16:57
Teke han kim bolupdyr?
TEKE HAN KIM BOLUPDYR?

"Sarahsa baş bolup tutdy Teke han,
Salyr Gazan bize ýardyr ýaranlar..."

Mollamurt.

Teke han – Sarahsda oturýan salyr türkmenlerini iň soňky gezek Sarahsa ýygnan hasap edilýän taryhy şähsyýetdir. Ol salyrlaryň “garaman” tiresiniň “begbölük” urugynyň “sapalak” şahasyndan bolup, hak ady Ýazmuhammet, kakasynyň ady Nazarmuhammet han. Ýatan ýeri – Sarahs şäherçesiniň gündogar tarapynda ýerleşýän Sarahs baba gonamçylygy.
Mütdet babatyndan alanyňda aradan çykanyna onçakly köp wagt geçmedigem bolsa, Teke han barada maglumat juda az. Agyzdan-agza geçip gelen gürrüňleriň bolsa köpüsi howaýy. Olar güýçli derňewleriň şatysyna döz gelip bilmeýärler. Arhiw dokumentleri hem Teke han barada suwytly zat aýtmaýar. Olarda diňe ak patyşanyň şol döwre degişli döwlet administratiw-kanselýariýa işlerine degişli dokumentler saklanypdyr.
Türkmen hanlarynyň özleri bolsa asylam diwan döretmändirler. Dokument ýöretmändirler. Öz taryhy hereketlerini, terjimehalaryny hat üsti bilen berkitmändirler. Taryhymyzy köplenç goňşy halklaryň taryhy, daşary ýurtly ötermen taryhçylaryň, syýahatçylaryň ýol ýazgylary ýa-da howaýy gürrüňleri arkaly öwrenjek bolup azara galyp ýörendigimizem hut şonuň üçin.
Bize iň bolmanda Ýazmuhammet hana Teke han adynyň nämeden galandygyny doly anyklamagam başartmady. Bu soraga onuň Muhammet atly oglundan bolan iň körpe agtygy, 1927-nji ýylda Sarahsda doglan, biziň maglumat ýygnap ýören döwrümiem şol ýerde ýaşap ýören Nobat aga-da, Şajyk atly oglundan bolan, Tejen etrabynyň “Tejen” sowhozynda ýaşaýan uly agtygy Şamman aga-da belli jogap berip bilmedi.
Sarahsly ýaşulylar bolsa bu barada dürli pikirleri orta atdylar. Geliň, gowusy bizem şol pikirlere ýeke-ýeke garap göreliň.
Aýdyşlaryna görä, Maryda oturan döwürleri Ýazmumammet han, Gowşut han bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Olar birek-biregi hormatlapdyrlar, sylapdyrlar.Ýazmuhammet han her gezek gezmäge gelende Gowşut han ör turup görüşýän ekeni. Hatda öňünden çykyp atynam tutaýýan ekeni. Muny Gowşut hanyň aýaly ýokuş görýän ekeni-de, ahyry bir gün çydap bilmän ärine: “Sen näme şol gara çäkmen salyr geldigi örboýuňa galyberýäň-le” diýip iňirdäpdir. Gowşut han: “Şo hereketleri menem öz erkime edemok, gözüne gözüm düşenden zöwelenimi duýman galýan” diýipdir. Onda aýaly: “Baý-ba-a, sen-ä ony arsyz bir zat etdiň goýaýdyň, ine ýene bir gelsin bakaly, men-ä şoňa salançagymam üwrederin” diýip, tosaň-tosaň edipdir. Bir günem Ýazmuhammet han gezmäge gelipdir welin, Gowşut hanyň aýaly: “Çaý oturdyp gelinçäm şuny üwreseňizläň” diýipdir-de, sallançagyň bagyny Ýazmuhammet hana tarap oklap goýberipdir. Ýazmuhammet hanam: “Hä-ä men seň sallançagyňy üwremäge gelendirin şu ýere!..” diýäge-de gylyjyny gynyndan sogrup sallançagyň bagyndan salypdyr. Özüne-de topulypdyr welin, aýal gapydan zymdyrylyp çykypdyr, Teke hanyň gylyjy baryp bosaga sanjylypdyr. Gowşut han şonda aýalyna: “Ine, gördüňmi, salyryň hany şü, emma erte tekä-de han bolar, bi”, diýipdir. Teke han ady oňa ana, şondan galypdyr.
Bu wersiýany derňemek üçin Teke hanyň Gowşut han bilen deň;i-derjeli han hökmünde haçan we nirede gatnaşyp biljekdigini takyklamaly. Onuň üçinem öňi bilen onuň ýaşyny kesgitlemeli.
Ýöne, iň kyn ýeri Teke hanyň ýaşy barada hem iki hili çaklama bar. Gürrüňçileriň bir bölegi ony garraman ölen hasap etse, başga bir bölegi garrap ölen hasap edýär.
Garrap ölendir diýen çaklamadan çen tutsaň, onuň hanlyk eden döwri hakykatdanam Gowşut hanyň hanlyk süren döwrüne gabat gelýär we onuň bilen deňli-derejeli han hökmünde gatbaşybam, dostlaşybam bilýär.
Garraman ölendir diýen düşünjä eýersek weli, ol Gowşut han dünýeden öten döwrem entek gögele oglan bolýar. Teke hanyň ýaşy barada biz yzda ýörite durup geçeris, ýöne, ol garrap ölende-de, garraman ölende-de, oňa ýöňkelýän hereketler juda ýöntem.
Içinde çaga ýatan sallançagyň bagyna gylyç salmagy, öz dostunyň öýünde, myhmançylykda otyrka, gaýa-gopuz ýok ýerden onuň aýalyna eli ýalaňaç gylyçly topulmagy, akylly-başly adamyň etjek işi däl. Edermenligem däl. Türkmen çagany, sallançagy öwülýä ýaly mukaddes saýýar. Baran ýeriniň maşgalasyna sarpa goýýar, oňa hatda dikanlabam garamaýar. Oturylan jaýa giräýse dagy gyşaryp ýatanam bolsa ýerinden galýar, tä ol çykyp gidýänçä dik oturýar. Zenan maşgalanyň özem äriniň ýanyna geleniň, gideniň gepine, gürrüňine goşulyp oturmaýar. Galyberse-de, hut şular ýaly gürrüň öz hanlary Sary han bilen Güljemal hanyň arasynda bolan waka hökmünde saryklaryň arasynda hem aýdylýar.
Mahlasy, bu ýerde hanlaryň ikisiniňem mertebesi beýgelenokda peselýär.
Wersiýalaryň ikinjisi ak patyşa bilen baglanyşykly.
Ýagny, Birinji jahan urşy döwründe, uruşa näme kömek edip biljekdiklerini soramak üçin ak patyşa türkmen taýpalarynyň hanlaryny öz ýanyna çagyranmyşyn. Şonda olar kabulhananyň agzynda durup, ak patyşanyň huzyryna kimiň girmelidigi barada maslahat edipdirler we ahyrsoňunda hem- ä göze gelüwli, hem batyr, geliň şuny salalyň, diýip, Ýazmuhammet hany salypdyrlar. Ýazmuhammet hanam giripdir-de: “Biziň halkymyz tertip-düzgün görmedik çarwa halkdyr, siziň söweş tälimleriňizi bilýän däldir, urşa salsaňyz aýak bagy borlar, gowusy biz size azyk, pul we beýleki maddy kömekleri bereli” diýipdir.
Ak patyşa onuň aýdanlary bilen razylaşypdyr we türkmen halkyny päleden boşadypdyr. Ýöne, ol öz ýanyna ähli türkmenleriň adyndan girensoň ony tekeleriň hanydyr öýdüpdir we oňa “Teke han” diýipdir .
Bu wersiýany emer-damar yzarlamak üçin ullakan zähmet gerek däl. Hatda birinji wersiýadaky ýaly Teke hanyň ýaşyny kesgitlemegem hökman däl. Çünki Teke hanyň ölen ýyly belli, 1913-nji ýyl. Birinji jahan urşy bolsa, 1914-nji ýylda başlandy.
Dünýeden ötenine bir ýyl dolansoň turan uruş barada gepleşik geçirmek üçin Teke han Peterburga gidip bilermi? Onda-da segsenden geçip işden-güýçden galan adam. Bardy-geldi gidäýende-de ak patyşanyň kabinetine kimi saljakdyklarany türkmen deputatsiýasynyň gelip-gelip edil daş işikde durup çözmekleri, öz ýanyna kimiň girip çykandygyny ak patyşanyň bilmezligi bolup biljek zatmy? Galyberse-de ol wagt tutuş Türkmenistany türkmen hanlary däl-de, ors hökümetiniň öz adamlary dolandyryp oturdylar.
Teke han bolsa baryp-ha 1898-nji ýylda öz hanlygyny Meňli hana tabşyrypdy.
Ak patyşa üç ýüz ýyl şalyk süren dinastiýanyň wekili. Dünýäniň iň uly döwletleri bilen asyrlarboýy diplomatik gatnaşyklary saklap gelen tertip-düzgünli döwletiň baştutany. Öz ýanyna girjek adamyň kimdigini ol geljek adam entek öýünden çykmanka bilýär.
Üçünji bir gürrüňe görä, Ýazmuhammet hana Teke han adyny salyrlar Eýranyň Zurabat  diýen ýerine ikinji gezek göçüp baran wagtlary Maşat hany Alymerdan han dakypdyr. Sebäbi, göçüp baranlarynda salyrar biz teke diýip, Alymerdan hany aldapmyşlar.
Bu gürrüňiň ynandyryylygy öňkülerçe-de ýok. Dogry, uly hanlar öz raýatlaryndaky halklara, taýpalara han belläpdirler. Mysal üçin 1870-nji ýyllarda ýomutlaryň atabaý we japarbaý taýpalary pars serhedine golaý ýerde, Eýran hökümedine wassal ýagdaýda göçüp-gonup ýören halatlary olaryň ikisiniňem hany Eýran häkimleri tarapyndan bellenipdir. Salyrlaram şol wagt Eýranyň Horasan dikmelerine garaşly bolup otyrdylar. Eger-de şol wagt şol ýerde han saýlanşyk bolaýan ýagdaýynda hem ol işiň olardan bidin edilmejekdigi çyn. Ýöne, giden bir halk serhetden geçip ýurduna gelerde, Alymerdan han olaryň haýsy taýpadandygyny bilmezmi? Aslynda Sarahsda oturtmazlyk üçin olary şol ýere göçürip eltenem Eýran hökümediniň özi. Üstesine salyrlar ol ýerde öňem 12 ýyl oturyp giden. Galybersede Eýran ýaly goňşy döwletiň hanlary türkmen taýpalaryny egin-eşikleri, aýdym-sazy, käbir däp-dessurlary boýunça-da arkaýyn tanap bilerler.
Sarahs şäherçesinde ýaşaýan ýaşuly mugallym Berdi Töre, Muhy bagşydan eşiden gürrüňlerine esaslanyp, dördünji bir pikiri orta atdy.
Ýagny, Salyr hany Nazarmuhammet han takmynan 1875-nji ýylda, Maryda oturylýan wagty, hanlygy öz ogly Ýazmuhammet hana berjek bolanda salyrlar göwnemändirler. Şonda Gowşut han orta düşüpdir we ýörite gelip Ýazmuhammedi han saýlap gidipdir.
Salyrlar şonda: “Muny biz saýlamadyk, tssekäň hany saýlady, bu teke hany, tekä han bi” diýipdirler. Hamala Teke han ady oňa şondan soň galypmyşyn.
Şol diýilýän döwürde salyr türkmenleriniň Gowşut hana elgarama bolup, mejbury ýagdaýda Maryda oturandyklary çyn. Han saýlanjak wagty salyrlaryň agyzlarynyň alarmagam, ýurt eýesi hökmünde Gowşut hanyň ara goşulmagam bolup biläýjek zat. Özem bu Teke han garrap ölendir diýlen pikiriň dogry bolup çykandaky ýagdaýyna gabat gelýär.
Nazarmuhammet hanyň Pendi, Mary sebitlerinde oturylýan döwri ýogalandygyny, Teke hanyňam şol ýerde han saýlanandygyny Gullaş aga hem tassyklad. Ýöne Şamman aga babam Zirewede ýogalan bolmaly diýýär.
Teke hanyň ady bilen baglanyşykly, hakykata has golaý bäşinji wersiýany orta atýanlaram bar. Şu wersiýa görä, Ýazmuhammediň Teke ady Tekemuhammet görnüşinde dogabitdi dakylan ikinji at bolmaly.
Ýöne  nämüçin ikinji?
Muny iň bärkisi şol adyň dakylandygy baradaky dürli wersiýalaryň il içine has köp ýaýrandygy bilenem düşündirse bolar.
Şamman aga Nazarmuhammet hanyň Haknazar, Ärsary atly ogullarynyň hem bolandygyny tassyklaýar. Bu bolsa Nazarmuhammet handa hormat üçin öz çagalaryna türkmen taýpalarynyň atlaryny dakmak endiginiň bolandygyny subut edýär we ýokarky pikire arka durýar. Ýagny, başda Tekemuhammet adynyň dakylan bolmagy mümkin.
Görşümiz ýaly, Ýazmuhammet hanyň Teke han ady bilen baglanyşykly gürrüňleriň hersi bir dürli. Hemmesem biri-birine çapraz gelýär.
Elbetde, her halkyň, her taýpanyň, her bir maşgalanyň öňi bilen öz içinden çykan şahsyýetlere guwanasynyň gelýändigi, olary her hili ýollar bilen beýgeldesiniň, mahabatlandyrasynyň gelýändigi düşnüklidir.
Munyň şeýledigini wersiýalaryň tas, ählisinde diýen ýaly Ýazmuhammet hana Teke han adynyň dakylmagynyň – Gowşut han, ak patyşa, Alymerdan han ýaly uly, taryhy şahsyýetleriň üstüne ýüklenýändgi bilenem, rowaýatlaşyp giden şol gürrüňleriň çygrynyň Sarahs topragynda ýaşaýan salyr türkmenleriniň öz aralaryndan daşaryk çykmaýandygy bilenem düşündirse bolar.
Bu ýerde halk özüniň eý görýän gahrymany onuň özüne görä has meşhur şahsyýetlere golaýlaşdyrasy, ony uly-uly taryhy wakalara dahylly edip görkezesi gelýär.
Her-hal biz onuň Teke han ýagny, Tekemuhammet adynyň hakykatdanam dogabitdi adydygyna ynanýarys. Bir adyň yzyna Muhammet sözüni goşmak bolsa, umumanam Teke hanyň Şejeresine mahsus bolupdyr. Ýagny, kakasynyň ady Nazarmuhammet. Öz ady – Ýazmuhammet. Ogullarynyňam briniň ady – Muhammet /Mämmet/ Teke hanyň atasy Gutly hanyň, babasy Berdi hanyňam atlarynyň Gutlymuhammet, Berdimuhammet görnüşinde bolandygyny aýdýarlar.
Ýöne, nämüçin onuň bir adyna Ýazmuhammet goýdularka? Bu onuň ýaz aýy doglandygynyň alamaty bolmagy mümkin. Ýöne, salyrlarda öwliýä “nyýaz” aýdylyp alynýan çaganyň adynyň öňüne “nyýaz” däl-de, “ýaz” goşulmasyny goşmak edähedi hem bar. Teke hanyňam öwlýä “nyýaz” aýdylyp alnan çaga bolmagy mümkin. Çünki, Şamman aganyň aýtmagna görä ol Nazar hanyň çagalarynyň iň ulusy bolmaly. Ýöne, barybir ol şejerede ýeke görünýär. Çünki has ir ýogalan bolsa gerek, Ärsary barada Şamman aga hiç zat aýtmady. Haknazaryň ykbaly bilen bolsa, makalamyzyň dowamynda tanşyp bilersiňiz.

***
Indi Teke hanyň ýaşy baradaky jedelli gürrüňlere garap geçeliň.
Başda belläp geçişimiz ýaly, gürrüňçileriň käbiri Teke hany 45-50- ýaşatsa käbiri 80-90 ýaşadýar.
Sarahs şäherçesinde ýaşaýan Aman Annagurt, kakasy Juma Annagurduň gürrüňlereine salgylanyp, Teke han salyrlary Sarahsa getirende 18 ýaşly oglan ekeni diýdi.
Sarahsa soňky gezek gelnişik 1884-nji ýylda boldy. 1884-den 18-i aýyrsak, Teke han 1866-njy ýylda doglan bolýar we bu sene salyrlaryň birinji gezek Zurabatda oturan döwürlerine gabat gelýär. Şeýle hem ol 1913-nji ýylda 49 ýaşynda ýogalan adam bolýar. Bu – Teke han garraman ölen bolmaly diýýän adamlaryň çaklamasyna laýyk gelýär. Şeýle hem 1878-nji ýylda Gowşut han ýogalanda Teke han 14 ýaşly ýaş oglan bolýar we onuň bilen hiç bir babatda gatnaşybam, dostlaşybam bilmeýär.
Teke hanyň garraman ölendigini, Ýagmyr Ýazberdi ogly hem tassyklady. Ol: “Teke han uzyn boýly, guşaklygyna ýetip duran uzyn gara sakgally, gara çäkmenli görmegeý adamdy. Biz çagalar bolup onuň daşyndan aýlana-aýlana serederdik, baka-baka doýabilmezdik”, diýdi. Ol 1913-nji ýylyň 13-nji marty diýip, Teke hanyň ýogalan senesinem aýtdy.
Şol etrabyň A. Tekäýew adyndaky kolhozynda ýaşaýan, 86 ýaşly Babyr bagşym bize 1992-nji ýyly 23-nji marty güni beren maglumatynda Teke han garrap ölen bolmaly däl diýdi.
Etrabyň Oraz Salyr adyndaky kolhozynda ýaşaýan, 47 ýaşly Akynýaz Muhammetguly ogly hem Teke hany gözi bilen gören, 1964-nji ýylda 66 ýaşynyň içinde aradan çykan kakasy Muhammetguly Ödejan oglunyň beren gürrüňlerine salgylanyp ýokarky pikiri dogry hasaplady.
Ýöne, informatorlaryň arasynda Teke han garrap ölen bolmaly diýen pikire gol ýapýanlaram az däl. Olaryň iň ähtibarlysy Teke hanyň Şajyk oglundan bolan agtygy Şamman aga. Ol atam garrap ýogaldy, kiçijikkäm üstüne münüp oýnaýanymy belýän, ak sakgally adamdy, özem 1913-nji ýylda däl-de, 1912-nji ýylda ýogaldy. Gyr atyny tabyda tirkäp Sarahs baba alyp gidenlerinem bilýän, diýdi.
Biziň Teke hana iň golaý adamyň aýdan sözlerine pitiwa etmezlige hakymyz ýok. Ýöne, Şamman aga öz ýaşyny ýalňyşýarmyka diýýäris. Çünki, ol doglan ýylyny 1897-nji ýyl diýip görkezýär. Eger şeýle bolsa ol atasy ölende 15-16 ýaşlaryndaky ýigdekçe bolmaly. Şeýlelikde, onuň ýadyna atasynyň üstüne münüp-düşüp oýnaýany ýa ony jaýlamaga alyp barýanlary däl-de, başgada kän zatlar ähli jikme-jikileri bilen düşmeli. Üstesine-de biziň bilen gürleşen wagty ol 94 ýaşymda bolmaly, emma aýdanda 84 ýaşymda diýdis.
Megerem, Şamman aga 1907-nji ýylda doglan bolsa gerek.
Teke hanyň garrap ölendigini ony gözi bilen gören adam Ýagmyr molla Durdyhajy ogly hem tassyklady. Ol bir toýda kakasynyň göreşe çykyp garşydaşyny ýykandygyny, Teke hanyňam oňa mawut çäkmen berendigini aýtdy. Ak sakgally, uzyn boýly, görmegeý, at münse aýagy ýere ýetip duran adam ekeni, diýdi.
Şu çaklamalaryň haýsy birine gol ýapjagymyzy bilmän janserek bolup ýörkäk, otuzynjy ýyllarda, Sarahs raýonynyň Kiçiaga obasynda ýaşan Myrat Berdiýewden hem-de Täjik Nurgeldiýewden ýazylyp alnan iňňän bir möhüm dokumendiň üstünden bardyk. Şol dokumentde: “...1898–1899-njy ýyllarda Teke han Sarahsda oturan salyr tireleriniň ýaşulylaryny ýygnap maslahat geçirdi, şol maslahatda ol özüniň garrap tapdan düşendigini, mundan bu ýana taýpa hanlyk edip bilmejekdigini aýtdy we öz ýerine han saýlamaklaryny halkdan haýyş etdi” diýlip aýdylýar.
Biziň üçin şu dokumendiň ähmiýeti iňňän uly we Teke han garrap ölen bolsa gerek diýen pikire uýmaga doly esas berýär.
“...Muhy aga pahyram: Teke han garrap öldi, 90 dagy ýaşady diýerdi” diýip mugallym, baýry žurnalist Berdi Töre hem ýokarky pikire arka durdy.
Teke hanyň öz hanlygyny ölmezinden kän öň, meýletin tabşyrandygyny, tabşyrjak bolanda Sarahs babanyň ýanyndaky aýlawda at çapdyryp uly sadaka berendigini, soňundanam halka ýüzlenip: “Adamlar, indi menden hanlyk tamasyny etmäň”, diýendigini tassyklaýan adamlara biz maglumat ýygnap ýören döwürlerimizde başga-da köp gabat geldik.
Şu makalanyň birinji wariantynyň  çap bolanyna bir ýyl gowrak wagt geçenden soň, Sarahs etrapynyň Muhy Amanow adyndaky obasynda ýaşaýan Goşabaý Ilamanyň öýünde myhman bolanymyzda şol öýe golaýda Eýranyň Törbetjan diýen ýerinden Meňli hanyň agtygy Seýit aganyň gelip gidendigini, gürrüňçilik wagty: “Atam 1919-njy ýylda, 65-70 ýaşlarynda ýogalan bolmaly, özem Teke handan 20 ýaş kiçi bolmaly” diýendigini eşitdik. Şonuň üçinem, öňki makalamyza goşmaça hökmünde şu aşakdaky barlaglary girizdik. Ýagny, şol gürrüňçiligiň esasynda Teke hanyň ýaşyny kesgitlemek üçin kiçijik barlag geçirdik.
Öňi bilen-ä Meňli hanyň ýaşyny 65 bilen 70 ýaşyň aralygyna getirdik. 68 ýaş. 68- onuň ölen ýylyndan aýyrdyk we doglan ýylyny çykardyk. 1851. Ondanam 20-ini ýagny, Teke han ikisiniň ýaş tapawudyny aýyrdyk. 1831. Diýmek, Teke han 1831-nji ýylda Apbas Mürzäniň Sarahsda oturan salyrlaryň üstüne eden gyrgynçylykly çozuşyndan bir ýyl öň doglan we 1913-nji ýylda, 82 ýaşynyň içinde garrap tapdan düşenden soň aradan çykan adam bolýar.
Bu barlag biziň, Teke han garrap ölen bolsa gerek diýen netijämiziň hakykata has golaý ekendigini ýene bir gezek tassyklady.
Şeýlelikde, salyrlaryň Maryda, Pendide oturan döwürleri Teke han Gowşut han tarapyndan han saýlanybam bilýär, onuň bilen deňli-derejeli adam hökmünde gatnaşybam bilýär. Şol wagtlar ol takmynan, 40-45 ýaşlaryndaky adam bolmaly.
Seýit aganyň gep salgysyndan çen tutanymyza görä, Teke hanyň ýaşy iküç ýaş eýläk ýa beýläk bolup biler. Iň bärkisi taryhçylar Meňli hanyň 1919-njy ýylda däl-de, 1918-nji ýylda öldürilendigini tassyklaýarlar. Çünki, 1918-nji ýylda eýýäm Eziz hana aklar tarapyndan sud edilip ýördi.
Seýit aga Teke hanyň şejeresini şeýleräk beýan edipdir. Aňyrlygyna – Teke han – Nazar han – Gutly han – Berdi han. Bäriligine – Teke han – ogullary: Şajyk, Mämmet /Myhammet/. Gyzlary: Täç, Sona. Şajykdan: ogullary – Juma, Şamman, Gumman. Gyzlary: Ollan, Aman, Sähra, Gurbangül. Mämmetden üç gyz bolup, üçüsiniňem ýogalandygy aýdylýar.
Ýöne, Seýit aganyň görkezýän şejeresinde Mämmediň Aýjemal, Gylyçdurdy atly gyzlarynyň hem ady bar.
Teke hanyň Täç atly gyzyndan hiç zat ýok. Sona Eýrana giden. Göç-hä-göçlük döwri adamsy gidýär, o-da gidýär.
Şular ýaly şerejäni Şamman aganyň agtyklarynyň arasynda-da ýöredýäni bar. Olaryňkam umuman, Seýit aganyňky bilen gabat gelýär.
Şamman aganyň aýdyşy boýunça Teke han üç aýal alypdyr. Ýagmyr Ýazberdi şolaryň biriniň adynyň Hurma, başga biriniň Annagül, ýene biriniň Ogulgurban bolandygyny, şeýle hem Teke hanyň Şajyk oglunyň birinji aýalyndan, Mämmet oglunyň ikinji aýalyndan bolandygyny, ýagny, Şajyk bilen Mämmediň enebaşgadygyny habar berdi.
Nobat aga kakasynyň, ýagny, Mämmediň Annagülden bolandygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, Ýagmyr Ýazberdiniň salgysyndan çen tutsak Annagül Teke hanyň ikinji aýaly, Hurma birinjisi bolup çykýar.
Şunuň dogry bolmagy mümkin. Çünki, Annagül kör eken. Teke han ony birinji aýaly ýogalandan soň, önelge üçin alan ekeni. Ikinji aýalam ýogalandan soň Teke han Ogulgurbana öýlenýär. Ogulgurbandan önelge ýok. Täç bilen Sonanyň haýsy aýalyndan bolandygyny bilip bilmedik.
Şamman aga atasynyň Annagülden soň Ogulbeg diýen bir maşgala öýlenendigini, öz kakasy Şajyk hanyňam hut şol aýaldan bolandygyny aýdýar. Ýöne, bu ýagdaýda Teke han Şamman aganyň başda öz aýdyşy ýaly üç däl-de dört gezek öýlenen bolup çykýar. Ýa Ogulbeg bilen Ogulgurban ikisi birmikä? Ony diýseňem beýleki informatorlar, şol sanda Teke hanyň körpe agtygy Nobat aga hem Ogulgurbanyň, ýagny, Teke hanyň soňky aýalynyň önelgesiz bolandygyny tassyklaýarlar. Onsoňam, biziň bilişimizçe Şajyk han Teke hanyň uly ogly. Uly ogul – başky aýallary çaga dogran adamyň soňky aýalyndan bolup bilermi? Onda-da önelgesiz bolsa? Elbetde bolup bilmez. Bu ýerde ýalňyşlyk ýa-da düşünişmezlik bar.
Şamman aganyň agtyklarynda bar bolan şerejä görä, Teke hanyň kakasy Nazarmuhammet hanyň Esen diýen dogany bolupdyr. Esenden Jumajyk diýen ogul bolýar. Sarahs etrapynyň Badhyzdaky öri meýdanlarynda bir guýy häzirem şonuň adyny göterýär. /Şajygyň, Meňli hanyň adyny göterýän guýularam bar/ Jumajykdan: Ahmet, Rahmet, Rahym atly ogullary bolan. Ahmediň Gyrmyzy atly oglunyň bolandygy belli. Şondan soň Eseniň çyzgydaky şejeresi ýitýär...

***

dowamy bar..

Juma HUDAÝGULY
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 703 | Добавил: НаS | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 afrasyyap   [Mowzuga geç]
Juma Hudaýguly agam elleriñe güller bitsin munça maglumatlary toplanyñ üçin. Tañry ýalkasyn. Iki dünýäñ abat bolsun...
@Haweran, senem sag bol ýetireniñe!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: