07:59
Sabyr
SABYR

Gün dogar, aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar.
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe,
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 403 | Добавил: Нawеran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly   [Mowzuga geç]
B.Hudaynazarow yaly buysanc mazmunly goshgylary ( proza eserlerini-de ) doredip bilen shahyr ( yazyjy ) turkmen edebiyatynda seyrek duyulyar. Ol sheyle koloritli eserleri urc edip ishledi. Shonuñ ucin onuñ doredijiliginiñ bu babatdaky orny gozedoluk saylanyp duryar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]