01:12
Toba / hekaýa
TOBA
(JEZA BERIJI ESKADRON)

Ýylda bir öwran älemi esrik ner dek kükredýän joşgunly bahar düñle sährany-da jadylaýjy demi bilen tanalmaz ýaly özgerdipdi. Asman giñişliginde ýukajyk bulutlaryñ arasynda agaýana ýüzýän Gün giñ jahany süýt ýaly ak nurdan dolduryp, ýaşyl begres ýapynan al-gyrmyzy gülli çöl-beýewana ajaýyp bir görk berýärdi. Salkyn sähradan nyzam bilen uzak ýola barýan atly esgerler añyrsy görünmeýän dury howaly gözýetime siñe-siñe seredip, täze gurulýan ýoksullar dünýäsiniñ başy gök dirän belent köşklerini, behişdi baglaryny görselerem, şu mahal geñ galjak däldiler. Aglabasy ýaş ýigitlerden ybarat bolan esgerleriñ göwünleri ynamdan hem arzuwdan ýaña joşup-daşyp durdy. Gapdallap sürüp gelýän eskadron komandiri esgerleriñ göwün hyýalyny hasam ganatlandyryp gepleýärdi:
- Görüñ-ä, görüñ-ä bu gülälekli zollary! Yllaki ynkylabyñ gyrmyzy, baýdagy düşelen ýaly! Akja, gökje, saryja güller bolsa, biziñ şanly baýdagymyzyñ zer seçegi dek seçelenipdir! Men size näme diýjek bolýan? Şu owadan, ajaýyp dünýä mundan beýläk tutuşlygyna biziñkidir diýmek isleýän! Aýdymda aýdylyşy ýaly: "Bu ýagtylyk, täze döwran biziñki!.." Hanha, serediñ, sag ýanymyz bilen deñme-deñ uzap gelýän aññat-aññat gum ulgamlary-da, han-ha, çep ýanymyzy tutup ýatan otly-çemenli ümmülmez düzlügem, alnymyzdaky çoganly-ýowşanly titirligem, şu çölüstanda agyp-dönüp ýören süri-süri dowarlaram, iri mallaram ~ hemmesi, hemmesi biziñki! Birinji wezipe ~ biz ganym baýlaryñ, begleriñ, işan-mollalaryñ gala-galmasynam tizden-tiz ýok edip, şuralar ýurdumyzy şolardan päkläp, bagt kölüne batyp ýaşabermeli! Kimde-kim ozal hiç bolan bolsa, indi güýç boldy. Kimde-kim ozal güýç bolan bolsa, indi puç boldy. Biliñizdäki dembermez gylyçdan, egniñizdäki suw ýaly bäşatardan, sarsmaz dag ýaly bolup arkañyzda direnip duran partiýa, hökümetden minnet çekiñ!..
Komandiriñ manyly sözleri ýeke bir esgerlere däl-de, hatda olaryñ horguryşyp, guýruklaryny bulaýlaşyp göwünjeñ gadam urýan atlaryna-da täsir edýän ýalydy. Öñ meýletinleriñ otrýady hasaplanan bu esgerler ýañy-ýakynda täze harby geýim hem ýarag bilen beslenip, hökümediñ atly polkuna goşulypdy. Egni ýaşyl gimnastýorkaly, bili kaýyş kemerli, başy zommak budýonowkaly, mañlaýy gyzyl ýyldyzly atlylar täp-täzeje harby eşikde öz-özlerine guwanç duýgusyny syzýardylar. Dogrudanam, öñler obada iş-pişesiz söwedeñleşip ýören bikär oglanlar kim? Bularyñ haýsam bolsa biri edil şu sypatda dogup-dörän köne obalaryna toý mähellesiniñ gyrasyndan sürüp baraýsa dagy, obadaşlary içlerini çekişip: "Bäh, bi Garaja batyrmy-aý! Edil tanar ýaly bolmandyr-ow zaññaryñ biri!" diýşerler. Çülpeje oglanlar onuñ mañlaýyndaky gyzyl ýyldyzyna, jylawyny çeýnäp bökjekleýän atyna, tüpeñine-gylyjyna höwes bilen garasa, öñ mahalky ulumsy gelin-gyzlar indi onuñ harby geýimiñ täsiri bilen dikgerip gönelen göze ýakymly boý-syratyna-da ogryn-ogryn gözlemän durmasalar gerek!
Şu pursatda komandir gum tarapdan atyny hasyrdadyp eñip gelýän gözegçi esgeri görüp:
- Eskadron! Aýak çek! - diýop buýruk berdi-de, gyssanyp gelýäne garşy sürdi.
- Näme gördüñiz? Basmaçymy? Gaçakçymy? Näçe atly?
- Hiç zadam göremzok, ýoldaş kemendir!
- Onda näme aldyranyñ bar ýaly atylyp gelýäñ?! Hany ýanyñdaky nirede?
- Ol gözetleýär, ýoldaş kemendir! Men bolsam başga zat aýdaýyn diýip geldim...
Esger üzeññä galup dikeldi-de, ilerki guma bakan boýnuny süýndürdi, eliniñ aýasyny gulagyna eltip, tutuşlygyna gulaga öwrülip diñ salmaga başlady. Eşitgirlikde deñi-taýy bolmadyk, şol sebäplem "Bäpbe diñçi" adyny alan bu esger üşerilip duransoñ:
- Eşidýän, ýoldaş kemendir! - diýip, gizlin bir syryñ üstüni açan ýaly dillendi. - Şahlak gär serkäniñ boýnundaky jañyñ düññürdisini eşidýän: düññül-zaryñ, düññül-zaryñ... Aýak ýeterde agyr süri bar, agyr süri!
Hoş habar üç toplum bolup duran atlylaryñ arasynda şadyýan seslenme döretdi. Begenjine: "Jan saña!" diýenlerem boldy. Şorsuran zaññarlaryñ täzeje etden çekdirme ýa börtme iýenlerine ýarym aý dagy bolupdy.
- Baýyñ sürüsidir öýtseñiz, baryp gaýdyberseñizem bolar - diýip, Aşyr özüniñ mañlaýy ýyldyzly komandir papagyny galdyryp, akja-ýaglyk bilen ýüzüniñ derisini çaldy.
- Häý, süri bolsa, baýyñky bor-da, ýoldaş kemendir! Garypda süri nireden bolsun?
Bäpbe diñçi şeý diýip, dişlerini bihaýa syrtardyp gülen bolup dur. Toplum atlylaram hehede-hehe boluşýar işdämen ýalmawuzlar.
Aşyr komandir üç-dört atlyny süriniñ üstüne iberdi-de, gumuñ goltugynda, akja çägäniñ üstünde, rahat ýerde düşlemegi buýruk berdi. Esgerler atlaryny ýalañaçlap, olary uzgam çöketligi basyran hem adaja şemala ülpüldäp öwşün atýan ýumşajyk urkaçy selinlige goýberdiler.
Harby eşik syratly synasyna diýseñ ýaraşýan ak ýüzli, uzyn boýly komandir dynç almaga oturan ýigitlere ädiklerini çykarmaga, guşaklaryny ýazdyrmaga rugsat berdi-de, olaryñ öñünde iki ýana gezmeläp, göwnüne gelýän pikirlere gümra boldy: "Häzir baýlaryñ ýüz müñlerçe dowary, düýe maly gum içinde, yllaki gurt ýaly elewräp ýör. Gan içen ganymlar indi mal-halyndan ellibizar geçip, janyny gutaryp bilseler razy bolaýmaly boldy. Türkmenistanyñ Merkezi ispolnitel komitetiniñ hem-de Halk Komissarlar Sowetiniñ Karary esasynda häzir gumly baýlaryñ, kulaklaryñ müñläp dowary täze gurulýan sowhozlara hem kolhozlara mugt berilýär. Eýeleri bolsa synp hökmünde ýok edilmäge degişli. Ýerbent hem Kyrkguýy çarwaçylyk raýonlarynda bu işiñ depgini entek pes hasaplanýar. Käbir baýlar goñşy ýurtlara malyny sürüp gaçyp gitmäge hyýal edýär. Biziñ eskadronymyzyñ ýörite harby tabşyryk bilen häzirki barşy hem sekiz süri goýnuny, ýüze ýakyn düýesini daşary ýurda aşyrmak üçin ýola düşen ady belli baýy serhetden aşmanka ele salmak. Onuñ göçüni çopan-çolugy, dogan-garyndaşy, aýal-ebtady, çaga-çugasy hem ýanlaryndaky garawul basmaçylary bilen bile toparlaýyn ele salyp tutup alyp gaýtmak. Ýüz adamdan jemlenen atly-ýaragly, pulomýotly eskadrona şol gaçakçylaryñ suwytly gaýtawul berip bilmejegi mälim hem welin, ýöne şu ýigitleriñ arasynda jeñde ganjaryşyp görmediklerem, hatda horazyñ damagyny çal diýseñ eli titreýän "ejem ogullary" hem bar bolmaly. Söweşde ýaraly bolup ýesir düşen baý guýruklary heran-haçan janyýangynly gargynjyrap, awusyny pürküp, häzirem köne zamandaky ýaly, garyp-pukarany adam hasabynda görmeýändigini bildirýär. Şonda olary golaý garyndaşlary bilen bilelikde gylyçdan geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Ine, şeýle zerurlyk ýüze çykanda, şu gögele oglanlara: "Çap! Pürrele! Dogram-dogram et!" diýseñ, ýaýdanyşyp dursalar gerek. Çagalykda, obada, düşünjesiz, yzagalak adamlaryñ arasynda gulaklaryna guýlan bolgusyz zatlar: "Dünýäde iñ günä zat ganhorlukdyr, ganhory dowzahda jyzyrdadyp oda ýakarlar" diýen ýaly köne pikirler olary aýgytly hereket etmäge ýol bermez. Añrysyna seretseñem, bularyñ ýüreginde entek synpy ýigrenjiñ ody lowlap ýananok. Şol ody ölçerip güwletmeseñ, bulardan hiç wagtam işçi-daýhan gyzyl goşun çykmaz! Baýyñ goýnuny iýip gerk-gäbe bolmak dagy nämejik! Bulary baýyñ sallançakda ýatan posalajyk balalaryny lak-luk atmaga ukyply edip terbiýelemeli!.."
Esgerler bolsa bu mahal toplum-toplum bölünip, her toplum bir zada gyzygyp, gülşüp-bälçireşip, oýun-henek edişip otyrdy. Tejenli - saragtlylaryñ üýşmeleñi beýlekilere garanda has şahandaz, garagol bolup, olaryñ şowhuny has göçgünli çykýardy. Bu toparyñ ortasynda köneje dutaryny gazalap, kellesini gaty-gaty bulaýlap, "heý-heý-heý!" edýän ýapbyldak bagşy öýlenmedik oglanlary gyjyndyrýan, olaryñ hyjuwyny atlandyrýan aýdymlary sanaýardy. Bagşy: "Ak mämäñe çybyn gonmuş oglankañ, ulalanda yzy görner, Akmeñli!" diýende, daşyndakylar: "Howjan! Diliñe döneýin! Göwnüm bol!" diýip gowur turuzýardy. Bettan atly ýaman gorsaw birisi bolsa: "Görkeziñ maña şol gonmasyz ýere gonýan haramzada çybyny! Ýazzy mañlaýyndan garsyldadaýyn men onuñ!" diýip, gara çyny bilen gygyrýardy.
Aşyr komandir şol Bettanyñ öz obasyndaky baýy ar-namys üstünde jöwher pyçak bilen garnap gaýdandygyny hem-de hökümetden arka gözläp, gyzyl goşuna girendigini oñat bilýärdi. Şunuñ ýaly, iki tarapyny deñlänler eskadronda ýene-de bäşleñ-üçleñ bardy. Bular telpegini al diýseñ, kellesini almaga taýyn, jeñde arkaýyn bil baglap boljak dyzmaç, dözümli kişilerdi. Emma synpy duşmany ýek ýigrenmek hyjuwy şu sanlyja adamda bolşy ýaly, beýlekilerde-de bolsady! Galanlaryñ hem ýüregini ýigrençden ýaña hyñlap durar ýaly etmek üçin, türkmeniñ iñ ýaman görýän zadyny ~ ar-namysy orta atyp gyjalat bermäni ulanmak dogry bolsa gerek. Aşyr komandir şu niýet bilen elini galdyryp yşarat etdi-de, özüniñ näme-de bolsa bir zat aýtjakdygyny añdyrdy. Bagşyly topar "ýuwaşda-ýuwaş" diýşip dymanda, komandir oturanlara golaýrak durup gepledi.
- Haý, batyr ýigitler! Bettanyñ ýañky aýdan jaýdar sözüni hemmäñiz eşidensiñiz. Gulpaklyja gyzyñ entek tözlenmedik mämesine neşderini sanjan wagşy çybynyñ ýazzy mañlaýyndan garsyldadyp ataýyn diýýär ol. Gaty dürs aýdýar. Emma onuñ sözi wagşyýana çybyn hakda aýdylman, ynsanlygyny ýitiren ýyrtyjy baý dogruda aýdylsa, hasam uly mana eýe bolardy. Men size bir baýyñ gürrüñini bermekçi. Şonuñ ýaly baý siziñ her biriñiziñ obañyzda-da bolmalydyr. Bilýäñizmi ol nädýär? Öz obasyndaky garybyñ entek göze görünmedik ýaşajyk guba gyzyny galyñ berip satyn alýar-da, mähnet ýekegalan ýaly, ony nika gijesi parçalaýar. Görgüli çaganyñ: "Waý, eje-leý! Waý, öldüm-eý!" diýip wägirmesi baýyñ öý diñleýän dogan-garyndaşlarynyñ göhüni getirýär. Meniñ tanaýan baýym uly aýalynyñ üstüne, şeýdip üç gyz aldy. Ýagşy pikir edip görseñ, baýlaryñ şol parçalaýan çagalary, eýsem obadaky garyp ýigitleriñ uýalary dälmi? Bäpbe diñçiniñ uýasy dälmi? Gurbynyñ, Annagyñ, Mäminiñ, beýleki garyp ýigitleriñ uýasy dälmi? Ýyrtyjy möjegiñ akja toklyny parçalaýşy ýadyma düşende, ar-namysdan ýaña meniñ içim tütäp, agym tutuberýä! Ýüregim şu zuluma çydaman, parka-parka ýarylyberýä! Biz haçana çenli döz gelmeli?! Sowet hökümeti bize näme üçin ýarag berdi, güýç berdi, ygtyýar berdi?! Meniñ şu aýdýanym siziñ hiç biriñiziñ janyñyza degenokmy?! Janyñyzy jowrandyranokmy?! Ýa-da siz şeýle binamys adamlarmy?!
Bettan zöwwe ýerinden galdy-da:
- Boldy, kemendir! Boldy! - diýip, agzyndan ot saçyp gygyryberdi. - Hany görkez maña şol aýdýan baýyñy! Sakgalyndan gañryp tutaga-da, bogazyny garladyp çalmasam, atamyñ oglt bolmadygym!
Ady tutulan Gurby, Annak, Mämi dagy hem edil kem galýan ýaly ýerli-ýerden zowladyberdi:
- Bizem bardyrys-how! Baýlaryñ tohumyny tüketmelem bolsa, gaýra durar öýtmegin! Ar-namysy iki esse edip ýerine salarys!
Aşyr komandir esgerleriñ ganyny gyzdyryp bilendigine öz ýanyndan gaty hoşal boldy-da: "Byla-ha baryp ýatan syýasy okuw bolaýdy!" diýip oýlandy. Aslynda-ha urşujy ýigitleriñ añ-düşünjesini synpy ýigrenjiñ awy-zäheri bilen püre-pür doldurmak, elbetde, eskadron komandiri Öremediñ wezipesi. Öremet komissar bolsa sürüden soýarlyk janly getirmäge iberilenlere baş bolup gideni üçin, hanha, ýañy gaýdyp gelýärdi. Haýdaşyp sürüp gelýän atlylaryñ her haýsy bir semiz goýny öñlerine kese basyp nahar ataryljak ýere düşürende, oturan esgerleriñ juda keýpi göterildi. Garaýagyz, gaşlak, burunlak, murtlak komissar, uly iş bitiren ýaly, üstüni kakyşdyryp geldi-de, näme gürrüñ etdiñiz diýen manyda Aşyr komandiriñ ýüzüne soragly garap durdy. Komandir bolan gürrüñi gysgajyk aýdyp berende, Öremet başyny atyp-atyp oñlady.
Şol wagt añry çetde ornaşan bir ýigit çekinjeñ, ýöwsel äheñde:
- Ýoldaş kamsar! Hany bi günä-sogap diýlen gepem-ä bardyr. Gan dökenimiz, jan alanymyz üçin, o dünýäde jogap bermeli bolsak näderis? - diýip sorady.
Öremet komissar saryýagyz ýigidiñ bu aýdýan zadynyń bütin eskadrona zyýanly täsir edip biljekdigini göz öñüne tutup, ony utandyryp gepledi.
- Melebaý! Bilýäñmi, jan inim! Özüñ ýaly gyzyl esgeriñ şol bolgusyz zatlara ynanmagy barypýatan nadanlygyñ, yzagalaklygyñ nyşany ahyryn! Sen dünýäde iñ öñdebaryjy jemgyýetiñ wekikidigiñi bileñokmy?! Hýä, ýanyñda Suhanberdi molla otyr welin, megerem, seniñ akylyñy bulaşdyrýan şol bolsa gerek. Suhanberdi molla başga zat üçin däl-de, sowatsyzlygy ýok etmek üçin otrýada alyndy. Siz molladan okamany-ýazmany öwrenseñiz öwreniñ-de, ýöne onuñ ahyret, kyýamat diýenine gulak gabartmañ!
"Suhanberdi" diýlip ady tutulan orta ýaşly, gara gyrçuw sakgally eskadron mugallymy "Mende günä ýok" diýen manyda ýylgyryp ellerinin daldalatdy. Öremet bolsa hasam bat alyp, sözüni dowam etdi:
- O dünýä, ahyret, kyýamat diýen zatlaryñ toslamadygyny subut etmekden añsat zat ýok! Heý, o dünýä gidenleriñ gaýdyp gelýäni barmy? Bolubam bilmez! Bu zatlar baýlaryñ, işan-mollalaryñ aldawy! Özüñiz pikir edip görüñ, olar şu gürrüñe ynanýan bolsalar, ýoksullaryñ ganyny içmäge milt edermidiler?! Müñ ýyllap garyplaryñ hakyny iýermidiler?! Indi bize gezek geldi, oglanlar! Biziñ döwran sürmeli döwrümiz geldi! Sowet hökümeti halkymyzy eşrete ýetirdi. Eşretli döwrany goramak üçin, gyzyl goşun synpy duşmanlary ýer bilen ýegsan etmelidir! Men dogry aýdýandyryn, ýigitler!
- Gaty dogry aýdýañ, ýoldaş kamsar! - diýip, Bettan, Gurby, Annak, Mämi dagy gaty göwünjeñ seslendiler.
Şundan soñ Aşyr komandir bilen Öremet komissar esgerleriñ syýasy taýýarlygynyñ barha ýokarlanýandygyna guwanyp, şu ýagdaýda gaçgak baýy serhetden aşyrman, ýolda ele salmak baradaky harby tabşyrygy birkemsiz ýerine ýetirjeklerine ynanyp, aşpezleriñ goýun soýup nahar bişirýän ýerine bakan ýöneldiler. Nahar taýýar bolýança, esgerlere isledikleriçe dynç almaga rugsat berildi. Olaryñ aglabasy ýumşak ak çägäni ýassanyp, meýmiräp uka gitse, başga bir topary atlaryñ guýruklaryny bulaýlaşyp siññin otlaşyp ýören tarapyna, gül-gülälekli meýdana gezelenje çykdy. Şol pursatda tebigatyñ täsin bir hadysasy peýda bolup geñ galdyrdy. Günüñ mylaýym ap-ak nury bilen bile dury asmandan maýdaja "keýik garamagy", dür dökülýän ýaly ýyldyr-ýyldyr sepeläp, bütin dünýäni ajap, owadan bir görnüşe getiripdi. Suhanberdi molla gülli meýdanlara hem asmana kaýyl galma bilen garap dillendi:
- Älhepus! Behişdiñ bir güni Ýere düşäýdi-ow! Allanyñ sunguna bakyñ-a! Tükenmez giñ älemi inçe-nepis nagyş bilen bezäp oturyberdi! Näzijek gülleriñ asmana owsunyp, ýaradanyñ keremine ymtylyşyna syn ediñ! Heý, şu ajaýyp dünýä gan çaýkamaga neneñ dözersiñ?! Dözermiñ, Melebaý, dözermiñ?
- Soramawer-ow, mollam, soramawer! - diýende, saryýagyz ýigidiñ sesi aglamjyrap, ýalbarýan ýaly eşidildi. - Obadaş oglanlar goşuna gireli diýseler, il ugruna menem ýazylaýdym-la. Ýöne, at münüp ýörmelidirin öýdüpdirin-dä.
Suhanberdi molla arzuwly äheñde sözüni dowam etdi.
- Şu mahal asmandan nur bilen dür dökülip durka, çöl-beýewanyñ iñ çola ýerinde keýikler owlaklap, towşanlar çebşekläp, eýjejik, owadanja janawarjyklar dünýä inýär. Emma welin... - Molla şu ýerde demi gutaran ýaly boguljyrap, sesini üýtgedip gepledi. - Emma welin, nägehandan peýda bolan ýyrtyjy möjek aýklanmadyk owlajygyñ hem selniñ içinde busup ýatan çebşejigiñ teninden jan alyjy dişini geçirip, süýjüje ganyny soranda, görgüli owlajyk zaryn mäläp, çebşejigem bir jynssyz jägirer welin, olaryñ soñky deminde çykan sesi depäñ saçyñy üýşürip, imanyñy göçürer!..
Melebaý eşiden zadyny gözi bilen gören ýaly bolup elheder aldy-da, saryýagyz ýüzüniñ ganyny gaçyryp, daýanyp duruberdi. Ol aýdara söz tapman: "Bähh!" etdi.
- Adam adama ýagy bolanda nädýändigini bir bilsediñiz! - diýip, Suhanberdi molla öz-özünden haýygyp, hyrçyny dişledi. - Oý-hoow! Oý-hoow! Ýyrtyjy haýwanlaryñ dagy bolşuny toýlamalydyrla-aý!
Şol wagt hemmeler ýygnanmaly diýen çakylyk eşidildi hem nahardan öñ birsellem söweş tälimi geçiriljekdigi aýdyldy. Gumuñ goltugyndaky çökediräk ýeri dolduryp oturan ösgün çomuçlygyñ ýakasyna üýşüldi. Komandir pajarlap ösen uzyn-uzyn çomuçlara elini uzadyp gepledi:
- Ine, şu ýagjymak porsy ys ýaýradýan padarlary ganym duşman hökmünde göz öñüne getireliñ! Hamala, olar garny ýagly semiz baýlaryñ özi, dogan-garyndaşlary, ogul-gyzlary, aýallary, hyzmatkärleri, goraýjy basmaçylary diýeliñ. Häzir biz gyzyl goşunyñ merdana serkerdesi Semýon Mihaýlowiç Budýonnynyñ dünýä belli söweş tälimini öwreneris. "Çybyk çapmak" tälimini biz öñem geçipdik. Emma çomuç çapmak hakykata has laýyk bolsa gerek. Paşyrdap duran endamly ýaşyl çomuç edil adamyñ bedeni ýaly janly zat ahyryn. Hany ýyndam, düşbi bäş aty ykjam eýerläp getiriñ!
Ine, şundan soñ iñ dogumly ýigitleriñ bäş sanysy jylaw çeýnäp oýnaklaýan atlara atlanyp, almaz gylyçlaryny ýalpyldadyp syrdylar. Olar ady agzalan gyzyl serkerdäniñ gazap bilen okkesdirme söweşe girişini hem-de sagyna, çepine darap, duşmany şarpa-şarpa çapyşyny görkezdiler. Ýigitleriñ golundaky dembermezi ýalp-ýalp inip-çykyp, çomuç baryny leýs edip geçýärdi. Çomujyñ kerçem-kerçem bölekleri çapylan adamyñ başyndan-bedeninden, elinden-aýagyndan gan saçylyşy ýaly, şiresini şabyrdadyp dökýärdi.
- Berekella, Bettan! Berekella, Gurby! Berekella, Mämi! - diýip, komandir bilen komissar ikisi iki ýerden, çapyjylara meçew berýärdi. - Siz söweşde-de edil şunuñ ýaly gaýduwsyz hüjüm etseñiz, ýoldaş Budýonnyý sizi orden bilen sylaglar.
Çomuç çapmak tamamlanyp, esgerler bir ýere toplanansoñ, komandir Türkmenistanyñ günbatar tarapynda ~ Dähli, Çyryşly, Çagyl guýularynyñ ýanynda geçen ýylyñ oktýabr aýynda gyzyl goşun bölümleriniñ üstünlikli hereketleri bilen basmaçy toparlanyşyklarynyñ merkezlerine derbi-dagyn ediji zarba urlandygyny hem basmaçylaryñ ýok edilendigini gürrüñ berdi. Komandiriñ aýdýany 1931-nji ýylyñ 16-njy oktýabrynda "Туркменская искра" gazetinde çap edilen dabaraly hem guwançlt habar bolup, onda Orta Aziýa harby okrugynyñ komandowaniýesi we esgerleri Garagumda basmaçylaryb derbi-dagyn edilendigi hakynda Türkmenistanyñ zähmetkeşlerine buýsançdan, begençden doly raport buşlanýardy. Orta Aziýa harby okrugynyñ goşunlarynyñ komanduýuşisi ýoldaş Dybenko, okrugyñ rewolýusion harby sowetiniñ çleni ýoldaş Bauzer we Orta Aziýa Birleşen döwlet syýasy Uprawleniýesiniñ ygtyýarly wekili ýoldaş Ýewdokimow tarapyndan gol çekilen raportda: "Partiýa we komsomol guramalary söweş operasiýalarynda komandowaniýäniñ talaplaryny ýerine ýetirmekde bolşewistik hyjuwlylygyñ hem-de tutanýerliligiñ nusgalaryny görkezdiler, köp milletli bölümleriñ bütin sostawyny partiýanyñ baş liniýasynyñ töweregine jebisleşdirdiler. TSSR-iñ zähmetkeşleriniñ öñünde öz internasional borçlaryny ýerine ýetirdiler" diýilýärdi.
Komandiriñ gürrüñini diñläp duran Suhanberdi molla bilen Melebaý haýpy gelmek bilen bir-birleriniñ ýüzüne garap, başlaryny ýaýkadylar. Bularyñ haýpy gelmegine sebäp bolan zat bigünä ýomut ilatyñ wagşylarça gyrylmagyna harby gahrymançylyk diýlip at berilmegidi. Suhanberdi molla şol gyrgynda, basmaçydan daşgaryn, kökene kökerilip goýlan ýüzlerçe biçäre garrylaryñ, aýallaryñ, neresse çagalaryñ hem ýañky çomuç kerçelişi ýaly kerçelendigini eşidipdi.
Aşyr komandir şübhelendirmäge ýer galdyrmaýan ynam bilen pikirini ösdürip sözlemegini dowam etdi:
- Günbatar operasiýasynda 281 adam partiýanyñ hataryna, 112 adam bolsa komsomolyñ hataryna kabul edilen. Eýsem bu ýagdaý partiýa guramalaryñ bolşewistik ýolbaşçylygynyñ bigüman dogrulygyna, şeýle hem partiýada däl esgerleriñ partiýa bolan çäksiz ynamyna şaýatlyk etmeýärmi?! Ynha, tiz wagtda, hut şu ýylyñ içinde, biziñ merkezi çarwaçylyk raýonlarymyzda-da edil şonuñ ýaly söweşjeñ operasiýa geçiriler. Garagumy basmaçy bandalardan arassalamak, çölüstany sowetleşdirmek işi üstünlikli tamamlanar. Garryçyrla, Bagt, Mollagurban, Keltegoñur, Çürçüri, Gyzyltakyr sebitlerinde kyýamat gopar, gan sil ýaly şarlap akar. Biziñ eskadronymyz hem şu janly söweşde gylyjyndan gyrmyzy gan saçyp, uly abraýa eýe bolar. Siziñ iñ batyrlaryñyz bolsa, partiýa we komsomol hataryna kabul edilersiñiz, belkem, orden bilen sylaglanarsyñyz. Eýýämden taýýarlanyp ýören gazaply söweşe hut ýoldađ Budýonnynyñ özüniñ ýolbaşçylyk etjekdigi barada-da gürrüñ ýaýrapdyr. Gumda müñ ýyl bäri agalyk sürýän baýlar, begler, kulaklar: "Buduýogyn geljekmiş! Buduýogyn geljekmiş" diýip gorkularyna zagyrdyklap oturanmyşlar. Olaryñ käbiri bolsa, üstlerinden ahyrzaman inmänkä, maşgalasyny hem mal-döwletini alyp, daşary ýurda gaçmaga başlady. Şolaryñ birisem Keltegoñurly Gerçek baý. Häzir onuñ göçi, süri-süri mallary Üñzüñ ugruny syryp, Uzboýa bakan eñip barýar. Bizem onuñ öñüni gyýalap, serhede ýetirmän kakyp almakçy. Näderis öýdýäñiz, oglanlar?
- Gyrgy uran ýaly ederis! Läşini şakgalarys! Çomuç çapan ýaly pürreläris! - diýşip, esgerleriñ birtopary how çekişip gygyryşdylar.
Şundan soñ nahar iýmäge oturyldy. Işdämen ýalmawuz ýaş ýigitler gowrulyp bişen täzeje goýun etinden sümrüp-sümrüp iýdiler, omaça gemirdiler, gazanyñ düýbündäki lödereli ýagdanam kaşyklap-kaşyklap içdiler.
Dem-dynjyny alandan soñ atlanan eskadron ýaşyp barýan Güne ýeñsesini öwrüp, çölüñ jümmüşine bakan uzak ýola rowana boldy.

◆ ◆ ◆

(dowamy bar)...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 493 | Добавил: НаS | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: