09:14
Toý / mistiki hekaýa
TOÝ

Bagşynyñ aýdym arasynda ýaş oglan-gyzlary zol-zol tansa çagyrýan zoñtar sesi oba adamlarynyñ gulagyny deşäýjek-deşäýjek bolýardy. Hemmeler toý şagalañyna gümrady. Ýöne adamlaryñ gözleriniñ toý şüweleñiniñ hezilligine uçganaklaýarmy ýa-da toýuñ ertesi güni şagalañda kim kimde gözi eglendi, kim kime göz-gaş kakdy, kim nähili geýindi diýen ýaly gep-gürrüñlere sebäp bolup biläýjek zatlary agtarmakdan ýaña ýaldyraýarmy; hiç biler ýaly däldi. Berhurdaryñ gözüne-hä häzirem, diñe şagalaña tomaşa edenden bolup, tansa çykjaklara tiñkesini dikip duranlardan başga hiç kim görünenokdy.
Neşeden keýpini kökläne meñzeş bagşynyñ zoñtar sesini eşdeniñde, toý eýesi tamada berjek pulunam jemläp bagşa beräýdimikä diýdirýärdi. Ol özüniñ üzlem-saplam aýdymynyñ arasyna goşup, mekdebi pylanynjy ýylda tamamlan ýaşlaryñ hemmesini tans meýdançasyna çagyranynda, Berhurdar aýñalan ýaly boldy. Mundan soñ-a onuñ özü-de toýuñ şatlygyna goşulyp, birneme hereketlenip ugranyny duýdy. Daş-töweregine göz aýlady. Eýýäm klasdaşlary hümer bolupdyr. Hemmesi-de "ýör-de ýör, çyk-da çyk". Özlerem duran-duran ýerlerinde bökjekleýärler, tans edýärler. Berhurdar klasdaşlary bilen bir-birlerini itenekleşip baryşlaryna obanyñ çetindäki çatryga ýetenlerini duýman galdy. Ýoluñ iki gapdaly-da toýa gelen adamlardan doludy. Dildüwşen ýaly bolup olaryñ hemmesi-de Berhurdara we onuñ klasdaşlaryna seredýärler. Berhurdaryñ göwnüne bolmasa, adamlar hasam beter özüne köp aññalýan ýalydy.
"Boluñlar-haw, boluñlar! Ýigitler tansa ýörüñler!"
Käbir kellesi göçgünli klasdaşlarynyñ sarnamalaryna goşulşyp barýan Berhurdar tansa çykýan deñ-duşlary bilen bile obanyñ çetinden täze çekilen gara ýoldan barýandygyny duýdy. Ýoluñ asfalty täze bolansoñ, ýaşlaryñ ökjesine çomuç çalnan ýalydy. Edil şu wagt ýigitleriñ arasyna özüñi atyp bilseñ, zähmet edip ýöremegem gerek däldi. Olar ýaşlyk ýelgini bilen sürlenşip baryşlaryna, özlerine galtaşan adamam düýrläp-dykyp alyp barýardylar. Göwni göterilen Berhurdar ýoluñ gyrasynda tomaşa edip duranlaryñ ýeñsesine eliniñ ujy bilen çalajadan kakyp "Ýörüñ-dä, çykyñ-da tansa, nämä dursuñyz?" diýýärdi. Olaryñ käbiri ýeñsesini gaşap ýöne ýylgyryp oñaýsa, käbiri ýüz-gözüni bürüşdirip seredýärdi. Ýylgyryşýanlaryñ köpüsi öz obadaşlarydy. Tersine, gaş çytyp oturanlaryñ aglabasy bolsa goñşy obadan gelenlerdi. Ýa tanamadyk sylamaz diýleni bolaýdymyka? Berhurdar diñe degişmek, şatlanmak isläpdi ahbetin!
Ýelekläp barýan Berhurdar birdenem öte geçenini duýdy-da pikirlenmäge başlady. "Ýeri, saña näme diýsene, kimiñ tansa çykany ýa çykmany?! Ýeñsesini gaşap ýylgyrşanlaryñ-ka düşnükli welin, gaşlaryny bürüşdirip galanlar senden närazy bolsa, neneñ niçik bolar?!" Berhurdar yzyna gañrylyp olara elini salgady. "Her-hal razy boluñ-haw, adamlar. Aýyplaşmañ menden..."
Olaryñ razy bolandyklaryny ýa-da bolmandyklaryny bilmek üçin yzyna gaýtadan gañrylan Berhurdar eýýäm ep-esli arany açandygyny duýdy. Adamlar onuñ gözýetiminde diñe sudur bolup galdy. "Bähh, eýýäm şunça aralygy geçäýdimmikä? A birden olar razy bolmadyk bolsa? Bir pursat aýak çekeniñde näme boljak diýsene? Göçüñ göçüp barýan ýaly, ölüp barýansyñ-ow tansa çykjak bolup..."
Synpdaşlarynyñ ýarsyndan gowragy eýýäm orta çykypdy. Ortada towsaklap ýören Toýmyrada gözi düşen Berhurdar:

- Ýeri, bolýa-la, ýene bir gezekde ýolumyz düşse razylaşaýarys - diýip, hümürdedi-de, öñe omzady.

Omzasa-da omzady welin, ol özüni obanyñ ilersinde Döwgaýa diýip atlandyrylýan uçut gaýanyñ ujunda durandygyny gördi. Özi ýaly bir pursatlyk säginip duranlary-da bardy. Edil şol wagt oglanlaryñ biri onuñ egnine kakdy-da:

- Dost, nämä ýöwselleýäñ, durma böksene! - diýdi-de, hamala paraşýudynyñ açyljagyna gözi ýetip duran ýaly aşaklygyna özüni goýberdi. Geñ ýeri: onuñ böküşi paraşýutly bökýänleriñkä meñzemedi. Gaýtam tersine dik başaşak suwa bökýän ýaly bökdi. Berhurdar aýagynyñ aşagyndaky topragyñ gorlup gaýtmagyndan gorkdy we birküç ädim yza çekildi. Başy aýlandy. Şonuñ üçin ol ýüzin ýatdy-da, ýere diñ salmaga başlady.

- Şyt, şyt, şyt...

Şytdyldy sesini eşiden Berhurdar gaýanyñ haçanam bolsa birwagt opurlyp gaýtjagyna göz ýetirdi. Ýöne haçan? Mundan ýigrimi-otuz ýyl öñ obada biriniñ ogly daga kömelek gözlemäge gidende birnäçe günläp ýitipdi. Hernä, bir çopan goşuna baran oglanjygy hossarlaryna gowşurypdylar. Şonda ýitigi gözlemäge çykanlaryñ biriniñ gaýanyñ üstünden ýoly düşüpdir. Şol wagt dañ atmaga az galan eken. Bular ýaly wagt hemmeler süýji ukuda bolýar. Hatda horazlaram entek oýanmaga ýaltanyşyp, gözlerini çalak-çulak açyp-ýumup durýarlar. Ýitik gözleýän adam aýak sesi eşidip bolmazmyka diýip, gulagyny ýere ýapyryp gaýanyñ üstunde diñ salanynda şytdyldyny eşidenmişin.

Şonda oba adamlary "Haçanam bolsa bir gün Döwgaýa opurylyp gaýdar" diýşip goýupdylar. Öñ bu şytdyldyny diñe dañ saz beren uçurlary eşdilipdir. Indi bu sesi toýuñ galmagalynyñ arasynda-da diñ salyp eşdip durmaly. Diýmek, gaýanyñ opurylmagyna az wagt galypdyr-da?!

"Bu goja Döwgaýa opurylýança ýene meniñ ýaly iki Berhurdary başdan geçirer-le" diýip owarrama uran ýigit, "Bökenler-ä hon-ha aşakda bökjekleşip tans edişip ýörler. Senem şolaryñ biri bolarsyñ-da" diýdi-de, bir aýagyny gaýanyñ kert ýerinden aşak sallady. Sallan badyna-da özüniñ al-asmanda gaýyp barýandygyny duýdy. "Behh, dünýäniñ hözirini ganat ýaýyp uçýan guşlar görýär-ow. Adamyñ binesip zady kän eken.." Ol kellesinde aýlan pikirini soñuna çenli aýlamaga ýetişmedi. Sebäbi aşakda toýam ýokdy, zadam... Ne zoñtar sesli bagşy bardy ortada, ne-de bökjekleşip tans edişip ýören gamsyz oglanlar...

"Asyl ortada bagşy görünenokdy diýýädim-le. Ýeri ol zaññar görünmän-etmän bizi nädip tansa çagyryp bildikä? Sesi edil gulagymyzyñ düýbünde ýalydy ahyryn! Ýöne sesiñ haýsy tarapdan gelýändigi belli däldi. Çar tarap ses, dumly-duşyñ galmagal. Her kim tansa çykjak bolup barşyna, bagşynyñ nirdediguni biljegem bolanokdy. Ýa bu zamanyñ bagşylaram çekreýän şahly ýylanlar ýaly bolup..."

Kellesi çaşara gelen Berhurdar howada baýdak ýaly pasyrdap barşyna aşak göz aýlady. Durşuna tümmek bolup ýatyr...

"Allajanlarym mazarystanlykmy bi? Han-ha, oba-da görnüp dur. Mazarystanlygyñ ortasyny çalaja nemjerip ýatan Sumbar derýasy bölýär diýmeseñ, tümmekler dag deresiniñ içine uzalyp gidýärdi. Berhurdar çagajykka obanyñ bu köne gonamçylygynyñ deñesinden geçende ýüzikessir ylgap geçerdi. Ol başujyna dag goçunyñ ýa-da dag tekesiniñ buram-buram bolup duran äpet şahy dikilgi mazarlara seretmäge diýseñ gorkardy.

Birwagtlar gonamçylygyñ gyra-bujaklarynda mal-gara gezerdi. Hemişe diýen ýaly gonamçylyklarda aýlanyp ýören Hojamguly aga daşy tikenekli sim bilen aýlanan mazarystanlykda otlap ýören mal bolsa, mallary çykaryp kowar goýbärdi. Munuñ tersine obanyñ traktorçysy Çepbe golak welin, çekenesini alaga-da gonamçylygyñ içine salardy. Ýaz aýlary gonamçylygyñ ýerleşen baýry topugy boýlaýan ýaşyl ota we gyzyl gülälege bürenerdi. Belki-de, Çepbe golak añsadyna bakýandyr, daşy tikenekli sim bilen aýlananja meýdan. Mal-garañam azaşyp-tozup gitjek ýeri ýok. Möjek-şagaldanam howpsuzrak. Ýöne öñ gonamçylyk deryanyñ gaýrasynda ýalydy-la?
Deräniñ içine gadym zamanlardan galan tümmekler uzap gidýänem bolsa, obanyñ gaýrasy ortasyny derýa kesip geçýän ekin meýdanlykdy. "Gonamçylyk haçan derýanyñ kenaryna çenli uzap ýetişdikä? Ýa adamlar soñky döwürde Sumbardanam gönenmänsoñlar, ekin meýdanlaryny mazarystanlyga öwrüp dynaýdylarmyka? Dogrusy obanyñ ilersinde-de bir dag gerşiniñ üstünde we ýoluñ gyrasynda bäş-on sany köne tümmek bardy. Ýöne ol tümmekleriñ oba gonamçylygyndan arasy ep-esli daşdy. Belki ötegçi bendeleriñkidir?! Kim bilýär. Ýolagçylykda amanady dolýanlar seýrek bolýan zat däl. Geçen on-on bäş ýyllykda şol tümmeklere golaý kötel ýola dyrmaşyp barýan içi adamdan doly bir awtobus agdarylyp, birnäçe adam ýogalypdy. Ýogalan bendeleri hossarlary ýygnap öz obalaryna alyp gitdiler. Hadysanyñ bolan ýerinde bolsa, ölenlere hormat üçin depesine agdarylan awtobusyñ ruly dikilen beton sütünden başga zat galmady. Öñler häzirki ýaly ýolda-yzda ýogalany öz ýaşaýan ýerine äkidip bilmändirler. Şonuñ üçinem her kim ýogalan ýerinde jaýlanypdyr. Obanyñ ilersindäki we uly ýoluñ gyrasyndaky dört-bäş sany tümmegiñ başagaçlaryndan çen tutsañ-a, bu golaýda jaýlanan adamlaryñ mazarlaryna meñzänokdy. Tümmekler azyndan iki-üç asyry başdan geçiripdiler. Ýoluñam gyrasy bolansoñ, obanyñ owlak-guzysy sürülende şol tümmekleriñ gapdalyndan geçerdi. Owlak-guzy diýeniñ baş bermezek bolýar. Süri mal ýaly süren ugruña gidiberenok. Ýaz aýlary obada döl alnansoñ, sürini daga çykarýançalar, owlak-guzyny-da obada ýetginjeklere bakdyrardylar. Bir gezek Berhurdar owlak-guzulary sürüp barýarka, owlak-guzular diýen etmän ýoldan çykypdylar we tümmekleri basgylap geçipdiler.

Mazardan ölen ýaly gorkýan Berhurdar şonda owlak-guzularyñ başyny gaýtarjak bolup her zat etse-de peýdasy bolmady. Bir pursadyñ içinde daşdan-daşa, dagdan-daga bökýän owlajyklar allaowaralardan çykdy. Şonda owlaklaryñ biri ýatan guburyñ başagajynyñ üstünden gözi ýok ýaly urduryp geçip gidende, topraga gömlen bölegi çüýränsoñ, öñem gowşap duran mähnet başagaç gürpüldäp gaýdypdy. Ondan bäri obanyñ üstüne ençeme garlar, ençeme ýagyşlar ýagypdy. Dälibaş Sumbar ençeme gezek hanasyny dolduryp hapa läbigini gör nirelere döküp gelipdi, ençe gezegem bokurdagyny samyr deşen towuk ýaly sil bilen arçan hanasynyñ düýbünde busulyp, gurap ýatypdy... Ýöne başagajyñ şol aýylganc gürpüldisi welin, hiç wagt Berhurdaryñ gulagyndan gitmändi...

"Ýolam üýtgäpdir. Ýol öñ aşakdan geçýärdi ahyryn! Hää, indi bildim! Bu biçäre gaýa opurylmasa-da opurylar. Üstünden gara ýol geçirip, zol-zol eýläk-beýläk geçişip dursalar, gaýa bolañda näme? "Beýik daglar beýikligñe buýsanma..." diýip başlanýan bir aýdymam barmydy? Kimiñki şol, Magtymgulynyñkydy öýdýän..."

Ýere ýetip gelýän Berhurdaryñ jany iki gözüne üyşdi. Onuñ gelip düşäýmeli ýerinde tümmeginiñ üstüne ak biýz mata çekilen iki-üç sany mazar durdy. "Näme üçin mata çekilen mazar? Bular näme pirmi, welimi? Onda eýtmeli-beýtmeli mazardan sowarak ýere düşjek bolmaly. Allanyñ dostlaryny ynjytsam, soñ olaryñ ýüzüne bakaryn... Hany bi, obada iki gün namaz okap, geçiñ çöpürine çalym edip duran köse sakgal goýberen Hutdy molla "mazarda ýatanlar hiç zady duýýan däldir, olar gurap giden süñkdir" diýýädi-le? Magtymgulydan çen tutsañ-a ölenden soñ sorag-jogap başlanýar öýdýän. Garrylarymyzam şony aýdardy. Ýakk-geý, bu soñky zamanyñ mollalarynam, bolýa-da, kimden sapak alýarlar, bellisi ýok..."

Aşakda biri köw-söw edip ýördi. Megerem müjewür bolmaly. Ýok, Hojamguly aga! Käbir mazaryñ daşyna haýat aýlanandy. Haýatyñ agzynda bolsa gazan kelleli aç gara itler asmana bakyşyp otyrlar. "Bu itler mazaryñ başynda keýpine durmyka? Ýa Hojamguly aga bu itleri Çepbe golagyñ mallaryndan ýatan bendeleri goramak üçin her ýerräkde, her ýerräkde ýörite goýandyr? Belki-de, itler gaýadan bökýänleri iýmek üçin ýalmanyşyp durandyrlar? Eý, Alla! Ite şam etmäniñde başga abraýlyrak ölüm rowa görmediñmi öz ýazykly guluña?" Onýança Hojamguly aga elini gözüniñ üstüne kölegeledip, ýokardan kelemenläp gelýän Berhurdara seretdi.

- Gel, oglum gel. Ýerjagazyñ taýynja durandyr.

- Ýerjagazym? O nähili meniñ ýerjagazym bolýarmyşyn? - diýip, allaniçiksi bolan Birwagtlar öñ bu ýerde näme bardygyny göz öñüne getirmäge çalyşdy. Birwagtlar bu ýerler ekinzarlykka bu ýerde özleriniñ mellek ýeri-de ýokdy ahbetin. Ýogsam bolmasa ol ýañy gaýyp ýörşüne, käbir mazarlaryñ daşyna aýlanan haýatlary görüp, "Bähh, ýeriñ üstündäki deñsizligi az görýän ýaly, astynam paýlaşypdyrlar-ow" diýipdi.

Ýere ýetmäge az galanda Hojamguly aga elindäki çopan taýagynyñ uzynlygyndaky, ýöne adamyñ goşaryndanam ýogyn demirini kellesiniñ ýatan ýeridir-dä diýäge-de, "Ýa Alla!" diýip tümmegiñ başujundan jagyrdadyp demirini saldy.

Hamala diri adamyñ garnyndan pörsüldedip sokulan naýza ýaly mazara sokulan demir megerem ýeriñ aşagynda ýatanyñ boýnundan düşen bolmaly. Jynssyz hyrkyldy eşidildi. Hyrkyldy tutuş bir gerşini köne tümmeklere berip ýatan çuñ deräniñ içine ýaýylyp gitdi. "Ine, saña gerek bolsa Hutdy molla! Nirden ýatan süñk bolýarmyşyn bular?! Haý, mollaçylygyñ başyñy iýsin seniñ, agzyna şeýtan buşugan şarlatan diýsäni..." Öñem jany gözüne üýşüp duran Berhurdaryñ howadan öz üstüne gaçaýjak ýaly bolup gelýän petrewük gözlerine başyny galdyryp sereden Hojamguly aga:

- Oglum, gorkma. Bu kapyryñ musulmanlaryñ arasynda işi ýok. Gitsin owarramyny çekip öz hemşerileriniñ arasyna! - diýdi.

Berhurdar aýylganç azaba sezewar edilen mazara seredeninde, dogrudanam mazaryñ başynda illeriñki ýaly ujuna dag goçunyñ şahy gysdyrylan başagaç däl-de, hristianlaryñ haçyna çalym edip duran atanak şekilli bir zadyñ durandygyny gördi.

Mazaryñ hyrkyldysy güýjemese peselenokdy. Birdenem Hojamguly aganyñ demir sokan ýerinden gyrmyzy ganlar çogup ugrady. "Ynanar ýaly däl! Mazaram-a düýn-öññinki mazar däl. Gumy solup, üstünde ýandak bitip gidipdir..."

Hümürdemesini goýmadyk Hojamguly aga ýene-de ýokary seretdi:

- Hutdy-da bi, Hutdy. Görýäñmi oglum, "gabyr azabam ýok, o dünýäde şepagatam ýok" diýip adam baryny azdyryp bildi. Ynha, gabyr azaby ýok bolsa, azap çek-de ýat. Dogrudanam, saña öz inkär eden şepagatyñ ýokdur indi...

Soñky menziline gelendigini duýan Berhurdar pikirlenmäge başlady: "Ýeri, indi men nirä düşerkäm? Ýa şo-ol duran üsti ak mytgal çekilen mazaryñ üstünden düşäýermikäm? Men-ä gaty gitse biloñurgamy ýa-da el-aýagymy döwdürip dynaryn welin, mazarda ýatan bende bir ynjamasa bolýar..."

Ýere düşmäge az galanda Hojamguly aga:

- Häkk, Çepbe ýene çekenesini añry başdan goýberdi, imansyz. Men olary kowup geleýin. Oglum, sen onýança Haweran düzüne bar-da, Mäne babany togap edip gaýt. Ol saña garaşyp durandyr. Ýöne ondan öñünçä Şyh Attary görüp geçmelisiñ. Ýakynyñdaky öwlüýäni unudyp, daş ýere çykylýan däldir - diýdi.

- Bäri-bärde Haweran barmy? Indiden soñ meni Allanyñ özi ýa-da Onuñ ugradan perişdesi halas edäýmese, uçut gaýadan bir bökemsoñ, yzyna alyp biljek güýç barmy? Senem-ä gabalap bir zat edäýmediñ.

- Bardyr oglum, bardyr. Allanyñ eradasy bilen bolmajak gudrat ýokdur bu dünýede. Özüñ intipis edýän dälsiñ.

"Behh, onda ýañky ýeñsesine pitiklenen adamlardan razylyk almaga mümkinçilik boljag-ow. Ýumruk bilen depämden inderilmänkä, barmak bilen kakan ýeñsesine kakan adamlarymdan ötünç bir sorasam..." diýip pikirlenen Berhurdaryñ içini okaýan ýaly, eýýäm ara açyp barýan Hojamguly aganyñ soñky sözi şu boldy:

- Oglum. Yzyña dolasalar dolarlar welin, geçen ýoluñdan ikilenç geçirmezler. Ol ötünç sorajak adamlaryñy indi görmeseñ gerek...

Birdenem onuñ alnyna bir ýerlerden birwahallar owlak-guzy bakanynda atdanlykda döwüp geçen başagajy uçup geldi. Arçadan ýonulyp ýasalan we ýyllaryñ sowguna, yssysyna garalyp giden başagajyñ öñ topraga gömülen bölegi çüýräp gidenem bolsa, ýokarky bölegi entek-entek wagta per bererli däldi. Üsti mytgally mazaryñ üstüne gaçmaga birje garyş çemesi galanynda bir ujy mähnet dag goçunyñ şahy urulan başagaç Berhurdary tümmege degirmän alyp ötägitdi. Bolýan zatlara akyl ýetirip bilmän, essi aýylan Berhurdaryñ bir duýan zady, häzir başagajyñ üstüne horjun ýüklenen ýaly ýüklenip, al-asmanda Haweran düzlügine sary gaýyp barýanlygydy....

◆   ◆   ◆

Telefonyñ 05:45-e düzülip goýlan zañy gygyryp başlanda, ýalpa gözüni açan Berhurdar, gara der bolup oýanandan soñra, bolup geçen zatlaryñ düýşüdigine göz ýetirdi. Ol mundan soñ ynjalaýjak ýaly bolsa-da, howsala düşüp başlady. "Agşam täret alman ýatdym welin, şondanmyka bu alasarmyk düýşleri görýänim..."

Ol uzak oýurganyp ýatmady. Onýança metjitden ertir namazyna gygyrýan azançynyñ sesi gelip ugrady. Berhurdar ýerinden tarsa galdy-da, hammama ylgady we täret almaga durdy. Täret alyp duran ýerinde-de gören düýşi barada oýlandy. "Toý. Özi görünmän sesi gelýän bagşy. Oglanlar. Tans. Üstünden ýol geçirilen Döwgaýa. Şytdyldylar. Soñam toýam ýok, zadam. Gum-gukluk. Mazarlar. Meniñ ol mazarlara tarap gaýyp gitmegim... Ýa ölümim golaýlap ýörmükä, Allajanlarym!"

Ol elini tirseklerine çenli ýuwup durşuna ýene-de pikirini dowam etdirdi. "Mazaryñ başyndaky aç itler? Ýogsa-da, olar maña garaşyp duran ajalmyka? Gadym zamanlar otparazlyk döwründe adam ölensoñ ýörite jeset saklaýan itleriñ bolandygyny-ha okapdym bir ýerlerden. Hutdy mollanyñ gan çogup duran mazary näme onda? O bagtyýatan bu azaba duçar bolar ýaly näme etdikä? Ata-babalarymyzyñ süññüne siñip giden ynançlaryna, urp-adatlaryna dil uzadyp ýörşüne, Hudaýa-da şirk getiräýdimikä? A Hojamguly aga näme işläp ýörkä gonamçylykda? Ol Hutdy molladanam öñ ýogalypdy ahyryn. Şu taýda bir Çepbe golagy görmedim diñe. Mazarystanlygy mallarynyñ öri meýdanydyr öýtmän ýörşüñe, señem-ä bir gün Döwgaýanyñ üstünden ýoluñ düşse gerek. Iñ täsin ýeri, Hojamguly aga maña Mäne baba garaşyp durandygyny aýtdy. Geçen ýyl Kaka zyýarat etmegi niýetime düwüpdim. Ýöne iş bilen başagaý bolup gidip bilmedim. Hojamguly aganyñ bu niýetimi bilşini diýsene. Dirä güman, ölä aýan diýleni-dä...
Goñşy otagdan emzikli çagasyny üwräp ýatan aýalynyñ:

- Okaýanyñ-a diñe ertir namazydyr welin, turup-turmankañ uly iri örüzdirýäñ takyr-tukyr edip. Ümsümje turup bolanokmy? Näme kelläñ üýtgän ýaly özbaşyna samrap otyrsyñ? Ýuwaşrak bolaý! - diýen sesine aýñalan ýaly eden Berhurdar namazlygyny aldy-da, sesini çykarman içki otaga geçdi. Öýi ýene-de ümsümlik büräp aldy. Häzir otagyñ içinde asylgy duran diwar sagadynyñ sesinden başga ses eşdilenokdy.
"Şyt, şyt, şyt..."

© Has TÜRKMEN.
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 652 | Добавил: НаS | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 5
0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Has daýy hekaýa gaty gowy eken.Ýöne toýdaky epizodlaryñ uzaklygy bimaza etdi.Umuman şu zeýilli syrly hekaýalar köpräk ýazylsa goýulsa gowy bordy.Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

0
4 Dunyagozel   [Mowzuga geç]
Başda düşünjek bolup kellämi agyrtdym, ýöne kino gören ýaly boldum. Has aga ylhamyň egsilmesin smile

0
3 Merdan_tm   [Mowzuga geç]
Yapyk manyly hekaya eken. Bir okañda duşunmek kyn

0
2 Zerinaý   [Mowzuga geç]
hekaýanyñ soñynda "okaýanyña ertir namazdyr weli..." diyyan ýerinde Berhurdaryñ ýagdaýyndan beter aýalynyñ "ýagdaýy" oýlandyrýar. Hekaýanyñ gahrymany ýalançy dünýaniñ boş haýy hõwesine däl-de päkligne düşünmäge çalyşýan, ýalançy dünýa gelmegiñde maksadyñ nämedigine düşünip Hak ýoluñ bardygyny bilýan obraz.
Aýalynyñ "takyr tukur edip ýatyrañok diymesi aýalyñ ýoldaşynyñ duýýan pakligini duýup bilmezligi õzi okaman "diñe ertirini okaýana-da" õz ukysynyñ bozulyany üçin iñirdemesi oýlandyrýar. Durmuşda bize isle isleme gabat gelýan häsiýetler.
Terbiýe üçin gowy many bar hekaýada

0
1 Zerinaý   [Mowzuga geç]
galagoply dünyañ ahyry belli, iñ soñy hasap bermeli. bu panyda eşretini gõrûp ýõrkäñ, dünye ýüzüñe gülim-gülim edip bakýarka toba gelip ýetişseñ ýetişeniñ, õtünç soramalylaryñ razylygyny alyp ýetişseñ ýetişeniñ, a dünýe seni işiginden çykaryp ol tarapyna geçirip gapysyny ýapansoñ yzyña girip biljek gûmanañ ýok.. Hekaya muny doly düşündiripdir meñ pikirimçe.. Oýlandyryjy hem gynançly

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: