12:55
Bileñok
BILEÑOK

Sen bileñok
Men nirede otyryn,
Kimler bilen ÿûzleśip dur gôzlerim.
Hany, bor-la gij-ä indi barybir,
Zeruram dál bu zatlary bilmegiñ.

Sen bileñok
Haÿsy ÿoldan ÿôreÿan,
Oýumda-kûÿûmde näme ôwûsÿár.
Dûśûnemok ôz-ôzûme kâteler,
Hiç zat ÿok ÿerinden ÿûregim gysÿar.

Sen bileñok,
Hiç bileñok nämûçin,
Gôreñogam geçip gitsem deñiñden.
Perwaÿsyzlyklarym hem dymmaklygym,
Diñe şolar gelÿán eken emiñden.

Sen bileñok
Ÿa-da biljek bolañok,
Ÿa-da dûşûnip dûşünmediksireÿáñ.
Şol boluşym. (Aÿ bor-la) men hiç-le welin,
Aÿtsana sen haÿsy ÿoldan ÿôreÿäñ?!

Sen bileñok
Mahal-mahal ot alÿan,
Tapaslarym gelÿşr nirde bolsañam.
Näme ûçinkä pyşgyrañok artyk sôz,
Seni sôÿûp ÿôrenimi bilseñem.

▶ Ynanma!

Seni sôÿmeÿänime ynanma, dûnÿäm,
Kyn dûşÿär. Ôñûñde boÿun alyp ÿôrmek.
Saldarlap gôr hemme zadyñ ôlçegin,
Gûnädir, bir meni ÿazgaryp ÿôrmek.

Seni sôÿmeÿänime ynanma, dûnÿám,
Kyn bolar gybata dûşûrseñ adyñ.
Gowgasy ÿok bolsa syrly dûnÿäniñ,
Men bir senin ykbalyñda ÿaşardym.

Seni sôÿmeÿänime ynanma, dûnÿäm,
Kyn dûşýär. Jogapsyz sowallañ sany.
Näme ûçin sen hakda ôlçerip-dôkÿän,
Gijeler bes edip goşgy ÿazmamy.

Seni sôÿmeÿänime ynanma, dûnÿäm,
Kyn düşýär ÿazyksyz gôzlerñe bakmak.
Dymÿan. Baśga nätjek. Saña käteler,
Gelse-de içimden ÿûregim dôkmek

Seni sôÿmeÿąnime ynanma, dûnÿám,
Kyn dûśer ÿûregiñ yañsa alynsa.
Şeÿlebir, şeÿlebir garaşÿan käte,
Ÿene senden geljek hatly habara.

Seni sôÿmeÿánime ynanma, dûnÿäm,
Kabul et. Dymmagym razylyk diÿip.
Saña ÿeke sôzûm duśûndirÿánçám,
Iller ÿaka tutar, sôÿdûmi duÿyp.

Menem durşum bilen ÿalan-la, dûnÿäm,
Şonda-da...
Sen bir sôÿmeÿänime ynanma, dûnÿäm!

▶ Eziz diyar

Káte undup hemme zady,
Gûlsem diÿÿán çynym bilen.
Şatlygymyñ çäkli ômrûn,
Sanamaÿyn elim bilen.

Ÿône áhli kynçylygy,
Ÿeñip bolÿar sabyr bilen.
Gussa batyp, gôr kán gezek,
Gôreśdim bu ômûr bilen.

Bagt maña şol gôreśler,
Ertä barÿan ynam bilen.
Şeÿle uly bagta ÿetdim,
Eziz Watan seniñ bilen.

▶ Habar tut.

Meñ ÿalñyz dûnÿämden habat tut käte,
Gyzyklan. Sorap dur, ahwalym neneñ.
Bilÿärmiñ kanagat tapyp baramok,
Salamly hat baryn ÿollanyñ bilen.

Maña ôzûñ, ôzûñ elin salam aÿt,
Gysganma. (Wah mende náme gòwûn bar)
,,Habar tutyp dur-la hälimi-śindi"
Illeñ ÿanynda
diÿip, bar-a meniñ käte ôwunmám.

Gomparmalarymy puç etme, senem,
Utanaryn-a ÿalançylygym çyksa.
Mahal-mahal sesiñ eşdesi gelip,
Nádeÿin ÿûregim ÿerinden bôkse?!

Meñ ÿalñyz dûnÿämden habar tut käte,
Gyzyklan. Sorap dur, ahwalym neneñ!
Ÿogsam ÿene saña gaharym gelip,
Ôñkûlem ÿaly
Tersleşibermäÿin ykbalym bilen.

▶ Otyryn.

Içgysgynç bir meñzeş gûnler,
Tanyś hem nátanyś ÿûzler.
Men ÿene nátjegim bilmân,
Otyryn.

Aÿak sesler tanyş sesler,
Tutypdyr añymda mesgen.
Wah işlemem kän-le etsem,
Otyryn.

Wagtlaÿyn bu gûlkilerem,
Ÿetik derdi her kimiñem.
Artdyryp şol belkilerem,
Otyryn.

Çasly çykÿar aÿdym sesi,
Çyrpynÿar kôñûl hôwesi,
,,Dymmak-diÿip-iñ gowusy"
Otyryn.

Kûmûś gije, aÿly agşam,
Kôp munda ÿamanam, ÿagşam.
Ÿyldyzlañ ÿañagyn ogşap,
Otyryn.

Pyşyrdysy söwütleriñ,
Hiñlenmesin goÿupdyram.
Sessizligi söÿüp ÿene,
Otyryn.

Gûn çykdy ÿaşmagyn syryp,
Äkitdi düýşlerim, düýrip.
Içgysgynç gûnlerden irip,
Otyryn.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 349 | Добавил: НаS | Теги: Aýşat Hojamuhammedowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Ženskiý poeziýany gowy görýän. Onda erkekleriňkiden tapawutlylykda mähir, söýgi, hyjuw... kän agdyklyk edýär

1
2 Garayolly   [Mowzuga geç]
Zenan zenanlyk buysanjyny,mertebesini bilmeli.

1
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ähli setirde zenan dünýäsiniñ näzikligini görmek bolýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: