14:48
Ýaryma çenli
ÝARYMA ÇENLI

Nazarlar kaknyşyp, büdürän gözel,
Ýetdi sabrym ýigrimi birime çenli.
Agşam gursagyma sygmady gazal,
Orta goýdum ýog-u baryma çenli.

Ýeser alartsaň-da humaý gözüňi,
Göreçleriň aldamady gözümi.
Düýnki saňa diýen “A gyz” sözümi,
Kem-kem üýtgederin “ýaryma” çenli.

Iki ädim aramyzyň gerimi,
Iş bolýar şonda-da sylmak derimi,
Bir gün sandyraýan barmaklarymy,
Elterin şol goşa örüme çenli.

Söýgime sygynyp, guşadym bilim,
Söýgiňe ynanyp ulaldy pälim.
Ir-u giç işiňe gatnaýan ýoluň,
Uzalar öýmüziň törüne çenli.

Mämmetnazar BABANAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 460 | Добавил: Gurban | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu şahyry täzeden bäri okaýan.Sadadan gowy ýazýar eken.

1
3 Igdir   [Mowzuga geç]
Bu goşgyny ýalňyşmasam, Aly Alyýew aýdym edip aýdýardy. Goşgusam aýdymam gaty gowudy.

0
2 Garayolly   [Mowzuga geç]
Yetireniñe sag bol,Gurban inim.

1
1 Garayolly   [Mowzuga geç]
Bu goshgy aydym edilibem aydylyar. Gowy shygyr.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: