02:27
Ene dilim
ENE DILIM

Hallaryň neneňsi,
Taplaryň niçik
Eziz ene dilim, mähriban dilim?
Gel söhbet edeli açykdan açyk
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Ýüz müň öwüşginden örülen desse,
Şahyra şygyr sen, gürrüňçä kyssa.
Ak säheriň nury ýaly arassa
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
Ýüregimden gaýnap çykýan owazym.
Babalardan miras galan ýalňyzym
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Halaldan halal süýt emeniň dili,
Eý ynsabyň dili, ynamyň dili.
Uzalmasyn saňa ýamanyň dili
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Daňyň çygy, säherleriň süýdi sen,
Sallançakda meýmireden hüwdi sen.
Doň kalby eredip bilýän jady sen
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Iň agyr günlerde batamda oýa
Öz dilimde nalyş etdim Hudaýa.
Seni zaýalasak - özümiz zaýa
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

"Söýýän", "söýýän" diýip dilime alman,
Harlansaň aglaýan, gülleseň gülýän.
Ýaşaweri hernä saralman, solman
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

▶ BIZIŇKILER

Göwni galkyp, ata çykar,
Gamçy bardyr guşagynda.
Bedew münüp bilmeýäni
Ýokdur oglan-uşagynda.

Dost bolsun-u ýa-da duşman,
Söwüşlener öýde düşlän.
Baggoýuny bäşlän-üçlän
Bardyr mydam işiginde.

Bolmasa-da beýle gedem,
Gyzyberer birden-birden.
Toý-meýlisde geçer serden
Dutar-gyjak goşulanda.

Gazma dutar dillenibir,
Aýdym batly ýaňlanybir,
Lallary-da hiňlenibir,
Kalby dyňzap joşanynda.

Dogan-garyndaşdyr bary –
Obalaryň gylla ýary.
Ýat ederler Biribary
Başa bir iş düşeninde.

Erkek bolsa – handyr
hemmä,
Nahar äber, çaýyň demle.
Aýalyna urup hemle,
Ardynjyrar düşeginde.

Hem tekepbir hem-de sada,
Wagt hasaplap düşmez oda,
Menzil söker paý-pyýada
Giň sähranyň gujagynda.

Sowat bolsa bolsun çäkli,
Diplomy bar akly-gökli,
Boýny mydam galstukly,
Sagady bar goşarynda.

Gödegräkdir, ýöne göni,
Oýnamakçy bolar seni.
Toba geler ömrüň güni
Ynha ýaşar-ýaşarynda.

Günä diýip gorkmaz
hakdan,
Habarlydyr ak arakdan.
Münürgemez töwerekden,
Hezil edip gaşananda.

Tekjelerde zerli kitap,
Bary garrar bagry tütäp.
Göwnün däl-de, garnyn otap,
Gägirer el ýuwşanynda.

Bir başyna müň zat
derkar,
Hysyrdanar, ýatmaz bikär.
Hyrçyn dişläp, başyn
ýaýkar,
Kek-kem dünýä düşünende.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 398 | Добавил: Нawеran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]