14:38
Gazawat urşy / Böwşeñlik
BÖWŞEÑLIK

Geçen günki tutluşyk türkmenleriñ uruşmagy başarýandygynyñ subutnamasy boldy. Eger olar başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryñ uly üstünlik gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere kembaha garaýandygymyza kemsiz düşündik. Olar göwniýetmezçilik edilýän duşmanlaryñ hilinden däldi. Biz ertesi günem berkitmede çöp başyny galdyrman ýatdyk. Bu günem bizi azyk bilen özbekler üpjün etdi. Türkmenlere garşy örän gazaply daraýan mahalymyz olaryñ ruslaryñ göwnüni görjek bolup, azara galyp ýörmekleri örän geñdi. Meniñ üçin-ä daşky keşplerinde az-kem tapawut bar diýäýmeseñ, özbeklerem türkmenlere meñzeş halkdy. Olaryñ dinleriniñ, adatlarynyñ şeýle ýakynlygyna garamazdan, bir-birlerinden şeýle tapawutlanmagy düşnüksiz zatdy. Ýöne olaryñ arasynda razwedka gelen türkmenleriñem bolaýmagy gaty ähtimaldy...
Biz bu ýerde işsiz ýatyrkak türkmenleriñ bir topary ýaraşyk baglaşmak maksady bilen geldiler. Soñ men olaryñ teklipleriniñ kabul edilmändigini bildim. Olar bary-ýogy üç hepde mundan ozal bu ýerlerden geçip giden Orenburg otrýadyny parahat kabul edenlerini aýdyp, ruslara duşmançylyklarynyñ ýokdugyny ynandyrmak isleýärdiler. Olar bize uzak ýoldan getiren köp mukdardaky gawundyr miwelerini, süýtdür çöreklerini bahasyny almazdan, açyk göwün bilen hödür edýärdiler.Soñ bir gezek graf Şuwalow maña biziñ ýomutlaryñ ýurdunda ot berip ýören mahalymyz öz adamlarynyñ Köneürgenjiñ golaýynda türkmenler bilen dostlukly ýagdaýda ýaşandyklaryny gürrüñ berdi. Birnäçe ýomut gelip, oña Golowaçýowyñ goşunynyñ garşysyna işjeñ goranyş soýuzyny baglaşmagy teklip edipdir. Olar: "Biz siziñ bilen dostlukly şertnama boýun bolduk. Indi sizi soýuzdaş hasaplaýarys. Häzir biziñ garşymyza türküstanly ruslaryñ bir taýpasy uruş edýär. Bu uruşda siz biziñ arkamyzy almaly. Sebäbi biziñ duşmanymyz siziñem duşmanyñyz" diýip, sadalyk bilen haýyş edipdirler.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 373 | Добавил: Нawеran | Теги: Mak Gahan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]