmanyñ içersiniñ hyzmatyny edipdir. Suw çekýär, odun aýyrýar. Nahar bişirýär. Öýi, howlyny syrýar, süpürýär. Bu işleriñ üstüne lukman oña-muña çagyrylanda onuñ dermanly gutusyny hem göterip yzyndan galmaýar. Hyzmatlary üçin bolsa ýeke köpük hem talap etmeýär. Beýle hyzmatkäri tutuş Ýaponiýany sökseñ hem tapmarsyñ.
Ahyry ýigrimi ýyl hem geçýär. Gonske edip ilkinji gündäki ýaly tugraly haorisini geýip, hojaýynlaryñ gaşyna barýar. Ol uly hormat bilen ýigrimi ýylyñ içinde ähli edenleri üçin öý eýelerine minnetdarlyk bildirip, şeýle diýýär:
- Indi bolsa, wadalaşyşymyz ýaly, maña keramatly ~ garramaýan, ölmeýän keramatlylaryñ biri bolmagy öwretseñiz.
Gonskäniñ talaby lukmany kyn hala salypdyr. Ol hyzmatkäre näme jogap berjegini bilmändir. Ýigrimi ýyllap hyzmatyndan mugt peýdalananyñdan soñ, oña "Keramatly bolmagy öwredip bilemizok" diýjekmi? Lukman:
- Keramatly bolmagyñ syryny men däl, aýalym bilýär. Goý, olam saña öwretsin - diýäýmekden başga çykalga tapmaýar. Ol şeý diýipdir-de ýüzüni gapdala sowupdyr. Aýalynyñ welin, azaryna-da dälmiş.
- Ýeri bolýar, men saña keramatly bolmagy öwredeýin, ýöne näçe kynam bolsa, aýdanlarymyñ gylyny gyşartman etmelisiñ. Eger birini etmeseñ, keramatly bolmaga däl, ýene-de ýigrimi ýyllap hiç tölegsiz hyzmatymda durmaly bolarsyñ. Ýogsa, elhenç jeza uçrap ölersiñ.
- Men taýýar! Näçe kynam bolsa, ähli aýdanlaryñyzy birme-bir ýerine ýetirjek bolaryn.
Gonske durky bilen begenip, özüne berlen buýruga garaşypdyr.
- Onuñ ýaly bolsa, hol agajyñ depesine dyrmaş! - diýip, howluda ösüp oturan arça agajyny görkezen. "Garry tilki" Gonskäniñ agaja dyrmaşyşyny, eýwanda duran ýerinden ellerini bykynyna urup synlapdyr. Elbetde, ol keramatly bolmagyñ syryny bilmeýärdi. Ol Gonskänoñ boýun gaçyrjak kyn işini tapjak bolýardy. Şeýdibem ony ýene ýigrimi ýyl gapysynda gul edinmek isleýärdi. Gonske bolsa onuñ buýrugyny eşidenden beýik agaja dyrmaşmaga başlapdyr.
- Ýokaryk! Entegem ýokaryk! - diýip, aşakdan lukmanyñ aýaly gygyrypdyr. Gonske bolsa ikirjiñlenmän, gitdigiçe ýokaryk dyrmaşypdyr. Gonskäniñ tugraly haorisiniñ syýlary beýik arçanyñ çürbaşynda pasyrdaýardy.
- Indi sag eliñi goýber!
Gonske ähli güýji bilen arçanyñ ýogyn şahasyndan ýapyşyp, ýuwaşlyk bilen sag eliniñ barmaklaryny ýazypdyr.
- Indi sol eliñi hem goýber!
- Duraweri! - diýip, lukman allaniçigsi seslenipdir. - Ol sol elinem goýberse, ýere patlap gaçar ahyryn. Ýer bolsa durşuna gyýçak daş. Ol gürrüñsiz öler.
- Öz işiñ bilen bol, burnuñy sokma! Sol eliñi hem goýber-dä!
Lukmanyñ aýaly şeý diýen badyna Gonske ähli ruhy güýjüni jemläp, sol elini hem goýberipdir. Her näme diýseñem, beýik agajyñ çürbaşyna çykan adam iki elini hem goýberse, onuñ ýykylmajakdygyna ynanmak kyn. Hakykatdan-da şol bada tugraly haorili Gonskäniñ göwresi agaçdan üzülipdir. Emma agaçdan arany açan Gonske aşak gaçaryn diýip pikir hem etmändir. Ol täsin görnüşde dury asman bilen zeminiñ arasynda edil "dzýoruri" spektaklynyñ gurjaklary ýaly doñup galaýypdyr.
- Siziñ aladalaryñyz bilen keramatlylaryñ hataryna goşulanyma çäksiz minnatdar.
Gonske sypaýy baş atyp, şu sözleri aýdandan soñ, mawy asmanyñ ýüzünde arkaýyn ýöräp gidiberipdir. Ol gitdigiçe uzaklaşa-uzaklaşa ahyry hem bulutlara garylyp, gözden ýitip gidiberipdir.
Soñ lukman bilen aýalyna näme bolanyny bilýän ýok. Olaryñ howlusyndaky arça agajy bolsa gaty köp ýaşapdyr. Aýdyşlaryna görä, hut Tasugoro Ýodoýa bu dört gurjak ýogynlygyndaky äpet agajy üstüni gar örtende söýünç bilen synlamak üçin öz bagyna äkidipdir.

1922.

Akutagawa RÝUNOSKE.
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 408 | Добавил: Нawеran | Теги: Akutagawa Rýunoske | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: