08:38
Muhammet ibn Aliýan Nesewi
MUHAMMET IBN ALYÝAN NESEWI

■ Pirler penahyñdyr gözel Aşgabat!

Yslam dini Orta Aziýa ýaýran wagtyndan başlap Türküstan diýary müñlerçe, belki-de ýüz müñlerçe beýik welileriñ, öwlüýäleriñ ýaşap geçen mekany boldy. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem şol ärleriñ we pirleriñ ýaşan mukaddes watanydyr. Muhammet Münewweriñ öz atasy Mäne baba baradaky kitabynda diñe Nusaýyñ özünde we golaý-goltumynda 400-den gowrak beýik welileriñ-pirleriñ ýaşap geçendigini belleýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabady etekläp oturan gadymy Nusaý galasynyñ günortasynda, mundan 1000 ýyl töweregi ozal uly gonamçylyk bolup, şol gonamçylykda ady yslam dünýäsine belli bolan keramatly pirler we halatly pirler jaýlanypdyr. Nusaýdan daş bolmadyk Bisme obasynda bolsa keramatly pir Alyýan Nesewiniñ gubury bar ekeni. Birmahallar gadymy Nusaý topragy zyýarat edilýän mübärek mekan bolupdyr. Hatda Hezreti Mäne babanyñ özü-de bu ýere zyýarata gelýän ekeni.
Aýtmaklaryna görä, Horasanyñ halky başyna bir bela inse, ýa-da başga haýsydyr bir kynçylyga duçar bolsa, ýüzlerini Nusaýa tarap öwrüp, doga-dileg eder ekenler. Mümkinçiligi bar adamlar bolsa bu ýerde ýatan keramatly pirleriñ guburlaryna zyýarata gelipdirler. Haraý gözläp gelenleriñ dilegleri, şol ýatan keramatlylaryñ hormatyna, Allanyñ dergähinde kabul hem bolupdyr. Şonuñ üçinem Nusaý topragyna geçmişde "Şam-i kuçek" ("Kiçi Şam") diýipdirler. Şam (Siriýa) pygamberleriñ, enbiýalaryñ iñ köp jaýlanan diýarydyr. Nusaýda-da keramatly pirleriñ ýüzlerçesiniñ jaýlanmagy bu ýerlere şeýle at berilmegine sebäp bolupdyr.
Şeýle gudratly mekanda ýaşap ýörendigimize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys. Asuda ýurdumyzyñ we gözel paýtagtymyzyñ asmanynyñ arassa we parahat bolmagynda Aşgabady tirsekläp ýatan şol beýik pirleriñ eziz ruhlarynyñam bize mälim bolmadyk syrlarynyñ we hikmetleriniñ bardygyny unutmalyñ.

■ Alyýan Nesewi kim bolupdyr?

Şeýle beýik welileriñ biri hem X asyrda Nusaýda ýaşap geçen Muhammet ibn Alyýan Nesewidir. Onuñ doglan we aradan çykan ýyllary belli däl. Muhammet ibn Alyýan Nesewi öz döwrüniñ meşhur yslam alymlarynyñ biri bolupdyr. Şeýle hem ol meşhur weliler Ebu Osman Haýrynyñ we Jüneýit Bagdadynyñ ylym mejlislerine gatnaşyp, olardan sapak alypdyr. Muhammet ibn Alyýan beýik alymlygy bilen bir hatarda görkezýän keramatlaryny, halka edýän hümmet-şypasyny gizläp durmandyr.
Alyýan Nesewi barada eýranly alym Abdur Rafi Hagigat öz kitabynda giñişleýin maglumat berýär.
Şeýle Muhammet Münewweriñ Mäne baba baradaky kitabynyñ türkmen dilindäki neşirinde bu beýik pir barada şeýle maglumat berilýär:

"Nusaýa ýetenimizden soñ, Bismä barmagy ýüregimize düwdük, çünki Bismede şyh Ahmet Alynyñ mazary bardy we biz oña zyýarat etmekçidik". "Bisme" diýilýän Nusaý şäherinden iki parsahlykda ýerleşýän kiçiräk obanyñ adydy we şyb Ahmet Nusaýlynyñ (Alyýan Nesewiniñ) mazary şol ýerdedi. Şyh Abu Osmanyñ müridi bolan şyh Ahmet Nusaýly Horasanyñ şyhlarynyñ şyhydy. Şyh Abu Abdyrahman Sulemi "Sopy ymamlarynyñ derejeleri" ("Tabakaty aimet as-sufiýe") atly kitabynda onuñ adyny "Muhammet Osman Nusaýly" diýip getirýär, ýöne ol Nusaý welaýatynda Ahmet Aly ady bilen meşhurdyr. Il içinde Ahmet Alynyñ şerapatly halatlary we keramatlary aý görlen ýaly äşgärdir...
(Maglumat üçin seret: agzalan kitabyñ 35-nji sahypasy).

■ "Biz seni agañ bilen kuwwatlandyrarys!"

Şeýle hem şol kitapda Mäne babanyñ ogly Hoja Aby Tahyryñ aýak agyra duçar bolşy we onuñ Alyýan Nesewiniñ guburyna zyýarat edip, pirden şypa tapyşy barada şeýle gyzykly maglumat berilýär:

"Biziñ şyhymyz (ýagny Mäne baba) bu sapardan gaýdyp gelenden soñ, şeýle zatlar bolupdy, ýagny biziñ şyhymyz sopularyñ bergileri bilen baglanyşykly mesele boýunça uly ogly Hoja Abu Tahyry Nusaýa ugratdy. Abu Tahyr Nusaýa gelenden, aýagynda bir agyry peýda bolup, ony hereket etmekden galdyrdy. Ol ýok wagty Mänede şyhyñ bir ogly boldy we şyh oña Mutahhyr diýip ag goýdy. Şyh öz keramaty we weliligi bilen Nusaýda Hoja Abu Tahyryñ aýagynyñ agyryp, gymyldap bilmeýändigini bildi we bir derwüşi çagyryp, oña: "Sen Nusaýa bar-da, Abu Tahyry gör" diýýär we Abu Tahyra şeýle mazmunly hat ýazýar:

"Bismillähi-r-rahmany-r-rahym! Biz seni agañ bilen kuwwatlandyrarys!" (Gurhanyñ 28-nji süresiniñ 35-nji aýatyndan). Bize habar ýetişine görä, sen aýak agyry keseline sezewar bolupsyñ, şonuñ üçin Bismä baryp, Ahmet Alynyñ guburyna zyýarat etseñ, enşalla, ol dertden saplanarsyñ".

Hat Hoja Abu Tahyra barandan, ol Bismä zyýarata gitmegi ýüregine düwýär we ony kejebä mündürip, Nusaý şäherinden Bismä eltýärler. Abu Tahyr bir gije şyh Abu Alynyñ guburyny düýnäp ýatýar, ertesi gün Hak subhana we Tagalanyñ şepagaty bilen ähli derdinden doly saplanýar, şondan soñ ol şähere pyýada ýöräp dolanyp gelýär.
(Maglumat üçin seret: agzalan kitabyñ 35-36-njy sahypalary).

■ Nesewiden parçalar

Bir gün Alyýan Nesewiniñ kellesine bir pikir gelýär. Näçe oýlansa-da oña jogap bilmeýär. Öz ýanyndan "bu sowalyñ jogabyny Ebu Osman Haýrydan başga biljek bolmaz" diýýär we oña jogap tapmak üçin Nişapura ýola düşýär. Ol Nusaýdan Nişapura baryp, sowalyna kanagatlanarly jogap alýança duz datmaýar, hatda bir damja suwam içmeýär.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Harama düşerin gorkusy bilen mubahlaryñ (haram edilmedik amallar) köpüsini terk etmek ahyret arzuwynyñ açarydyr.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Gözüñ görüp duran nygmatlary saña eçileni nädip söýmersiñ? Özem Oña uýman, Ony söýýändigiñi nädip aýdyp bilýärsiñ?!

◇ ◇ ◇

Alyýan Nesewiden:
- Allatagalanyñ gulundan razy bolmagynyñ alamaty näme? - diýip soralanda, ol:
- Ybadatlaryñ süýji we rahat, günäleriñ bolsa zäher ýaly we agyr gelmegidir - diýip jogap berýär.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Jomart öz jomartlygyny pes görmese we jomartlygyny kabul eden adamy özünden ýokary hasaplamasa sopy bolup bilmez.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Pakyr-pukaralar bilen söhbetdeş bolan adam olar bilen syryñ salamaty, nebsiñ jomartlygy, köñlüñ giñligi, berilen nygmatlar bilen başyna düşen muşakgatlara çydam edişleri barada söhbet etsin.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Garyplaryñ iñ garyby özüni baý etjek kişä (Hudaýa) gowşup bilmeýän adamdyr.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Ýagşylyk we ýagşy gylyk diniñ nökeri, adamyñ goragçysy, möminiñ sakçysydyr.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Her bir işde jomartlyk - bu özüñde bolan her bir hüý-häsiýeti kemçilikli görmekdir.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Allatagaladan sogap tama edip ýa-da berjek azabyndan gorkup Oña hyzmat eden özüniñ hantamaçylygyny we genjimligini görkezýär. Guluñ hojaýynyna nämedir bir zatdan hantama bolup hyzmat etmeginden erbet zat ýokdur.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Men bu ýoluñ başlangyjyndakam, nebsimiñ apatlaryny görer ýaly we onuñ gizlenen ýerlerini biler ýaly derejä gelipdim. Oña garşy kalbymda hemişelik ýigrenç bardy. Bir gün bogazymdan tilki çagasynyñ gygyrýan sesi ýaly ses bilen bir zat çykdy. Allatagalanyñ gudraty bilen maña ony tanamaga güýç berildi. Men onuñ öz nebsimdigini bilip, aýagymyñ aşagyna salyp depgiläp başladym. Emma ol her gezek depgilänimde has gabarýardy. Oña: "Sen niçiksi zat, başga zatlary ursañ-ýençseñ döwülmek we pytramak bilen bolýar. Sen bolsa gaýtam ulalýañ?” diýdim. Ol maña şeýle diýdi: "Meniñ ýaradylyşym ters. Başga zada ugursyzlyk beren zat maña keýp berýär. Başga zada rahatlyk berýän zat maña muşakgat getirýär.

◇ ◇ ◇

Muhammet ibn Alyýan:
- Mürewwet (ýagşy gylyk) diniñi goramak, nebsiñi tanamak, möminleri hormatlamak we öz aýbyñy görmekdir.

■ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşmeler:

1). Tabakât-üs-Sûfiyye, sah.: 4172;
2). Tabakât-ül-Kübrâ, 1-nji tom, sah.: 1163;
3). Hilýet-ül-Öwlüýä, 10-njy tom sah.: 3764;
4). Yslam alymlarynyñ ensiklopediýasy, 4-nji tom, sah.: 222.
5). Muhammet Münewwer "Mäne babanyñ keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar", "Miras" neşirýaty, Aşgabat-2005;
6). Ebu Abdu Rahman es-Sulemi "Tabakat eýmat-us-Sufyýa".
7). Juma Ataýew "Türkmen topragyndaky "Kiçi Şam" ýa-da Nusaý keramaty", 2002 ý.
8). Abdur Rafi Hagigat "Tarih-ýe erfan wä a'refan-ýe Irani", "Kumeş" neşirýaty, Tähran-1375 h.h).

Taýýarlan: © Has TÜRKMEN
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 493 | Добавил: НаS | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: