07:07
Ogulnur Ataýewa we goşgulary
Ogulnur ATAÝEWA / GOŞGULAR

• Ogulnur Ataýewa barada

Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyñ 5-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyñ üçünjisi bolup dünýä indi.
2003-nji ýylda ýaşaýan etrabynyñ 1-nji orta mekdebine okuwa baran Ogulnur şol mekdebi 2013-nji ýylda tamamlaýar.
Ogulnuryñ goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda "Garagum" žurnalynyñ 10-njy sanynda çykdy. Göräýmäge ýönekeýje ýaly bolup görünýän her goşgusynda üýtgeşik bir setirine we özboluşlyja pikirine duş gelmek bolýan Ogulnur Ataýewanyñ döredijiligi onuñ gelejegine bil baglap boljak zehindigine güwä geçýär.
Ogulnur Ataýewa häzirki wagtda Aşgabat şäherinde ýerleşen Türkmenistanyñ Telewideniýe we radiogepleşikler birleşmesiniñ kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniñ "Mawy yşyk" ýörite hünär okuw mekdebiniñ 2-nji kurs talybydyr. Ogulnur edebi-çeper telegepleşiklere işjeñ gatnaşýar. Ol "Ylhamly ýaşlar" atly edebi-çeper telebäsleşiginiñ bassyr bäş gezek ýeñijisidir.

◆ ◆ ◆

O.Ataýewanyñ goşgularyndan

• Gitme menden...

Umyt edip ertirlere,
Arzuw basdyrsañ ýeläni.
Barybir damagyñ dolýa,
Tala dañanda tamany.

Derdim juda çökder gelýä,
Gizlämok gelýän gönimden.
Özim ýallar gör, ot açýa,
Ýaşaýyş bomy munymdan.

Düşnüksiz bir oýa düşdüm
Düşünmez hatda enem-de.
Goý bagtsyzlar baýram etsin,
Saña sataşan senämde.

Öñem torç bolan ýüregmi,
Bolly et, täzden elleme.
Garaş bar zada ykbaldan,
Garaşma menin gelerme.

Eger seni ýitiräýsem,
Ýa-da alsalar elimden,
Dünýeden üzñe ýaşaryn,
Ruhum göçen deý tenimden.

Men sensiz galaýsam eger,
Işim bolmaz dünýe bilen.
Bagtlylary ýigrenerin,
Ýaşaryn geñ hemle bilen.

Ýa seni ýazmasa ykbal,
Ýeñer meni geñ bir ahwal.
Göz dil, doga ilçilik-dä.
Bolup biler, o-da ahmal.

Her niçigem bolsa düşün
Kyn düşer aýrylmak senden
Bagtly bolmagmy isleseñ
Gitme menden, gitme menden.

◆ ◆ ◆

• Şol kimkän?!

Pikir edýän durmuş hakda,
Ejizlänmem duýamok kä.
Öñde-soñda şu mañlaýa,
Täleýi ýazylan kimkä?

Kimkä meñ ömirlik höwrim?!
Durmuş yoly öwrüm-öwrüm.
Söýüp söýüläýjek döwrüm,
Söýgim bolup geljek kimkän?!

Görksiz kalby syrçalajak,
Ýalnyzlygy parçalajak,
Çöl dünýämde gunçalajak,
Gül açjak bagbanym kimkän?

Duýgyñ dine ot däldigni,
Ýa bir satlyk zat däldigini,
Dünýäñ ajy öt däldigini,
Subut edip söýjek kimkän?!

Gysganman meniñ ýazanmy?!
(Ýazsañ ýeñleýäñ ýalanmy?!)
Wah, meñ söýgüden ýananmy,
Kemlik bilmän söýjek kimkän?!

◆ ◆ ◆

• Senden welin...

Söýşüñ ýaly söýen bolmaz,
Bir hoş söze uçjak borsuñ.
Sähel zada öýkelärler,
Sen bolsa ýaraşjak borsuñ.

Göwnüñ biter hoş sözüne,
Dünýäñ nurdan dolýan ýaly.
Soñ hoş sözün gysganarlar,
Göýä satyn alýan ýaly.

"Gel!" sözüne garaşarsyñ,
Soñsuz baýlyk, gymmatyñdyr.
Özüñ aglap köşeşersiñ,
Gözýaşlaryñ minnetiñdir.

Zagpyran deý saralarsyñ,
Seriñ bolmaz tagam bilen.
Yşkyñ ezýet-hunabasyn,
Söýmedigi söýen biler.

Undulanyñ bilip soñra,
Ylalaşyp bilmersiñ hiç.
Ýalandan ýylgyran borsuñ,
Diş görkezip gülmersiñ hiç.

Geler öýdüp umyt bilen,
Günde gararsyñ ýoluna.
Ol bolsa bir namart bilen
Gidendir şeýtan alyna.

Şeýdip ýiter gider senden,
Saralyp-solup galarsyñ.
Ölümden-de etmän heder,
Müñ gez ölüp-direlersiñ.

Undulmasañam unutmarsyñ,
Durmuş muña kaýyl eder.
Il-gün oña "Erkek" diýer
Senden welin,
Aýyp eder...

◆ ◆ ◆

• Şänik

Ynanasym gelmän şowsuz täleýme,
Çalajan umydym göterip barýan.
Seretsem köñlümde umytly täk jan.
Teýi ahyrlapdyr gutaryp barýar.

Ah, bikarar ejem syzdyñmy ýene,
Iññildisi eşdildimi kalbymyñ.
Men çynlakaý bagta sataşdym diýip,
Kowaladym ak günleriñ salgymyñ.

Gitjek diýen günüm saklamadyñ sen,
Ak patany berip atardyñ ýola.
Şol gün öñem müñ sargalan sargydyñ,
Nämüçindir gaýtaladyñ bir ýola.

Ýan torbama bir gysymjyk şänigi,
Güýmenersiñ diýip salypsyñ, eje.
Torbama tötänden gözüm düşende,
Señ eden isiñe gülüpdim, eje.

Düşünsem şol günki şänikler bilen,
Ýañzydypsyñ kynçylygyñ köpdügni.
Şänik deý näbelli syrly ertirmiñ,
Bilemok men doludygny,
Pakdygny.

Jañ edip ýenede soraýań halym,
Diýip bilemok men diyjeklerimi.
Halym ýaman diýsem bilýädim eje,
Şol sözüñ kalbyñy gyýjakdygyny.

Sen bary bir ony duýupdyñ, eje,
Men şu gun çyndanam agladym, eje.

◆ ◆ ◆

• Kaka

Ýyl aýlanýar, edýär göçüm,
Bilden geçdi şamar saçym.
Diýip ýene guzujgym,
Bagryña bassana, kaka!

5-ligim sanap hepdede,
Gatnasam ýene mekdebe.
Men bolup surat depdere
Kepderi çeksene, kaka!

"Aýaga çolaşyplar geçen"
Gargynjyrap öýüñ için,
Gözlap başlanynda ejem,
Arkañda buksana, kaka!

Ýykyldym, turdum birsellem,
El uzadan ýene sendiñ.
Gulagma guý, öñki pendiñ,
Gözlerim açsana, kaka!

Basjak ýolum saldarlardyñ
Durşym dertdi, hyllaladym.
Meni bogjak betsyratyñ,
Köküni çapsana, kaka!

Aklym yetdi aga-gara,
Bir şazada saldy gola.
Kejebäm düşmänkä ýola
Alnymdan öpsene, kaka!

Myhman sana gyzlañ bary,
Gutlap toýum iller yaly.
Ömür boýy güler ýaly,
Ak pata bersene, kaka!

◆ ◆ ◆

Uzaklara dikip gamgyn nazarym,
Hasaplaýan gussalarmyñ çakyny.
Men hazir şeyle bir göresim gelýä,
Eli pilli ýer agdarýan kakamy.

Çagakam hemmeler sorardy menden,
Sen ejeñ gyzymy ýa kakañ gyzy.
Şol soragy häzir maña berseler,
Pikirlenmän diýjek: "Kakamyñ gyzy!"

Mahal-mahal gazma dutar heñ eder,
Gezekleşip dişlärdik oñ sapyndan.
Sen saz çalyp ýeñledipsiñ ýüregñi
Oýlanmadyk sen ýüregiñ hakynda.

Maý tapaýsañ çalyp altyn birini
Ezizow deý tarypladyñ gyzlarñy.
Her niçigem bolsa bagyşla, kaka,
Dogulamda men gyz bolup doglanmy.

Geçen sapar öýe baryp gaýdamda,
Bileje çaý içdik argyndy ýüzüñ.
Sen hernäçe syr bildirmän dymsañam,
Saña kyn düşýänni duýupdy gyzyñ.

Wah, gartaşan göwräñ mätäç goldawa,
Aýtmasañam okap bolýa gözüñden.
Gynanyan hiç hili peýda ýetenok,
Şahyr gyzyñ yazan goşgularyndan.

Käte çagalygmy aýlap serimde,
Uludan dem alyp gamgyn dymýaryn.
Kaka saña goldaw beresim gelýä,
Ýöne diñe goşgy boldy ýazýanym.
Категория: Goşgular | Просмотров: 524 | Добавил: НаS | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Her goşguda gyz maşgalanyň näzik ýüreginiň tirpildisi bar. Biraz janyksa, öz ýoluny tapar bu gyz biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: