22:16
Apy ýylan / hekaýa
APY ÝYLAN

Biziň obamyz dag göwsünden syzyp  gelýän kiçijik,  düýbi öwunjak çagyldan doly dury çeşmäniň  çep  tarapyndaky  düzlük  meýdanda, serhede  golaý ýerde  ýerleşýär. Dogrysy  ol oba  däl-de , biziň  medeni  zonadaky  uly  obamyzyň  maldarçylyk bölümi. Öňa ferma-da diýýärler. Ýaşaýjysam on bäş, ýigrimi  öýlüden  köp däl. Onda  esasan  çopan-çolyklar, sagymçylar, şeýle  hem mehanik, feldşer, mugallym diýen çýaly  maldarlara  hyzmat  edýän  dürli käpdäki  hünärmentler ýaşaýarlar.
Obada  dört  synply  mekdep  bolup, bary-ýogy ýigrimä golaýam  okuwçysy  bar. Işgärem iki  adamdan  ybarat. Olaryň  bir-ä  hem mugallymyň, hem  direktoryň, hem  okuw  müdiriniň, hem  hojalyk  müdiriniň  wezipesini   ýerine etirýän  garaýagyz, bir  gözi  bitaýrak  bolansoň  gürrüňdeşiniň ýüzüne gyýalap garaýan, burnunyň örküji ullakan meňli,agajetli, orta boýly,  göwresine  görä  kellesi  ullakan,  häsiýeti boýunça  mylaýym,  ýöne  diýseň talapkär, siňekden  goranýan  ýaly elmydama  elini  ýüzüniň  öňünde gaýmalakladyp ýören Bekgi mugallym. Beýlekisem uruşdan  ýaraly  bolup  gelen, ýedi ýylky ejirden soňam  şol ýarasyndan ýogalan Ýagmyr  seýsiň aýaly,  şondan  börem äre  barman  üç  çagasyny  ýeke  özi  ekläp oturan, direktoryň  kabinetinem hasap edeniňde  jemi üç  otagly, boýy  pessejik, diwarlary  nagsadan galdyrylyp üstem samanly laý  bilen  suwalan,  depesi elwan  baýdakly akja mekdebiň süpürijisi  Haltäç  daýza. Gyşyna  synp  otaglarynyň  demir  ojaklaryny  ýakýanam, gapylaryny  günüň-gününe açyp-ýapýanam  şol.
Men  üçünji synpda okaýaryn. Dördünjini  tamamlanymdan  soň  uly  obamyzdaky  sekiz  ýyllyk  mekdebe, ondanam  etrap merkezindäki  on  ýyllyk  mekdep-internada  geçmeli.  Ondan  soňam  şu  setirleri  ýazyp oturan pursadyma  çenli  bolan  aralygy külterlemeli. Ýöne , o zatlaryň   barysy  öňde.  Men  entäk bary-ýogy  on ýaşymda.Müň  dokuz  ýüz elli  altynjy  ýylyň  bahary. Hökümet tarapyndan gadagan  edilen  Nowruz baýramçylygynyň  yz  ýany.
…Şol  gün  men günortanaralar okuwdan  çykdym-da, elime ejemiň  ysmanak, kömelek  ýygmak üçin  ýöriteläp  galyň ak bizden tikip beren agzy  büzmeklije  ýeňiljek “guşhaltasyny” çep çignime  atyp synpdaşym Söýün  ýaly dodagymy çommaldyp sykylyklap bilmeýändigim üçin  dilimi dişlerime  diräp: “ş-ş-ş-  ş-ş-ş” eýdirip obamyzyň günortasyndaky üstüne  ýaşyl  begres  ýapynyp ýatan  baýyrlyklara tarap ugradym. Häliden bäri göm-gök  asmanyň ýüzünde   gaýyşyp ýören lemmer-lemmer ak-ala bulutlaryň aňyrsyndan käte  bir jyklap gidýän Günem şol wagt gülbüräp çykdy-da, şöhlesi  gök gyrtyçlaryň ýüzündäki bulduraşypjyk  duran kümüşsöw  damjajyklara düşdi. Şonda  baýyrlyk  meýdan zer  bilen keşdelenen  ýaşyl  mahmala meňzedi. Asmandan inýän  şohle  bilen  ýerden  göterilýän garşydaş  şöhle  howanyň  ýüzünde edil  iki  naýza  kimin çaknyşdy.
Baýyrlykdan  geçen  ýeriň  üsti  ala  garly  belent daglar. Özlerem hatar-hatar.  Gat-gat. Haýsynyň nirede başlanyp, nirede gutarýandygyny  biler ýaly däl. Olaryň golaýrakdakylary  öz  boluşlary ýaly görünýär. Üstündäki arçadyr-kerkawlaryny, çöküp oturan düýe  ýaly äpet-äpet daşlaryny sanap  oturmaly. Niresi pes, niresi beýik, haýsy ýeri kert, haýsy ýeri gaýa o-da mese-mälim. Ýöne, aňyrrakdakylary umumy  gök, has alysdakylary  mawumtyl   reňke  çümüp ötyrlar. Olaryň etegi  çalymtyl  dumandan  ýaňa çaňjaryp dur.
Men olaryň hemmesinem özümiňki hasap  edýärin. Çüňki,  olar hakykatdan-da  meniňki. Bizinki.  Biziň  obamyzyňky. Biziň  döwletimiziňki. Ol ýerde biziň mallarymyz gezýär. Biziň  serhedimizem  şol  daglardan  başlanýar.
Şonuň  üçinem men  olary  gowy görýärin, hemişe söýünç bilen bakýaryn.Bolup  oturyşlaryna buýsanýaryn. “Gök dag”, “Gara dag”, “Boz dag”, “Dumanly”,                    “Gyzyl gaýa ”  diýen  ýaly öz  ýanymdan hersine  bir at dakýaryn. Her gezek  şolara  gözüm  düşende  göwräme üýtgeşik bir  güýç  gelin goşulan  ýaly bolýar. Kalbym  kuwwatlanýar. Ýüregim  joşýar. Aşa begenmekden ýaňa  bokurdagym  dolup kaňşyrawugym tütäp gidýär. Gözlerime  çyg çaýylýar. Aýdym  aýdasym gelýär. Aýdýarynam. Men häzirem zoraýakdan sygyrmamy goýup, aýdym aýdyp  barýaryn. Gaty  gygyramok, ýöne  aýdýan.
Men ýaly  ýaş  oglan  ýa  gyz-gelin  bolsyn, tapawudy ýok, obamyzyň  ýaşaýjylary   islendik   wagty  gorkman, ony-muny  ýygmak üçin  daga  ýeke  gidip bilýärler. Sebäbi, birinjiden-ä obamyz  daga  golaý. Çeşmeden geçäge-de  bir  baýyr aşsaň  bolany. Basan ýeriň  ot-çöp, ysmanak, kömelek. Özem bol. Ýaltanman gabyňa gapgarybilseň bolýa. Günde-günäşa  çöpläýeniňde-de, biziňki  ýa-ly  kiçijik  obanyň adamlary üçin dag  içiniň hasyly başymam  diýenok. Ikinjidenem,  biziň  oba  golaý  ýerde  iki  sany esger  galasy  ýerleşýär. Olaram  dagyň  belent  ýerinde  dikilen   uzyndan-uzyn  wyşkalaryň  üstüne  çykyp, elleri dürbüli günuzyn  daş-töwerege esewan bolup  durlar. Gijesine  bolsa tä, daň atýança bir ujy  asmanyň gara  garnyny  gyjyklan  gaýdýan gögümtil  ýiti   şöhleli  prožektorlaryny  o ýan,  bu ýan  bulaýlaşyp çykýarlar. Käte  ak, gök , süýt, ýumurtga  diýen ýaly her dürli  iýmit   zerurlyklary   bilen  ferma  gelenlerinde  olar  biziň haýsymyzyň haçan, nireräkden, näme   çöpläp  gaýdanymyza çenli  takyk  aýdyp bilýärler.  Diýmek, olar bizi gije-gündiz gözden salmaýarlar  daşymyzy  gaýym goraýarlar.  Meniň ine,  şeýdip, ýeke özümiň  gorkusyz-ürküsiz  hiňlenjiräp barşymam hut, şonuň üçin.
Çeşmä ýetiberenimde  dag  tarapdan  elesläp gelýän bir zenan  maşgala  göründi. Siňe syn etsem Haltäç daýza. Ol gyşyn-ýazyn, günde-günäşa  diýen ýaly işden eli sypyndygy  daga  gidip işigindäki maljagazlary üçin otjagaz, çagajyklaryny   üşetmezlik üçin odunjagaz  ýygyn gelýär. Mekdebiň  gapdalyndaky münderlenip goýlan oduna  elini  degrenok  Bekgi mugallym: “Haltäç , heläk bolup ýorme-de  şundan  alyber” diýse-de  edenok. Gaýtam: “Ýog-e-eý, hökümediň zadynam bir elläp bormy” diýip,     ör-gökden gelýär. Onsoňam ol  daga   gitse odundyr-otuň gapdaly bilen  ysmanak, kömelegem getirýär. Getiren zatlarynyň  çagalaryndan  artanynam goňşy- golamlaryna ýa  biz ýaly  çaga-çugalara  paýlap  goýberýär. Çüňki, birek-birege  zadyňy  satmalydyr diýen  düşünje  ol wagtlap ýeke bir  biziň  obamyzda  däl, hiç  obada-da ýokdy. Arkasy odunly ýa  otly ýegşerilip, içi  ysmanakdan, kömelekden  doly  eteginiň  ujuny dişläp obanyň çetinden girenini gören her bir adam  onuň  zähmetkeşligine  haýran galýar. Ýeke  özüniň  üç  agza  seredip  oturandygyna  garamazdan, onuň  güzeranyndan nalanyny  ýa  ykbalyndan  zeýrenenini  gören  ýok. Ertirini  gaýgy  edip  gama-da   batanok. “Her günüň öz  rysgy bardyr, ertiriň aladasyny  ertiriň özi  eder” diýýär. Häsiýeti boýunça  alçak, gepe çeper, süýji dilli  aýal. Bir pursat  gürrüňdeş  bolsaň dünýäň  giňäp  gidýär. Ýaşasyň  gelýär. Feldşerimiz  Mäti kiçjik ýaly  her  agzynyň  birinde  dünýäni gapyşdyryp ýa  bolgusyz jedel  edip ýörenok. Şonuň üçinem,  biz ony  bütin oba  bolup  gowy görýäris. Ony  serhetçilerem  gowy  görýärler. Oba gelenlerinde: “Bu-da biziň  bir  esgerimiz. Kömekçimiz. Sebäbi, dag  içinde  bu-da bizden az bolanok”  diýip,  gülüşýärler.
Häzirem ol  dagdan bir  zatlar ýygyn  gelýän  bolmaly. Ýone, seredýän welin  ne elinde, ne arkasynda  hiç  hili  ýük, goş-glam görnenok. Äkiden  haltasam  boş, elinde  galgan gelýär. Iň geň  ýeri elde tikilen çukur gara hokgasam elinde. Howanyň  çigrekdigine, dag  ýodasynyň owunjak, gyýak-gyýak  daşjagazlardan doludygyna  garamazdan  aýagy  ýalaňaç. Hatda  köne-küşül jorabam ýok. Ýüzi-gözem özüniňki däl. Öňem, soňam meniň  ony  beýle  ýagdaýda  görenim  ýadyma   düşenok.
Men çeşmeden  geçip ýetişmänkäm o-da  aňry  ýüzünden ýetip  geldi. Gelşi ýalam ondan-oňa  basyp geçer ýaly  uly-uly  daşlardan  edilen geçelgä ünsem bermän, şildiräp ýatan, sowuk  suwly  çeşmeden  urup geçdi-de, meniň elimden tutup  oba  tarap  jünäberdi. Käwagtam bir  çalarak  säginýär-de, daga tarap gorkuly seredýär, elleri bilen  düşnüksiz  hereketler  edýär, bir zatlar diýjek  bolýar, emma gepläp bilenok. Dili çolaşyp dur. Menem onuň  ne hereketlerinden, ne yşaratlaryndan hiç  hili  many alyp  bilemok.
Şeýle  geplemsek, degişgen aýalyň  beýdip, başagaý bolup barşy meni diýseň  geň  galdyrdy. Çünki, adaty ýagdaý  bolanda  ol “hanym-janymdan” başlap tä, nirede gowy  ysmanagyň, haýsy ýerde  bitginli  kömelegiň bardygyna  çenli salgy  bermek üçin  meni  çeşmäniň boýunda  azyndan ýarym  sagad-a  eglärdi. Şonuň  üçinem men  ony  haýsydyr  bir  zatdan  gorkandyr, diýip çakladym.
Ýöne nämeden?
Nämeden  gorkandygyny men ony  öýüniň  ortarysynda  oturdyp, oba  adamlaryny  çagyryp gelýänçäm bilip bilmedim. Ony esli  wagtlap obamyzyň  adamlaram bilip  bilmediler. Daşyna  üýşýärler, çaşýarlar,suwjagaz içiren  bolýarlar, gorky damaryny  tutan bolýarlar, öwran-öwranam iki  gözüniň  içine  seredip näme  bolandygyny soraýarlar. Ýüzüne çiňerilişýärler. Onuň  welin şol bir apbasy ýaly  gözlerini  tegeläp, her kimiň  ýüzüne  bir seredip, gurak-gurak ýuwdynyp oturşy. Ýüzi duw-ak. Käte-de bir  daga tarap elini salgap guran dodaklaryny  gymyldadýar, bolany.
Adamlar halys  aljyradylar. Kimdir biri:
– Syrtlan gören bolaýmasyn how  şu …– diýdi
– Aý, ýok, syrtlandan-da görkmaz bi, ýöne, gaplaň ýa  ýolbars  gören bolsa bilemok- diýip, başga biri  oňa garşy çykdy.
– Içpeýana  duşan bolaýmasyn-diýenem boldy
– Wiý, sen bile  geldiň-ä, sen bilýänsiň-ä – diýşibem barysy birden meniň üstüme howala  boldular.
Men  ýolda duşandygymy aýdanymdan soň olar ýene-de  Haltäç  daýzanyň  daşyna  geçdiler. Şol  aralykda-da  birazajyk özüne  geldimi, nämemi, ol  eňegini taýzardyp daga  tarap ülňedi-de, gollaryny howada  hereketlendirip ýylanyň  keşbini  suratlandyrdy.Onuň  ululygyny  aňlatmak  üçin aýalary bilen  howanyň  ýüzünde  ep-esli göwrüm ýasady.
Duranlaryň barysy  birden:
– Hä-ä, ýylan  görüpdir bu,  ullakan ýylan görüpdir- diýşip, gygyryşdylar.
– Şeýlemi? Dogrumy şol? – diýip, kimdir onuň  üstüne abandy.
Haltäç daýza  zordan  başyny  atdy. Şondan  soň  bar zat  düşnükli  boldy. Oňa  çenlem biz baran badymyza derman  getirmek  üçin “şypahanasyna” tarap  ylgan  Mäti kiçjik tigirlenip  geldi-de, Haltäç  daýza  naşatyr ysgatdy. Birki düwür  dermanam içirdi welin, bendäniň dili açyldy duruberdi. Özüniň edil  ertekilerdäki  ýaly äpet bir  uly  ýylan  görendigini, ýöne  onuň  ýylan däl-de, aždarha  bolaýmagynyňam ahmaldygyny zordanam  bolsa  düwüne- düwüne düşündirdi. Soňundanam:
– G-g-göçeliň…Ga-açalyň…– diýip, sakawlady
– Kowaladymy? Üstüňe hüjüm  etdimi?- diýlen soraga  başyny ýaýkap  jogap berdi.
Adamlar: haýal etmän ýylany howpsuzlandyrmaly, diýen netijä geldiler. Ýogsam mal-gara, oglan-uşaga zenep ýetirmegi mümkin. Ýöne oňa öz güýjümiz ýetermi? Belki hökümede duýdurmalydyr? Serhetçileri  kömege  çagyrmalydyr? Uly  başlyk  Aly aga habar  ýetirmelidir?
Şular ýaly dürli  soraglaryň  üstünde esli wagt  kellelerini  agyrdyp oturanlaryndan  soň, ferma müdirimiz  Nowruz  aga  Bekgi mugallyma  ýüzlendi.
– Her niçik hem  bolsa öňürti  gözümiz bilen bir  göreliň, nämedigini  bilmän ili  orüzip ýörmäliň,  bolmaz  ýaly  bolsa  ondan  soň  nirä  habar  ýetirmeli bolsa  ýetiribiris…– Öz sözlerini Bekgi  mugallymyň  baş  atyp  makullanyny  gören Nowruz aga  heňizem ýerinden  galybilmän, oturan  Haltäç  daýzanyň  üstüne  egildi.  – Nirededigini  görkezip bilermiň?  Taparmyň? Biziň  bilen  gitmäne  ýararmyň?
Haltäç daýza  iki  elinem ýere diräp zordan ýerinden  galdy. Baryp, bosaganyň  iç  ýüzünde  terslin-oňlyn  ýatan  hokgasyny geýdi. Daş  çykdy. Yraň-daraň edip  daga  tarap  ýöneldi. Obamyzyň  ulusyndan-kiçisinden ybarat  bir  toplum adamam başly-barat onuň  yzyna  düşdi. Daşyndan seredeniňde  olar  güýç  taýdan deň  bolmadyk güýçli duşmany gaýtarmana barýan kiçijik bir  goşunuň  söweşijilerine  meňzediler.
Kem-kemden “goşun” üzlem-saplam üç  bölege bolündi.
Iň öňde  oba  ekabyrlary. Olaryň  biri Bekgi mugallym. Boýy uzyn  bolansoň  ol  hemmelerden saýlanyp  barýar.
Onuň sag gapdalynda endigine  görä  ýegşerilibräge-de, başyny  aşak  sallap barýan  ferma   müdirimiz Nowruz aga.  Geçen  urşa  başdanaýak gatnaşan adam hökmünde öňdäki  hatarda  bolmaklygy özüne  borç hasap  eden bolsa  gerek, onuň  ýüzi-gözi aladaly, gadam basyşy, ýogyn sesi bilen, gapdalyndakylara “hä”, “hüm”  berişi  diýseň  dogumly. Yzly-yzyna otlaýan çiliminden  göterilýän goýy, gögümtil-çal  tüsse ony  tutuş bir “sostawy” çekip  barýan  parawoza meňzedýär.
Bekgi mugallymyň  çep  tarapynda  Nowruz  aganyň  tagallasy  bilen  ýap-ýaňyja kolhozyň  hasabyna   meduçilişäniň  alty  aýlyk  kursuny tamamlap gelen, göwresi  biziňkiden sähelçe galarak, keçjallygy, jedelkeşligi  bilen eýýäm  özüni  bütin  etraba  tanatmana  ýetişen feldşerimiz  Mäti kiçjik.
Şeýle hem  kelteden dykyz göwreli, hatda  gulaklarynyň içine, barmaklarynyň üstüne  çenli  tüý  bolup  duran,çopan guýularynyň suw çykarýan motorlaryna we  agşamyna  hem ertirine   fermanyň  ýaşaýjylaryna  tok  berýän “dizele”  seredýän mehanik  Annak.
Haltäç  daýza-da  şolaryň  arasynda. Olaryň  köpüsi özara gürleşip  barýarlar. Diňe Mäti kiçjik Annagyň çigninden tutup  oňa  bir  zatlar  düşündirýär,  elini  salgap öňe gitse   ylgap  yzyndan  ýetýär, säginse aýak  çekýär, garaz  gaçyp  gutulmana-da maý berenok.
Şeýdip  baryşlaryna  olar  mahal-mahal özlerem  bilmezden Haltäç  daýzadan has öňe  gidýärler-de, soňam  durup oňa  garaşýarlar. Ol  yzlaryndan ýetensoň usullyk  bilen oňa aýak deňläp  ugraýarlar, ýöne, beýdip uzak  gidibilenoklar. Çilimden göterilýän çal  tüsse   ýene-de öňe  saýlanyp ugraýar.
Haltäç daýzanyň  bolsa  fermamyza  ot daşaýan “pyt-pyt” traktor ýaly  şol  birsydyrgynja tizlik bilen  gidip  barşy. Haýallanogam, gatylanogam. Menden  özýaňyzam, galýaňyzam  diýenok. Kä wagtam: bu millet  nirä barýaka  beýdip,  bosuşyp diýýän ýaly geň galmak bilen daş –töweregine göz aýlap goýberýär.
Ikinji bölekde kileň çopan-çoluklar we owlak-gyzy  kampaniýasyna kömekleşmek üçin  düýn-öňňinlikde obadan gelen ýardamçylar.
Iki  bölegiň hiç birinde-de kakam ýok. Ol şol gün  daňdanaralar turup, çopanlara  agyz suw  eltip bermek üçin  öz  sürýän “wodowozy” bilen daga gitdi.
Üçinji bölekde aýal-gyzlar.
Iň  yzda-da  biz . Mekdep okuwçylary. Bizi bölek  ýa topar diýip atlandyrmak  mümkin däl, çüňki biz örän  azlyk. Bary–ýogy dört  oglan. Önyňam biri  Söýün sykylykçy.
Entek çeşmeden  geçmänkäk ekabyrlardan haýsam bolsa biri, hususan–da Bekgi mugallym, käte bir aýak çekip  yzyna  öwrülýärdi-de:
– E-e-eý, jyrryklar! Siz nirä  barýaňyz? Gerek bolsaňyz-a biriňizem tapdyrmazdyňyz! Baryň, yzyňyza  dolanyň!- diýip, aýal-gyzlaryň, ýardamçylaryň üstaşyry bize haýbat  atýardy. Şonda ýöriş togtaýardy, “ýygynyň” ýüzi tutuşlygyna bize  tarap öwrülýärdi, biziňem olaryň  nazarlaryndan  sussumyz  basylýardy-da, barymyz birden aşak  bakýardyk, haýallyk  bilen  yzymyza  öwrülýärdik. Ekabyrlaryň öz  ýollaryny dowam  etdirmekleri bilen, yzky iki   bölekdäkileriňem üňsleri  bizden sowulýardy,ýüzleri aňryk  dönýärdi. Muny  görüp  bizem   aýak  çekýärdik, biri-birimiziň  ýüzümize  seredişip, şumjaryşyp durýardyk-da, ýygynyň  yzy  bilen  sessiz-üýnsüz ýörişimizi  dowam  etdirýärdik.
Çeşmeden  geçip, ene  saýyň içi  bilen günortalygyna tarap  tutduryp  ugranlaryndan soň, ekabyrlar  bizi  bütinleý  ýatlaryndan çykardylar. Şondan soň  hiç  kim  bizi   kowmady. Bize diňe  göze  dürtülmezlik üçin  ara  böwşenlik salyp, ogryn-dogryn sýüşübermek  galdy.
Saýyň soňy baryp  gyralary seýregräk arçaly kiçiräk bir  jülgä diredi. Şol  jülgeden  çykan  ýeriňem gyzyl-gyzyl  gaýalary kert-kert bolup  duran döşleri  ýylçyr  daşly , kelte  bykyn şöhleli daglar.Meniň  kartamda ol ýeriň ady “Gyzyl gaýa”.
Ana, şol ýere barybam “ýygyn” aýak  çekdi. Öňdäki iki bölek  goşluşdy. Aýal-gyzlar bärräkde bir ýerde top  tutup  durdylar.
Bizem olara  on-ýigrimi  ädim  ýetmän aýak  çekdik-de, heşerlenişdik  duruberdik. Iki  gözümizem ekabyrlarda.
Olaryň arasynda ýüzüni  sallap, henizem bir zatlary “pyşyrdap” duran Haltäç  daýza  gaýdalymyz bäri  birinji  gezek ýüzini  galdyrdy-da, saňňyldap duran horja elini  üstümize  abanyp duran  gyzyl gaýanyň çür başyna uzatdy. Hemmeler şol  tarapa seredişdiler. Bizem seretdik.
Eý, Huda-aý! Gözüň bilen  görmeseň ynanar  ýaly däl. Asyl  göreniňden soňam ynanar  ýaly  däl. Ol mahluk şeýle bir mähnet welin, edil, dagyň  depesine ýene  bir ýylçyr gaýa  goýlan ýaly. Eplem-büklem bolup, gerşini güne çoýup  ýatyp. Oňsoňam ol entek  bize doly  görnenok. Ýarysyndanam  gowragy aňyrda. Gaýanyň bize  görünmeýän tarapynda. Tutuş  göwresiniň  nähiliräkdigini Hudaý bilsin. Ýeri, öňsoň  ýeke  özi ysmanak çöpläp  ýören  naçar aýalyň ony görüp neneň  dili  tutulmasyn!
Oňa  gözleri  düşenden, aýal-gyzlaryň barysy birden: “Hi-iýh!” etdirişip içlerini çekdiler. Gaýra  tesdiler. Ýakalaryny açyp  içlerine  tüýkürdiler.
Erkekleriňem barysy birden: “Bäýip-bä-ä!” diýşip, gygyryşdylar. Bizem olar bilen deňine  diýen ýaly sesimiziň ýetdiginden: “Oh-ty-y-y” diýdik-de, birdenkä  gaçmaly bolaýsa dagy amatly bolar ýaly, aşak eglip  balaklarymyzyň gonjuny  çermemäne başladyk. Söýün  bolsa  dodagyny çommaldyp şeýle  bir  sygyrdy welin, gözüm gitmekden  ýaňa kemsinenimem bilmän galypdyryn.
Ekabyrlar  özara maslahatlaşmana  durdular. Iki  gözlerem dagyň çür depesinde. Özlerem diýseň  ýuwaş  gepleşýärler. Ýöne, dag ýeri, sergin howa, arada  gaty bir daş däl, näme  diýseler gyly gyrylman  eşdilip dur.
Ahyram olar  serhetçileri kömege  çagyrmaly, diýen karara  geldiler. Şol wagtam  Mäti kiçjik  böküp orta çykda-da, tebigaty, haýwanlary garamak boýunça  bütindünýä kanunlary, halkara  guramalary barada takal okamana  başlady.
–Adamlar! Söň  eşitdim-eşitmedim diýmäň. Ýylan kanun boýunça goralýar. Bular ýaly üýtgeşik  görnüşler-ä  hasam. Munuň-a  bireýýämler  gyzyl kitaba  girizilen bolmagam  ahmal. Medisinanyň nyşanynda  ýylanyň  şekillendirilmegem  ýöne  ýere däl. Çüňki, onuň zäheri iň  güýçli derman. Tak, şto,  serhetçileri getirip öldürtjek bolýan bolsaňyz-a  siziň  munyňyz sudimyý iş bolýa.
–Senem, inim mydama iliň  tersine  bir gep tanaýýaň-ow,– diýip  Bekgi  mugallym feldşeriň  ýüzüne  gyňraýlyp gyýa  bakdy. –Ýa, soňunden özüňe  gep  gelerinden gorkýaňmy? Öňünden gaçýaňmy? Eýle bolsa  bar,  sen gidiber, özümiz  bir zat ederis, jogapkärçiliginem boýnumyza alarys…
Ýap-ýaňyja  otlan çilimini bir ýan  erninde  kükedip  duran Nowruz aga-da erniniň beýleki tarapy bilen “pyr-pyr” edip Mätä käýindi.
–Sen şuny  öýüňe  äkidip agylyňda  saklap  bilermiň, kanunçylar  gelip eýe  çykýança? Ýa şolar  gelýänçä  şunuň  ynsa-jynsa azar bermejekdigine güwä geçip bilermiň? Näme üçin obany alkymlap gelendigini  özünden sorap  beribilermiň? Ýa bu  ýapy ýaly  bolup   ýatanyň   saňa  derman berýän adaty ýylаn däl-de, ýuwdaphadygyny göreňokmy? Ýa aždarhany öldürmek bolanokmy? Aždarhany öldüren  “sudimyý” bolýan bolsa bar, git-de öňi bilen Göroglyny  süýde ber. Özüňem Bekgiň aýdyşy  ýaly  garamatyndan görkýan bolsaň  bar git,  bu işiň  gyrasynda-da görünme…
Men Mäti kiçjik  hemişeki keçjallygyny edip olar  bilen  eňekleşer, tükeniksiz  jedele girer öýtdüm. Emma ol beýtmedi.
– Görüň-dä, biziňk-ä  bir aýtmak, duýdurmak,– diýde-de, bir gyra çekilip, iki  golunam  göwsünde gowşurdy duruberdi. Ajymtyk ýylgyryp ýüzüni  kesä sowdy.
Şonda ol meniň  gözüme birhili elde ýasalan, oýunjak adam ýaly bolup göründi.
Şeýlelikde, ýaşrak, ýeňilaýagrak  çoluklaryň birini  serhetçileriň galasyna  ýolladylar. Ol  ýigidem ylgaşlap ugrady-da, ses ýetim  ýaly ýere  baransoň durup “hyrra” yzyna  öwrüldi:
– Wyşkada  duranlara aýdyp  gaýdybersem bolmazmy?
– Bolmaz! – diýip, Nowruz aga oňa  haýbatly jorap berdi. – Wyşkada duran ýeke  salladyň edibiljek zady  bamy bu ýerde? Onsoňam öň  wyşkany taşlap  gaýdybilmejegine  aklyň çatanakmy?  Zastawa  bar! Neçenniklerine habar ber…– Birdenem ol  çoluga tarap ýapyryldy-da aýagy bilen  ýer depdi – Ugra!
Ol ýigit gözden ýitip-ýitmänkä-de Nowruz aga  bilen  Bekgi mugallym ikisi ýerden:
– Aýal gyzlar bilen oglan-uşaklar gaýtsynlar, oýun iş däl bi…– diýşip, dyzap ugradylar.
Biziň  içimizde-de, aýal-gyzlaryň  arasynda-da ol  ikisiniň  ýüzüne gelip  biljegimiz ýok bolansoň, göwünli-göwünsiz  dönmek bilen bolduk. Ýöne, barybir bilesigelijilik üstün  çykdy. Ho-ol  ýere  ýetmän ýene-de saklandyk. Iki gözümiz  welin gaýanyň  üstünde towlam-towlam bolup ýatan mähnet janawerde. Sähelçe herekede geldigi biziň-ä towellasyzam oba  tarap  ökje  göterjekdigimize  şek-şübhe ýok. Şeýle ýagdaý  ýüze  çykdygy aýal-gyzlaram bizden yza  galar öýdemok. Gözümiň gytagy bilen  seretsem Söýüniň dodagy  çommalyp dur. Ýöne, ses çykanok.
Nowruz aga üçünji papirosyny  çekip  boluberende, serhetçileriň kotel dag ýollaryna  ezber, ullakan “sudobekkerleri” gabat garşymyzdaky durşuna  kerkaw bolup duran ýapynyň  ýüzi  bilen  “arryldap” aşak  indi. Üstünde-de ýedi-sekiz sany men  diýen  işekçer esger. Hemmesiniňem  eginleri awtomatly. Çapar giden  çoluk   ýagdaýy iňňän takyk  düşündiren bor-a çemeli, billerinde granatlaram bar. Komandirleri bolsa gerek, maşyn “haş-ş”  edip durandan bir hortaňrak, ak ýüzli, keltejik sary saçly ýaş  leýtenant kabinadan  böküp çykdy-da, gyzyňky ýaly inçejik  sesi bilen  esgerlere ýere düşmekligi, hatara düzülmekligi buýurdy.  Ondan soň  ekabyrlaryň ýanyna  baryp  bäş-üç agyz  gürleşdi. Ýöne, birinjiden-ä biz  indi olardan birneme  daşlaşypdyk, ikinjidenem olar  orsça  gürleşdiler. Çüňki o döwürlerde Türkmenistanda  gulluk edýän esgerleriň, komandirleriň        uçgantutma ählisi diýen ýaly ors  oglanlaryndan ybarat  bolýardy. Biziň  ýigitlerimizi bolsa soýuzyň  beýleki künjeklerine  iberýärdiler. Şonuň üçinem, biz  olaryň  näme  hakda  gürrüň  edendiklerine  düşünip  bilmedik.
Gürleşip bolanlaryndan soň , leýtenant boýnundan asylgy  dürbüsini gözüne  ýetirdi. Ýylany synlady. Dürbüsini  aýrandan soňam  başyny ýaýkady-da:
– Мать твою-y…- diýip süýkdürdi. Yzyndanam bir zatlar  samrady. So-oň, bir  öwrümde  Mätiden sorap görsek onuň  ilki diýen-ä : eneňi dula  bakdyraýyn diýen ýaly  edrenç  sögünç, yzyndan aýdanam: Muny biziň  serhetçilerimiz  nädip  görmedilerkä, diýdigi ekeni.
Leýtenant  şondan soň ekabyrlara  ýüzlenibem  bir zatlar diýdi welin, barysy bir üýşmek bolup bize  tarap  gaýtdylar. Ýöne, bizi  kowmadylar. Ýanymyza  geldiler-de, bize  ünsem bermän, özara  hümürdeşdiler duruberdiler. Şonda, Nowruz aganyň  iň  soňky  papirosyny gabyndan sogrup alyp  agzyna  ýetireni, boşan gabynam mynjyradyp, eliniň tersi bilen bir gapdala oklap goýbereni henizem gözümiň öňünde dur. Şemalyň ugruna  ýeldirilip barýan  çilim  gaby baryp bir  guran peşmege  germeldi. Onuň ýüzünde ak düşegiň üstünden  gök reňk bilen  basylan “Sewer” diýen ýazgy, şeýle  hem dagyň  aňyrsyndan ýaşyn barýanmy, dogup  gelýänmi  ýarty Günüň  suraty bardy.
Ýylan  eşidenok diýýärler. Egerde  şol çyn bolsa, onda ol maşynyň “arryldysyna” däl-de, sarsgynyna oýanan bolmaly, gymyldap  başlydy. Boýnuny  usullyk bilen aşak sallady.  Ýapgyt gaýanyň  ýüzündäki, her biri tam ýaly  gyýçak-gyýçak daşlaryň  arasy bilen  süýşüp gelşine  agramyna   erk  etmek  üçin  guýrugyny gaýanyň  depesindäki ullakan arça  agajynyň iki  gujaklykdanam ýogyn sütünine orady. Şoňa  çenli  onuň  göwresi gaýanyň  orta  bilinden geçdi.
Men onuň owadanlygyna haýran  galdym. Garny  juw-ak. Arkasy, gapdallary  welin, edil  ökde nakgaşyň eli bilen  keşdelenen ýaly. Keşdäniň  düşegi symgylt  sary  reňkde. Meleräk diýseňem boljak. Şol  reňkiň  üsti  kellesinden başlap tä  guýrugyna çenli  gök, gyzyl, ýaşyl, mämişi, sary  reňkli  nagyşlardan doly. Birini aýryp birini  goýar ýaly däl. Barysy ýerbe-ýer. Şüý-ä şu  ýere  ýerliksiz  düşüpdir-ow diýjek  gumanyň ýok. Göwresiniň  guýruga tarap  inçelip gidýändigine görä  nagyşlaram gitdigiçe kiçelýär. Günüň  şöhlesi  düşübem şeýle  bir  ýalpyldaýar welin, edil gaýanyň  ýüzünden içi zer  suwundan doly  kiçiräk bir  çeşme  çaýkanjyrap akyp  gelýän ýaly.
Birdenem ol bize tarap öwsun aýtdy-da, agzyny açyp öz  tebigatyna  görä          “has-s…” etdirdi. Soň “haşşyldady” Dilini  ýalmandyrdy. Ýöne, hiç hili uruş, duşmançylyk alamatlaryny ýüze  çykarmady.
Şeýle-de bolsa hemmämize howsala  aralaşdy.
– Ýeri, indi nämä  haýal-ýagallyk  edýäňiz diýsene…– diýip, Bekgi mugallym  esgerlere  tarap gyýa garap nägile hüňürdedi. Bize-de ätiýaç üçin  birazajyk yza  süýşmekligi maslahat berdi.  Öňu bilenem özi  çekildi.Biz iki aýtdyrman onuň  yzyna  düşdük.
Oňa çenlem leýtenant üsti  gyzylymtyl, orta bili  gurbaganyň  kerebi ýaly ýap-ýaşyl, düýbi gara ýylçyr, dörtburç,  ullakan  daşyň üstüne çykdy-da, bir elini  ýokaryk   galdyrdy.
–Огонь!…- diýibem  aşak ýatyrdy.
Awtomatlaryň sekizisem birden “tatyrdap”  ugrady. Hersinde näçe okuň  bardygyn-a bilemok, ýöne meniň  pikirimçe olaryň  hemmesem tä, “magazinleri” boşaýança atdylar.
Şondan soňky bolup geçen ahwalatlary söz  bilen beýan eder  ýaly däl.  Gaýanyň  ýüzi bilen ýuwaşjadan süýşüp gelýän ýylan üstüne ok ýagyp ugrandan erbet bir tisginjiredi, soň o ýan, bu ýan  urundy, silkindi, güýrugyny  arçadan çözmän howada  hallan atdy. Öz  badyna  baryp telim ýola gaýanyň ýüzüne “hylç-hylç” uruldy. Özem näme  üçindir  birsyhly öküň  ýagýan  tarapyna kellesini ülňedi durdy. Birdenem guýrugyny  arçadan çözdi-de, “şowurdap” aşak gaýtdy. Öwnuk çagylly, tekizleç  meýdançanyň üstüne  “jylkyldap” düşüşi ýalam  guýrugyna agyz  urjak bolýan ýaly alahasyrdy bolup bir  duran ýerinde  öwrüm etmäne, pyrlanmana başlady. Birdenem günortanyň tüweleýi ýaly  towlanjyrap özüni dik ýokary zyňdy. Heniz howadaka ýazylyp-büzülip, göwresi bilen ululy-kiçili birgiden halka ýasady. Ýöne o durkunda  uzak  saklanybilmedi.Özüni aşak goýberdi. Ýany ýere  degendenem oranyp, “çörek” ýasamana  başlady. Her oram öňki oramyň üstüne düşüp  münderlendi gitdi oturdy. Beýgeldigisaýam ýokarysy  çüreldi. Şonda  men içimden onuň  oramyndan  emele gelen  ýokarysy  çöwluja  müňder Täçmyrat daýymlaryň işigindäki sygyr kümäniň  ululygyndan-a pes däl  bolsa  gerek, diýip  oýlandym. Emma ol özüniň  bu görnüşinem uzak saklamady. Birdenkä  “şapyrt” etdirip, göz  açy-ýumasy  salymyň   içinde ýazyldy-da,  gös-göni bolup  süýndi  ýatyberdi. Agyr “hassyldap” demini goýberdi. Şondan  soň  ondan gymyldy-hereket bolmady.
Bu hereketleriň barysyny ol janhowluna, iň soňky deminde etdi. Şonda  biz deň-duşlarymyz bolup öz  ýanymyzdan onuň  ýogynlygy şäher  ýoluň ugrundaky tilagaçlarça-ha bardyr, uzynlygy welin ondanam uzyndyr, diýen netijä geldik.
Söýün bolsa tä, ýaşulylaryň  biri: “Goý how, hüşşüldiňi” diýip, üstüne  azgyrylýança sykylygy bilen geň  galmaklygy aňladýan heňi ussatlarça çaldy durdy.
Mahlasy, esgerler itiň  görgüsini  görüp maşyna ýüklänlerinde, ony  nowanyň  uzynlygyna üç-dört  gezek dagy külterlediler, ýöne, şonda-da  guýruk  tarapyndan ep-eslisi daşyna  sallandy.
Biz tä garasy ýitýänçä maşynyň  yzyndan seredip durduk.Haltäç  daýza-da  seredip durdy. Ýöne ol näme üçindir aglaýardy, gözüniň ýaşyny  ysmanakdan ýňa  göm-gök bolan aýasy bilen süpürip durşuna  bir  zatlar diýip  pyşyrdaýardy. Men onuň  golaýyna bardym.Diň saldym. Özüniň sag-aman apatdan gutulandygy üçinmi ýa  bu  belanyň  uly iliň  başyndan sag-salamat  sowulandygy üçinmi, ýa düýbünden  başga bir zat  üçinmi bolemok, ol ýetişibildiginden  doga okaýardy.
Äpedi esgerleriň nirä äkidendiklerini, näme edendiklerini men  bilemok, ulularam bilýändirler öýdemok, egerde  bilýän  bolsadylar, onda o hakda oba gürrüň  ýaýrardy we  bizem eşiderdik. Ýöne, gep onda däl, gep hakykatdan-da uly il bolup  aýylganç bir uly  belanyň dep edilendiginde.
…Gidende dürli toparlardan ybarat bolup sallam-sajak giden “ýygyn”  gaýdanda bir toplum bolup ýola düşdi. Tä oba  gelýänçäk, ekabyrlar öň bolup  geçen  şuňa  meňzeş dürli wakalardan  söz  açdylar. Esasanam uly bolsun,  kiçi  bolsun ýylanyň  taýly  bolýandygy, birini  öldürseň beýlekisiniň  iru-giç ar almana  gelýändigi, dyygysyz hüjüm edýändigi barada aýtdylar. Tymsallar getirdiler.
Bu  gürrüňler köpleri oýa  batyrdy. Diňe Mäti kiçjik:
–Aýtdym-a men, degmäň  diýdim-ä, munyňyz  bikanun, tebigatyňam öz kanunlary bar, o-da  sizden  ar  alman  goýmaz diýdim-ä – diýip,  aýtmadyk  sözlerinem aýtdym edip köpçüligiň  içinde iki  ýana  ýumalandy ýordi. Her kimiň  ýanyna bir baryp özüniňkini  tassyklatjak boldy. Seniň aýdanlaryň dogry ekeni  diýdirjek boldy. Ýöne oňa barmysyňam  diýmediler, hatda  hälkileri ýaly ýüzünem aljak  bolmadylar-da,  öňküleri  ýaly  özara  gürleşip  ýollaryny  dowam etdiriberdiler. Oba gelenimizden soňam daşyna çalamydar, ommuk-sommuk, ýarysy çüýrän şahaly agaçlar dikilip, üzük-ýoluk, posly, kä ýerine tikenekli, kä ýerine  alýumin, kä  ýerine  bolsa  suwly polat simlerden çatyşdyrylyp aýlanan, telim ýylyň baslygan derslerinden ýaňa içi gat-gat gemre  baglap giden  ullakan sygyr ýatagynyň öňündäki şyr-ak, takyr meýdanyň  ortarasynda  durup,tä garaňky gatlyşýança şol bir howatyrly gürrüňlerini dowam etdirdiler. Iň  soňunda: “Muňňam taýy bar bolmagy mümkin. Bar bolsa o-da dek ýatmaz. Şoň üçinem, uly-kiçi, hiç kim daga ýeke  gitmesin” diýibem, dargaşdylar.

* * *

dowamy bar...

Juma HUDAÝGULY
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 464 | Добавил: НаS | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: