14:16
Gazawat urşy / Uruş sahnasy
URUŞ SAHNASY:

Ertesi günem öñümizden çykan ähli zady ýykyp, ýakyp-ýandyryp ýörmegimizi dowam etdirdik. Biziñ yzymyzda ýomutlaryñ üç mile golaý giñişlikdäki ýerleriniñ köräp duran külünden başga zat galanokdy. Men ýakyş operasiýasyna has ýakyndan syn etmek maksady bilen ýoluñ sag tarapyndaky zatlaryñ ählisini ýakmaga buýruk alan şazada Ýewgeniniñ ýanyndan atymu sürüp barýardym. Onuñ bu işe höwes bilen topulmaýanam bolsa, berlen buýrugy birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Buýruk ýakymsyzdy, ýöne bu syrly ýurduñ (Russiýanyñ) parahatçylyk söýüji we düşünjeli adamlarynyñ arasynda, megerem, bikanunçylykdan doly ýumşy ýerine ýetirmäge bolan wagşy höwes oýanypdy. Biz haýatlary böwsüp geçip, öýleriñ gapylaryny döwüşdirip, ondan-oña at çapdyryp ýörşümize her ädimi burum-burum tüssedir ýalna öwürýärdik. Öýleriñ içinde galdyrylan zatlar örän seýrek duşýardy. Käwagt ownuk-uşak gap-çanaklar, tozan jüýjeler, lagşan atlar, göçüp gidenleriñ yzyna eýgermedik göleler, diwarlaryñ ýa-da üçekleriñ üstünde tä üstüne ot çabyraýança daş-töwerekde bolup geçýän zatlara göwnüýetmezçilik bilen syn edip duran pişikler gabat gelýärdi. Taşlanyp gidilen ýa-da ýaşan öýlerini terk etmäge dözmedik itler örän seýrek duşýardy. Olar biz ýakynlaşyp ugranymyzdan gaharly üýrüşip, gaçyp gidýärdiler. Bir gezek men rehimsiz oduñ içinden galyp, gözgyny çyñsaşýan güjük çagalaryñ üstünden bardym. Sagat ikilerde biz 12 mil yzymyzda galan berkitmä tarap gaýtdyk.
Ertesi edil düýnki ýaly otly kesindiler bilen ýanaýjak zatlaryñ baryny ýakyp-ýandyrmak bilen meşgullandyk. Şeýdip ýörşümize biz günortana ýakyn Gyzyltakyr düzlügine gelip ýetdik. Bu giden bir çägeli ýalazy meýdan eken. Birnäçe milden birki sany ýaşaýyş jaýyna duşaýmasañ bu ýerde başga yns-jynsa gözüñ düşenok. Töwerek gazylan kanallardan doly. Olaryñ käbirinde henizem suwuñ barlygyny nazara alsañ, birwagtlar bu ýerleriñem bol hasylly, ekerançylyk üçin amatly bolandygyny çaklamak mümkin. Biziñ alyp barýan urşumyz ýaly gazaply uruşlaryñ birnäçesi bu ýerleriñ bag-bakjalaryny ýele sowrupdyr. Markow ilkinji gezek türkmen çöllügini kesip geçende şu ýerde düşläpdir.
Biz günortana golaý taşlanylyp gidilenine köp wagt geçen bag-bakjaly öýüñ golaýynda düşledik. Günorta yssysy beýniñi iýip barýardy. Günüñ galan bölegini hem şu ýerde geçirmegi karar etdik. Köp wagt geçmänkä men bir türkmen oglanjygynyñ tutulandygyny eşitdim. Töweregindäki goh-galmagaly piñine-de alman, bagyñ saýasynda uklap ýatyrka onuñ üstünden barypdyrlar. Onuñ ýaşy on ikiden kän bolmasa-da, ýüzi ulu adamyñky ýalydy. Ol goçak kelleli, ýasy çekgeli, gür gaşly, jaýty burun, saryýagyz, akylly gözleri ýanyp duran oglandy. Ol ejesiniñem, kakasynyñam ýokdugyny, özi barada alada edýän daýysynyñ bolsa, uklap ýatyrka ony taşlap gidendigini aýtdy. Soñ görüp otursak, ony bilgeşlin taşlamandyrlar. Oglanjygyñ ruslaryñ arasyndadygyny bilen badyna daýysy ony idäp gelip, gele-gelmäne-de bagryna basdy. Ol juda garagol bolansoñ, rus esgerleriniñ çäksiz hormatyndan peýdalanýardy. Esgerler oña täze eşik geýdirip, rus dilini öwredip başladylar. Dynç almaly wagtymyzyñ ep-esli bardygynyndan peýdalanyp, men ýykylan Yzmykşir galasyna aýlanmaga gitdim. Onuñ meýdany 4 akra (2 ga) golaýdy, kä ýerlerde belentligi 30 ädime ýetýän diwarlaryna hiç zat kär etmändir. Gala çig kerpiçden däl-de, gowy edip bişirilen agymtyl-gyzyl kerpiçden salnandy. Kerpiçleriñ uzynlygy 6 dýuma, galyñlygy bolsa 1,5 dýuma golaýdy. Hywalylar galany beýdip salmaýarlar. Megerem, bu gala hytaýlylaryñ ýa-da parslaryñ höküm süren zamanynda salnan bolsa gerek.Biz dynç alyp otyrkak Kaufmanyñ başda türmä salan ýomut ilçileri gapdalymyzdan geçip gitdi. Olaryñ ugry gaçyp giden ildeşlerine tarapdy. Olaryñ ikisi gaçmaga synanyşan mahaly öldürilipdir. Galanlaryny bolsa, ildeşlerini paç tölemäge yrmak şerti bilen boşadypdyrlar. Ýöne bolup geçýän wakalardan soñ olaryñ sözüniñ ýer tutmajagy görnüp durdy.
Ýigrimi dördüne ir bilen biz ýolumyzy dowam etdik. Biziñ kesip geçmeli çölümiziñ içinde ýakmaga ýaramly hiç zadyñ ýoklugy sebäpli ýakyş operasiýasy bes edildi. Şeýdip, ýomutlaryñ ýurdunyñ 100 millik territoriýasyndaky bar zady küle öwrüp, biz bilen dostlukly gatnaşykda bolan özbekleriñ ýurduna ýetdik. Biz ýolda ýomutlar tarapyndan öldürilen pürsiýanyñ üstünden bardyk. Onuñ tenine azyndan 20 gezek gylyç degipdir. Wraç onuñ ýaralaryny dañyp, meýdan gospitalyna ýerleşdirdi. Ýöne ol indi adam boljaga meñzänokdy. Sagat 10-laryñ töwereginde uzakda baglaryñ garasy gözümize ildi. Ýene bir sagat töweregi ýol ýöräp, Ýylanly şäheriniñ 2 mil golaýyndaky gür baglygyń saýasynda goş ýazdyrdyk. Biz öz çadyrlarymyzy gurup ýörkäk, "Bazar" diýip, gygyryşyp, ýanymyza ýetip gelýän özbekleri gördük. Ýigrimä golaý özbek 5-6 araba gawun, gyzgynjak bugdaý çöregini, birnäçe küýze süýt getiripdir. Özbekler rus basybalyjylaryny yzygiderli iýmitdir içgi bilen üpjün edýärdi...
Birdenkä deprekleriñ howsalaly gümmürdisi eşidildi. Çöl tarapdan türkmenleriñ ýakynlaşyp gelýänini habar berdiler. Biz şol bada ýerimizden böküp turup, eşiklerimizi geýip, naganlarymyzy bilimize gysdyrdyk. Her kim ýakynlaşyp gelýän duşmany görmek üçin arabalaryñ, beýgiräk depeleriñ üstüne çykýardy.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 390 | Добавил: Нawеran | Теги: Mak Gahan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]