07:43
Obam
OBAM

Ýaşlygymyñ iñ şowhunly günleri,
Eziz obam señ goýnuñda geçipdir.
Obam bir mahalky saýrak guşlaryn,
Ýetişdirip, çar tarapa seçipdir.

Señ goýnuñda gelip bu gün kemala,
Uzaklara uçup giden guş menem.
Aýlansam älemi, ýeriñ ýüzüni,
Senden eziz hiç bir ýere duşmanam.

Çünki geçdi sende, çagalyk ýyllam,
Göýä,bu ömrümiñ pasly bahary.
Sülmüräp näz edip, uly gyz çykyp,
Sende garşyladym, ençe säheri.

Şoñ üçin kämahal gelýän obama,
Geçen günlerimiñ ýumagyn çözläp.
Gamsyz çagalygmy, ajap ýaşlygmy,
Näçe küýsesem-de, tapamok gözläp.

Tapmasam hem eziz maña bu ýerler,
Şol günleri mydam ýada salyp dur.
Jandan söýüp, ezizlänim jan obam,
Señ waspyñ etmäge gyzyñ gelipdir.

Eziz obam geldim, garşyla meni,
Señ mähriñden ine-gana ganaýyn.
Hemem bir pursatjyk dolanyp yza,
Geçen ýaşlygymy ýada salaýyn.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 382 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]