18:27
Ýeňles aýdymlar
ÝEÑLES AÝDYMLAR

Bu ýeňles aýdymlar kalby suwarmaz,
Ornaşardan has edepli jahanda.
Olar daýhan bilen ak bugdaý ormaz,
Köşeşdirmez şowsuzlyklar ýakanda.

Sörtük deý ýakymsyz hem göwnüýarym
Aýdymdan guş sesi ýakyndyr köňle.
Aýdymçy, men saňa ynanmaýaryn,
Goý, sen zarynlaber, söýýän diý, iňle.

Seleňligi, rahatlygy söýüne,
Togap edip tolkunşyny maýsanyň,
Agşam dolanamda toý dek öýüme
Ýeňles aýdym däldir meniň küýsänim.

Ýa-da durmuşyňa guwanyp, ine,
Otyrkaň köňlüň çag, ýüregiň gorly,
Goşulyşyp akar suwuň sesine,
Diliňe gelmese, aýdym bolarmy?!

Öz ýakyn zadyndan göwünler ürkmez,
Bir günä bolandyr gatasa ýeňse.
Heý, çydap bilermi aýdymhon türkmen
Aýdym adamlaryň göwnüne degse.

Mydam gezjek bolup aýdym sanynda
Gülse, çygylsa-da ýalaňaç heňler,
Bu çynlakaý adamlaryň ýanynda
Güýmenje barynyň hallary teňdir.

Mammetnazar BABANAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 466 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Birhili häzirki döwürdäki ýeñles aýdymlar göz öñünde tutulyp ýazylan ýaly:
"Göwnüm gitdi saña göwnüñ beräý maña"
"Ýok diýme bolýa diý maña"
"Aýjereni göwnüm halady,yşgyñ ody ýüregimi daglady"
"Senem meni halaýañ ýa bolmasa göwnüme"
"Bu da geçer janym bu da geçer"
"Ýaz agşamlar ýatla meni gyşda ýatla tomusda ýatla"
"Rugsat ber söýmäne sańa söýýän diýmäne"
Dowam etseñ edip oturmaly.Köne aýdymlary küýseýäñ.Bular häzirki geldigeçer aýdymlar.ýene üç dört ýyldan ýatdan çykyp gitjek.Näme üçin aýdymçylar bakylyk barada oýlanmaýarkalar?

1
1 Garayolly   [Mowzuga geç]
Aydym ynsanyñ gownuni gotermek ucin doredilyar. Alayyp aydymlar yurek joshguny. Aydym erbet bolsa... ( goshgyny okañ,dushunersiñiz).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: