11:14
"Orda keseli" / hekaýa
"ORDA KESELI"

Döredijilik komandirowkasynda gezip ýören hudožnikler Hakberdi Halykow bilen Ýagdy Nurnepesow sowhozyñ iñ ökde çopany Gorkut aganyñ goşuna gelip, dik duran ýerlerinden adama bir okara düýe çalyny gönderip-göndermänkäler guýynyñ gündogar tarapyndan ilk-ä bir: "Hä-äýt, hä-häýt!" diýýän haýbatly ses eşidildi, yz ýanyndanam bosuşyp gelýän bir süri goýun göründi.
Süriniñ gapdaly bilen edil dag süýşsn ýaly howalanyp gelýän äpet sary ineriñ üstünde: "Al-ha-aýt! Aýla-an! Hä-äýt şahyñ döwülmesin seniñ bir, erke-eç! Gy-ýuw! Goç-ha!" diýip ala-galmagal bolup oturan çopan myhmanlara gözi düşenden elindäki taýagyny süriniñ dagap barýan tarapyna oklaga-da, ineriñ başyny bärik öwürdi. Öñüne kese basylgy pişegini eline aldy. Kenardan kert gaýdan ýaly, ineriñ üstünden syrylyp düşdi-de, ýeke-täk çep goltugyndaky pişek bilen ýeke-täk çep aýagynyñ üstünde towsaklap, tolkunyñ garşysyna ýüzýän äpet gämi ýaly, omzy bilen howany böwsüp başlady. Gelip gadyrly salamlaşdy. Hal-ahwal soraşdy. Agtyklarynyñ hersine bir ýumuş buýrup, gapynyñ agzynda ik ýaly pyrlanyp durşuna myhmanlardan çaýy nirede içjekdiklerini sorady. Olaryñ: "Gara öýe giräýeliñ-le, Gorkut aga" diýenlerini eşidip: "...Berekella inerler!" diýdi-de, jaýyñ öñündäki gara öýüñ tutusyny serpip goýberdi. Birdenem ho-ol añyrda agyla girmejek bolup, oglan-uşaklary aljyradyp ýören bäş-on sany sarç goýna tarap hekgeräge-de:
- Hä-äýt!!! - diýip şeýle bir gygyrdy, çopanyñ sesi gulaklaryna degenden ýüpe düzülen ýaly, tar-tar bolup, taýzarylyşyp goýunlar-a bir girdiler agyllaryna, üstesine çökjek bolup ýañy bir dyzlaryny epip ugran sary inerem ala-güpürdu bolup ýerinden galdy. On-ýigrimi ädim beýleräkdäki teläriñ astynda iým iýip duran sagylýan sygyram-a bir "zoñk" edip bärsine bakdy welin, boldy-boldy, onuñ içi tirtli kersenine tarap temegini uzadyp gelýän, burny gara gök eşege boldy. Gorkut aganyñ sesi çykandan ol ilkä bir ýüregi ýarylan ýaly öñ aýaklaryny göterilip arkanlygyna zyñdy. Badyny saklabilmänem ýykyldy. Turjak bolup eýlesine bir agdaryldy, beýlesine bir agdaryldy, çabalana-çabalana görgi baryny görüp galyberende, sygryñ ýüpüne çolaşyp, ýene-de ýykyldy. Ýatan ýerinden gözlerini agdaryp Gorkut aga seretdi. Gyssanjyna burnuny ýellendirip hynçgyrdy. Birdenem ýerinden galdy-da, galan zatdan ellibizar, guýruguny gös-göni edip zut gaçyp gitdi.
Ýaşyp barýan günüñ şöhlesine mañlaýyny ýaldyradyp ýylgyryp duran Gorkut aga bolsa, hamala hiç-hili üýtgeşiklik bolmadyk ýaly: "Hany, hany girseñiz-le" diýip ýigitleri gyssady. Egni bilen söýä ýaplanyp, eñsini galdyrdy. Hakberdi bilen Ýagdyny töre geçirdi. Özi ojagyñ başynda ozaldan ýazylgy duran düşegiñ üstüne geçdi. Pişegini unly çuwala söýedi. Ýeke eli bilen emgenmän bitaý çokaýyny çykardy. Dolagyny çözdi. "Arada alakañ hinine giderip şujagazymam agyrdaýdym-da" diýip, topugyny owkalady. Käte gahary gelen wagtlary, bir zada tolgunan wagtlary şo-ol Germaniýanyñ bir ýerlerinde galan aýagynyñ dabanynyñ gijäp heläk edýändiginem aýtdy. Boýnundan asylgy kiçijik radiopriýomnigini aýryp, bir çetde üýşüp duran gazetdir žurnallaryñ üstünde goýdy. Şonuñ diýseñ gowy zatdygyny, düýäniñ bar habaryny eşidip oturmalydygyny aýdybam düşegiñ bir gyrasynda belent edip goýlan ýassyga ýaplandy. "Soramagam-a birhili welin..." diýip, myhmanlaryñ nä kärdäki adamlardygyny, bu ýerlerde näme iş bilen ýörendiklerini sorady. Ikisiniñem hudožnikdigini, ertir uzynly gün şu töwereklerde surat çekjekdiklerini eşidip çaga ýaly begendi. Hyjuwdan doly kükregini ýelden dolduryp oturyşyna front ýyllary özüniñ gadymyýete degişli, uçursyz gowy, üýtgeşik-üýtgeşik suratlary juda köp görendigini, şondan bärem: "Hiý biziñkilerdenem çykmazmyka şolar ýaly ussatlar" diýen umyt bilen gözüni gazetlerden, gulagyny radiodan aýyrman garaşyp ýörendigini, ýöne ine, indi kyrk iki ýylyñ içidir, henize çenli-hä oglanlardan tamasynyñ çykmaýandygyny, üstesine arada bir iş bilen Aşgabada gidip gelen zootehnik oglanyñ: "Gorkut aga, ýolum düşüp täze açylan sergileriñ birine bardym welin, ynansañ bi, biziñ hudožniklerimiziñ adam suratlarynda hiç ýüz-göz ýok. Ýöne büdür-südür, buýr-bulaşyk bolup dur. Erte şo suratlary görseler, bizden soñkular özleriniñ adamdan önendiklerine-de ynanmazlar. Sen şulardan nähak tama edip ýören bolaýma" diýip, galanja umydynam puja çykaryp oturyberendigini aýdybam gara çyny bilen jibrindi. Her sözi aýdanda ganaty gyrlan guş ýaly, boş ýeñini galgadyp, galjyjaklap oturyşyna: "Çynmy şoñ şo diýýäni? Ugrunda bamy? Näme sebäpli o güne düşdüñiz? Bir emmasy bolmasa, beýle bolmal-a däl siz. Hökman çykaýmal-a, şunça ýylyñ içinde bir gerçek. Çykypdyr-a honha, Magtymguly diýen ýaly, Kemine diýen ýaly läheñ-läheñ pyýadalar. Tama etmezçe halk däl-ä bi! Indi näme boldy myña? Näme boldy how, size? Aýdyñ maña dogrujañyzy" diýdi. Özem bir aýdyp, iki aýdybam goýmady. Öwran-öwran gaýtalady. Myhmanlar: "Aý bu wagt Gorkut aga sungatyñ talabam, suratyñ çekilişem üýtgedi. O-ol señ çeken suratlaryñ ýaly suratlary bumat çekäýeniñde-de geçirenoklar. "Señ munyñ köne stil" diýşip, al-petiñden alşyp durlar" diýen ýaly gümürtik gürrüñler bileb sypaýjak boldular welin: "Almazlar! Nämüçin alsynlar al-petiñden? Doñdur-da taşla meñ prontda gören suratlarym ýaly suratlaryñ birini. Demlerinem çykarybilmezler" diýip, Gorkut aga gaýtam öñküden beter öjükdi.
Şu gürrüñ başlanaly bäri bir gyzaryp, bir agaryp, bir pil ursañ yñyp gaýtjak çişgin böwet ýaly bokurdagyna çenli dolup oturan Hakberdi Halykow şondan soñ: "Men-ä mundan artyk çydabilemok. Ýaryljak" diýýän ýaly, ilk-ä bir dodaklaryny titredip ýoldaşynyñ ýüzüne seretdi, soñam aýtjak sözünden utanýan ýaly, başyny aşak sallap, kellesini iki ýana ýaýkady. Hamala, şeýtmese keçäniñ üstüne gaçaýjak ýaly, egrelip duran inçe burnunyñ üstüne süýem barmagy bilen basyp goýberdi. Yhlas bilen bejerilen ter-gara sakgalyny, murtuny sypalady. Assyrynlyk bilen Gorkut aganyñ çoýundan ýasalan ýaly garaýagyz ýüzüni, her biri altmyş bäş ýyllyk ýol ýaly bir-birine goşulyşyp, uzalyşyp duran gasynlaryny içgin-içgin synlady. Üstünden sähranyñ ysy gelip duran mährem goja: "Howwa, howwa! Ýeri, ýeri..." diýip gyssaberseñ bolsa:
- ...Bu zatlaryñ sebäbi, Gorkut aga, dogrusyny aýtsam, gaty düýpli... - diýip usullyk bilen gapa seretdi. - Umuman, ony aýdyp ýörmegem birhili... Aýtjagam däldim... Ýöne... Görýän welin... Señ janköýerligiñem gaty añyrdan ýaly. Beýle bolsa, bilseñ ýagşy. - Hakberdiniñ ýüzi ap-ak boldy. - Şu wagt toparlanyşyk diýip bir bela bar, Gorkut aga. Özem gaty biderek zat. Señ garaşýan gerçekleriñi edil aždarha ýaly ýuwdup ýatan zat, ana, şol. - Ol oturan ýerinde ykjamlandy. - Ine, gulak sal. Men saña çintgäp bereýin bu zatlary. Her bäş ýyldan bir gezek surat çekýänleriñ gurultaýy bolýa. Şeýlemi? Ana, şonda haýsy topar köp bolsa üýşäge-de aralarynda birini başlyk saýlaýarlar. Howwamy. Ana, onsoñ indiki gezege çenli büdür-südür etselerem, buýr-bulaşyk etselerem, näme etselerem, şolaryñ edenleri geçip durandyr.
- Beh! Diýmek, onda, inerim, sungat etjek gerçege ýol ýok-da? Ýapyk-da? Men onda ynhalekgin nähak garaşyp ýörün-dä?
- Şo zatlar aradan aýrylmasa ýol ýok, Gorkut aga.
- Beh! Nädip beýtjeg-aý sen ony? Meñ göwnüme-hä, how, şü, özüñ ökde bolsañ, hiç kim kär edip bilmejek ýaly bolup dur. Bi, siziñki dagy ynhalekgin, göze görnüp duran zad-a, iner! Nädip seni nemetsinler onsoñ olar?..
Hakberdi boýnuny süýndürip, bokurdagyny arçady.
- Men ine saña düşündiräýerin onam. Mysal üçin sen sergä iş getirdiñ. Howwamy? Ine, iñ bir ýönekeýje mysal şü...
- Howwa...
- Howwa bolsa, Gorkut aga, sen indi diñle!.. Şol iş kabul edýän komissiýañ içindäkiler öz adamyñ bolmasa, señ şol işiñ geçenok sergä. Düşdüñmi? Señ işiñe seredýän ýok o ýerde. Adyña, familiýaña seredýärler. Özleriniñki bolmasañ, işiñi beýlesine öwürýäler-de gidiberýärler, "jort" atyşyp. Näçeräk zehiniñ ýanard öýdýäñ şoñ her gezeginde? - Hakberdi edil şu wagtam işi geçmedik ýaly, sojap-sojap dem aldy. - Umuman, zehin ýanýa.
Muny eşidip, Gorkut aganyñ özem birhili boldy.
- Dogrudyr, inerim, dogrudyr. Wah, wah, wah!.. Häýk...
- Ine, onsoñ ussahana bermänem bir kösärler. - Gorkut aga bir zat diýjek boldy welin, Hakberdi iki elinem daldalatdy. - Dur entek, Gorkut aga sen dur, Diñle meni... - Ol barmaklaryny büküp başlady. - Işläre ýeriñ ýok. Çagalar ýatansoñ çyrany ýakyp, gijeler ýatman edýänje işiñ bolsa geçenok. Hä diý! Ýok, sen maña hä diý! Däliredäýmezmi şo zatlar sähel beýnisi gowşak adamy? Ýöne señ gerçegiñ o zatlara-da çydaýa. Bir işini gaýtarsalar, indiki gezek ikini getirýä, garaz ol şeýdip, birine-de baş bermän, ýañy bir çlenlige geçýä welin, "hany señ atyñy ýeke çapyp gala alşyñy göreli, ýaman dyzmaçja görünýäñ-le beýle" diýip, öñküdenem beter ýanap başlaýarlar. Oñ üçinem nädýäler? Oñ sungatyny kemsidýäler. Hut şol maksat bilenem bilgeşländen oñ ýaryça-da ýok birini galdyryp ugraýalar. Şeýdibem bedew bilen çamany öñbarmaşaga goşýalar. Göz-görtele öñden barýan bedew aty görmezlige salýalar-da, ýene-de onuń tozanyna garylyp barýan çaman ýaba serpaý ýapýalar. "Hakyku sungat ine, şeýle bolmaly" diýşip gygyryşýalar.
Hakberdi şeý diýende, hut öz namysyna deglen ýaly, Gorkut aganyñ ýüzi gyzyp gitdi.
- Halj bilýändir-ä, haýsynyñ bedewdigini, haýsynyñ çamandygyny. Aýlawda duranlaryñ gözleri bagly däldir-ä.
- Dogry. Halk bilýär. Ýöne köp ýyllar halkdan soraldymy o zatlar. Ahyrsoñunda bäş sany adam çözýä o bedewiñ ykbalyny. Olaram ýañkylar. Halk bilmänem galýa. Halk çaşyñ ýüzüne sereden ýaly edýänem ana, şo zatlar-da. Ygtyýary halka berseñ bor. Onda bor... - Ol ojakdaky sönüp barýan ody gorjap goýberdi-de, azajyk yza süýşdi. - ...Ozaldanam otuz ýaşlarynda okuwy gutaryp gelen oglany şeýdip bäş-on ýyl saklasañ kyrk ýaşaýa. Başga merk gerekmi onsoñ oña? Olam ahyr bir gün içiniñ ýangyjyna oturyp ýaşyny hasaplaýa-da: "Galan höwesim-ä köýdi. Menem indi şularyñ birine goşulaýyn-da, güzeranymy bir gowulaýyn. Öýümi bir düzedeýin. Il ýaly maşyn edineýin. Çagajyklarym ýetişýänçä harjy toplaýyn" diýen hyýala münýä. Ana, beýlekilere-de geregi şol. Garbap alýalar, bir ses bolsa peýda diýip. Şeýdibem o-da şolaryñ biri bolup gidiberýä.
Howwa! Zootehnigiñiz hak aýdypdyr. Şundan soñ bir üýtgeşiklik bolaýmasa, häli-häzire çenli-hä şeýle... - Hakberdi birden pessaýlady. - Durgunlyk döwrüniñ tragediýasy - Gorkut aga biziñ munymyz. Tragediýa! Öz tragediýamyz. Şo zatlar poslatdy bumat adamlaryñ barysyny.
- Hakberdi hak aýdýa. Sungatyñ çyn gürrüñini edýän azaldy o ýyllar ~ diýip, geleli bäri geplemän oturandygy üçin daşyndan diýseñ agras görünýän Ýagdy Nurnepesowam gözlerini süzüp, daýaw göwresine gelişmeýän inçejik sesi bilen jyññyldap başlady. - ...Iki adamyñ başy çatylsa: "...haçan saýlaw boljak,.. kim saýlanjak,.. kim-kimiñ tarapynda durjak... eýgerdermikä... eýgertmezmikä..." Ine, şu-da! Başga gürrüñ ýok. Haýsyny gepletseñem dodaklaryny ýalaşyp: "Biz gowy. Olar erbet. Biz geçsek sungaty ösdürjek. Öñki-öñkülige ýol berjek-gä" diýişýäler. - Ol gurak ýuwdunyp, Hakberdä seretdi. - Saña-ha öñem aýdyp berdim öýdýän şuny? - Hakberdi başyny atdy. - Gorkut aga, sen eşit şuny. Men saña öz oýnalşymy aýdyp bereýin. Geçen gezekki saýlawda ses berlişigiñ öñ ýany ýaşuluraklarymyzyñ biri ýanyma geldi-de: "Gel, senem bizlik bol. Soñ saña kömek ederis. Eýderis-beýderis. Pylan ýerde sergiñi gurarys. Otkrytkañy çykardarys" diýip ýagly-ýagly sözler bilen eýläme bir geçdi, beýläme bir geçdi, hantamaçylygam, Gorkut aga ýaman zat, ahyry boýun etdi. Ine, onsoñ menem ýalançy bolmajak bolup, çyz diýenlerini çyzyşdyryp otyryn welin, hälkiñ özi spisoga galamam degirmän ýaşige oklady goýberiberdi. Agzym dagy uçuklaýdy şony görüp. Soñ: "Bu nätdigiñ boldy how señ? Ýa adam oýnajak bolýañmy?" diýsem: "Aý, biz şeýtmesek bolanok. Bize seredýäler. Ýokardanam adam bar, gelşiksiz" diýip, kikir-kikir gülýä gaýtam. Gör ony: Kişiñ eli bilen ot gorsaýalar, Gorkut aga. Hakberdi ikimiz ýaly, ýañy gelen oglanlaryñ ýöwselräklerini kesewi edinýäler. Janym dagy ýanaýdy şo gezek. Ýöne nätjek bir hapa bulaşansoñ? Ine, onsoñ şo gezek başlyg-a bir täzelenmedi, üstesine-de ýañky ot gorsap ýöreniñ özi ak guş boldy, menem "bulagaý" boldum galyberdim. Gol çekişlikde-de şeýdýäler. Seni öjükdirýäler-de, özleri bir gyrada galyberýäler. Onsoñam, ýeke men däl, olar ýaly oýnalýan. Başga-da kän... - Özüni üns bilen diñläp oturandyklaryna monça bolan Ýagdy dylmyldady. Gezegini aldyrmazlyk üçin hasam çalt gürledi. Burnuna salybrak süýjedip gepledi. - Onsoñam, ýañky Hakberdiniñ aýdyşyndanam beter, gybat, gürrüñ, arza ýazyşlyk köpeldi. Edil sarygarynja ýaly, sungatyñ içini köwýän zadyñ birem şol. Aýdýan-a men, hiç işe eliñ degenok. Käbirleri gabat gelen ýerlerinde: "...Bu günler nämäñ üstünde işleýäñ? Näme döredýäñ?" diýmäge derek: "...Sen düýn pylanynyñ öýüne barypsyñ. Sen nä onuñ biziñ tarapdan däldigini bileñokmy? Eger-de şolar bilen gatnaşjak bolsañ, biziñ bilen arañy kes" diýip, edil dil bilmez çagañ gürrüñi ýaly, pes-pes gürrüñler edýäler. Gowy gylyklaryny ösdürmäge derek, iñ bir nadam gylyklaryny ösdürýäler. Özlerem öñde baryjy intelligensiýanyñ wekilleri. Hudožnil atlary ba. Birek-birek bilen dagy, ynansañ, Gorkut aga, ne-hä gatnaşyk bar, ne-de baryş-geliş. Ana, señ uly-uly işler hantama bolup ýören adamlaryñ bolup ýörüşleri. Garasaý, bizde şü, işden, döredijilikden başga näme diýseñ bar şu wagt. Ýagdaý erbet, düzediläýmese. - Ýagdy Nurnepesow aglaýarly göründi. - Watanyñ uly-uly problemalary hakynda oýlanmal-a biz dagy... Biri-birimiziñ aýagymyzdan asylyşyp ýörşümize o zatlara elimizem ýetenok how! Utanç şu zatlar bize!
Gorkut aga lasyrdap duran mis tüñçäni otdan aldy-da, "demlesene, iner şuny" diýip, Hakberdiniñ öñüne süýşürdi. Gapdalynda ýatan çaýhaltanam eline tutdurdy. Içini hümledip, ýok aýagynyñ ýerini gaşady. (Dabanyny gaşadygy bolmaly.) Gaşlaryny çytdy. Ahyram usullyk bilen başyny galdyrdy-da, howlukman gürläp başlady:
- Görýän welin, inerler, siziñ munyñyz, ynhalekgin, biziñ sowhozymyzyñ birwagtlardaky kolhoz döwründäkisine meñzäpdir. Men, ine, şondan bir tymsaljyk aýdyp bereýin welin, ýürejigiñize jüñk bolaýar. Biler bolsañyz ine, biziñ şu sowhozymyz öñ kolhozdy. Başlygam, ynhalekgin, siziñki ýaly saýlawlydy. Obamyz urşuñ yz ýanlary başga bir oba bilen birleşipdir-de, başlyk haýsy obadan saýlansa, indiki ýylyñ hasabatyna çenli beýleki obañ adamlary ähli işlerini goýup, şol başlygyñ garşysyna iş görerdiler. Her gezek goýlan başlygyñ özem bitaraplygy saklap, akylly-başly hereket ediberenokdy-da, ynhalekgin, ur-tut özüniñkiler bilen bolubererdi. A-how, ynansañ toýlarda, tomgularda dagy obañ ýetginjeklerine çenli gyzyl ýumruga girişerdiler-ä, "sen ol obadan-da, men bu obadan" bolşup. Bu ýagdaýdan halys bizar bolan raýon ýolbaşçylary başlygy başga bir obadan getirip goýdular welin, ynhalekgin, "gurt gören itiñ agzy biriger" diýen ýaly, ur-tut iki obañ adamam birikdi-de, "küren obañ içinden başlyk saýlara ýekeje adam tapylmanmy" diýşip, ýañky daşdan getirileniñ garşysyna işläp başladylar. Şo ýagdaý, iniler, ynansañyz, ynhalekgin, tä obany sowhoza öwürýänçäler dowam etdi. Agzalalygyñ derdinden obañ hal-ýagdaýy çökdi gitdi. Ine, sowhoz bolup saýlaw galdam welin, barsynyñ gulagy-burny kesilen ýaly bolaýdy. Ynhalekgin, her kim öz işi bilen garabaşynagaý. Başlyk aýyrjak, başlyk goýjak aladalary ýok. Şondan bärem obañ ýagdaýlaram gowulaşdy. Gurplandyrlaram. Agyzlary birigensoñ köp hojalyklardan öñe-de gitdiler. Meñ diýjek bolýan zadym, köşekler, ynhalekgin, birentegine ygtyýar berseñ etegini başyna büräýýändir. Şonam ýatdan çykarmañ. Elbetde, bu ýerde pähim-paýhas, arkalaşyk iki taraplaýyn gerek. Ýolbaşçam işleýän adamyñ gadyryny bilmeli. Aýdyşyñyza görä, inerler, siziñ sungatyñyzam edil biziñ sowhozymyzyñ kolhoz döwründäkisi ýaly bolupdyr. Ýöne sungat kolhoz däldir, bergisini geçäge-de, sowhoza öwüräýer ýaly. Ynhalekgin, ony galdyrjagam, galdyrmalam siziñ özüñiz. "Gadyrymy bilenoklar, gysýalar, gowurýalar, ýüz berenoklar, pul berenoklar" diýip, eliñizi işden sowadyşyp ýörseñiz, onda ýüregiñde oduñ az boldugydyr. Bäş manadyñ, apbasy ýaly demriñ aladadyny etmäñ-de, ynhalekgin, halkyñ, sungatyñ aladasyny ediñ! Men ana, şolar ýaly gerçeklere garaşýan.
Gorkut aganyñ täzeden sürnüp ugranyny görüp, Hakberdi aljyrady. Ýöne ýan beresi gelmedi. Oturan ýerinde oýkanjyrady. Dyzynyñ aşagyndaky ýassygy alyp bagryna basdy.
- Onyñyz-a dogry welin... Ýöne... Neme-dä... Güzeranam gerek-dä. Adam pahyryñky ahyr şoña baraýýa-da... Şo-da barsyny etdirýän.
- Güzeranyñ gürrüñi däl, bi señ edip oturan gürrüñleriñ - diýende Gorkut aganyñ gözleri ýanyp gitdi. Nebsi - şeýtanyñ gürrüñi bi. Nebis diýlen zat, inerim, biler bolsañ, ömürboýy gapdalyñdan galman, haltyldap gelýän ýagyr eşekdir. Mahal-mahal haýbat atyp, eliñ tersi bilen burnuna kakyp durmasañ, dert azar öñüñe geçjek bolup durandyr. Oñ ugruna gitseñ bolmaz. Pulam, adam, abraýam, hemmesem seni özi tapar, inerim, sandygyñy düzüw tutup işläberseñ. Hiý, halkyñ Magtymgula "şahyr" diýip, Şüküre "bagşy" diýip dakan ady ýalam bir at bormy? - Bir zat ýadyna düşen ýaly, Gorkut aga başyny galdyryp tüýnüge seretdi. Tahýasyny mañlaýyna süýşürip, uç-gyraksyz asmanyñ ýüzündäki lowurdaşyp duran ýyldyzlary, ojakdaky otdan göterilip, bir ýerlerde ýitip gidýän uçgunlary synlady. Birdenem: "heh" edip güldi-de, Hakberdiniñ ýüzüne seretdi. Arada Aşgabatdan üç-dört sany kinoçy geldi. Ana, şolaryñ biri näme diýýä diýsene? "Maña - diýýä, - ynhalekgin, at berenoklar diýýä. Oçurym geldem welin, saklap ýörler" diýýä. Ahow iner! Bi, gurbanyñ bolaýyn çöregiñ oçur bolanyny bilýäs, kükürdiñ, gandyñ oçur bolanyny bilýäs, ýöne bi ada, abraýa oçura durulýanyny biz-ä, ynhalekgin, şondan eşitdik. Aslynda adamlary zaýalanam şo zatlarmyka diýýän men-ä. Hä? Ynhalekgin, pulam berjekgä, baýragam berjek-gä, Magtymguly ýaly özüñizden joşup işleseñiz-ä işläñ, işlemeseñizem ters işläñ diýäýseñ nädäýerkä şulañ birentegi? - Ol dikeldi-de, myhmanlaryñ ýüzüne ýeke-ýeke çiñerildi. - Size inerim, "orda keseli" degipdir. Ýañky toparlanşyk diýýäniñiz ol bir gezip ýören ordadyr ol. Gelegurtlar ordasydyr. Üýşüp almak diýlen zat, inerim, möjek hünäridir. Ýekelikde alyp bilmejegiñe gözüñ ýetse, ynhalekgin möjegem sürä orda bolup çozýandyr. Meñ nesihatymy alsañyz-a, olar ýaly orda goşuljagam bolmañ-da, işläberiñ. Tüweleme, başyñyz ýaş. Güýjüñiz ba. Kuwwatyñyz ba. Orda bolup almanyñyzda bolmajak bolsa, bolmaýsyn. Barybir bolmazam. Ondan-a geliñ-de, maña çoluk bolaýyñ, hiç kime zyýanyñyz degmez ýaly. Özüñde goruñ bolmasa, agañ başlyk bolanda-da, atañ başlyk bolanda-da bolmaz. Kör goýun ýaly, ynhalekgin, o topara tarap bir ylgarsyñ, bu topara tarap bir ylgarsyñ, ahyram orta ýolda daljygyp galarsyñ. Bitiren goşuñ bolmaz. Saýlan ýoluñyz, inerler, gaty kyn ýoldur. Edil dag ýeriniñ ýodasy ýaly uçutly, geçitli, kötel ýoldur. O ýollardan, ynhalekgin, men-men diýen erkeklerem, arwanalaram geçip bilýän däldir. Ondan diñe iner geçýändir. Iner boluñ, iniler, o ýola düşeniñizden soñ. Siz, ine, ertirden bäri zeýrenişip otyrsyñyz, "sungata ýol ýok, gerçege ýol ýok" diýip. Ine, men sizden bir zat sorajak: Sungat etdiñizmi özüñiz? Gerçek bolubildiñizmi? Eger-de ertir bir edenliräk biri başlyk bolaga-da: "Hany kimde ykrat edilmän ýatan iş bar? Kimde päsgelçilik zerarly geçmän ýatan tutumly iş bar bolsa getirsin. Men kömek etjek. Arka durjak" diýse, ynhalekgin, gymmatbahaly öý goşlaryñyzdan, münýän maşynlaryñyzdan, pul goýýan kinişgäñizden başga görkezere zadyñyz bamy? Hä? Siz maña ine, şony aýdyñ! Bamy? Ýokmy? Onda geplemäñ! Kime añsat bolandyr öýdýäñiz? Şo-ol, sekiz ýüz ýyl bäri, müñ ýyl bäri ýaşap gelýän suratlary çeken adamlara añsat bolandyr öýdýäñizmi? Ýa maña añsat bolandyr öýdýäñizmi şu sürini halal saklamak? Käbir çopanlar ýaly ada, pula kowalaşyp, perme bilen, başlyk bilen, ýagly-ýagly omaçalar gemrişip, howaýy kagyzlaryna gol çekişip, ýalan-ýaşryk sanlar bilen döwleti aldaberen bolsam, ynhalekgin, menem birwagtlar geroý bolaýmalydym, birentekleri ýaly. - Gorkut aga gaýşarylyp kükregini oda gerdi. - Etmedim-ä men şony! Etmedimem, etdirmedimem. Sesimiñ ýetýän ýerine haram ýokduran däldirin, inerlerim men. Ýa pylanymy doljak bolup sürimi syžyka* etdiren däldirin. - Ol ýygnakda ses berýän ýaly elini galdyrdy. - Ine, indi birküç ýyl bäri hökümet ak haýsy, gara haýsy, birujundan seljerip ugrady welin, ynhalekgin, kimiñ-kimdigi belli boldy duruberdi. Hak-hak boldy, nähak-nähak boldy. Honha, indi "Hakyky geroý Gorkut aga ekeni" diýşip, gören ýerlerinde meni öwüp ýörler. Syžykañ derdinden baganalarnyñ hilini zaýalan çopanlaram indi gelip menden tohumlyk mal alyp gidýärler. - Gorkut aga uludan bir demini aldy. - Meñ diýjek bolýan zadym, inerler, iner ýaly sörtük şemala döş gerip durmany başarsañ, kynçylykdan gorkmasañ, ahyrsoñunda señki dogry bolup çykaýmalydyr. Gadryñ bu gün bilinmese ertir bilinäýmelidir. Hökman, yhlasyña görä miwejigi bolaýmalydyr. Siz bolsañyz "pul" diýdiñiz, "güzeran" diýdiñiz, ýok gepleri tapdyñyz. Her ýylyñyza segsen müñ manat berenlerinde bir çekibiljekmi siz şo meñ gören suratlarym ýaly suratlary? Siz ana, şony aýdyñ maña!.. O-ol, mynny-mynnylaryñyza men ynanjak-gä. Ýöne indi "iner azalypdyr" diýseñiz, ine, onyñyza "hä" diýjek. "Biziñ bu omalak-çomalaklarymyza baş bermän başyny alyp çykjak, edil dagdan sil gelen ýaly bir çyrpynanda sungaty dünýälik derejesine göteribiljek gerçek entek döräberenok" diýseñiz, ynhalekgin, onyñyza "hä" diýjek... Sana kowalaşyp, sungatam näderejede syžyka etdik, diýseñiz, "hä" diýjek...
...Gürrüñçilik uzaga çekdi.
Myhmanlar ýyljak ýorganyñ içine girip ymyzganyberensoñlaram, edilen gürrüñlere golaýrak düýşleriñ birýan çetinden giriberensoñlaram Gorkut aganyñ pähim-paýhaslardan, öwüt-nesihatlardan doly gep-gürrüñleri gulaklaryna geldi durdy.
Ýöne her niçik hem bolsa, telim ýyl bäri tüýlerine siñip, süýeklerini mäjum eden endik ýene-de öz hökümini ýöretdi. Hä diýmän olar özleriniñ bu ýere nämüçin, näme maksat bilen gelendiklerinem unutdylar-da, gurultaýda kimiñ başlyk saýlanjakdygy barada oýlandylar.
Şol oýlar bilenem ukladylar.
Ertesi her näçe ir turandyrys öýtselerem, ukudan oýanyşlary ýaly, Gorkut aganyñ düşeginiñ boşdugyny, görüp, gaty geñ galdylar. Öýden ylgap çykdylar-da, gara öýüñ arka ýüzündäki beýik depä dyrmaşyp, daş-töwerege ser saldylar. Ho-ol, añyrrakdaky agaryp görünýän ak alañyñ ýüzünden ýörmeleşip barýan goýunlara, ineriñ üstünde gabarylyp oturan ýerinden düýnküsindenem haýbatly ses bilen käte bir: "Hä-äýt!" diýip oturan Gorkut aga gözleri düşendenem, irräk turup onuñ bilen hoşlaşmaga-da ýetişmändikleri üçin gynandylar. Göwünlerine bolmasa, Gorkut aga: "Bu bolşuñyz bilen siz ölýänçäm gözlerimi ýolda goýarsyñyz! Köp ýatýañyz! Köp gepleýäñiz! Gybat edýäñiz! Iş bilen seriñiz ýok! Baryñ, gidiñ! Gelsin-gelsin, gerçeklerim gelsin!" diýip, haýbat atýan ýaly, käýinýän ýaly bolup göründi.
Onuñ entek-enteklerem ençeme jahyllara gaýra dur diýjek kuwwatly sesi daşlaşdygy saýam, düýnki giden tarapyndan temegini taýzardyp gelýän şo-ol, burny gara gök eşek göründi. Uzyn gulaklaryny üşerdip gelşine ol her gezek Gorkut aganyñ "Hä-äýt!" diýýän sesi çykandan çalarak bir säginen ýaly edýärdi-de, ýene-de usullyk bilen bärligine tarap, sagylýan sygryñ öñündäki "taýyn aşa" tarap süýşýärdi.
Muny görüp hudožnik Hakberdi Halykow edil Gorkut aganyñ öz edişi ýaly: "Hä-äýt!" diýip, sesinde baryny edip gygyrdy. Emma eşek oña barmysyñam diýmedi. Soñ Ýagdy Nurnepesow gygyrdy. Eşek onda-da üns bermedi. Şondan soñ olaryñ ikisem edil haraý isleýän ýaly, "ýalt" edişip, Gorkut aganyñ giden tarapyna seredişdiler.

Juma HUDAÝGULYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, ýanwar. 1987.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 446 | Добавил: НаS | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: