09:01
Bakyýa bosagasynda / hekaýa
BAKYÝA BOSAGASYNDA

Uruşdan maýyp bolup gelen ýarty är bilen Arzygül eje dört çaga ösdürip ýetişdirdi, oý-işik etdi, ile goşdy. Olaryň arkasynda ýaňy bir ýaýnajak wagtam, ine, birdenkä tükeniksiz kesele ýolukdy-da, ýanyny ýere berdi ýatyberdi. Çagalarynyň ony eltmedik hekimleri, görkezmedik tebipleri galmady. Dertli bolsaň, kim haýsy emi salgy berse, şol hem derdiňe derman bolaýjak ýaly bolar durar ekeni. Ýöne Arzygül ejäniň keseli eme-ýoma baş bererden çökderräk bolup çykdy. Gün-günden beterleşdi. Hassahanada ýatan wagty birneme ganymatlaşan ýalam edýär-de, öýe gelensoň ýene-de sag böwrüni tutup buruljyraýar ýatyberýär.
Iň soňky gezek Aşgabatdaky merkezi keselhanalaryň birine eltdiler. Keseli anyklamaklyk uzaga çekmedi. Öňki goýlan diagnoz tassyklandy. Ýöne gürrüň garryny operasiýa etmelimi ýa dälmi, diýen meseläniň üstünde gitdi. Bir aý gowrak edilen gözegçilikden, geçirilen barlaglardan soňam hekimler geňeşi biragyzdan: operasiýa etmeli däl, diýen karara geldi. Karar bilen Arzygül ejäniň ogullary Sähetlidir Aýmyradam tanyşdyrdylar. „Bizlik iş galmandyr. Kesel ötüşipdir. Ekidäýiň“ diýdiler. Galan möhletinem aýtdylar: Aňry gitse alty aý...
Aýtsak agyzdan-agza geçip, özüne-de ýeter diýen ätiýaç bilen ogullary ejeleriniň ýagdaýyny hiç kime, hatda öz aýal doganlary Gülüstana-da, Hesele-de, daýylary Durdynýaza-da, daýzalary Şekere-de aýtmadylar. Arzygül ejäniň özüne bolsa: „Şu wagt howa yssy, salkyn düşensoň, getiriň, hemem birneme gurplansyn, bu wagt operasiýa geçirerden göwresi ejizräk diýdiler“ diýip ýalan sözlemeli boldular. Şeýdibem alyp gaýtdylar.
Şondan bärem dokuz aý ötdi. Tomus geçdi. Güýz sowuldy. Gyş çykdy. Ýaz geldi. Nowruz toýlandy. Hekimleriň beren möhleti gutardy. Syrkawyň welin henizem dert bilen ýakalaşyp gidip oturşy. Ýa-ha gurpsuzam bolsa göwre erjel, ýa-da kesel namart. Gün-gündenem egbarladyp alyp gidip barýar.
Başda syrkawyň özi yraň-daraň daş çykyp bilýärdi, soň söýgetli çykyp başlady. Iki aý bäri ondanam galdy. Täretini ýerinden almaly boldular. Ol başda muny ýokuş gördi. Namys etdi. „Gören-eşiden näme diýer“ diýip, gijeden-gije süýrenjiräp, emedekläp çykan gezeklerem boldy.

Daş çykmazlyk üçin bir agyz iýmesinem, bir öwürt içmesinem goýdy. Ýöne barybir kesel öz diýenini etdirdi.
Şondan soň Arzygül eje ogullarynyň dözmezçilik edip özüne hakykaty aýtmandyklaryna göz ýetirdi. „Haçan äkidýäňiz, salkynam-a düşdi“ diýip dokuz aý bäri ýüzlerçe gezek gaýtalan sözüni aýtmasyny goýdy. Ajalyň şu töwerekde bir ýerde köwejekläp ýörendiginem aňdy. Ömrüni mertlik bilen geçiren ene ölmünem mertlik bilen boýnuna aldy. Ajalyň ýoluna garap başlady. Iki egnini ýagyr edip ýatmadan halys bizar bolan wagty bolsa ony özi çagyrdy.
Ýazyň ortaky aýynyň birinji ongünlüginde haly hasam pese düşüp başlady. Indi bu dünýede onuň özi, öňki Arzygül eje ýokdy-da, çalaja sudury bardy. Bir-ä süňk, birem süňküň daşyna syrdalyp çekilen sarymtyl gurak deri. Ýüzem gündizine-hä çakyr süňke, gijesine bolsa üstünden bäş müň ýyl geçen gadymy müsür mumyýalaryna meňzeýär. Käte bir adaja ardynjyraýmasa ýa yzasyna çydaman ykyrganaýmasa ses-üýnem ýok. Gözleri ýumuk. Jikgeleri çalaja çylpyklap dur. Göwre diýeniň bir gysym. Kükreginiň galyp-düşüşinden biläýmeseň ýa burnunyň agzyna pagta übtüjegini tutup göräýmeseň, göwrede dirilik alamatlary bar-a meňzänok.
Bu ýöne daşyndan göräýmäne şeýle. Hakykatda welin şol guran göwräniň içi henizem möwç urup duran dünýä. Beýni ilşäp dur. Ýürek urýar. Aň, öý, arzuw-hyýal entegem öz wezipesini unudanok. Garry göwräniň içine ýyllarboýy ýygnanan tükeniksiz ýatlamalar yzly-yzyna çogup-çykyp dur. Ýöne, olar bitertip. Edil alasarmyk düýş ýaly buýr-bulaşyk. Wagtyň az galandygyny aňýan ýaly biri-birinden öňe geçjek bolşup dert-azar.
Şonuň üçinem, Arzygül eje bir görseň-ä egni göwşüllän gyzyl koýnekli, bili inli gara şal guşakly, tylla sary sünbüllerini adaja şemalyň ugruna yrap, ygşyldaşyhjyk ýatan bugdaýly giň meýdanyň içinde, urşa giden äriniň sag-aman gaýdyp gelmegini diläp orak orup ýör, uluja ogly Sähetli bilen gyzy Gülüstanam harmanyň gyrasyndaky arabanyň kölegesinde uklap ýatyr, bir görseňem, ondanam aňyrky döwürleriň içinde, ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda garaja gulpaklaryny tasadyp atasy öýüniň gapysyndan iki-baka ökkessirme geçip ýör.
... Ine-de ol eýýäm jigileri bilen mamasynyň öýünde. Ejeleri bilen gezmäne gelipdirler. Mamasy işiklerindäki goja tuduň kölegesinde haly torba dokap otyr. „Şu üçünjim, ýene birini dokasam, dört bolýa, soň iki sany çuwal dokajak, - diýip, ol işden ünsüni sowman oturşyna gyzyna gürrüň berýär. Birdenem başyny galdyrýar-da, dokmany üns bilen synlap oturan agtyklaryna tarap söýünçli bakýar. - Şular durmuş guranlarynda hersine ýetdiginden paýlajak...“
...Onuň hakydasy edil kino kadrlary ýaly özünden bidin çalşyp dur. Ol indi operasion stoluň üstünde ýatyr. Şonda ol, dogrusy, ajalyndan-a gorkmandy. Çünki şol stoluň üstüne ömür umydy bilen diri münüp, öli düşýänler az däldi. Arzygül eje-de oňa keseliň berýän tükeniksiz azarlaryndan bizar bolup, iki tarapynam deňläninden soň, „ýa öleýin, ýa galaýyn“ diýip münüpdi.
Ýöne dört tigirçekli insizje, uzyn hem beýik zemmere mündirip, operasiýa otagyna alyp barýarkalar welin: „Ýa Alla, şundan sag-aman sypyp, umytly ojagymyň bosagasyndan bir gezejik ätlesem, başga armanym ýok, şondan soň ölsemem „wah“ diýmen“ diýipdi.
O diýen-ä boldy. Bosagasyndan baş esen, bagrybitin ätledi. Içerisini, agtyjaklaryny gördi. Ýeke-ýeke bagryna basdy. Ogşady. Öýüniň ortarasynda oturyp, saçagyndan duz datdy. Ýöne, näme, adam pahyryň göwün-isleginde çäk barmy, şondan soň onuň ýene-de öňküsi ýaly aýak üstüne galasy, agtyklaryny arkasyna alyp, goňşularyna aýlanasy, gyzlarynyňka, doganlarynyňka myhmançylyga gidesi, ýene-de ençeme ýyllap bu ýagty jahanyň howasyndan dem alasy geldi.
Ana, şol diýeni welin bolmady. Kesel barha beterledi. Kem-kemden egbarla-da-egbarla-da, ahyram burup ýykdy. Gynady. Jebir berdi. Ajala kaýyl etdi. Syrkawyň ýola düşendigine indi hossarlaram doly göz ýetirdiler. Şondan soň Sähetli bilen Aýmyradam „kartlaryny açdylar“. Şonuň üçinem ýakyn hossarlary onuň golaýragynda bolaýanlaryny kem görmediler. Esasanam, gyzlary Gülüstan bilen Hesel ikisi has ileri durdular. Goňşy etrapda ýaşaýandyklaryna, aralykda ýüz elli kilometrdenem gowrak ýoluň ýatandygyna garamazdan, öň her hepdäniň dynç günleri gelip gidýän bolsalar, soň günaşadan diýen ýaly gatnadylar. Ejeleriniň haly has pese düşeli bär-ä „armanly galaýmaly“ diýdiler-de, gatnamalaryny goýup, şu ýerde boluberdiler.
Syrkaw welin näme üçindir häli-şindi gapa tarap naýynjar garaýar-da, ýanynda üýşüşip oturan hossarlarynyň üstaşyry ilk-ä dogany Durdynyýazyň, uýasy Şekeriň gelenini-gelmänini soraýar, soňam röwşeni
peselen gözleri bilen Sähetlini gözleýär. Aýmyrat ýüzüne seredip oturan hem bolsa: „Hany, Sähetli ýokmy?“ diýip, ysgynsyz iňňildeýär.
Bir hakykat bar: kim näme diýse-de, ene-ata çagalarynyň haýsam bolsa, birini beýlekilerine görä eý görýär. Ol muny boýnuna almaýar, has takygy, alasy gelmeýär, „meniň üçin hemmesem deň“ diýýär, ýöne, barybir birini ileri tutýar.
Bu hakykat Arzygül eje babatda hem şeýle boldy. O-da näme üçindir uly ogly Sähetlini ähli çagalaryndan eý gördi. Sebäbini welin özem bilenok. Sähetli – onuň ilkinji çagasy. Ilkinji miwesi. Nowbahary. Gözüni açyp göreni, arzuw edip ýeteni. Kyrk bäş ýyl geçendigine garamazdan, onuň dünýä inen pursatyndaky birenaýyja ysam henize çenli burnundan gidenok. Soňky çagalarynyň bäbeklikdäki keşpleri bireýýäm göz öňünden gitdi, Sähetliniňki welin dur. Gaşlarynyň arasy bitigräk. Hyýrsyzrak. Ýüzi tegelejik. Gözleri çalaja gyýak. Burny şänik pisint. Ýaňajyklary pökgeripjik dur.
Adamsy öýde ýok wagtlary Arzygül onuň bilen edil gurjak oýnan ýaly oýnardy. Gülse, gülerdi, aglasa, aglardy, halys dynmadyk wagty aljyrap ala-basga düşerdi. Ýaramadyk wagtlary bolsa gijäni dik oturyp geçirerdi. Elbetde, şol bir hereketler onuň soňky çagalary bilenem gaýtalandy, ýöne ol eýýäm ikinji, üçünji, dördünji gezekdi. Öň görlen tomaşa, geçilen ýoldy. Hernäçe süýji bolsa-da, öň dadylan tagamdy. Her zadyň ilkinjisi has arzyly bolýar. Bakjadan ýolnan ilkinji ternäniň lezzetini tomus boýy ýyglan gawunlaryň ählisindenem alyp bolmaýar. Ilkinji gelnem, ilkinji toýam, ilkinji garam, ýagyşam, baharda açylan ilkinji gülem şonuň ýaly. Durmuşyň kadasy şeýle. Arzygül ejäniň Sähetlini şol sebäpli gowy görýän bolmagam ahmal.
Onsoňam Sähetliniň çagalyk döwri galagoply uruş ýyllaryna, ýaşlygy bolsa urşuň yz ýanyndaky kynçylykly döwürlere gabat geldi. Onuň iki ýaşlaryndaka daşyna siňek üýşürip, aşyk ýalyjak şykgy kesegi gemrip oturyşy göz öňüne gelende Arzygül ejäniň sary gaçan ýüregi jigläp gitdi. „Süýjüdir öýdüpdir çagajygym şonda şony...“ diýip pyşyrdanda gözlerine ýaş geldi.
Bir gezegem Sähetliniň ýoldaşlary mekdebe bile gitmek üçin onuň üstünden geldiler. Tirkeşip ugradylaram welin Arzygül ösüp barýan oglunyň boýuna, syratyna guwanmak üçin olaryň yzlaryndan seretdi. Sähetliniň daş keşbinde beýleki çagalaryňka garanda nähilidir bir üýtgeşik artykmaçlyk göresi geldi. Ýöne Sähetliniň aýagyndaky ýeňsesi ýyrtyk, ökjesi sürlenligi sebäpli, bir tarapa maşşarylyp barýan burnundan başga ýeri goňrumtyl, takyr matadan tikilen esgi köwüşe gözi düşüp, ýaman erbet boldy. Hem utandy, hem gynandy. Barysyndan beterem kemsindi. Üstesine, donjagazynyňam pagtalary çykyşyp dur. Telpejigem ýürek edip kelläňe ildirer ýaly däl. Ene üçin on ýaşlaryndaky ogluny şolar ýaly eleşan halda görmekden başga ejir ýa zulum bolup bilmez. Sebäbi oňa bu gün-erte gyzlaram seredip ugrarlar, gudaçylyk üçinem oňa-muňa çykmaly bolar.
Arzygül şonda içini tutdy-da, aşak oturyberdi. Damagy doldy, ýöne aglap bilmedi. Güýçli, ruhy zarba dyňzap gelen gözýaşlaryny ýüzüniň ugruna guradyp taşlady.
Sähetlini onuň şolar ýaly zar-zelillikde ösendigi üçin, dözmezçilikden gowy görýän bolmagam ahmal. Ýöne Sähetliniň çagalykdan juda ir saýlanandygy, durmuşyň çetinden juda ir girip, atasynyň, enesiniň goltugyndan juda ir göterendigi, ýaşlygyndan başlap, gara zähmetiň içinde jugurandygy üçin gowy görýän bolaýmagynyň ahmaldygynam aradan aýryp bolmaz.
...Hakydasy birdenem ony ogly baradaky ýatlamalaryň gursagyndan sogurdy-da, ömrüniň iň bir gülşenli çaglaryna tarap alyp gitdi. Otuz ýediniň gazaply tutha-tutluk ýyllarydygyna garamazdan, şol günleri ýatlamak onuň üçin hemişe-de ýakymlydy, häzirem şeýle. Hyýalynda şol günlere bardam welin, hassa göwün sähelçejik hem bolsa galkdy, kuwwatlandy. Çünki ol onuň ýaşlyk ýyllary. Entek bar zat öňde. Öňde tutuş bir ömür ýatyr. Goşa at goşulan arabanyň ýaňy bir „tigirdäp“ ugran wagty.
Ol wagt Sähetlem, Aýmyradam, Gülüstanam, Heselem ýok. Diňe Emin ikisi. Ýene bir zat bar – o-da ikisiniň süýjüden-süýji arzuwlary. Gelejege bolan umytlary.
Arzygül üçin Emin asylam ýat adam däl. Ejesiniň doganoglany. Iki tarapda-da şondan başga erkek göbekli bolmansoň: „Iki öýüňem diregi şü. Degirmenem özümizden bolsun, degirmençem“ diýdiler-de, mekdepden gaýdyp gelýän on ýedi ýaşly Arzygülüň öňünden üç-dört aýal bolup çykaga-da, başyna kürte atyp, aldylar gaýdyberdiler. Näme üçin dogrulap, gelnalyjylap almadylar, ony Arzygül bilenok. Ýeter-ýetmezçilik zerarly, iliň gözi üçin „alyp gaçdy“ edilen bolmagam mümkin. Arzygül welin birbada hiç zada düşünmedi. Bürenjegi başyndan aýyrjak bolup dyzap durşuna Eminiň ejesiniň ýüzüne jiňkerilip: „Heý-wa-a... daýzamy-y...“ diýendigini gaýyn taraplary soň-soňlaram ýatlap gülüşer ýörerdiler. Ony ýaňy-ýakyna çenli Arzygül ejäniň özem uly lezzet bilen çagalaryna aýdyp berýärdi.
Özüniň iki tarapyňam razyçylygy bilen „alnyp gaçylandygyna“ gözi ýetensoň Arzygül şonda gaty bir garşylyk görkezjegem bolmandy. Onsoňam uçursyz agras diýäýmeseň, Emin gowy ýigit. Belet oglany. Ikisem tas bir öýüň çagasy diýen ýaly.
Ana, şondan soňam tä, şu günki güne çenli dowam edip gelen, içi kynçylyk bilen hysyrdylardan doly şu, maşgala durmuşy başlandy.
„Hiý, toba, ediljek düýn ýalydy şo zatlar...“ diýip, ine, indi dokuz aýdyr ölüm düşeginde ýatlamalara gark bolup ýatan garry ene hiç kim görmez ýaly ýorganynyň burçuna busup, ogrynça ýylgyrdy.

(dowamy bar)...

Juma HUDAÝGULY
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 403 | Добавил: НаS | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: